Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 673
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežada Eýranyň demirgazyk-günbatarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň hem-de ejir çekenleriň ähli dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini aýtdy.