Ï Tükmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tükmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşar

view-icon 816
Ertir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugraýar, onuň paýtagty Tähran şäherinde Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy ýokary derejedäki duşuşygy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy dostlukly ýurda saparyny abraýly halkara guramalary, şol sanda Goşulyşmazlyk hereketi bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, şeýle hem häzirki zaman anyk şertlerde sebitleýin hem-de giň möçberli howpsuzlygyň möhüm şerti bolup çykyş edýän köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna laýyklykda amala aşyrýar, şol ýurtda wekilçilikli dünýä derejesindäki maslahat çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, iri we abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek häzirki wagtda halkara düzümleriniň 40-syndan gowragynyň doly hukukly agzasy bolup durýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar. Olaryň biri häzirki wagtda dünýäniň döwletleriniň 120-sini birleşdirýän, harby-syýasy birleşmelere gatnaşmakdan ýüz öwürýän we deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde giň möçberli howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirýän Goşulyşmazlyk hereketi bolup durýar.

Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän Türkmenistan howpsuzlygyň ygtybarly toparlaýyn ulgamyny kemala getirmäge hem-de dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine mundan beýläk-de goşulmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine gatnaşyklary ösdürmäge öz saldamly goşandyny goşup, ýokary derejedäki mejlislere işjeň gatnaşýar.

Garaşylyşy ýaly, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna bilelikde netijeli garşy durmak maksady bilen görülýän çäreler, şeýle hem möhüm ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda üstünlikli ösýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça mundan beýläkki çäreler maslahatyň esasy temasy bolar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tähranda boljak maslahata gatnaşmagy milli bähbitleri we giň möçberli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has netijeli we döwrüň talap edýän görnüşlerini kesgitlemäge uly möçberli çemeleşmeleri kemala getirmäge türkmen döwletiniň nobatdaky işjeň garaýşynyň ýüze çykmasy bolar.