Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 658
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda senagat pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň Senagat ministrligini döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 6102-nji Permanyny we “Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 12407-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Senagat ministrligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň energetika pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň Energetika ministrligini döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 6101-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Energetika ministrligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýetilen belent sepgitler, türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, telekeçilik pudagynda gazanylan üstünlikleri görkezmek, täze ylmy taslamalary we tilsimatlary işläp taýýarlamak, ylym babatda dünýä tejribesini öwrenmek hem-de önümçilige giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda öndürilen önümleri ýerlemegiň täze bazarlaryny gözlemek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda ministrliklere we pudak edaralaryna 2013-nji ýylda degişli sergileri, ýarmarkalary, ylmy maslahatlary we festiwallary ýokary derejede guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy. Olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

* * *
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.