Ï Köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy açyldy

view-icon 834
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sarapynyň ikinji jemleýji güni boldy. Ol iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda täze möhüm ädimi alamatlandyrdy.

Düýn Stambulda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri taraplaryň uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge bolan meýillerini äşgär etdi we ol birnäçe pudaklardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berer hem-de Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokarlanmagyny şertlendirer.

Iki ýurduň arasynda ykdysadyýetde bolşy ýaly, gumanitar pudakda, ylym, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze mümkinçilikleri Türkmenistanyň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk pudagyny, söwda flotuny we port düzümini ösdürmek babatdaky ägirt uly meýilnamalary bilen hem baglanyşyklydyr.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurda saparynyň barşynda Egeý deňziniň kenarynda ýerleşýän Izmir we Çeşme şäherlerine baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz ol ýerde bu sebitiň ykdysady ösüşiniň aýratynlyklary, özara peýdaly gatnaşyklary ýola

goýmak hem-de şypahana syýahatçylygynda, deňiz ulgamyny ösdürmekde, beýleki ulgamlarda iň täze işläp taýýarlamalar boýunça tejribe alyşmak üçin bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdy.

... Ir bilen döwlet Baştutanymyz Stambuldan Izmir şäheriniň “Adnan Menderes” halkara aeroportuna geldi.

Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen aeroportda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan, Izmir welaýatynyň gubernatory Jahit Kyraç we Izmir şäheriniň häkimi Aziz Gojaoglu hem-de türk tarapynyň beýleki resmi adamlary, bu ýurduň işewürleri we türkmen resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary döwlet Baştutanymyzy aýdym-sazly çykyş bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni garşy alanlaryň ugratmagynda howa menzilinden Izmir şäheriniň deňiz menziline tarap ugrady.

Izmir şäheriniň deňiz menzili möhüm geografiki künjek bolan Günbatar Ýewropa bilen Demirgazyk Afrikanyň arasynda, ägirt uly oba hojalyk we senagat etraplary bilen araçäkde ýerleşýär. Ol diňe senagat hem-de söwda merkezi hökmünde däl, eýsem Türkiýäniň esasy eksport deňiz menzili hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Umuman, ýurtda portlaryň we terminallaryň 174-si bar, daşary söwdanyň möçberleriniň 85 göterimine golaýy olaryň paýyna düşýär. Izmir menzili dürli görnüşli ykdysady pudaklaryň hem-de zerur bolan degişli düzümleriň jemlenen ýeri bolup, ol ulag hem-de demir ýol, howa gatnawlary ulgamynyň golaýyndaky ägirt uly senagat künjeginde ýerleşýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni deňiz menziliniň edara binasynyň öňündäki meýdançada saklanýar, şol ýerde milli Lidermizi menziliň dolandyryjy direktory Turan Ýalçyn we menzil gullugynyň beýleki ýolbaşçylary garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz öz ýanyndaky resmi wekiller bilen birlikde bina girýär we maslahatlar zalyna geçýär. Ol ýerde döwlet Baştutanymyza Izmir şäheriniň deňiz menziliniň işi we onuň mümkinçilikleri hakynda jikme-jik maglumat berilýär.

Menzil bilen tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda bu deňiz derwezesiniň döredilmeginiň taryhy we häzirki wagtdaky ykdysady taýdan eýeleýän orny baradaky umumy maglumatlar, menzil hyzmatlarynyň toplumy hem-de port hojalygynyň wezipe aýratynlyklarynyň häsiýetnamalary, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça statistiki maglumatlar getirildi

Örän gowy enjamlaşdyrylan hem-de ähli gämileriň girip bilmegi üçin mümkinçilik döredilen Izmiriň deňiz menzili ýük dolanyşygynyň möçberleri boýunça Stambul şäheriniň deňiz menzilinden soň ýurtda ikinji orunda durýar. Stambuluň deňiz menzili ýurda getirilýän harytlar üçin esasy derweze bolýan bolsa, Izmiriň deňiz menziliniň üsti bilen eksport ýükleriň ýaryndan gowragy geçýär. Onuň kenar zolagynyň uzynlygy 3 kilometre golaý bolup we ýük hem-de ýolagçy priçallarynyň ençemesini (uzynlygy 107 metre golaý) özünde jemläp, bir ýylda 3640 gämini kabul edip bilýär. Bu menziliň gämi geçýän çuňlugy 13 metre barabardyr.

Deňiz menzili kuwwatly ýük ýükleýän awtomobilleriň we ýük göterijiligi 100 tonna çenli bolan kranlaryň onlarçasy, şol sanda ýüzýän kran, şeýle hem gämiler üçin göteriji—suwa goýberiji desgalar, gämileri çekiji we beýleki häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilipdir. Ägirt uly meýdanda ammar jaýlary, ýükleri saklamak üçin açyk meýdançalar, ýangyç saklanýan ammarlar ýerleşýär. Bu ýerde gämileri abatlaýan ussahanalar, konteýner terminaly, galla saklanýan ýerler we elewator bar. Deňiz menziline demir ýol şahasy çekilipdir, munuň özi ýükleri wagonlardan göni gämä ýüklemäge hem-de gämiden wagonlara düşürmäge mümkinçilik berýär.

Ýakyn ýyllarda porta barýan ýollary giňeltmek, täze gämi duralgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi onuň geçirijilik ukybyny 900 TEU konteýnerine çenli artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu görkeziji boýunça Izmir Ýewropanyň iň uly portlarynyň bäşligine girer. Umuman, Türkiýäniň hökümeti şu maksatlar üçin 2015-nji ýyla çenli Izmir menzilini ösdürmäge ýüzlerçe million dollar maýa serişdelerini goýmagy göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz bu maglumatlary uly gyzyklanma bilen diňläp, maýa goýum çärelerini, menziliň kuwwatyny artdyrmak we ony netijeli ulanmak, täze tehnikalar bilen üpjün etmek hem-de häzirki zaman ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri barada jikme-jik sorady. Şunda milli Liderimiz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçysynyň ünsüni Türkmenbaşynyň halkara portuny döwrebaplaşdyrmak baradaky wezipeler jähedinden türk kärdeşleriniň tejribesini öwrenmek we ulanmak meselelerine çekdi.

Tanyşlyk dabarasy tamamlanandan soň hormatly Prezidentimizi binanyň sekizinji gatynda ýerleşen syn ediş meýdançasyna çagyrýarlar. Ol ýerden Izmir bogazynyň giň görnüşi açylýar. Bu ýerde deňiz menzili düzümini ösdürmek ýaly möhüm ugurda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi, deňizýaka çäkleriň ykdysady, söwda, senagat, üstaşyr we syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly taslamalary amala aşyrmagyň möhüm guramaçylyk meseleleri baradaky gürrüň dowam etdirildi. Munuň özi Hazar deňziniň türkmen kenarynda halkara derejesindäki syýahatçylyk zolagyny döretmek bilen baglylykda, örän uly ähmiýete eýedir.

Gyzykly tanyşdyrylyş we söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirip,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy. Soňra milli Liderimiz awtoulagda deňiz menziliniň çägi boýunça gezelenç etdi. Şeýlelikde syýahat Izmir şäheriniň köçeleri boýunça dowam etdi.

Ýolugruna döwlet Baştutanymyz şäheri synlady. Ilat sany boýunça üçinji orunda durýan we Egeý deňziniň kenaryndaky iri şäher bolan Izmir Ortaýer deňziniň çägindäki şäherleriň iň gadymylarynyň biridir.

Galyberse-de, Izmir Türkiýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Ol owadan dag gerişleri bilen gurşalyp deňziň ýakasynda ýerleşýär. Izmiriň ýene bir ajaýyplygy, onuň ajaýyp şypahana hem-de iri medeni merkez bolup durýanlygydyr. Şäheriň binagärlik ýadygärlikleri we köp sanly muzeýleri bütin dünýä belledi. Onuň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüne uzap gidýär. Bu ýerlerdäki ilkinji ýaşaýşy amazonkalaryň şasy Smirna esaslandyrypdyr diýen rowaýat hem bar. Şeýlelikde, şäher Smirna diýlip atlandyrylypdyr we ol sebitde iň iri şäherleriniň biri bolupdyr. Smirnanyň taryhy ähmiýetini Troýa bilen deňeşdirmek hem mümkin. Isgender Zulkarneýniň hökümdarlyk eden döwründe şäher has-da gülläp ösüpdir. Soňra biziň eýýamymyzdan ozalky 178-nji ýylda güýçli ýertitreme bolup, Smirna dolulygyna diýen ýaly weýran bolupdyr we täzeden dikeldilipdir.

Şäher birnäçe basybalyjylykly ýörişleri, ýertitremeleri, Türkiýäniň taryhynyň dartgynly wakalaryny başdan geçiripdiir.

Muňa garamazdan, ol özüniň amatly howasy, guryýer we deňiz gatnaşygyny ýola goýmak üçin oňaýlylygy bilen iri işewürçilik we syýahatçylyk merkezine öwrülipdir.

Izmirde ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsiri bolan köp sanly senagat kärhanalary jemlenipdir. Bu ýerde gara metallurgiýa, maşyn gurluşyk, nebiti gaýtadan işlemek, şeýle hem dokma pudagy, halyçylyk w azyk senagaty juda ösüpdir. Himiýa we energetika senagaty, gurluşyk materiallary önümçiligi geljegi uly ugurlar hasaplanýar.

Izmir söwda paýtagtlarynyň biri hasaplanýar. Köne şäheriň gözel künjeginden geçýän Anafartalar köçesi şäheriň esasy söwda künjegidir. Hut şu ýerde tutuş Türkiýede iň owadan gündogar bazary diýlip ykrar edilen Kemeralty bazary ýerleşýär. Häzir şäherde Folkart Towers atly iki sany beýik binadan durýan häzirki zaman söwda toplumy gurulýar. Beýikligi 200 metr bolan bu diňler Ýewropanyň iň beýik binalarynyň bäşligine girer. Olary 2013-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär.

Izmir daşarky söwda ulgamynda hem möhüm orny eýeleýär. Ol Türkiýede daşarky söwda boýunça Stambuldan soň ikinji orunda durýar. Şeýle hem Izmir halkara ýarmarkalarynyň geçirilýän şäheridir. Şeýle çäre her ýylda 20-nji awgustdan 20-nji sentýabr aralygynda guralýar. Ýeri gelende aýtsak, Izmir häzirki döwürde EKSPO-2020-niň geçirilmegine dalaşgärleriň biridir.

Izmiriň medeni durmuşy barada aýdylanda bolsa, ol örän köp ugurlydyr. Bu ýerde her ýylda tomus aýlarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur artistleriň gatnaşmagynda sungat festiwaly geçirilýär. Ýylyň bütin dowamynda bu ýerde medeni, sagaldyş, ekologiýa, sport, işewür hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bardyr.

Izmiriň çäginde köp sanly muzeýler we taryhy ýadygärlikler bar. Tutuş Ortaýer deňziniň kenar ýakasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan dürli gönüşli gymmatlyklar görkezilýän Arheologiýa muzeýi olaryň iň ähmiýetlileriniň biridir. Bu ýerde goýlan mermer heýkeller syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Atatürk muzeýiniň täsirliligi hem peslär ýaly däl. Ol Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň haçandyr bir wagtlar düşlän ýerinde ýerleşýär. Bu ýerde türk lideriniň durmuş ýoly barada gürrüň berýän gymmatlyklar görkezilýär.

Häzirki zaman sungaty bilen gyzyklanýanlar suratkeşlik we heýkeltaraşlyk muzeýine baryp görerler we ol ýerde häzirki zaman awtorlarynyň eserleri, Izmiriň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

Izmiriň ajaýyp ýerleri barada aýdylanda bolsa, deňizdäki dynç alşy ägirt uly medeni maksatnama bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän hem-de onuň binýadynda iri balneologik merkez döredilen bütin dünýä belli Balçowa termal çeşmeleriniň (“Agamemnonyň çeşmeleri”) bardygyny bellemelidiris.

Pagos belentliginiň gerşinde “Kadefekale” köşgi ýerleşýär. Munuň özi mahmal köşk diýen manyny berýär. Bu desga biziň eýýamymyzdan ozalky üçünji asyrda gurlupdyr. Dünýäde şu döwre degişli taryhy ýadygärlikleriň saklanan ýerleri örän azdyr. Sagatly diň şäheriň iň bir belli künjegidir we ol Izmiriň nyşanydyr. Bu bina 1901-nji ýylda gurlupdyr we osman binagärliginiň nusgalaryny özünde jemleýär. Izmiriň merkezi böleginde uly seýilgäh ýerleşýär. Bu künjek gije-gündiziň dowamynda köp adamlydyr. Kiçiräk köller, restoranlar, çaýhanalar, paraşýut diňi, tennis kortlary, syýahatçylary bolşy ýaly, şäher ilatyny hem özüne çekýär.

Izmiriň merkezinde Gonak Meýdany atly merkezi meýdança ýerleşýär. Onda şäheriň edara binalary, medeniýet merkezleri jemlenipdir.

Merkezi meýdançadan uzak bolmadyk ýerde “Сrowne Plaza” kaşaň myhmanhana bar. Onuň açyk mawy reňkli diňi Izmir aýlagynyň ýokarsynda seleňleýär. Bu ýerde milli Liderimiziň Izmirde bolýan döwründäki kabulhanasy ýerleşýär.

Myhmanhananyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýäniň döredijilik toparlary aýdym-sazlar we tanslar bilen garşylaýarlar. Iki halkyň doganlygynyň we dostlugynyň nyşany hökmünde asmana köp sanly şarlar uçurylýar.

Biraz soňrak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Сrowne Plaza” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkiýäniň bütin dünýäde belli “Kotam Enterpraýzes Ltd” kompaniýasynyň hödürlän taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolmak bilen, soňky ýyllarda onuň gatnaşmagynda dokma senagaty we saglygy goraýyş ýaly möhüm pudaklarda birnäçe bilelikdäki derwaýys taslamalar durmuşa geçirildi. “Mollagara” şypahanasynyň hereket edýän desgalarynyň durkuny täzelemek we täze binalaryny gurmak baradaky taslamanyň amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Tanyşdyrylyş dabarasyna “Kotam Enterpraýzes Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylary—kompaniýanyň prezidenti Muammer Agym, wise-prezidenti hanym Seda Genguru we kompaniýanyň baş direktory Aly Reza Misil we beýlekiler gatnaşdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň garamagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlary boýunça işlenip taýýarlanan taslamalar hödürlenildi. Olaryň arasynda gämi gurluşyk zawodyny gurmak we onuň baş meýilnamasy, bitewi maglumatlar binýadyny we umumy ulgamy döretmegi göz öňünde tutýan saglygy goraýyş ulgamyndaky elektron resminamalar dolanyşygyny ösdürmegiň taslamasy bar. Bu ulgam ýurdumyzyň ähli saglygy goraýyş edaralaryny birleşdirer. Bu taslamany durmuşa geçirmäge dünýäniň iri kompaniýalaryny çekmek meýilleşdirilýär.

Nobatdaky taslama bolsa şäher gulluklaryny, awtoulaglaryň gatnawlaryny netijeli dolandyrmaga, ýollarda hereket howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, ekologiýa ýagdaýynyň hem-de jemgyýetçilik tertibiniň

monitoringini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Dünýäde şeýle taslamalar “Howpsuz şäher” diýlip atlandyrylýar. Munuň özi şäheriniň ýa-da sebitiň çäklerinde maglumatlar ulgamynyň, ýangyna garşy serişdeleriň we wideogözegçiligi üpjün etmek, jemgyýetçilik howpsuzlygyny saklamak üçin geçirilýän guramaçylyk çäreleriniň toplumyny göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, belent söwda merkeziniň, uly maldarçylyk toplumynyň taslamalary hem-de ýokary woltly elektrik geçirijileriň çekilmegini, häzir hereket edýän elektrik stansiýalarynyň durkunyň täzelenmegine we olaryň täzeleriniň gurulmagyny göz öňünde tutýan elektrik üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, “Kotam Enterpraýzes Ltd” kompaniýasynyň wekilleri bilen geljekki senagat desgalarynyň we durmuş düzüminiň intellektual ulgamlarynyň iş meseleleri bilen gyzyklandy we söhbetdeşlige türkmen hünärmenlerini çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz taslamalaryň her biri boýunça öz pikirini aýdyp, olaryň üstünde işlemek boýunça anyk teklipleri aýtdy.

“Kotam Enterpraýzes Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp duşuşandygy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirip, aýdylan teklipleriň we bellikleriň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyna we eýýäm ýakyn wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna taslamalary kämilleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleriniň hödürlenjekdigine ynandyrdylar. Türk işewürliginiň weiklleri şeýle hem mundan beýläk-de berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň abadançylygynyň we ýurduň rowaçlygynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän beýik maksatlaryň hem-de wezipeleriň ýerine ýetirilmegine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassykladylar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň dünýäniň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurtda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalara gatnaşmaga işjeň çekilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, duşuşyga gatnaşyjylara tanyşdyrylyş dabarasynyň ýokary derejede guralandygy we olaryň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Kotam Enterpraýzes Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, “Сrowne Plaza” myhmanhanasyndan ugrady. Myhmanhanadan çykylýan ýerde döwlet Baştutanymyzyň öňünde ýene-de türk artistleri çykyş etdiler. Soňra hormatly Prezidetimiziň ulag kerweni Türkiýäniň günbatar künjeginde, Izmir şäherinden 80 kilometrlikde ýerleşýän Çeşme şäherine tarap ugur aldy.

Şäher adyndan belli bolşy ýaly, bu şypahana künjekde bejeriş ähmiýeti bolan suwlar jemlenipdir. Ýerli ýyly çeşmeler şäheriň köp sanly myhmanhanalaryny bejerijilik ähmiýeti bolan suw bilen üpjün edýär. Deňiz ýakasynda ýerleşen çeşme Türkiýäniň deňiz kenarynyň iň gözel künjekleriniň biridir. Şäher ýarym halka görnüşinde ajaýyp buhtanyň alkymynda ýerleşýär. Ol dürli ösümlikler maňyzly we künjüli baglar, injir tokaýlyklary bilen gurşalandyr. Häzirki döwürde bu meşhur döwrebap şypahana şäherinde ýelkenli sport, windserfing we howa ýylany bilen üpjün edilen kaştserfing üçin örän amatly şertler bar.

Bu ýerdäki kaşaň “Çeşme Şeraton” myhmanhanasynda iki döwletleriň Liderleriniň duşuşygy boldy. Prezident Abdulla Gül öz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimizi myhmanhanadan birnäçe kilometrlikde ýerleşýär bütin dünýä belli “Alaçaty” serfing-merkezine gelip görmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň ulag kerwenleri serfing-merkeziniň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanlaryny merkeziň ýolbaşçysy, windserfing boýunça dünýäniň çempiony Bora Kozanoglu garşylaýar we belent mertebeli myhmanlary bu belli syýahatçylyk merkeziniň işi bilen tanyşdyrýar.

Alaçaty atly künjek Çeşme ýarym adasynda ýerleşip, ol häzirki zaman syýahatçylyk düzümi we ýokary derejeli hyzmatlary bolan täze şypahana şäherçesidir. Bu ýere dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylar, esasan-da suw lyžasyna höwesek ýaşlar gelýärler. Her ýylyň tomsunda bu ýerde fristaýl boýunça Ýewropanyň çempionaty geçirilýär. Geçen ýyl bolsa ussat serferleriň arasynda dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsdeşlikler boldy. Bu ýerde winserfing, şeýle hem daýwing we suw sportunyň beýleki görnüşleri boýunça dünýä belli mekdepleriň bolmagy kanuna laýyklykdyr.

Bu ýerde örän amatly şertler bar. Buhta kenara galtaşyp dur, suw örän dury hem-de hemişe tekiz, onuň düýbi çägelik. Bu künjek tälim bermek we okuw geçmek üçin örän juda oňaýly hasaplanýar. Ussat serferler belgiden aňryk geçýärler we çuň suwlarda gezelenç edýärler.

Bu ýerde alty serfer merkezi bolup, olardan Halkara windserfbekedi bolan Alaçaty Serf Kluby dünýäniň iri serf-beketleriniň bäşligine girýär. Mundan başga-da, Alaçati Surf Paradise Сlub köpugurly merkez bolmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin winserfing kaýdlaryndan başga-da, dagda welosiped sürmek, woleýbol we basketbol ýaryşlaryny geçirmek boýunça birnäçe hyzmatlary hödürleýär.

Alaçaty serf merkezi bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde syýahatçylar üçin döredilen şertler, suw sporty bilen meşgullanmak üçin zerur bolan enjamlar bilen tanyşdy we tälimçileriň işlerine, tejribeli serfingçileriň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Serfingistler mekdebiniň ýolbaşçysy Bora Kozanoglu belent mertebeli myhmanlara bu gyzykly sportuň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Sportuň bu görnüşiniň esasyny suwuň ýüzünde uly bolmadyk tagtany dolandyrmak ussatlygy düzýär. Häzirki wagtda munuň özi işjeň dynç alşy halaýan adamlaryň iň söýgüli tärleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow windserfingi öwrenmek ulgamy bilen gyzyklanyp, Türkmenistanda hem sportuň bu görnüşi özüniň köp sanly muşdaklaryna eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şoňa görä-de, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň binýadynda hem şeýle mekdebiň açylmagynyň geljegi ulydyr. Şunda şypahananyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we daşary ýurtly syýahatçylaryň oňa gyzyklanmasynyň artmagy uly ähmiýete eýedir.

Öz tarapyndan, Bora Kozanoglu tejribe alyşmaga we türkmen windserfing mekdebini guramakda hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanlary dünýä çempionynyň we onuň şägirtleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Türgenler ýelkenli tagtany dolandyrmagyň, dürli böküşleri we toparlaýyn maşklary ýerine ýetirmegiň ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Bora Kozanoglu tolkunlaryň üstünde ýokary tizlikde bir tagtadan beýleki bir tagtanyň üstüne böküp, örän çylşyrymly we haýran galdyryjy maşky ýerine ýetirende, kenardan tomaşa edip duran adamlar şowhunly el çarpyşmalar bilen oňa öz hoşallygyny bildirdiler. Şol pursat türgeniň ellerinde iki ýurduň – Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary pasyrdady.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül üçin ýörite guralan bu suw üstündäki şüweleň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki duşuşygynyň iň aýdyň we tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Bu duşuşyk köp sanly telewideniýe işgärleriniň, türk neşirleriniň žurnalistleriniň we fotohabarçylarynyň üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri resmi däl ýagdaýda geçen söhbetdeşlikde syýahatçylyk ulgamy we Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň binýadynda degişli düzümi ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Ýakyn geljekde bu ýerde sportuň häzirki zaman görnüşleriniň ählisi ösdüriler. Munuň üçin eýýäm häzirden zerur bolan şertler we sport düzümi döredilýär.

Soňra Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri bilelikde “Çeşme-Marina” ýaht-klubuna baryp gördüler.

Bu ýere gelen belent mertebeli myhmanlary ýaht-klubuň ýolbaşçysy Kemal Saatçyoglu garşylaýar we olary klubuň merkezi binasyna çagyrýar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza desgalar toplumynyň we ýaht-klubunyň taslamalary görkezilýär. Şeýle hem klubuň ýolbaşçysy ýelken merkeziniň işi hakynda gürrüň berýär. Soňra Türkmenistanda ýelkenli gaýyk sportuny we höwesjeňleriň deňizbe ýüzüşini ösdürmek, ýelkenli gaýyklarda ýaryşlary geçirmek hem-de bu ugurda ussat hünärmenleriň tejribesini öwrenmek boýunça göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Biziň ýurdumyzda Hazaryň kenarynda halkara derejesindäki şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly taslamanyň ýokary depginde durmuşa geçirilmegi, dürli ýurtlaryň iri maýadarlarynyň bu taslama üns bermegi ýakyn geljekde Awazada halkara syýahatçylyk merkezleriniň sanynyň barha artjakdygyny, olaryň daşary ýurtlaryň şypahanalary bilen bäsleşip biljekdigini ynamly aýtmaga esas berýär. Hut şonuň üçin hem biz syýahatçylyk bazarynyň esasy ulgamlarynyň “nou-haularyny”, sagaldyş we dynç alyş ulgamyny döretmekde dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Milli Liderimiz ýahta Priçalyna çykyp, bu ýerde ýadygärlik surata düşýär. Şondan soň döwlet Baştutanlary klubuň çägini synlap, tanyşlyk gezelenjini amala aşyrýarlar.

Menzil uzynlygy 60 metre çenli bolan gämiler üçin 400 ýaht-orunlykdyr. Menzil 2010-njy ýylyň iýun aýynda açylandygyna garamazdan, eýýäm birnäçe abraýly baýraklara, şol sanda 2011-nji ýylda Türkiýäniň iň gowy ýahta duralgasy hökmünde “Altyn labyr” baýragyna mynasyp boldy. Onuň demirgazyk-günorta bölegi tolkun aýlawynyň ýeridir. Ol ýerde çuňluk 3 metrden pes däldir. Menzilde ähli zerur bolan tehniki üpjünçilik, şol sanda werf hyzmatlary, şeýle hem simsiz internet ýola goýlupdyr. Menziliň kenardaky düzümi ýaht-klublary, myhmanlar üçin kabulhanalary, köp sanly restoranlary, çaýhanalary, kafeleri, dükanlary şol sanda halkara moda naýbaşylaryny özünde jemleýär. Möwsüm döwründe bu ýerde konsertler, şüweleň maksatnamalary ýaht-tomaşalary görkezilýär. Ýerli wakalaryň senenamasyny Egeý deňziniň Kubogyny özünde jemleýän köp sanly ýaryşlar düzýär. Şu ýyl Izmiriň Medeniýet we syýahatçylyk edarasy tarapyndan ol syýahatçylykda iň gowy maýa goýum taslamasy diýlip ykrar edildi. Ol şu ulgamda girdejileriň artmagyna ýardam etdi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň deňziň kenarynda gezelenç eden mahaly, ýaht-kluba gelenler olary ruhubelentlik bilen mübäreklediler we şol ýatdan çykmajak pursatlary surata düşürmäge howlukdylar.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri tanyşlyk gezelenjinden soňra birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp hoşlaşdylar hem-de özara gyzyklanmalary hasaba almak arkaly ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni Izmire tarap ugur alýar. Türkmenistanyň Prezidenti Izmiriň aeroportundan Watanymyza ugrady.



Birnäçe sagatdan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäheriniň howa menziline gondy.

***

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna bolan iş sapary günlerinde Izmir şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Ol biziň ýurdumyzyň halklaryň abadançylygyna we dünýäde dostlugyň hem-de doganlygyň belent ideallarynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen açyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Köp sanly tomaşaçylar türkmen artistlerini, biziň ýurdumyzyň şöhrat gazanan çeperçilik toparlaryny, aýdym-sazlardan ajaýyp sowgat taýýarlan sahna ýyldyzlaryny uly şowhun-şatlyk bilen garşyladylar. Meşhur türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden, türkmen halk

aýdym-sazlaryndan, häzirki zaman estrada çykyşlaryndan, folklor toparlarynyň horeografiki kompozisiýalaryndan ybarat bolan konsert maksatnamasy türk tomaşaçylarynda uly täsir galdyrdy. Artistleriň joşguny zalda oturanlary ruhlandyryp, olar her bir çykyşlary uly şowhun bilen garşyladylar.

Kaşaň binanyň sahnasynda mähriban topragymyzyň gözelligini, edermen türkmen halkyny, milli medeniýetimizi, söýgini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Sahnada meşhur küşt depdiniň ilkinji pursatlary başlananda tomaşaçylar bu çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konserte gatnaşyjy ähli aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym iki halkyň bozulmaz dostlugynyň senasyna öwrüldi.

Doganlyk halklaryň ruhy we medeni-taryhy umumylygyny, olaryň parahatçylyk söýüjiligini we hoşniýetli goňşuçylygyny aýdyň beýan eden aýdym-sazly çykyşlar uly üstünlige beslendi. Çykyşlardan hoşal bolan tomaşaçylar ýatdan çykmajak baýramçylyk dabarasyna, ajaýyp sazlary we döredijilik ruhubelentligini peşgeş eden türkmen artistlerine uzak wagtlap el çarpdylar. Bu baýramçylyk milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna saparynyň üstünlikli bolandygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.