Ï Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň “Ştrabag SE” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň “Ştrabag SE” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 785
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň “Ştrabag SE” kompaniýasynyň baş direktory Hans Peter Hazelştaýneri kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşykda geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, myhman Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly düýpli özgertmeleriň möçberlerine we depginine haýran galýandygyny belledi we onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny hem-de bu ýerde döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýlaryna Ýewropanyň öňdebaryjy işewür toparlarynyň, şol sanda Awstriýanyň kompaniýalarynyň gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, “açyk gapylar” syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirýän we ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ýola goýýan Türkmenistanyň innowasion işläp taýýarlamalary hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Awstriýanyň belli kompaniýasynyň toplan oňyn tejribelerini we Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti hem-de onuň möhüm pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly meýilnamalary nazara almak bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, halkara jähmiýetli döwrebap ulag ýollarynyň gurluşygy we Türkmenistanyň sebitde uly ähmiýeti bolan syýahatçylyk ulgamyny abadanlaşdyrmak işlerine uly üns berilýär. Bu işler ýurduň ägirt uly üstaşyr-ulag mümkinçilimklerini we dynç alyş ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli meýilnamalary nazara almak arakaly ýerine ýetirilýär.

Biziň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda işleýän dünýäniň işewür toparlaryň wekilleri Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşdygyny ykrar edýärler, şeýle-de bolsa biz ýurtda alnyp barylýan ähli işlerde ýokary hiliň üpjün edilmegini we olaryň bellenilen möhletde gurlup ulanmaga berilmegini talap edýän buýrujylar bolup durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurtda milli hem-de halkara ähmiýetli durmuşa geçirilýän möhüm taslamalara gatnaşmaga gönderilen çakylyk üçin hoşallyk bildirmek bilen, jenap Hans Peter Hazelştaýner ýola goýulýan hyzmatdaşlyga şunuň ýaly işewür we jogapkärli çemeleşmelere ýokary baha berdi we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň boýun alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini we özüni iň gowy tarapdan görkezmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy. Türkmen Lideriniň alyp barýan şähergurluşyk syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny bellemek bilen, “Ştrabag SE” kompaniýasynyň häzirki döwürde daşary ýurtlaryň onlarça kompaniýasynyň işlemäge meýil bildirýän geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny berkitmäge çuňňur gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli sözler aýdyp, bar bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň uzak möhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.