Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet Baştutanynyň orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça paýtagtymyza nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
Milli Liderimiz “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň öz ýanynda bolýan orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde ýoluny dowam etdi hem-de olaryň ünsüni berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly depginler bilen durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň ilkinji nobatdaky wajyp meselelerine çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky ähli işleriň nusgalyk derejede bolmalydygyny hem-de häzirki zaman binargärlik ulgamynyň öňdebaryjy gazananlaryny, bezeg we inženerçilik-tehniki çözgütleri, şol wagtyň özünde bolsa, türkmen halkynyň gadymy şöhratly ussalarynyň däplerini, milli binagärlik we bezeg ýörelgelerini özünde jemlemelidigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň merkezinde täze gurlan ýerasty geçelgä girip gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň gurluşygynyň üçünji tapgyryna degişli taslamalary görkezdi we alnyp abrylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bu desgalar toplumynda ýurdumyzyň Goranmak ministrligi üçin kämil harby gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň ýokary derejä eýe bolmalydygyny, okuw binasynda döwrebap tehnologiýalaryň we kämil enjamlaryň oturdylmalydygyny aýratyn nygtady.
Şeýle hem bu ýerde wise-premýer R.Seýitkulyýew ýurdumyzda gurulmagy meýilleşdirilýän Ýeriň emeli hemrasy gullugynyň täze binalar toplumynyň taslamalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi hem-de olaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler barada jikme-jik hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hususan-da, milli Liderimiz ösüşiň täze belentliklerine çykýan ýurdumyzda gurulýan binalaryň ählisinde bolşy ýaly, Ýeriň emeli hemrasy gullugynyň täze binasynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, olarda ylmyň iň täze gazananlarynyň we kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimize wise-premýer A.Ýegeleýew paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň, hususan-da, täze ýollaryň, ýol geçelgeleriniň, köprüleriň taslamalaryny görkezdi hem-de ýurdumyzda awtoulaglaryň ýyl-ýyldan artýandygyny nazarda tutup, olaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, ýollary gurmakda ulanyljak täze usullar barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary synlap, gurulýan desgalarda, ulag ýollarynda, geçelgelerde häzirki döwrüň talaplaryny nazara almagyň zerurdygyny belläp, bu babatda ýol gurluşyk ulgamynda we beýleki gurluşyklarda iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak bilen bir hatarda, töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur kommunikasion ulgamlary çekmek ýaly meseleleriň oýlanyşykly çözülmelidigini we täze awtomobil ýollarynyň, köprileriň, estakadalaryň we ýollaryň çatryklarynyň, gurluşygyň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza şäheri abadanlaşdyrmagyň geljegini nazara almak bilen, paýtagtymyzyň göwnejaý durmuşyny üpjün etmegiň aýrylmaz şerti bolan Aşgabadyň ulag-aragatnaşyk düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, şäherde gök zolaklary döretmegiň, paýtagtymyzda yşyklandyryş boýunça milli aýratynlyklary kemala getirmegiň we umuman şäheri ösdürmegiň meýilnamalary boýunça taýýarlanan taslamalary görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugur boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamalary ýokary derejede amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan möhüm işleriň barşyna ünsi çekip, paýtagtymyzda ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, şäheri mundan beýläk-de yzygiderli abadanlaşdyrmak we onuň arassaçylygyna ünsi güýçlendirmek, hususan-da, bu ýerde adamlar üçin döredilýän amatlyklaryň şäheriň bezegi bilen göwnejaý utgaşdyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäher ýollarynyň, onuň ýakasyndaky beton raýyşlaryň, ekilen gülleriň hem-de gök zolaklaryň göwnejaý derejede saklanmagy ugrunda yzygiderli alada edilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz bu meselelere toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmek arkaly ýolyň gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hilinden başlap, ýolagçylar üçin duralgalara, yşyklandyryşa hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge çenli ähli ýagdaýlar nazara alynmalydyr diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýerasty geçelgeden çykyp barýarka, bu ýerde adamlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, onuň howasynyň tämiz bolmagy hem-de bu ýerde ýylyň dürli paslynda adamlar üçin oňaýly howa şertleriniň üpjün edilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şonuň ýaly-da döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda ýagyş suwlaryny ugrukdyrmak bilen baglanyşykly inžener-tehniki desgalaryň gurluşygynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny we olaryň netijeli peýdalanylmalydygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz gurulýan ýol çatryklarynyň ak mermere örtülen paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň gözelligini hem-de özboluşlylygyny baýlaşdyryp, binagärlik sungatynyň parçasy hökmünde şäheriň ajaýyp keşbi bilen berk sazlaşmalydygy barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap, ýanynda bolýan ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.