Ï Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministrini kabul etdi

view-icon 687
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministri jenap Daniel Kisoýuny kabul etdi. Ol Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-rumyn toparynyň üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmensitanyň Baştutanyna Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw edipdir.

Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Daniel Kisoýu döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça pikir alşyp, taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça giň gerimli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. ÝB-niň agzasy bolan ýurtlar bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we soňky ýyllarda iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda saklanýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanmak bilen belläp, milli Liderimiz şunda hökümetara toparynyň eýeleýän ornuny aýratyn nygtady.

Bilelikdäki toparyň rumyn tarapynyň başlygy bolup durýan Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministri toparyň işine berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirip, Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylaryň bilelikdäki toparyň Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam bermegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman iki ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara syýasatynyň möhüm meselelerine garaýyşlarynyň meňzeşligini, şeýle hem ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatynyň bardygyny nazara almak bilen, türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň dostlukly halklaryň bähbitlerine gabat gelýän raýdaşlyk hyzmatdaşlygyna öwrülmäge ähli mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň amala aşyrýan energetika syýasatyny, şeýle hem iki ýurduň eýe bolan üstaşyr we geosyýasy mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda mümkin bolan gatnaşyklar aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýewraziýa ulag geçelgesini döretmegiň taslamasyny amala aşyrmak mümkinçiligine garaldy. Ol Türkmenbaşy porty bilen Konstans rumyn portuny baglanyşdyrar.

Öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň täze ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýoluna eýerýän Türkmenistanyň syýasatynyň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, rumyn wekiliýetiniň ýolbaşçysy Rumyniýanyň türkmen tarapynyň garaýyşlaryny we onuň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy. Hususan-da, transmilli ýangyç geçirijileriň howpsuzlygynyň mäkäm kepilligini üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdi we türkmen paýtagtynda geçirilýän ikitaraplaýyn işewür duşuşygyň çäklerinde üstünlikli işlemegi arzuw etdi.

Duşuşyga Ruminiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Radu Liwiu Horumbe gatnaşdy.