Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 818
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri, şeýle hem Goşulyşmazlyk hereketiniň 16-njy maslahatyna gatnaşmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň 30-njy awgustda Eýran Yslam Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu babatda, 1961-nji ýylda döredilen bu iri halkara guramasynyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň esasy ýörelgesi harby toplumlara gatnaşmazlykdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabrynda Goşulyşmazlyk hereketine kabul edildi. Bu guramanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny doly goldandygyny nygtap geçmeli, munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň degişli halkara-hukuk derejesini ykrar etmegine ýardam etdi. Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy döwletler biziň ýurdumyzyň oňyn halkara başlangyçlaryny goldaýarlar.

Milli Liderimiz abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, Eýran Yslam Respublikasyna boljak iş saparynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň halkara meseleleriniň ählisini çözmekde netijeli gatnaşyklar ugruna eýerýändigini belläp, Goşulyşmazlyk hereketiniň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen esasy ýörelgelerinden ugur alýandygyny nygtady. Türkmenistanyň soňky ýyllarda öňe süren we dünýä bileleşiginiň giňden ykrar etmegine hem-de goldawyna mynasyp bolan derwaýys başlangyçlary hem muňa şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini öz syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde yglan edendigini we geljekde hem ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.

Milletiň Lideri türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli meseläni gozgap, olaryň oňyn häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtady, şunda ikitaraplaýyn derejede hem, köptaraplaýyn görnüşde—halkara guramalarynyň ugry boýunça hem däp bolan döwletara dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge iki tarapyň hem çalyşýandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we balyk hojalygy pudaklarynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän işler barada jikme-jik hasabat berdi.

Şeýle hem şu ýylyň 27-28-nji awgustynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçen 5-nji mejlisiniň netijeleri barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalyk, syýahatçylyk, şeýle hem gumanitar ugur boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary ylalaşyldy.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň öňde boljak mejlisi barada habar berdi. Ony şu ýylyň sentýabr aýynda Kiýew /Ukraina/ şäherinde geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz milli energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini has-da artdyrmak, nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň çäginde açylan täze uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, şol sanda daşary ýurt maýalaryny çekmegiň hasabyna özleşdirmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmak zerurdyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak gatnaşyklary barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň diňe bir iki dostlukly ýurt üçin däl-de, sebitdäki özara bähbitli oňyn gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanşyklylykda örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz muňa mysal hökmünde halkara we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini agzap, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem halklaryň abadançylygyna we goňşy döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine gönükdürilen ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

Türkmenistan Ukraina bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda guralýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öňde boljak hökümetara toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklar barada habar berip, ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň sebitdäki desgalaryň köp ugurly düzüminiň döredilmegine işjeň gatnaşýandygyny hem-de bu düzümiň taslama gatnaşýan ýurtlaryň örän uly ykdysady kuwwatyndan peýdalanylmagyna we umuman, sebitde durnuklylygyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşe ýardam berjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bilelikdäki taslamalary, şol sanda transmilli demir ýollaryny gurmak boýunça taslamany amala aşyrmagyň ähmiýetini belläp, bu demir ýoluň Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlaryň arasynda ygtybarly üstaşyr geçelgä öwrüljekdigini aýtdy. Milli Liderimiz demir ýol pudagyny sazlaşykly döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berip, wise-premýere gurluşyk işleriniň ählisini bellenilen iş tertibine laýyklykda alyp barmak we işleri ýokary hilli derejede ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri mejlisiň gün tertibiniň nobatdaky bölümi boldy. Ýurdumyzda geçirilýän oba hojalyk işleriniň barşy hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Wise-premýer, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük galla ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler dogrusynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer şu gün Daşoguz welaýaty boýunça pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba senagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi. Milli Lidermiz wise-premýere pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek bilen, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pudagy ylmy esasda ösdürmek we önümçilige innowasion gazananlary işjeň ornaşdyrmak babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow çykyş etdi, ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2013-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, ylmy maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek hakyndaky hasabat hem aýdyldy, şol mejlis Özbegistanda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bekrarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gazananlaryny aýdyň görkezmek, dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem medeni alyşmalary işjeňleşdirmek we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda pudaklaýyn forumlaryň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz “Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2013-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, ylmy maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” karara gol çekip, göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady we şu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňde boljak mejlisine göwnejaý taýýarlyk görmegi hem tabşyryp, dostlugyň we hoşnietli goňşuçylygyň iň oňat däplerinde üstünlikli ösdürilýän hem-de iki doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde bu toparyň möhüm ornuny belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipelerine laýyklykda milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenilýär, olary Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlemek göz öňünde tutulýar. Parlamentiň ýolbaşçysy şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň çäklerinde deputatlar toparynyň Türkiýe Respublikasyna saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Saparyň barşynda Türkiýäniň Beýik milli ýygnagynyň parlamentarileri bilen duşuşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzda kabul edilýän täze kanunlaryň esasy kadalaryny we düzgünlerini ilata düşündirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Mejlisiň deputatlarynyň bu ugurdaky işini işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak arkaly, döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini belläp, milli parlamentiň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, pudaklaýyn edaralar, jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen bilelikde alyp barýan işini işjeňleşdirmelidigini aýtdy.

Türkmen parlamentarileriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen bagly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy we ruhy kökleriň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dilimiziň umumylygyna esaslanýandygyny belledi. Parlamentara hyzmatdaşlygy oňyn, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň netijelidigini nygtap, tutuş adamzadyň gymmatlyklary bilen milli däp-dessurlary utgaşdyrmak, döwletara gatnaşyklarynyň halkara hukuk binýadyny berkitmek ýaly möhüm meseleleri çözmekde türk parlamentarileriniň tejribesine aýratyn üns bermegiň gerekdigini aýtdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwletiň durmuş syýasatynyň hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýyşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer 11-15-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça IV halkara bäsleşiginiň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Bäsleşige gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza dünýäniň onlarça ýurdundan okuwçylaryň 200-den gowragy geler.

Hasabatyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde şu gün başlanýan tomusky Paralimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşýandygy barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, 29-njy awgustdan 9-njy sentýabr aralygynda geçiriljek Paralimpiýada Türkmenistanyň ýygyndy toparyna sportuň pauerlifting we ýeňil atletika ýaly görnüşlerinde çykyş edýän türgenleriň bäşisi wekilçilik eder.

Wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dördünji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Oňa gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti şu ýylyň 5-7-nji sentýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde bolar.

Milli Liderimiz mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça halkara bäsleşiginiň geçirilmegine degişli mesele barada durup geçip ýurdumyzda okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagyna, maglumatlar-aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalarynyň ösdürilmegine, şu ulgam boýunça ökde hünärmenleriň taýýarlanmagyna gönükdürilip amala aşyrylýan bilim syýasaty bilen baglylykda, bu bäsleşigiň uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu bäsleşigiň tejribe alşylmagyna, ýaşlaryň ylym we bilim boýunça gazananlarynyň wagyz edilmegine, döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigini belläp, wise-premýere bu çäräniň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häzir ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýär diýip belledi. Paýtagtymyzda gurulýan sport desgalarynyň hatarynda Olimpiýa şäherjigi bolup, onuň düzümine dürli sport toplumlary, zallary we meýdançalary bilen birlikde paralimpiýa merkezi hem girer. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz wise-premýere jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyryp, döwletimiz geljekde hem ýurdumyzyň ähli raýatlaryna sport bilen meşgullanmak üçin birmeňzeş şertleri döreder diýip belledi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisini geçirmek bilen bagly meselä geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan dünýäniň ýurtlary, şol sanda Ermenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär diýip belledi. Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde degişli topara möhüm ornuň degişlidigini nygtap, döwlet Baştutanymyz onuň nobatdaky mejlisiniň netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge, iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam eder diýip belledi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek işlerini dünýä ölçeglerine laýyk ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli medeni mirasyň, ilkinji nobatda, bilimli we ata Watanymyza wepaly ýaş nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi barada aýdyp, gadymy ýadygärlikleri goramak işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin görlen anyk çäreler barada habar berdi.

Hasabatyň çäklerinde şol desgalarda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň barşy hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, diňe şu ýylyň birinji ýarymynda meşhur arheolog W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepedäki gazuw-agtaryş işlerinde täze açyşlaryň ençemesi amala aşyryldy. Ahal we Balkan welaýatlaryna guralan ylmy ekspedisiýalaryň birnäçesi örän netijeli boldy, häzirki wagtda Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýadygärlikleri dikeltmek işleri alnyp barylýar. Türkmen hünärmenleri bu ýerde Beýik Britaniýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Polşadan, Russiýadan gelen arheologlar bilen bilelikde işleýärler. Olaryň Türkmenistanda geçiren barlag işleriniň maglumatlary we ýadygärlikleri gorap saklamak babatdaky tejribeleri Ýewropanyň we ABŞ-nyň iri ylmy žurnallarynda çap edildi, şeýle hem özbaşdak goldanma hökmünde neşir edildi.

Daşary ýurtly bilermenler we UNESKO-nyň işleri baradaky Milli topar bilen bilelikde UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin “Beýik Ýüpek ýoly” halkara sanawyna girýän ýadygärlikleriň resminamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan dikeldiş taslamalarynyň ählisi UNESKO-nyň medeni we tebigy mirasy aýawly saklamak baradaky konwensiýasynda beýan edilen ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistan hem şol konwensiýa gatnaşýar. Ýurdymyzyň hünärmenleri öz işinde täze ylmy-tehniki işläp düzmeleri giňden peýdalanýarlar we öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen ýygjam hyzmatdaşlygy saklaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gadymy ýadygärliklerde arheologiki gazuw-agtaryş we dikeldiş işleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Şol ýadygärlikler bolsa bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyklardyr we olary Türkmenistanyň köp asyrlyk taryhynyň we baý medeniýetiniň täsin şaýatlary hökmünde geljekki nesiller üçin aýawly saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz şeýle hem medeni miras ulgamynda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň, bu taryhy ýadygärlikleriň özleriniň çäginde ýerleşýän ýerli dolandyryş we hojalyk edaralarynyň goralýan ýadygärliklere jogapkärli çemeleşmeginiň derwaýysdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda köp ýyllardan bäri üstünlikli işleýän halkara arheologik ekspedisiýalaryň gazananlaryny belläp, geçmişiň ýadygärliklerini öwrenmek we aýawly saklamak babatda ýurdumyzyň hünärmenleriniň işini has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu işe ýaşlary giňden çekmek, şol bir wagtyň özünde degişli bilim binýadyny berkitmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we olary ösdürmegiň gejekki mümkinçilikleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenistanyň Energetika ministirligi hem-de Türkmenistanyň Senagat ministrligi hakyndaky Düzgünnamalary tassyklamak, şeýle hem Senagat ministrliginiň garamagyna edara-kärhanalary bermek boýunça edilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Senagat ministrliginiň öňünde ýurdumyzyň senagatyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, hususy kärhanalaryň kuwwatyny berkitmek, göwnejaý bilim alan ökde hünärmenleri işe çekmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki kärhanalary döretmegiň maksada laýykdygyny aýdyp, hünär taýdan ýokary derejede taýýarlykly we ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçiriljek iri möçberli işleri üstünlikli amala aşyrmaga ukyply işgärleri ýetişdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz elektroenergetikanyň örän uly kuwwata eýe bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bar bolan energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça gurply döwletleriň biridigini hem-de mälim bolşy ýaly, dünýäde elektrik energiýasynyň önümçiliginiň has girdejili pudaklaryň biri hasaplanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda senagata we energetika degişli düzümi ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, hödürlenen resminamalary umuman oňlady we ýurdumyzyň Energetika ministirliginiň hem-de Senagat ministrliginiň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetlidigini ýene bir gezek belläp, şolary üstünlikli berjaý etmek üçin netijeli çäreleriň birnäçesini amala aşyrmak ugrunda çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde bu ulgamyň edaralary tarapyndan geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek GDA agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda aýdyldy. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, mejlisde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň 20-den gowragyna serediler.

Mundan başga-da, mejlisde birnäçe hereket edýän resminamalary, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm çäreleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlaynda gymmatly kagyzlarynyň bazarynyň ýagdaýyna aýratyn üns berler. 2011-nji ýylda GDA edaralarynyň bitewi býujetini ýerine ýetirmek we 2012-nji ýylyň bitewi býujetine üýtgetmeler girizmek biben baglanyşykly meselelere serediler. Şeýle hem onuň gün tertibine geljek ýylyň býujetiniň taslamasy girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 17-nji iýunynda gol çeken Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol resminama laýyklykda şu ýylyň 15-26-njy dekabrynda ýurdumyzda uçdantutma ilat ýazuwyny geçirmek we ýaşaýyş jaý gaznasyny hasaba almak geçiriler. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäre Birleşen Milletler Guramasynyň 2005-2014-nji ýyllarda BMG agza ýurtlarda ilat ýazuwyny we ýaşaýyş jaý gaznasyny hasaba almagy geçirmek hakyndaky Kararyna laýyklykda amala aşyrylar we ol ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy hakynda anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer. Bu möhüm çäräniň halkara ülňülerine doly laýyk geçirilmeginiň üpjün etmek maksady bilen, iş meýilnamasy düzüldi we ol ilat ýazuwyny geçirmäge işjeň çekiljek ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, GDA agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşiniň biziň ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmeginiň meýilleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň durmuşa geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýar we umumy gyzyklanmalara jogap bolup durýan özara peýdaly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we onuň berkidilmegi ugrunda tagalla edýär. Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanda uçdantutma ilat ýazuwyny we ýaşaýyş jaý gaznasyny hasaba almagy geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde bu ýazuwyň ähmiýetlidigini belledi. Geçiriljek bu çäräniň netijesinde alnan maglumatlar ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça çaklamalary we uzakmöhletleýin ösüş maksatnamasy işlenip taýýarlananda, Döwlet býujeti düzülende göz öňünde tutular. Şeýle hem statistiki maglumatlaryň täze maýa goýumlary çekmek boýunça alnyp barylýan işlere maglumat taýdan goldaw bermekde möhüm ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz belledi. Olar maýadarlara ýurduň zähmet serişdeleri babatda esasy häsiýetleri we sarp ediş bazary hakynda maglumat almaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ilat ýazuwyny geçirmek boýunça Döwlet toparynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, milli Liderimiz öňde boljak çäräniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, köp babatda oňa gatnaşýan degişli edaralaryň, düzümleriň, şeýle hem tutuş ilatyň jogapkärçilikli gatnaşmagyna baglydyr diýip belledi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz bu möhüm çäräniň esasy maksady we onuň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň jähedindäki ähmiýeti barada ilat arasynda giňden düşündiriş işlerini alyp barmak barada anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” nebitgaz pudagy boýunça durmuşa geçirilişi, şeýle hem nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan taslamalaryň barşy barada hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatyň çäklerinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan bu wajyp wezipelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmak bilen bagly birnäçe taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada habar berildi.

Milli Liderimiz energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen döwlet strategiýasynyň wajyp meselelerini üstünlikli çözmegiň möhümdigine ünsi çekip, pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň hemmesiniň gijikdirilmän, gyşarnyksyz berjaý edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýangyç-energetika toplumyna ýokary netijeli, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasyna sapara gidýär. Sapar mahalynda ýanynda bolýan hökümet agzalary bu ýerden Eýran döwletine ýgradylar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň käbir agzalarynyň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda mejlis dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň örän möhümdigini nygtamak bilen, olara halkymyzyň parahat durmuşyny ygtybarly goramagy üpjün etmek we Türkmenistanyň döwlet serhetleriniň hemişe parahatçylyk hem-de dostluk serhedi bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmegiň asylly we jogapkärli wezipesiniň ynanylandygyny belledi.

Bu günki maslahatyň barşynda Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew häzirki döwrüde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olary täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we döwrebap durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, döwlet tarapyndan ähli zerur çäreleriň görülýändigini, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Harby-deňiz institutynyň döredilendigini, onuň binýadynda ýokary hünärli harby deňizçileriň taýýarlanýandygyny aýtdy.

Şeýle hem B.Gündogdyýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň gatnaşmagynda sentýabr aýynyň başynda Türkmenistanda ilkinji gezek "Hazar-2012" atly görkezme okuw-taktiki türgenleşigi geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Munuň üçin harby düzümler bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz milli Ýaragly Güýçlerimiziň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, deňze çykalgasy bolan islendik döwlet ýaly, biziň ýurdumyz hem deňiz-serhetlerine gözegçilik etmegiň, olaryň howpsuzlygyny saklamagyň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň harby doktrinasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, biziň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň esasy ýörelgesiniň goranmak häsiýetindedigini belläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň işläp taýýarlanylandygyny hem-de tasysklanylandygyny belledi.

"Hazar-2012" atly görkezme okuw-taktiki türgenleşigi barada aýdylanda bolsa bu çärä taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, onda ýurdumyzyň goranmak ukybyna eye bolan Ýaragly Güýçleriniň häzirki zaman kuwwatynyň açylyp görkezilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz şunuň ýaly çäreleriň harbylara söwşjeň tälimi ussatlyk bilen ele almagyna, olaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna giň mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli goşunymyzyň ähli düzümleriniň söweşjeň kuwwatyny ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň we harby deňizçileriniň gulluk we ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we görkezme okuw-taktiki türgenleşige gatnaşýanlara üstünlik arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy, häzirki döwürde durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde Milli howpsuzlyk ministrligine möhüm ornuň degişlidigini belläp, asudalygyň, abadançylygyň, halkymyzyň jebisligini mundan beýläk-de pugtalanmagy ýurduň rowaçlygynyň baş kepilidir, bu bolsa ösüşiň yzygiderliligini şertlendirýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz görkezme okuw-taktiki türgenleşige gatnaşýan düzümleriň taýýarlyk derejesiniň ýokary bolmalydygyny tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Türkmenistanyň döwlet serhetlerinde durmuşa geçirilýän çäreler, Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly jogapkärçilikli wezipäni ýerine ýetirýän serhet goşunlarynyň düzümlerinde alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol serhetçileriň ýaşaýyş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň düzümlerinde watansöýüjilik ýörelgelerini has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa egçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz "Hazar-2012" görkezme okuw-taktiki türgenleşige gatnaşýan düzümleriň taýýarlyk derejesiniň talaba laýyk bolmagy babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow özüne ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, jemgyýetçilik tertip-düzgünini pugta berjaý etmek, jenaýatçylygyň we düzgün bozmalaryň derejesini peseltmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde jemgyýetçilik düzgünini göwnejaý üpjün etmegi, raýatlaryň kanuny hukuklary goramagy ugur edinýän Içeri işler ministrliginiň alyp barýan işleriniň aýratyn ähmiýete eýedegini aýtdy we bu düzümleriň işine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy , şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň neşeleri ýaýratmagyň we sarp etmegiň öňüni almak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralary hem-de abraýly halkara we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilat arasynda neşekeşlige garşy göreşmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda we jemgyýetimizde neşekeşlige ornuň ýokdugyny, döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalanýandygyny belläp, şunuň ýaly möhüm ähmiýetli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz söňky döwürde ýurdumyzda ägirt uly işleriň bitirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylaryň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni birnäçe möhüm meselelere çekdi we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini nygtady. Milli Liderimiz, hususan-da, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, parahatçylygy we asudalygy, netijede bolsa halkymyzyň abadançylygyny gorap saklamakda, harby düzümleriň şahsy düzümini harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda yzygiderli işleriň alnyp barylmagyna üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Häzirki döwrüň möhüm talaplaryny nazara almak bilen biz geljekde hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ony dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça bellenilen ähli meýilnamalary yzygiderli amala aşyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işlerinde we gululklarynda täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.