Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükldirilen düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny ayçp, ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyrdy. Ol sebitde işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem güýzlük galla ekişiniň barşy, şonuň ýaly-da ýerlerde häzirki zaman durmuş düzümini döretmäge gönükdirilen we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatyň barşynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Baharly etrabynda 620 orunlyk, Tejen şäherinde birnäçe täze desgalaryň - 940 orunlyk orta mekdepleriň, 350 orunlyk sport mekdebiniň we çagalar baglarynyň üçüsiniň ulanylmaga tabşyryljakdygy barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 22-nji awgustda badalga alýan pagta ýygymyna ünsi çekip, bu möhüm oba hojalyk möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde we amatly möhletlerde geçirmegi, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, şeýle hem onuň bökdençsiz daşalmagyny we talaba laýyk saklanmagyny üpjün etmek möhümdir. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz bugdaý ekişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, geljek ýylyň hasylynyň ykbalynyň köp babatda galla ekişiniň geçirilişine baglydygyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şol desgalar bellenen möhletlerde dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milletiň Lideri geljekde welaýatda guruljak desgalaryň gurluşygyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, degişli meseleleriň ählisini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow günbatar welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda pagta ýygymyna taýýarlyk hem-de güýzlük bugdaýyň ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem degişli Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde görülýän çäreler, mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylyny guramaçylykly, öz wagtynda ýygnap almaga we mehanizatorlaryň hem-de pagtaçy-kärendeçileriň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we oňat dynç almagy üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine degişli anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda dowam edýän galla ekişi bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip we bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň ähmiýetini nygtap, ekişi ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de amatly agrotehniki möhletlerde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz gunbatar sebitiň durmuş-ykdysady düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň ilerledilmegine ünsi çekip, welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem täze okuw ýylyna çenli welaýatyň ähli mekdepleri okuwçylary kabul etmäge doly taýýar bolmalydyr diýip, bu babatda häkime degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew öz nobatynda, bugdaý ekişiniň barşy we pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem ýerlerde dürli ähmiýetli, esasan hem durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýan Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi. Häkim täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, 1-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynda täze mekdepleriň altysynyň okuwçylar üçin öz gapylaryny giňden açjakdygyny aýtdy. Sebitdäki 510 mekdebiň ählisi täze okuw ýylyna doly taýýar edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatda guruljak 420 orunlyk täze mekdep-internatyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz ýakyn günlerde Daşoguz welaýatynda badalga aljak pagta ýygymynyň takyk guralmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu möwsümi öz wagtynda we ýitgisiz geçirmek, şeýle hem ýygnalan pagta hasylyny talaba laýyk saklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň agrotehniki taýdan amatly möhletlerde geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz demirgazyk welaýatyň durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek we şunuň bilen baglylykda degişli Maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda guruljak täze mekdep-internatynyň taslamasyny, umuman, makullap, döwletiň geljekde hem ösüp gelýän nesliň bilimi we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady. Häzirki wagtda ýaş nesil üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze döwrebap mekdepler we çagalar baglary gurulýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň hasabatyny diňledi. Ol welaýatdaky işleriň ýagdaýy, 22-nji awgustda badalga alýan pagta ýygymyny guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek boýunça görülýän çäreler, güýzlük bugdaý ekişiniň barşy, şeýle hem ýerlerde gurulýan durmuş-ykdysady maksatly desgalarda işleriň ilerledilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, täze okuw ýylyna çenli Lebap welaýatynda täze mekdepleriň 3-siniň we täze çagalar baglarynyň hem 3-siniň açyljakdygy habar berildi. Sentýabr aýynda umumybilim berýän mekdeplere birinji synp okuwçylarynyň 20 müňden gowragy barar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, olara täze netbuklar gowşurylar. Häkim ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişi barada hasabat berip, welaýatyň etraplarynyň bäşisinde agyz suwy zawodlaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň esasy meseleleri barada durup geçip, bu möhüm oba hojalyk çäreleriniň takyk we sazlaşykly geçirilmeginiň, mehanizatorlaryň hem-de kärendeçi-daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we oňat dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak meselesine degip geçip, häkime ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz täze okuw ýylynyň barha golaýlaşyp gelýändigini aýdyp, welaýatyň mekdepleriniň ählisini okuw ýylyna talaba laýyk taýýarlamagyň, olarda abatlaýyş işlerini doly tamamlamagyň derwaýysdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatyň umumybilim berýän mekdepleriniň we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň sanawynyň üstüni ýetirjek täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Ol öz gezeginde özüne ynanylan welaýatda işleriň ýagdaýy hem-de ýerlerde geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Mary welaýatynyň pagtaçylarynyň hem 22-nji awgustda başlanýan pagta ýygymy möwsümine doly taýýardygyny habar bermek bilen, häkim şeýle hem dowam edýän güýzlük galla ekişiniň barşy hakynda aýtdy. Milli maksatnamalary, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen bagly maksatnamany amala aşyrmagyň barşy hem-de ýetip gelýän täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.
Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, işleri utgaşdyrmagyň, ýygnalan hasyly meýdanlardan öz wagtynda daşamagyň we ony aýawly saklamagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň ygtyýaryndaky tehnikany netijeli ulanmagyň hem-de pagta ýygnaýan ähli toparlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin güýzlük galla ekişini gysga möhletde geçirmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz häkime welaýatyň mekdeplerini täze okuw ýylyna taýýarlamak, kabul edilen Maksatnama laýyklykda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, şeýle hem obada häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş düzümini kemala getirmek boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly hasabat bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çykyş etdi. Ol türkmen paýtagtyny gurmak, şäher düzümini, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, gurmak we has-da ösdürmek bilen bagly ähli meseleleri öňdebaryjy dünýä tejribesini we bu ugurda häzirki zaman tehnologiýalaryny ugur edinmek bilen uzak möhletleýin geljegi nazarlap, toplumlaýyn çözmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, paýtagtymyzda nusga alarlyk arassaçylyk we sanitariýa kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek ýaly ugra ünsi çekdi. Ähli şäher jemagat gulluklarynyň takyk işlemegini talap etmek bilen, milli Liderimiz türkmen paýtagtynyň bezegi bolup durýan Aşgabat şäheriniň seýilgählerine we seýilbaglaryna degişli derejede üns bermegiň möhümdigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowy çagyrdy, ol dünýäniň esasy maliýe düzümleri bilen we ilkinji nobatda, Halkara pul gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Biziň ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri şol gaznanyň agzasy bolup durýar.
Hususan-da, Halkara pul gaznasy tarapyndan dünýä maliýe-ykdysady çökgünlilik şertlerinde halkara pul ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmaga gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy baradaky habar aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşi Halkara pul gaznasynyň agzalary bolan ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň hem “Ykdysady ösüşe ýardam bermek we garyplygy peseltmek maksatlary boýunça hereket edýän Trast gaznasyna” belli bir pul möçberini geçirmek hakyndaky teklip bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ykdysady ösüşe ýardam etmek we garyplygy peseltmek boýunça Trast gaznasyna Türkmenistanyň maliýe serişdelerini geçirmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu çäräniň döwlet syýasatynyň biziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine we ilkinji nobatda, beýleki halklara kynçylykly günlerde kömek goluny uzatmaga taýýar türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän däplerine esaslanýandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň ýokary ykdysady kuwwatynyň we onuň halkara abraýynyň artmagynyň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasydyr.
Hormatly Prezidentimiz tutuşlygyna alnanda bu aýdylan teklibi makullap, bu barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi hem-de dünýäniň ähli döwletleri we esasy halkara düzümleri bilen oňyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridir diýip belledi.
Soňra Türkmenistanyň dokma senagaty ministri S.Batyrowyň hasabaty diňlenildi. Ol ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek, bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we täze häzirki zaman dokma toplumlaryny gurmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysyny ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Onuň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň 500-si dörediler. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda täze kärhanalary gurmak we bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemek, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek barada tabşyryklary berdi.
Sazlaşykly ösýän dokma toplumyna milli ykdysadyýetimiziň düzüminde möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz guramaçylyk ugurlaryna, şol sanda kärhanany dolandyrmak we onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly ugurlara ünsi çekdi.
Dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak işi dünýä bazarynyň häzirki talaplaryna laýyklykda öndürilýän önümleriň hilini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz pudagyň eksport mümkinçiligini ösdürmegiň, önüm iberilýän ýurtlaryň sanyny artdyrmagyň we täze işewür hyzmatdaşlary, buýrujylary we bäsdeşlige ukyply önümleri sarp edijileri gözläp tapmagyň möhümdigini belledi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahata Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow çagyryldy. Ol ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini has-da ösdürmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Bu işlerde hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede geçiren iş maslahatynda bu möhüm ulgam üçin kesgitlän wezipeleri nazara alyndy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmegiň, aýratyn-da, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna göwnejaý taýýarlyk görmegiň çäklerinde bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ýaşlary çekmegiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň meşhur görnüşlerini ösdürmek, paýtagtymyzda we welaýatlarda bar bolan stadionlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny we beýleki desgalary netijeli peýdalanmak, şeýle hem türgenleri milli we halkara sport ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarow göni wideoaragatnaşyk arkaly atçylyk pudagyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz şu birleşigiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, naýbaşy tohumly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, şeýle hem häzirki zaman atçylyk sport toplumlaryny talaba laýyk saklamak we olary netijeli ulanmak, atçylyk ýaryşlaryny geçirmek meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, ony wagyz etmek boýunça ähli şertleri döretmek, türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredowa çagyryldy, ol ýurdumyzyň awtoulag ýollarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak babatda, şol sanda täze Aşgabat-Türkmenbaşy we Aşgabat-Mary awtomobil ýollaryny gurmak boýunça işleriň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň dürli welaýatlaryny birleşdirýän bu iri awtomobil ýollarynyň ähli ugurlary boýunça ýol çatryklary, köprüler we beýleki desgalar gurulýar, olar awtomobil ýollarynyň gatnawyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berer, sile garşy goragy we degişlilikde hereket howpsuzlygyny üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklara laýyklykda ýokary hilli ýol-gurluşyk materiallaryny hem-de häzirki zaman awtomobil ýol-gurluşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna tizlikli ýollaryň ýol düşeginiň mäkämligine aýratyn üns berilýär.
Şeýle hem “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Garagum derýasynyň üstünde Wekilbazar etrabynyň çäginde uzynlygy 215 metr bolan täze gurlan awtomobil köprüsini ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hem habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmensitanyň Ýewraziýanyň geoykdysady kartasynda amatly ýagdaýy eýelip, ägirt uly üstaşyr geçirmek kuwwatyna eýedigini nygtady, şol mümkinçilikleriň göwnejaý durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir.
Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegi, biziň ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegi—bularyň hemmesi içerki we halkara derejesinde ýük daşamagy we ýolagçy gatnatmagy amala aşyrmak üçin has oňaýly awtomobil ýollarynyň bolmagyny talap edýär diýip, milli Liderimiz ýol-gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegine, halkara ülňülerine doly laýyk gelmegine berk gözegçiligiň zerurdygyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat-Türkmenbaşy we Aşgabat-Mary awtomobil ýollarynyň ugurlarynda guruljak köprüleriň gurluşygy amala aşyrylan mahaly iň öňdebaryjy inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň ulanylmalydygyny nygtady.
Oba ýerlerinde degişli ulag düzümlerini döretmek boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda işleriň depginlerini çaltlandyrmak barada hem “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berildi, munuň welaýatlaryň ykdysadyýetini depginli ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda ulanmaga beriljek döwrebap köprüniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejede geçirilmegi barada hem görkezme berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewi çagyrdy. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ähli ýükleri gözden geçirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem gümrük gullugynyň desgalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly geçirilýän işler barada habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda daşalýan ýükleriň möçberiniň artýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gümrük gullugynyň işgärleriniň serhetden iki tarapa hem geçýän ýüklere we ulaglara degişli derejede gözegçilik etmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwletimiz tarapyndan geljekde hem degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine uly ähmiýet berjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjek Ahal welaýatynyň çäginde täze gümrük terminalyny gurmak hakynda karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, täze gümrük terminalynyň düzüminde gümrük resmileşdirmesi bilen meşgullanýan ähli edaralaryň işgärleriniň işlemegi üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edilen bina, ýöriteleşdirilen ammarlar, agyr ýük awtoulaglary üçin duralga, myhmanhana, tehniki taýdan hyzmat edýän ussahana we beýleki zerur desgalar gurlar.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün eder diýip nygtady.
Milli Liderimiz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine işde hem-de öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.