Ï Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

view-icon 954
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp gelenden soň, paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň özlerine ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol milli Liderimiziň başyny başlan köpugurly harby özgertmelerini durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuş – jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan görülýän anyk çäreler hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem ministr mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen adamlaryň, şol sanda Türkmenistanyň çäginde jenaýat eden daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň we her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewiligini has-da pugtalandyrmak üçin türkmen döwleti öz etmişine puşman eden biziň ýurdumyzyň, şeýle hem daşary döwletleriň raýatlaryny jeza çekmekden boşadyp, rehim-şepagat çäresini yzygiderli geçirýär diýip belledi. Bu ynsanperwerlik däplerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, türkmen döwletinde Gadyr gijesi mynasybetli tussag edilen adamlaryň ençemesiniň günäsi geçiler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Olar öz kadaly durmuşyna dolanyp barmaga we halal zähmeti bilen öz günälerini ýuwmaga mümkinçilik alarlar. Bu adamlaryň öz ýurduna mynasyp raýatlary boljakdygyna ynam bildirip, döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen raýatlarymyzyň 1327-siniň, şol sanda Türkmenistanyň çäginde jenaýat eden daşary ýurtly raýatlaryň 44-siniň günäsini geçmek hakynda degişli Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilenleriň Gadyr gijesi öz öýlerine, maşgalalaryna dolanyp barmagy üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýewe söz berildi. Ol dostluk we doganlyk serhedi diýlip ykrar edilen Döwlet serhedindäki ýagdaý hakynda, şeýle hem Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 20 ýyllygy we Serhetçiler güni mynasybetli ýaňy-ýakynda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Ol döwlet baştutanyna neşeleri ýaýratmagyň we sarp etmegiň öňüni almak, hususan-da, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralar hem-de abraýly halkara we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilatyň arasynda ýowuz belanyň garşysyna göreşmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Hususan-da, ol golaýda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen çäreleriň netijesinde demir ýol ulagynda ýurdumyza getirilen gurluşyk materiallarynyň - sementiň arasynda umumy agramy 11 tonna 605 kilograma barabar bolan 483 halta nas temmäkisiniň ýüze çykarylandygy we onuň ýurdumyzda bikanun ýaýradylmagynyň öňüniň alnandygy barada habar berdi.

Bu bet işi ýurdumyzda hasaba alnan “Omar Hasan” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, 1975-nji ýylda doglan, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň Gatyaryk obasynda ýaşaýan Haýrulla Hemraýew öz ülpetleri Atajan Amanow hem-de Şaheddin Öräýew bilen bilelikde amala aşyrmaga synanyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzda we jemgyýetimizde neşekeşlige ornuň ýokdugyny, bu bet işe garşy ählihalk göreşiniň alnyp barylýandygyny nygtamak bilen, döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz haram gazanja baş goşýan şeýle harsydünýäleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde paş edilmelidigini aýtdy.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi, ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna giň gerimli harby özgertmeleri amala aşyrmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy – enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý gulluk etmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek şol özgertmleriň esasy ugurlary bolup durýar.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow, Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew, Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew,

hasabatlary bilen çykyş etdiler. Olar soňky döwürde ýerine ýetirilen işler hakynda habar berdiler. Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň amala aşyrylmagy, şol işleriň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow milli Liderimize gulluklaryň işine öňdebaryjy dünýä tejribesini we degişli ugurda umumy kabul edilen halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwürde köp işleriň geçirilendigini kanagatlanmak bilen belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni birnäçe möhüm meselelere çekdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi şol meselelere bagly bolup durýar. Milli Liderimiz, hususan-da, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, parahatçylygy we asudalygy, netijede türkmenistanlylaryň abadançylygyny gorap saklamakda harby we hukuk goraýjy edaralaryň uly orun eýeleýändigini belläp, harby düzümleriň şahsy düzümini harby-watançylyk taýdan terbiýelemek, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyna aýratyn üns bermegi talap etdi. Çünki eziz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly gulluk etmek uly abraý we hormatdyr.

--Hut şu ýagdaýlary nazara almak bilen biz geljekde hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ony dünýäniň tiz depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça bellenilen ähli meýilnamalary üstünlikli amala aşyryp bileris—diýip, döwlet Baştutany aýry-aýry ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Maslahatyň ahyrynda bu ýere ýygnanalar milli Liderimizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen gawunynyň güni bilen mähirli gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan ýadawsyz işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde we gullugynda täze üstünlikleri arzuw edip, öz köp ugurly Harby doktrinasyny üstünlikli amala aşyrýan döwletimiz geljekde hem milli goşunymyzy berkitmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň mynasyp ýaşamagyny üpjün etmek babatda uly alada eder diýip belledi.