Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem degişli resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny ýetip gelýän mukaddes Oraza baýramy bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuşy arzuw etdi. “Mukaddes Oraza aýynda il-günümiziň agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy we gülläp ösmegi üçin eden doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, oňa gatnaşyjylara gözegçilik edýän ulgamlary boýunça hasabat bermek üçin söz berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem şu ýylyň 20-nji awgustynda geçiriljek Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna hem-de aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýerlerde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmäge hemme zat taýýar edildi. Bu cäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we türkmen jemgyýetinde halk häkimiýetliligi ýörelgelerini berkitmäge, raýatlarymyzyň eziz Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli demokratik özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda täze ädim bolar.
Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas hökmünde häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça Mejlisiň işiniň ähmiýetini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işleriniň, halkyň saýlan wekilleriniň welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerini çözmäge gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Geňeşleriň agzalarynyň hem-de aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzda demokratik özgertmeleri has-da giňeltmek babatda öňde boljak wakanyň ähmiýetini belläp, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde, hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň möhümdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow döwlet Baştutanyna özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirilen “EKSPO-2012” atly Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, statistiki maglumatlaryň görkezişi ýaly, biziň ýurdumyzyň ekspozisiýasy “EKSPO” gelenlerde uly seslenme döretdi, mundan başga-da ol umumydünýä serginiň guramaçylyk komitetiniň ýörite diplomyna mynasyp boldy. Bu bolsa öz gezeginde mümkin bolan hyzmatdaşlaryň we maýadarlaryň Türkmenistana bolan işewür gyzyklanmasynyň artmagyna uly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle çäreler Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, açyklyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam eder diýip belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr we anyk netijelere, Watanymyzyň eksport we maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga, daşary söwda dolanyşygyny ösdürmäge we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümlerini dünýä bazarynda ýerlemäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň Watanymyzyň iri halkara ykdysady forumlaryna we sergilerine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, daşary ýurtly işewürleriň gatnaşmagynda ýurdumyzyň içinde şunuň ýaly çäreleri geçirmek üçin sergi işlerini guramakda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere onuň gözegçilik edýän ulgamlary boýunça tabşyryklary berip, pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny, şeýle hem döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça wezipeleri çözmäge maksatlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Bu ozaly bilen anyk, ahyrky netijelerde we işlerde öz beýanyny tapmalydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady ulgama gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew çykyş edip, ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek maksady bilen geçirilen işler hakynda habar berdi. Hususan-da, käbir döwlet edaralarynyň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşmagynda ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda teklip beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmegiň we ozaly bilen ätiýaçlandyryş gaznasy arkaly halk hojalygyndaky maliýe akymlaryna işjeň täsir etjek ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Ätiýaçlandyryş goragyna bolan zerurlyk jemgyýetçilik önümçiliginiň ähli tapgyrlaryny, jemgyýetiň durmuş-ykdysady ulgamynyň ähli bölümlerini, hojalygy dolandyrýan ähli şahslary we tutuş ilaty gurşap alýar. “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde edara we şahsy görnüşli taraplaryň ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmäge ýardam eder. Milli Liderimiz hödürlenen resminamanyň taslamasyny umuman makullap, “Käbir döwlet edaralaryna “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda” Karara gol çekdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we banklaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanan kararyň taslamasyny makullady we oňa gol çekdi hem-de bu kararyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda açyljak 67-nji mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bütindünýä forumynyň gün tertibine syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň işini kämilleşdirmäge degişli meseleler giriziler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza Daşary işler ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary barada hasabat berildi. Munuň özi hususan-da, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden, durnukly ösüş, energetika howpsuzlygy, ekologiýa we howanyň üýtgemegi, ynsanperwer meselelerinden ybaratdyr. Bular biziň ýurdumyzyň öňe sürýän tekliplerine degişlidir. Nygtalyşy ýaly, bu teklipleriň ählisi umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebitde we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek bilen, ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin heläkçilige getirýän ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly möhüm meseleler, şeýle hem terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek boýunça oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Türkmen döwleti özüniň köp ugurly döredijilik mümkinçiliklerini bütin adamzadyň bähbidine durmuşa geçirmäge çalşyp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Türkmenistan ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlydyr.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen mejlislerinde Türkmenistan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga degişli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şol başlangyçlaryň derwaýyslygy häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen tassyklanyldy. Biziň ýurdumyz BMG-niň çäklerinde bu startegiki ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çalşyp, bu ugurda täze anyk ädimleri ätmegi teklip edýär.
Türkmenistan şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Şol meseleler bolsa durnukly ösüşiň wezipeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde (Braziliýa) geçirlen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen biziň ýurdumyz birnäçe başlangyçlary öňe sürmegi, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlykda “XXI asyr üçin ýaşyl ykdysadyýet: milli tejribe we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyny geçirmek barada teklip etmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň beýleki teklipleri Hazarda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde gatnaşyk etmäge degişlidir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Aral deňzi bilen bagly ýagdaýlaryň toplumlaýyn çözgüdini tapmak boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmek ugrunda çykyş edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklar täze ösüşe we many-mazmuna eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň bu ulgamda hyzmatdaşlyga degişli täze tekliplerini beýan etmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak meseleleri BMG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu meseleleri çözmekde Türkmenistan dünýä bileleşigi üçin uly gyzyklanma döretjek oňyn tejribe toplady. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahaty geçirildi. Şu jähetden Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýeti bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek ugrunda çalyşýar.
Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy türkmen diplomatlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Bitarap Türkmenistanyň oňyn syýasatyny hem-de biziň ýurdumyzyň öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtap, biziň ýurdumyzyň geljekde hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksadynda oňyn halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de sebitde we bütin dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisiniň garamagyna hödürlejek täze teklipleri şu maksatlara gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri dünýä jemgyýetçiligine biziň ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny we halkara başlangyçlarynyň maksatlaryny düşündirmek, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we häzirki wagtda tutuş adamzady tolgundyrýan derwaýys meseleler boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak babatda işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanynyň medeniýet we habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça meýilleşdirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hasabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada jikme-jik habar berildi. Bu maslahata görnükli medeniýet, ylym we bilim işgärleri, döwletara düzümleriniň, halkara guramalarynyň we Arkalaşyga girýän ýurtlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşar. Hususan-da, duşuşygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we onuň guramaçylyk jähetleri bilen bagly meseleleriň toplumyna garaldy.
Maslahata gatnaşyjylar üçin baý medeni maksatnama göz öňünde tutuldy diýip, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII maslahatyny geçirmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Soňra geljek ýylyň iýun aýynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk hakyngda hasabat berildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen taýýarlanan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda” Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XXI ýyllyk baýramynyň teklip edilýän nyşanlarynyň görnüşleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen paýtagtynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy işgärleriniň nobatdaky maslahatyny geçirmegiň möhümdigini belläp, ony şu ýyl Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ähmiýetli çäreleriň biri hökmünde görkezdi.
Geçiriljek maslahatyň goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge, Arkalaşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge we netijeli gatnaşyklaryň täsirli usullaryny döretmäge gönükdirilendigini belläp, milli Liderimiz maslahatyň maksatnamasynda meýilleşdirilen ähli çäreleri degişli ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, bu maslahatyň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn derejelerde täze gatnaşyklary ýola goýmaga, şol sanda medeniýet, bilim, ylym, medeni miras, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk, sport, syýahatçylyk babatda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini jemgyýetçilik guramalary, okuw mekdepleri, habar beriş serişdeleri bilen utgaşdyrmagyň we olaryň bir bitewi medeni giňişligi kemala getirmek, medeni gymmatlyklara birmeňzeş elýeterliligi üpjün etmek, ýaş zehinleriň döredijilik işini goldamak boýunça strategik maksatlaryny amala aşyrmakda özara gatnaşyklarynyň möhümdigine ünsi çekmek bilen döwlet Baştutany “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda” Kararyň taslamasyny hem tassyklap, onuň hakyky türkmen toýuna kybap ýagdaýda guralmagyny üpjün etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň XXI ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlak görmegiň meselelerini gozgap, olary mynasyp derejede guramagyň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bu dabaralar ähli çäreleri çeperçilik we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmakda, şol sanda baýramçylyk nyşanlarynda öz beýanyny tapmalydyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz hasabatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen bagly meseleleri jikme-jik beýan etdi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzda 550 müň gektardan “ak altynyň” 1 million 109 müň tonnasyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Häzir ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna taýýarlyk görmek işleri tamamlandy. Pagta ýygyjy kombaýnlaryň 570-si, şeýle hem awtoulaglaryň 2560-sy, traktorlaryň 2500-si we pagta daşamak üçin niýetlenen traktor tirkegleriniň 3600-si taýýarlyk hataryna çykaryldy. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalar we harmanhanalar täze hasyly kabul etmäge doly taýýar edildi.
Bellenilen tertibe laýyklykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň gallaçylarynyň şu hepdede bir wagtda başlan güýzlük galla ekişiniň depgini barha ýokarlanýar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bugdaý ekişine hormatly ýaşulularyň, tejribeli kärendeçi - daýhanlaryň we mehanizatorlaryň, oba hojalyk alymlarynyň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Ýerlerde galla ekişi bilen bir hatarda, zerur bolan agrotehniki çäreler, şol sanda ýerleri tekizlemek, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir oba hojalyk pudagy ýokary depginler bilen ösýär diýip belledi. Ýurdumyzda ekerançylaryň gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp, netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Döwletiň daýhanlara berýän goldawy hem öz netijesini äşgär etdi—şu ýyl meýdanlarda gowaçanyň bereketli hasyly ösdürilip ýetişdirildi.
Häzir pagtaçylar üçin örän jogapkärli döwür—pagta ýygymy gelip ýetdi diýip, milli Liderimiz ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak köp babatda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegine bagly bolup durýandygyny belledi.
Il içinde hormatlanýan, abraýly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 22-nji awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy awgustda badalga beriljek pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagyna ak pata bermek bilen, hormatly Prezidentimiz oba zähmetkeşleriniň hemmesine uly zähmet üstünliklerini arzuw edip, şu ýyl edermen pagtaçylarymyzyň täze zähmet ýeňişlerini gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem milli Liderimiz mejlisiň barşynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de öndürilýän pagta hasylyny ýokary hilli gaýtadan işlemek we saklamak maksady bilen, “Pagta arassalaýjy kärhanalar we pagta kabul ediş harmanhanalar üçin önümçilik serişdelerini, enjamlaryny hem-de ätiýaçlyk şaýlary satyn almak hakyndaky” Karara hem gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Gurulýan we ýakyn geljekde ulanylmaga berilmeli möhüm desgalarda işleriň barşy barada hem aýdyldy. Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäherinde ýadygärlikler toplumyny gurmaga degişli Kararyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, onuň çäklerinde 1941-1945-njy ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen türkmenistanly esgerleriň hem-de müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesen 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasy ebedileşdirilýän ýadygärlikler oturdylar.
Wise-premýer 23-25-njy awgustda Aşgabatda “Türkmengurluşyk--2012” atly halkara sergisini we maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, bu maslahata ýurdumyzyň telekeçileri bilen bir hatarda, daşary ýurtly kompaniýalaryň 100-e golaýynyň wekilleri gatnaşar, olaryň 40-sy uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bidirýän Türkmenistanyň hyzmatdaşlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat şäherinde ýadygärlikler toplumyny gurmak hakyndaky” hödürlenen Karary tutuşlygyna makullady we oňa gol çekip, biz bu ýadygärlikler toplumyny Watany gorap, deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen öz gahryman pederlerimiziň hatyrasyna, şeýle hem dürli uruşlarda, şol sanda Gökdepe söweşinde wepat bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyna gurýarys diýip belledi. Ýadygärlikler toplumynyň ikinji bölegi 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen aýylganç ýertitremesinde şehit bolan ildeşlerimize bagyşlanýar, üçünji bölegi bolsa gazaply uruş ýyllarynda jan aýaman, edermenlik bilen zähmet çekip, ýurdumyzy duşmanlardan goramaga mynasyp goşant goşan gahryman zenanlarymyza bagyşlanýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz öňde boljak halkara maslahatyny geçirmek meselesine ünsi çekip, şolar ýaly halkara derejesindäki çäreler diňe bir ýurdumyzyň özgertmeleri durmuşa geçirmekde gurluşyk pudagynda gazanylan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny bellemäge mümkinçilik berýär, dünýäniň iň oňat tejribeleri bilen tanyşmaga hem-de biziň ýurdumyzda innowasion çemeleşmeleri hem-de tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ýardam edýär diýip nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolagçylara hyzmat etmegiň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirýän işleri barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň kärhanalarynyň işinde iň täze işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary peýdalanmagyň möhümdigini nygtady. Milletiň Lideri döwletimiziň şol ulgamlarda önümçilik işini döwrebaplaşdyrmak meselelerine yzygiderli goldaw berýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara howa ulagynyň kärhanalarynyň sazlaşykly hem-de has netijeli işlemegini gazanmaga gönükdirilen ähli zerur çäreleri üpjün etmegi tabşyrdy.
Bu babatda milli Liderimiz ýurdumyzyň içinde hem, halkara ulag ugurlaryny depginli ösdürmek babatda hem howa gatnawlarynyň artýan ornuny nygtady we wise-premýere howa tehnikasynyň häzirki parkyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Türkmen döwletiniň Baştutany “Boeing-737-800” kysymly uçary satyn almak hakyndaky” we Boeing-717-200” kysymly uçarlarda tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek hakyndaky” kararlary makullap we olara gol çekip, iň täze uçuş tehnikasynyň ulanylmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltjekdigini hem-de howa ulaglary arkaly ýükler daşalan we ýolagçylar gatnadylan mahaly hyzmatlary ýerine ýetirmegiň derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmagy üpjün etjekdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak boýunça geçirilen iş hakynda habar aýdyldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dördünji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň Ýerewan şäherine iş sapary hakyndaky buýrugyň taslamasy hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç almaga has oňaýly şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalaryny kesgitlemek hakynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen bu ugurda zerur işleriň geçirilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň ýurtlary bilen, şol sanda Ermenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyna döwletara gatnaşyklaryny depginli ösdürmekde möhüm orun degişlidir, onuň işi iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam edip, anyk, iş ýüzündäki netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň geljekde-de gyzyklanýan taraplaryň ählisi bilen oňyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltjekdigini, sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasynda özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belläp, “Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara hem-de türkmen wekiliýetiniň bu maslahata gatnaşmagy baradaky Buýruga gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň saglygy goraýşyny ösdürmek meselesini gozgap, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady, olar halkara ülňüleriniň derejesine laýyk gelmelidir. Bu ugurda şypahana ulgamyny ösdürmek möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Biziň ýurdumyzda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan “Farap” şypahanasyna çenli ençeme şypahanalar bar, ýöne biziň köp dürli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda bu sagaldyş edaralarynyň işini kämilleşdirmegimiz zerurdyr. Bütin dünýäde şypahanalarda dynç alýanlara sauna, mineral wannalar, owkalamagyň dürli görnüşleri we beýleki bejeriş amallary ýaly hyzmatlar edilýär, bu bolsa adamlaryň sagalmagyna örän oňat täsir edýär. Şunuň bilen baglanyşykly, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalaryny kesgitlemek hakyndaky” degişli Karara gol çekip, ýurdumyzyň sanatoriýa-şypahana edaralarynda işleri ýokary derejede ýola goýmagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsini çekip, bu edaralarda saglygyny berkitmäge gelýän adamlara ähli amatly şertleriň döredilmelidigi barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş edip, özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda—ýangyç-energetika toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 27-28-nji awgustda geçiriljek Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 5-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyna degişli meseleler, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, şol sanda ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda, oba hojalygynda, balyk hojalygy we beýleki pudaklary ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler.
Şeýle hem wise-premýer “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn serişdeleri satyn almagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada-da habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň öndürilişini has-da artdyrjak ýangyç-energetika toplumynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan himiýa senagaty we balyk hojalygy ýaly pudaklaryň önümçilik düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň öňde boljak nobatdaky mejlisi barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda däbe öwrülen ykdysady hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmen we gazak halklaryny medeni-taryhy umumylyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary birleşdirýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda iki goňşy ýurtlaryň özara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz bu babatda Demirgazyk-Günorta demir ýoluny gurmak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan bilelikdäki taslamany mysal getirdi. Bu taslama Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has tygşytly we amatly ugry üpjün edip, sebitleýin we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder we ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryna hyzmat eder.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmek hem-de “Galkynyş” gaz käninde gazuw işleri alnyp baryljak ulanyş guýularynyň üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn serişdeleri satyn almagy hakyndaky” resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew garamagyndaky edaralarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler, şol sanda olaryň işini kämilleşdirmek we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly işler hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň amala aşyrýan energetika syýasaty ýurdumyzyň ýerasty uglewodorod baýlyklaryny ata Watanymyzyň geljekki nesilleriniň bähbidine has netijeli ulanylmagyna we tutuş adamzada peýda getirmegine gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek boýunça meýilnamalary tiz amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň başga-da birnäçesine garap, döwlet Baştutanymyz olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek bilen, birnäçe resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we rowaçlyk, öňde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.