Ï Häzirki döwrüň döredijilik mümkinçiligini artdyryp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki döwrüň döredijilik mümkinçiligini artdyryp

view-icon 712
Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistanyň Prezidenti Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Şu gün Abadan şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we resmi sapar bilen biziň ýurdumyzda bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmonyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren täze häzirki zaman toplumy bolan Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Bu waka milli ykdysadyýetimiziň iň bir geljegi uly hem-de eksporty ugur edinýän, öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan dokma senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagyna biziň ýurdumyzda ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subitnamasyna öwrüldi. Ähli sebitlerde ýokary hilli we tebigy çig maldan dürli görnüşli harytlary öndürýän häzirki zaman önümçilik desgalary ýurdumyzyň buýsanjydyr. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda dünýäniň belli kompaniýalary bilen ýygjam aragatnaşyk saklanmagy netijesinde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe täze kärhanalar guruldy we ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Orta Aziýa sebitinde iň iri hasaplanýan, ýylda 17,7 müň tonna nah ýüplükleri öndürmäge niýetlenen Türkmenabadyň fabrigi, ýylda 14,5 müň tonna ýüplük öndürýän Daşogzuň fabrigi bar.

Dokma senagatynyň esasy çig maly hasaplanylýan pagtanyň gymmatly görnüşini ösdürip ýetişdirmek üçin ajaýyp tebigy-howa şertlerine eýe bolan Ahal welaýatynda hem pagtany gaýtadan işleýji iri düzüm kemala geldi. “Ring” we “Open End” görnüşli ýokary hilli nah ýüplükleri öndürýän häzirki zaman pagta egriji kärhanalary Abadan şäherinde, Baharly, Kaka, Gökdepe we Ruhabat etraplarynda guruldy. Ruhabatda pagta süýüminden we poliestrerden garyşyk ýüplükleriň önümçligi boýunça täze fabrigiň ulanmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dokma önümçiliginiň täze görnüşleriniň mukdaryny, şol sanda tikinçilik önümlerini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler döredi. Biziň ýurdumyz üçin täze önümçilik bolan garyşyk matalary hem-de ýüplükleri öndürmek bu ýerde gurulýan dokma we boýag fabriklerinde hem ýola goýlar. Ahal welaýatynyň iri senagat düzüminiň üstini ýetirjek Ruhabadyň dokma toplumy şu ýylda ulanmaga berler.

Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi ýokary hilli önümleriň we taýýar dokma harytlarynyň eksport möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün eder. Bu ýerde nah ýüplükler halkaly ýüplük görnüşinde öndüriler. Bu fabrigiň birinji nobatdakysy 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Häzirki döwürde bu kärhana diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, Orta Aziýanyň çäginde häzirki zaman dokma önümçiligi boýunça iň irileriniň biri hasaplanylýar. Fabrik Germaniýanyň belli “Truetzsсhler” we “Sсhlafhorst” kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, ol dünýä dokma bazaryna halkara güwälerine laýyk gelýän nah matalary yzygiderli ugradýan kärhana hökmünde özüni tanatdy. Tebigy çig maldan ýokary hil derejesine we ekologiýa taýdan oňyn görkezijilere laýyk gelýän harytlary öndürýän Abadanyň fabrigi 2009-njy ýylda Germaniýanyň “Oerlikon” birleşen kompaiýasy tarapyndan gowşurylýan “Belсoro” halkara güwänamasyna mynasyp boldy.

Ir säher bilen täze önümçilik desgasynyň çäginde baýramçylyk dabarasy höküm sürdi. Bu günki şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikeriň we pudaklaýyn edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda milli parlamentiň deputatlary, habar beriş serişdeleriniň we giň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly myhmanlar bar. Hemmeler şanly waka mynasybetli guralan dabaranyň geçirilýän ýerine bile gelen Türkmenistanyň Prezidentini we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Milli lybasdaky gyzlar iki ýurduň döwlet Baştutanlaryna ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki dostluk, özara düşünişmek we uly üstünlige beslenip, işjeň ýagdaýda geçen türkmen-täjik gepleşikleri boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça iki doganlyk ýurduň we halklaryň bähbidine laýyklykda, dürli pudaklar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Şeýle hem täjik Lideriniň biziň ýurdumyza bolan resmi sapary birnäçe şanly wakalara beslendi. Olaryň hatarynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmony Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bolan “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy hem bar. Bu sylag Täjigistanyň Baştutanyna ikitaraplýayn ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine, şeýle hem türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandy üçin gowşuryldy. Şol gün, 23-nji awgustda belent mertebeli myhman Türkmen döwlet ykdysadyýet we doandyryş institutyna baryp gördi. Ol ýerdeTäjigistan Respublikasynyň Prezidentine bu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly professory diýen ylmy derejäniň berilmegi mynasybetli dabara boldy. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň rowaç alýandygynyň nobatdaky subnamasydyr.

Mahlasy, bu dabaralar Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryna, gadymy dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny, taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan hem-de uzak möhletlýin häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ikitaraplaýyn meýillidiklerini ýene bir ýola aýdyň beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, täze önümçilik toplumynyň daralan ýüplük öndürýän binasyna tarap bardylar. Binanyň öňündäki meýdançada bu günki dabara özboluşly baýramçylyk ösüşginini çaýan “Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda iki ýurduň Liderleri binanyň toý bagyny kesýärler. Şeýlelikde, dokma pudagynyň täze iri desgasy açyldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomaly Rahmon Abadan pagta egriji fabrigine baryp gördüler we bu ýerde önümçilik ulgamlary, onuň tapgyrlary, bu ýerde oturdylan we halkara ülňülerine doly laýyk gelýän hem-de ýokary hilli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen tanyşdylar.

Fabrigiň hünärmeni iki döwletiň Baştutanlaryny ýörite guralan maketde kärhananyň önümçilik ulgamy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentlerine kärhanada oturdylan täze enjamlaryň aýratynlyklary we olaryň ähmiýeti, hususan-da, saraýjy enjamlaryň, şeýle hem ýüplükleri gaplaýjy ulgamyň işi hakynda jikme-jik maglumat berildi.

Önümçilik toplumynyň işgärleri döwlet Baştutanymyza pudagy ösdürmek, onuň işgärleri üçin ähli zerur bolan önümçilik şertleriniň döredilýändigi, şeýle hem dokmaçylaryň oňaýly ýaşaýşy hem-de dynç alşy ugrunda alada edýändigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Täjik Lideri Türkmenistanyň dokma senagatynyň täze önümçilik toplumyny uly gyzyklanma bilen syn etdi. Bu geljegi uly pudak ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Munuň özi Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki türkmen-täjik maglumatynda hem öz beýanyny tapdy. Şol resminamada bellenilişi ýaly, oba holalyk pudagynda we önümleri senagat taýdan gaýtadan işlemekde ýygjam aragatnaşyklar ýola goýulýar. Türkmenistan ýaly, Täjigistan hem pagta öndüriji ýurt bolup durýar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde dokma senagatyna milli ykdysadyýetde möhüm orun degişlidir. Şeýle bolansoň, dostlukly ýurduň Baştutanynyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň maksatnamasyna Abadanyň pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy goşuldy. Dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmakda we ösdürmekde ägirt uly üstünliklere eýe bolýan biziň ýurdumyzyň tejribesi täjik hyzmatdaşlary üçin örän peýdaly boldy.

Abadandaky fabrigiň ikinji nobatdakysynyň önümçilik desgasy pagtanyň inçe süýümli görnüşinden halkaly ýüplük usuly bilen inçe daralan ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Ýüplügiň bu görnüşi öndürilende ol has berk, tekiz hem-de öz düzümi boýunça örän inçe ýüplük alynýar. Ol ýokary hilli matalary, trikotaž önümlerini, dürli joraplary öndürmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde işilen ýüplük öndürilýär. Täze kärhana her ýylda 4 müň 872 tonna daralan we 275 tonna işilen ýüplük öndürer. Fabrigiň täze bölümi Italiýanyň belli “Marzoli” we “Savio” firmalarynyň, şeýle hem Germaniýanyň “Truetzsсhler“ kompaniýasynyň dünýä belli ýokary öndürijilikli enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde öndürilýän harytlaryň ýyllyk möçberi pul görnüşinde alnanda ABŞ-niň 22,7 million dollaryna golaý bolar. Şunlukda, kärhanada öndürilýän harytlaryň ýaryndan gowragy eksporta, galany bolsa ýurdumyzyň içerke bazarlaryna ugradylar.

Bu ýerde önümçiligiň ähli ugurlary doly awtomatlaşdyrylypdyr. Tehnologik düzümiň ähli tapgyrlarynda Şwesariýanyň “Uster” firmasynyň instrumental hil barlagy ulanylýar. Ýörite kompýuterleşdirilen barlaghana ýokary ölçegli barlag-ölçeg gurallary bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa fabrige gelip gowuşýan pagta süýümine umumy baha bermäge däl, eýsem, ony mundan beýläk-de peýdalanmagyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, öndürilýän ýüplükleriň we beýleki önümleriň umumy mukdaryny jikme-jik çaklamaga mümkinçilik berýär.

Bu fabrigiň çäginde ýerleşip we ozal hereket edýän bölüme birigip, bu täze bina kärhananyň edara ediş desgasy bilen bilelikde bir bitewi binagärlik gurluşy emele getirýär. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde köp sanly saýaly we bezeg agaçlary oturdylypdyr. Fabrigiň binasynyň öň tarapynda gurlan suw çüwdürimler toplumy bu ýeriniň amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomaly Rahmon täze önümçilik bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde, pudagyň gazanan üstünlikleri, önümleriň görnüşleri, ýurdumyzyň kärhanalarynyň içerki we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlary hakynda gürrüň berýän sergi guralan zala bardylar. Bu ýerde trikotaž we jinsi önümleriniň, aýallar, erkekler we çagalar üçin niýetlenen geýimleriň dürli görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem sergide durmuşda ulanylýan harytlary, aşhana toplumlary, tüýjümek matalardan tikilen önümler, lukmançylyk we kosmetiki pamyklary goýlupdyr. Bu ýerde görkezilýän harytlaryň arasynda mahmal matalaryň, milli keteniniň we keteni önümleriniň, şeýle hem nepis el işleri bolan ýüpek halylaryň, ýüpek çig malynyň görnüşleri bar. Zalda oturdylan monitorda bolsa türkmen dokmaçylarynyň önümleriniň görnüşleri hakyndaky wideofilm görkezildi.

Bu ýerde guralan sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň iri kärhanalary, Gypjagyň dokma toplumy, Ruhabadyň jinsi toplumy, Gökdepäniň dokma toplumy, Baýramalynyň dokma toplumy, “Türkmenbaşy” dokma toplumy, Aşgabadyň ýüpek fabrigi, Ruhabadyň pombarhat önümçiligi boýunça fabrigi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýi öz önümlerini görkezdiler. Belent mertebeli myhman sergide görkezilen harytlary uly gyzyklanma bilen synlady.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri sergi bilen tanyşlyk mahalynda döwrebap jinsi önümlerine, şeýle hem Ruhabadyň fabriginde öndürilýän pombarhat matalarynyň görnüşlerine aýratyn üns berdiler.

Sergide görkezilen önümler bilen tanyşlykdan soň iki ýurduň Liderleri ýörite taýýarlanan ýere geçip oturdylar. Ol ýerde ulular we çagalar üçin täze, döwrebap biçüwdäki geýimleriň görkezilişi boldy. Türkmen dizaýnçylarynyň taýýarlan özboluşly lybaslarynda gözellik, oňaýlylyk, milli öwüşgin we häzirki zaman meýiller özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde görkezilen aýal-gyzlaryň lybaslaryndaky nepis nagyşlar geýime özboluşly bezeg berýär. Şeýle hem inçeligi hem-de nepisligi bilen tapawutlanýan zegärçilik önümleri milli lybaslaryň aýratyn bezegini emele getirýär. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen zergärleriniň elinden çykan ajaýyp önümleri hakynda gürrüň berýär wideofilm bu ýerde oturdylan monitorda hem görkezildi.

Lybaslaryň görkeziliş dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri kärhananyň maslahatlar zalyna bardylar. Ol ýere dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmona çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ajaýyp şekil janlandyrylan nepis halylar sowgat berildi.

Şu günki şanly waka mynasybetli iki ýurduň milli Liderleri Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň öňünde gysgaça söz sözlediler.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmana we Täjigistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryna, şeýle hem dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün biziň ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy Türkiýäniň belli “Kotam Enterpraýzis” kompaniýasy tarapyndan gurlan Abadan pagta egriji fabriginiň ikinji nobatdakysy ulanmaga berildi diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu kompanýanyň ýolbaşçylaryna işiň ýokary derejede ýerine ýetirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu täze desganyň gurluşygyna ABŞ-nyň 80 million dollaryna golaý serişde harçlandy. Bu ýerde 600-den gowrak täze iş orunlarynyň döredilendigini bellemelidir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki dabaraly çärä Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmonyň, dostlukly döwletiň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň, täjik dostlarymyzyň gatnaşmagy bizi has-da begendirýär diýip belledi.

Bu ýere ýygnananlary täze kärhananyň açylmagy bilen ýene bir gutlap we olara işlerinde üstünlik, bagt, abadançylyk arzuw edip, hormatly Prezidentimiz belent mertebeli täjik myhmanyna söz berdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti özüniň çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, bu ýerde geçirilýän dabaraly çärä gatnaşmagy biziň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde täjik wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň iň bir möhüm waka öwrülendigini belledi. Täjik Lideriniň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde döwrebap dokma pudagynyň netijeli hereket etmegi arkaly Türkmenistanyň ýokary hilli harytlary öndürmek arkaly dünýä bazarynda möhüm orun eýeleýär. Şu gün biz pagta egriji önümçiligiň, tutuşlygyna alnanda bolsa dokma pudagynyň Türkmenistanyň mili ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýän ulgamyna öwrülendigine aýdyň göz ýetirdik diýip, Prezident Emomaly Rahmon belledi. Biz türkmen dostlarymyzyň gazanaýan üstünliklerine tüýs ýürekden şatdyrys diýip bellemek bilen, belent mertebeli myhman türkmenistanly dokmaçylara işlerinde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Täjik Lideri öz çykyşyny tamamlamak bilen, Täjigistanyň öz tarapyndan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi ugrunda hemmetaraplayýn tagalla etjekdigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz şu günki dabara gatnaşýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçe we tutuş ukrain halkyna mähirli gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň gutlaglaryna Täjigistanyň Prezidenti E.Rahmon hem goşuldy.

Soňra iki dostlukly ýurduň Baştutanlary binanyň daşyna çykdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň belli döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerdäki dabara tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti dokma pudagynyň işgärlerini täze önümçilik kärhanasynyň işe girizilmegi bilen ýene bir ýola gutladylar we olara abadançylyk, işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

Soňra iki ýurduň Liderleriniň awtoulag kerweni Abadan şäherinden Ruhabat etrabynyň çäginde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumyna tarap ugrady.

Ýeri gelende ýatlatsak, bu döwrebap toplum geçen ýylyň oktýabyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna gabatlanyp açyldy. Bu ajaýyp desga ýurdumyzda atçylygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini hem-de munuň täze taryhy eýýamyna milli Liderimiz tarapyndan ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr. Meşhur ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjy bolup, tutuş dünýäň siwizilasiýasynda örän gymmatly baýlyk hasaplanylýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany halkymyzyň baý medeni mirasynyň täzeden dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna we artdyrylmagyna içgin üns berýär, şunda asyrlarboýy şan-şöhrata eýe bolan türkmen atçylyk sungaty hormatly orny eýeleýär. “Behişdi bedewlerden” oňat baş çykarýan we olara uly sarpa goýýan hem-de ussat çapyksuwar hökmünde tanalýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda uly möçberli döredijilikli işi seçgi-tohumçylyk işiniň mundan beýlek-de kämilleşdirilmegine hem-de ahalteke bedewleriniň saýlama tohumlarynyň baş sanynyň artdyrylmagyna, dünýäde bedewleriň bu täsin galdyrýan tohumynyň şan-şöhratynyň wagyz edilmegine, ýurdumyzda atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşleriniň höweslendirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Baştutanynyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” we “Behişdi bedewler” atly ajaýyp kitaplary bu meşhur bedewlere bagyşlanandyr, bu kitaplar öz ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleriň we giň okyjylar köpçüliginiň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi, onuň II maslahaty şu ýylyň aprelinde, Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda bolup geçdi. Bu assosiasiýanyň döredilmegi bilen, “Behişdi ahalteke bedewleri” atly türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilip başlan žurnala ahalteke atçylygynyň ösdürilmegine degişli meseleleri hem-de milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda “behişdi bedewleriniň” şan-şöhratyny dikeltmek we has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan uly işleri beýan etmekde möhüm orun degişlidir. Her ýylda ýurdumyzda döwlet Baştutanynyň howandarlygynda “Türkmen bedewi we dünýä atçylyk sungaty” atly halkara ylmy maslahat hem geçirilýär. Indi birnäçe ýyldan bäri Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bouýnça “behişdi bedewleriň” arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär we bu bäsleşik halkara derejesine eýe boldy.

Ruhabat etrabyndaky Halkara atçylyk – sport toplumy 90 gektardan gowrak meýdany tutýar. Onuň münberleri 7 müň tomaşaçy üçin niýetlenendir. Çapyşyk geçirilýän aýlawly ýerler toplumyň sporta degişli esasy bölegi bolup durýar. Esasy çapyşyk ýodasynyň uzynlygy 2000 metre, kiçi ýodanyň uzynlygy 1800 metre, otluk ýodanyňky 1900 metre we betonly ýodanyň uzynlygy 1800 metre barabardyr. Şeýle hem toplumyň düzüminde athanalyryň onusy, weterinariýa barlaghanasy we başga-da ýörüteleşdirilen desgalaryň birnäçesi bar. Bulardan baş-ga, şu ýerde 500 orunlyk sirk, atçylyk-sport oýunlaryny geçirmek üçin 800 orunlyk hem-de açyk we ýapyk konkur meýdançaly bina, şeýle hem restoran we kafeler, amfiteatr, çagalar üçin akwapark ýerleşýär. Atçylyk-sport toplumynyň tehniki taýdan üpjin edilişi ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Toplumyň çäginde goýlan monitorlar arkaly atlaryň pellehana gelşi we totalizator boýunça goýumlar baradaky maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.

Ýeri gelende aýtsak, Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynda hem döwrebap, täze tehniki enjamlar bilen üpjin edilen atçylyk sport toplumlary guruldy. Olaryň açylyş dabaralary geçen ýylyň baharynda Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanyp geçirildi. Şu desgalaryň ählisiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda atçylygyň we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berdi, munuň özi türkmen jemgyýetinde we ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek işinde nobatdaky netijeli ädime öwrüldi.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Halkara atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesiniň ýanynda saklandy. Milli lybasly gyzlar dostlukly iki ýurduň Liderlerine gül desselerini gowşurýarlar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary elektromobile munup, Halkara atçylyk sport toplumynyň sirk binasyna bardylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon ol ýerde ýorüte bellenilen ýerlere geçdiler.

Sirkiň arenasynda “Galkynyş” atçylyk –akrobatika toparynyň agzalary tarapyndan taýýarlanan täsirli tomaşa guralýar, bu topar at üstünde oýunlary görkezmek we çapmak boýunça nesilden-nesle geçýän usullary ussatlak bilen ýerine ýetirýärler.

Iki döwletiň Baştutanlary ussat çapyksuwarlara ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, olar bilen ýadygärlik surata düşdüler. Soňra iki ýurduň milli Liderleri sirkiň binasyndan çykdylar we atçylyk sporty oýunlaryny geçirmek üçin niýetlenen bina bardylar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri atçylyk sporty boýunça dünýäde iň bir meşhur görnüşleriniň biri bolan çapyksuwarlaryň konkur bäsleşigine tomaşa etdiler. Şeýle hem olar atüstündäki oýunlar boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Soňra iki ýurduň Liderleri üçin ahalteke bedewleriniň saýlama tohumlarynyň ýörüte sergisi guraldy, bu bedewler gözelligiň we kämilligiň gaýtalanmajak nusgasy diýlip atlandyrylmaga mynasyp bolmak bilen, birnäçe abraýly halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan bedewlerdir.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Halkara atçylyk sport toplumy bilen tanyşlykdan soňra milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gudraty hasaplanylýan “behişdi bedewleriň” özboluşly owadanlygyna, asylly syratyna we ýyndamlygyna, türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyna, şeýle hem Türkmenistanda atçylyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça hut ýurduň Prezidentiniň baştutanlyk etmeginde alnyp barylýan işleriň giň gerimliligine haýran galandygyny aýtdy.

Soňra iki döwletiň Baştutanlary Halkara atçylyk-sport toplumyndan ugradylar.

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli täjik myhmanynyň hormatyna günortanlyk nahar berdi.

Soňra Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri mähirli hoşlaşdylar. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birege berk jan saglyk we üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa, parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler. Prezident Emomaly Rahmon hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa göwnaçyk ýagdaýda kabul edilenligi we belent myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanyň doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýandygyny belledi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Duşanbe şäherine ugrady.