“Serdar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi, oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ileri tutulýan ugurlarda ýurdumyzyň ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň, iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylyşynyň barşyna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki ilkinji nobatdaky meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz çykyşynda ýangyç-energetika ulgamyna girýän edaralarda we guramalarda geçirilýän iş hakynda, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň kuwwatyny amala aşyrmaga we bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen türkmen döwletiniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçiirmäge ýardam etjek möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awazany” gurmak meselesine degip geçmek bilen, Hazar deňziniň kenarynda ýokary amatly şypahana zolagyny döretmek boýunça işleriň zerur derejede alnyp barylmaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň işini kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň birnäçesini kesgitledi. Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji nobatda hünärli işgärleri seçip almaga hem-de syýahatçylyk we myhmanhana işi ulgamynda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmäge üns bermegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu barada birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işler, 2012-2016-njy ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän çäreler, şeýle hem milli Liderimiziň ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini, neşirýat işini we kinematografiýany ösdürmek, ilatyň medeni-dynç alşyny guramak üçin şertleri döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet-köpçülikleýin işini milli mirasymyzy we däp-dessurlarymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny we işiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmak boýunça wezipeler bilen utgaşdyryp, oňa goşulyşyp çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutany wise-premýere geljek ýylda Balkan welaýatynda Milli medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görmegi, bu uly çäräniň anyk işleriniň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem şu ýyl öňde boljak ähli dabaralar – milli baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek täze desgalary açmak, halkara sergilerini we festiwallary geçirmek bilen baglylykda olaryň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Medeniýet babatda dünýä tejribesini we häzirki zaman işleri, uly dabaralary guramagy öwrenmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutany türkmen toýunyň özboluşly milli öwüşgini, gaýtalanmajak ajaýyplygy biziň baýramçylyklarymyzyň esasy alamaty bolmalydyr diýip belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew öz gezeginde gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem GDA-a gatnaşýan döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII forumyny geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy hakynda habar berdi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde biziň ýurdumyzda güýz paslynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, bu uly wakanyň GDA-nyň giňişliginde gumanitar hyzmatdaşlygy babatda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz wise-premýere bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu duşuşyk GDA ýurtlarynyň görnükli ylmy we döredijilik işgärleriniň gepleşik geçirmegi üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmegi barada gürrüňi dowam etmek bilen döwlet Baştutany Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ylym, tehnologiýalar we bilim babatda gazanylan üstünlikleri giňden alyşmak boýunça işleri geçirmegiň meselelerine ünsi çekdi. GDA döwletleriniň ylmy we ylmy–barlag merkezleriniň arasynda gatnaşyklary saklamak we giňeltmek, täze habar beriş we aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak munuň zerur şerti bolup çykyş edýär diýip, milli Liderimiz belledi.
2012-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly diýlip yglan edilendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda GDA ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň we beýleki sport guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň we ösdürmegiň, Arkalaşygyň döwletleriniň gatnaşmagynda iri sport çärelerini geçirmegiň möhümdigini aýtdy.
Şu ýyl GDA gatnaşýan ýurtlaryň arasynda gumanitar gatnaşyklarynyň maksatnamasyny many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň meselelerinde durup geçmek bilen, milli Liderimiz öňde boljak ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew
gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda amala maşyrylýan gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylyşy hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalar gurlan mahaly bellenilen iş tertipleriniň sazlaşykly berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üýtgewsiz şert bolmagynda galýandygyny nygtady. Munuň özi ilkinji nobatda durmuş desgalarynyň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna degişlidir, şolarda türkmenistanlylaryň has oňaýly ýaşamaklary üçin ähli zerur şertler döredilmelidir, olaryň abadançylygy bolsa ileri tutulýan döwlet wezipesi bolup durýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we döwlet dolandyryş edarasynyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän guramaçylyk çäreleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer şeýle hem ýakyn wagtda söwda we dokma senagaty pudaklarynda meýilleşdirilýän çäreler, olaryň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek ulgamyndaky wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, gözegçilik edýän ulgamyna degişli täze desgalaryň gurluşygyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri eksport mümkinçiliklerini we döwletara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek arkaly dokma toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli çärelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bazarlarynda bolçulygy döretmek boýunça geçirilmeli işler barada durup geçip, bu ýerde hem harytlaryň we ilata edilýän hyzmatyň ýokary hil ülňüleri, alyjylaryň isleglerini we bu babatda dünýädäki ýagdaýy öwrenmek, bäsleşikli şertlerde netijeli işlemegi başarmak esasy ugurlar bolmalydyr diýip nygtady.
Maslahatda çykyş eden Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň 19-njy awgustynda geçiriljek Geňeş agzalarynyň we saýlaw okruglarynyň ikisi boýunça ýurdumyzyň parlamentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň barşy hakynda habar berdi. Bellenilşi ýaly, öňde boljak jemgyýetiçilik-syýasy çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň esasyny düzýän ýagdaýlaryň biri hökmünde ýurdumyzda demokratik özgertmeleri has-da çuňlaşdyrmaga ýardam eder.
Milli parlament döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndan hemişe habarly bolmalydyr diýip, milli Liderimiz ol ýa-da beýleki kanunlary esaslandyrmak bilen çäklenmän, ministrlikler we edaralar bilen bilelikde olary durmuşa geçirmegiň usullaryny gözläp tapmagyň gerekdigini aýtdy. Geňeş agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň öňde boljak saýlawlary barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutany saýlaw möwsümini ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakyn dowre meýilleşdirilen daşary ýurt saparlaryna, şeýle hem daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň biziň ýurdumyza boljak saparlaryna görülýän taýýarlyk bilen baglylykda DIM-niň alyp barýan işleri dogrusynda habar berdi.
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz oňyn hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny we geljekde hem daşary döwletler-goňşy, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän döwletler hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekçidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow DIM-niň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça maksada gönükdirilen işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ulag-aragatnaşyk toplumynyň aýry-aýry pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň işindäki kemçilikleri, hususan-da, ýolagçy otlulara petekleri satmakdaky kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylara, şeýle hem aragatnaşygyň ähli görnüşleriniň müşderilerine hyzmat etmegiň hili bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, edilýän hyzmatlaryň hilini ilatyň ösýän isleglerine we döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary dünýä ülňülerine ornaşdyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň ençemesini kesgitledi. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere ulag-aragatnaşyk ulgamyny sazlaşykly ösdürmek, onuň geçirijilik ukybyny we ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça guramaçylyk çäreleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Soňra özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew habar berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Mollagara şypahanasyna ýollanmalaryň bahalarynyň sanawynyň işlenip düzülýändigini habar berdi.
Şypahana ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň sagaldyş merkezleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň, şol sanda dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň we görnüşlerini artdyrmagyň ähmiýetini belledi. Biziň ýurdumyz saglygy dikeldiş mümkinçiliklerine eýe bolup, olary aňrybaş netijeli amala aşyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany wise-premýere bu babatda birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky agentligiň direktory Ý.Kakaýew “Ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş –ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynyň” çäklerinde nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň barşy hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutany habary diňläp, energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň esasy ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan ähli wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, şeýle hem nebitgaz ulgamynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryň we konsernleriň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymyna taýýarlyk, bugdaý ekişine girişmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem mallar üçin ýeterlik ot-iým gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da wise-premýer 2013-nji ýylda bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işlenip taýýarlanan döwlet maksatnamasy hakynda habar berdi.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pagta ýygymynda bolşy ýaly, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şeýle-de, milli Liderimiz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, daýhanlaryň iş we durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini belledi. 2013-nji ýylda bugdaýdan bol hasyl alynmagy babatda häzirden ýeterlik alada edilmeginiň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi.
Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi, olar özleriniň ýolbaşçylyk edýän welaýatlarynda işleriň ýagdaýy, gündelik oba hojalyk işleri hakynda, hususan-da, pagta ýygym möwsümine we güýzlük däne ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk hakynda, milli özgertmeler maksatnamalarynyň we ýerlerde ýaşaýyş-durmuş hem-de senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreleriň barşy hakynda habar berdiler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welaýat dynç alyş-şypahana merkezlerini gurmak meselesi boýunça we tutuşlygyna alnanda Türkmenistanyň welaýatlarynda gurulýan möhüm desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymyna we güýzlük bugdaýyň ekişine has çynlakaý hem jogapkärli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, mehanizatorlaryň hem-de ekerançylaryň ýokary öndürijilikli zähmeti we göwnejaý dynç alyşy üçin ähli şertleri göz öňünde tutmak bilen, bu möhüm oba hojalyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejelerini üpjün etmegiň hem-de olary göwnejaý möhletlerde geçirmegiň möhümdigini görkezdi.
Döwlet Baştutany "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" we ýurdumyzda amala aşyrylýan beýleki möhüm maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berip, welaýatlarda gurulýan ähli desgalarda işleriň birkemsiz hilde hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini belledi. “Awazada” welaýat dynç alyş-şypahana merkezleriniň gurluşygy barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, olarda adamlaryň has oňaýly dynç almaklary hem-de boş wagtlaryny medeniýetli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, onda gozgalan meseleleriň örän möhümdigine ünsi çekdi, olaryň üstünlikli çözülmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşine ýardam eder.
Döwlet Baştutany maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk we işde üstünlikleri arzuw etdi.
***
Soňra hormatly Prezidentimiz özüniň egindeşleri hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çägi bilen gezim etdi. Döwlet Baştutanymyz ýolugruna gün-günden özgerýän künjegiň keşbini synlady. Milli Liderimiz ýanyndaky egindeşlerine ýüzlenip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilatymyz hakda edilýän aladanyň, olar üçin ähli babatda amatly şertleriň döredilmeginiň ilkinji orna çykmalydygyny aýtdy. Çünki öndürijilikli zähmet çekýän adamlaryň ýokary derejede dynç alşyny guramak şu günki güniň baş talabydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýlelik bilen döwlet Baştutany awtobus duralgasyna geldi. Bu ýerde ýola goýlan tertipnama laýyklykda awtobus dessine geldi. Hormatly Prezidentimiz ulaga münende onda oturanlaryň şatlygyny söz bilen beýan eder ýaly bolmady. Awtobusdakylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli Liderimiz olar bilen içgin söhbet etdi. Alamlaryň dynç alyşlary, olaryň bu ýerde döredilen şertlerden kanagatlanýandyklary, umuman, iş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Ulagda oturan adamlar bu ýerde dynç alyş pursatlaryny göwnejaý geçirýändiklerine Awazada saglygyňy berkitmek, ýokary derejede dynç almak, esasan-da, çagalaryň wagtlaryny şatlykly geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini guwanç bilen bellediler we şunuň ýaly oňaýlyklar hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldaw üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Şol pursatda döwlet Baştutanymyz awtobusyň içindäki çagalara ýüzlenip, olaryň her biri bilen aýratyn söhbet etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň minnetdar nesilleri hormatly Prezidentimize bolan hoşallyklaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz ulagdakylaryň hemmesine berk jan saglyk, işlerinde üstünlik, olaryň dynç alyş pursatlaryny hoş geçirmeklerini arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň suw çüwdürimler toplumynyň deňindäki duralgada awtobusdan düşdi. Milli Liderimiz ýylyň bu paslynda has-da tenekar kenaryň bu ýerdäki görnüşini synlady we deňizde dynç alýanlara tarap ugrady. Bagtyýar döwrüň eşretiniň hözürini görýän ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzy görüp örän begendiler. Olar hormatly Prezidentimize şunuň ýaly amatly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar we dynç alyş pursatlaryny şadyýanlykda geçirýändiklerini buýsanç bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz dynç alýanlara hoş wagtlyk arzuw edip, bu künjegi döwrebap derejede ösdürmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz “Awazada” gurulýan desgalara eýeçilik gözi bilen garalmalydygyny, bu ýerde arassaçylygyň berk berjaý edilmegi, göwnejaý dynç alşyň möhüm şertidir diýip belledi. Kähalatlarda arassaçylygyň berjaý edilişi bilen baglanyşykly işleriň talaby ödemeýän ýerleriň bardygyny belläp, bu ýerdek ekologiýa meselesine seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, ekilen baglara göwnejaý ideg edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara derejesindäki şypahana – dynç alyş merkeziniň kemala gelýän ýerinde mundan beýläk-de zerur işleriň alnyp baryljakdygyny, şonuň üçin degişli düzümleriň bu künjekde ähli çäreleri durmuşa geçirmelidigini, işleriň talabalaýyk guralmagy babatda ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi. Hut şonuň üçin hem bu ýerde abadançylyk bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we olara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.