Ï Köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyk

view-icon 616
Ertir-23-nji awgustda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu gün agşam türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.

Nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygy ozal gazanylan hökümetara ylalaşyklaryny berkitmäge we täze taryhy eýýamda hoşniýetli goňşuçylyk hem-de köpasyrlyk dostluk binýadynyň esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm tapgyra öwrülen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Asyrlaryň synagyndan geçen dostluk gatnaşyklary medeniýetleriň we ruhy däpleriň umumylygynda baglaşýan iki doganlyk halklaryň ýeten belent derejesi bolman, eýsem, ol ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, öňi bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm binýat bolup durýar.

Iki ýurduň milli Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda mähirli we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan duşuşyklaryň ýygjamlaşmagy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Dürli derejede gol çekilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalar we özara gatnaşyklaryň kadalaşdyryş-hukuk binýady bu gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berýär.

Daşary söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň durnukly meýilleri türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösýändiginiň baş görkezijisidir. Munuň özi gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen döredilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-täjik toparynyň netijeli işi birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Iki goňşy ýurtlary diňe bir häzirki döwürde birnäçe ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk däl-de, eýsem, gadymy taryhy gatnaşyklar, türkmen we täjik halklarynyň hoşniýetli ýörelgeleri, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu bolsa iki halkyň täze taryhy eýýamda ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyny şertlendirdi. Içerki täjigara gapma-garşylygyň kadalaşdyrylmagy we ýurtda raýatlyk ylalaşygynyň hem-de dostlukly ýagdaýyň emele gelmeginde möhüm orny eýelän Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarly bolmak bilen, doganlyk täjik halkyna yzygiderli kömek berýär. Türkmen elektroenergiýasynyň we ynsanperwerlikli kömegiň Täjigistan Respublikasyna yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-täjik gatnaşyklarynda gumanitar we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Munuň özi häzirki döwürde Täjigistanyň çäginde kowçum bolup ýaşaýan we özüniň taryhy watany bilen aragatnaşyk saklaýan köp sanly türkmenleri nazara alanyňda has-da derwaýysdyr.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän, ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem deňhukuklylyk, ynanyşmak we ikitaraplaýyn bähbitleri nazara almak esasynda ýola goýulýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlener. Sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek we ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna häzirki zamanyň howplaryna,wehimlerine bilelikde garşy durmak ýaly möhüm ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzer.

Iki döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygynyň jemleri boýunça köp ugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine we ägirt uly mümkinçiligi bolan türkmen-täjik gatnaşyklaryny degişli derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyk Täjigistanyň Prezidentiniň resmi saparyna bagyşlandy. Şeýlelikde, bu saparyň barşynda belent mertebeli myhman we Täjigistanyň wekilçilikli toparynyň agzalary üçin birnäçe senagat kärhanalaryna, türkmen paýtagtynyň medeni-taryhy ýadygärliklerine baryp görmegi göz öňünde tutýan uly medeni maksatnama düzüldi.