Ï Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy

view-icon 1668
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Tähranda geçýän 16-njy duşuşygyna gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad bilen duşuşdy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara we sebitleýin guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.

Özüniň türkmen kärdeşine bu möhüm halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Mahmud Ahmadinežad Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketi guramasynyň esasy ýörelgelerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Bu gurama gatnaşýan ýurtlar ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu forumyň gün tertibi barada durup geçip, türkmen Lideriniň yzygiderli öňe sürýän we XXI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösmegi üçin berk esasy döretmäge, ýaragsyzlanmak çäresine ýardam etmäge, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşiň has derwaýys meseleleri, şol sanda häzirki zaman dünýäsi üçin örän wajyp bolan energetika meselesi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerini ýola goýmaga gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlarynyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik we wekilçilikli forumyň ýokary derejede guralandygy üçin özüniň eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe süren halkara başlangyçlaryna ýokary baha berendigi we goldandygy üçin eýran tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara durmuşynyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meselelerini, şeýle hem sebiti ösdürmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň we Eýranyň ykdysady gatnaşyklarynyň geljegini, gadymdan bäri goňşy dostlukly halklary berk baglanyşdyrýan özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgesine eýerýän gatnaşyklary berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad döwletara gatnaşyklarynyň ýetilen derejesiniň Türkmenistana we Eýrana ikitaraplaýyn ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge, köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde bolsa dürli ulgamlarda, hususan-da, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda, gurluşykda, oba hojalygynda, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Söhbetdeşler iki ýurduň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, şeýle hem olaryň däp bolan ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, soňky ýyllarda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň döwletara we sebit ähmiýetli täze, giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň hasabyna mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.