Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy

view-icon 678
Şu gün Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy “Serdar” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary özleriniň gözegçilik edýän pudaklary tarapyndan gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada hasabat berdiler.

Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz öňi bilen Awazada gurulmagy meýilleşdirilýän akwariumlary we akwaparky özünde jemleýän medeniýet dynç alyş merkezini synlady. Bular barada wise-premýer B.Hojamuhammedow jikme-jik gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Awazanyň” çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş ähmiýetli desgalaryň hatarynda görkezilýän kinoteatrlaryň taslamalaryna syn etdi. Dürli medeni çäreleriň geçirilýän merkezi boljak bu binalaryň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmelidigini we olaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn üns bermelidigini belläp, taslamalara zerur bolan düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda emele gelýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň ähli düzümleriň öňünde goýýan baş wezipesi bolup durýar. Şu nukdaý nazardan bu künjekde baglar oturdylan gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, birnäçe pudaklaýyn edaralar “Awazada” gök zolaklary döretmegi meýilleşdirýärler. Döwlet Baştutanymyz bu babatda görkezilen taslamalary umuman oňlap, olaryň çägini giňeltmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de bu ýerde gök zolaklaryň, medeni güýmenje merkezleri bilen bir hatarda häzirki döwürde Awazada bina edilýän desgalaryň hatarynda obasenagat toplumynyň işgärleri üçin köpugurly sagaldyş we dynç alyş merkezi, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de ýurdumyzyň

syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň buýurmalary esasynda gurulýan kaşaň myhmanhanalar bar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň köpugurly dynç alyş merkezi, ýurdumyzyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň kottejleri, belent myhmanhana gurulýar.

Durmuşa geçirilýän taslamalaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň häkimligi üçin on iki kotteji bolan medeni - dynç alyş merkezi, Türkmenistanyň Maliýe-ykdysady pudaklarynyň we Daşary işler ministrliginiň işgärlerine niýetlenilen, iki gatly on sany kotteji özünde jemleýän şypahana şäherjigi bar. Şeýle hem bu künjekde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin sagaldyş-dynç alyş düzümleri hem-de kottej jaýlary gurulýar.

Ýakyn wagtlarda bu ýerde golf, ýokary tizlikli awtoulaglarda bäsleşikleri geçirmek üçin ýörite meýdança, şeýle-de okeanarium ýaly desgalaryň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Sergi köşgüni, söwda we işewürçilik merkezlerini gurmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Soňra taslamalaryň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşýan ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlere degişli desgalaryň taslamalary, dynç alyş –sagaldyş binalarynyň aýratynlyklary, olarda göz öňünde tutulýan bezeg işleri barada jikme-jik gürrüň berdiler. Görkezilen taslamalarda ähli amatlyklary özünde jemleýän ulular we çagalar üçin sagaldyş – dynç alyş toplumlary bar. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, görkezilen taslamalar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy. Bu binalarda adamlaryň gowy dynç alyp hem-de saglyklaryny berkidip bilmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini belledi. Bu toplumlarda welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň ýylyň ähli paslynda dynç almaklaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady we görkezilen taslamalara degişli düzedişleri girizdi.

Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi.