Ï Hazarda we onuň kenar ýakasynda “Hazar -2012” görkezme taktiki okuw türgenleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazarda we onuň kenar ýakasynda “Hazar -2012” görkezme taktiki okuw türgenleşigi geçirildi

view-icon 1126
Şu gün ýurdumyzyň günbatar welaýatynda deňziň kenar ýakasynda Türkmenistanda ilkinji gezek “Hazar -2012” atly söweş atyşykly görkezme taktiki okuw türgenleşigi geçirildi.

Döwlet baştutanynyň ýörite tabşyrygy boýunça Harby-deňiz güýçleriniň goşun bölümleriniň okuw türgenleşigini geçirmek üçin bölünip berlen meýdança irdenTürkmenistanyň Prezidenti geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzyk ministri Ý. Berdiýew, şeýle hem goranmak ministri B. Gündogdyýew gury ýerde we deňizde harby türgenleşik okuwlarynyň geçirilmegine doly taýynlyk görülendigi barada raport berýär.

Birleşen harby hory we orkestri Türkmenistanyň Döwlet Senasyny ýerine ýetirýärler, harbylar watançylyk kasamyny aýdýarlar.

Bu ýerde sahnalaşdyrylan çykyşlarda beýik türkmen serkerdeleriniň keşpleri janlandyryldy. Olar şu günki nesle watançylyk, eziz Watanymyzyň mukaddesligi, halkyň asuda durmuşynyň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanylan uly üstünlikler hakynda wagyz nesihatlaryny ýolladylar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlar bilen birlikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri hakynda edilýän alada hem täze derejä göterildi. Ýurdumyzyň deňizdäki çäklerini gorap, döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de türkmen halkynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän deňizçi harby gullukçylar munuň üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirýärler. Döwlet tarapyndan deňizçi harby gullukçylar barada alada edilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmek boýunça tassyklanan maksatnama laýyklykda, harby flotuň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýagdaýda döwrebaplaşdyrylýar, Harby-deňiz instituty döredildi, şonuň binýadynda ökde hünärmenler taýýarlanylýar. Döwlet baştutuanynyň ýörite Permany bilen, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni döredildi.

Harbylar milli Liderimizi Garaşsyz, Bitarap Turkmenistan döwletimiziň deňiz kenar ýakasynyn ygtybarly ellerdedigini, ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň goranyş ukybynyň we söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny şu günki söweş atyşykly görkezme taktiki okuw türgenleşiginiň ýene-de bir gezek äşgär etjekdigine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümetiň agzalary, şeýle hem Turkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň bu ýere çagyrylan ýolbaşçylary we harby attaşeleri bilen salamlaşyp, şu harby türgenleşigiň aýratyn ähmiýete eýedigini, oňa ilkinji gezek gatnaşýan ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerinden başga-da, milli Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň diýen ýaly gatnaşýandygyny we olaryň arasynda artilleriýanyň, awiasiýanyň, pyýada goşunyň, howa hüjüminden goranyş güýçleriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite maksatly birleşmeleriniň, goranmak, içeri işler ministlikleriniň dürli gulluklarynyň we operatiw toparlarynyň, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň we beýlekileriň bardygyny aýtdy.

Bu meýdançanyň çäginde, merkezi dolandyryş nokady, deňiz-pyýada we artilleriýa goşunlarynyň, asmana atyjy we inžener goşunlarynyň ot açyş sepgitleri, himiýa goşunlarynyň, halas ediş we ýörite maksatly toparlaryň türgenleşik geçmekleri üçin ýörite meýdançalar, aragatnaşyk geçelgeleri we garymlar ählitaraplaýyn enjamlaşdyrylyp, deňizde okuw türgenleşigini geçirmäge doly taýýar edildi. Okuw-türgenleşik merkeziniň deňiz kenarlary gämi gatnawlary üçin inženerçilik taýdan abzallaşdyryldy.

Şertli ýagdaýa görä, 2012-nji ýylyň tomsunda Hazar sebitinde harby-syýasy ýagdaý ýitileşdi. Şertli garşydaş „Gökler“ özleriniň ykdysadyýetini parahatçylyk döwründen harby döwre geçirmek üçin gizlin çäreleri geçirýärler. Hemişelik taýýarlykda duran birikmeler we bölümler, dolandyryş ulgamlary we aňtaw bölümleri harby döwrüň düzümine çenli doldurylýar. Döwletiň jümmüşinde ýaraglanyşyň we harby tehnikalaryň demir ýol ulaglaryna ýüklemek üçin jemlenilýändigi hasaba alynýar. Deňziň üstünde uçuşlar ýygjamlaşýar hem-de «Ýaşyllaryň» howa hüjüminden goranyş ulgamyny barlamak maksady bilen döwlet serhediniň çäklerini bozmazdan, awiasiýa aňtawy güýçlendirilýär.

«Ýaşyllar» parahatçylykly syýasaty alyp barýarlar we ýüze çykan dartgynly ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça birnäçe çäreleri geçirýärler. Syýasy çareleriň kabul edilmegi bilen bir hatarda, ýüze çykan ýagdaýa esaslanyp, «Ýaşyllar» deňiz ykdysady desgalarynyň goragyny güýçlendirmäge we Ýaragly Güýçlerini söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesine geçirmek boýunça çäreleri geçirmeklige mejbur bolýarlar.

Deňiz araçäginiň ulanylyşy boýunça döwletara gatnaşyklaryň dartgynlylygy ýüze çykanda «Gökler» özleriniň nägileligini bildirmek maksady bilen, agressiýa ulanmaklyga taýýarlanýarlar hem-de Ýaragly Güýçlerini doly söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirýärler, Netijede harby-syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen «YaşylIaryň» Döwlet serhediniň goragy güýçlendirilen tertipde alnyp barylýar. Üznüksiz radiolokasiýa gözegçiligi geçirilýär.

Turkmenistanyň Döwlet serhediniň deňiz çägini gije-gündiziň dowamynda gözegçilikde saklamak üçin oturdylan radarlaryň we wideokameralaryň kömegi bilen, 12 deňiz milinde näbelli 1 sany gämi ýüze çykarylýar. Bu baradaky maglumatlar gizlin radio aragatnaşygyň üsti bileti awtomatik usulda hemişelik söweşjeň nobatçylyk alyp barýan tehniki dolandyryş nokadyndaky operatoryň ekranyna çykarylýar.

Tehniki dolandyryş nokadynyň operatory näbelli gäminiň hereketlerini gözegçilikde saklaýar hem-de ýüze çykarylan nyşanany wideokameranyň üsti bilen, ýüzüji serişdeleriň kysymyny we üstündäki bar bolan adamlaryň sanyny anyklaýar. Maglumatlar doly seljerilenden son, tehniki dolandyryş nokadynyň operatory serhet bozujylar baradaky maglumatlary Turkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasynyň merkezi dolandyryş nokadynyň operatorynyň ekranyna awtomatiki usulda geçirýär.

Aňtawçylaryň berýän maglumatlary esasynda, antaw-diwersion toparynyň düzümi 10 adama çenli bolup. olaryň ählisiniň ýaraglanandygy hem-de esasy maksatlarynyň Hazar deňziniň kenaryndaky harby desgalary hatardan çykarmak niýetleriniň bardygy we olara goldaw bermek üçin gämiler toparynyň hereket edýändigi anyklanyldy.

Döwlet serhediniň deňiz çäklerinde hem-de Hazar .deňziniň ykdysady zolagynda ýüze çykarylan nyşana barada howa menzilinde nobatçylykda duran Serhet goşunlarynyň «Daýmond-42» kysymly uçaryna we uçarmansyz uçara habar berilýär. Jenaýatçy toparlary anyklamak we gözegçilik etmek üçin optiki-elektron we wideokamera bilen enjamlaşdyrylan «Daýmond-42» kysymly uçar nyşananyň ýüze çykarylan sebitlerinde aňtaw-uçuşyny geçirip başlaýar. Ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini goraýan «Daýmond-42» kysymly uçary hem-de uçarmansyz uçary howa giňişliginde aňtaw uçuşyny amala aşyrýar we deňziň içindäki hereket edýän nyşanany ýüze çykarýar. Şol bir wagtyň özünde 2 sany «Bars-12» kysymly serhet gorag katerleri deňiz çägindäki Döwlet serhediniň goragynda üznüksiz patrul gözegçiligini amala aşyrýarlar. Soňra, howadan urgy etmek üçin ýörite enjam bilen üpjün edilen, gije-gündiziň dowamynda uçuşlary amala aşyrmaga ukyply uçarmansyz uçary ot açyp, deňiz kenarýakasyndaky nyşanany bellenen nokatda hatardan çykarýar.

«YaşylIaryň» ykdysadyýetine zeper ýetirmek, söwda boýunça hyzmatdaş döwletleriň ynamyny gaçyrmak maksady bilen, «Gökler» deňiz ykdysady hereketleriň zolagynda .söwda gämilerini ele salmaklyga girişýärler. Şertli garşydaş Watanymyzyň deňiz çäginde terrorçylykly hereketleri amala aşyrmaga synanyşýar hem-de deňiz kenar ýakasyna diwersion toparlaryny düşürýär. Olar deňiz çäginde uly göwrümli ýük daşaýjy gämini bikanun eýeläp, gäminiň ekipažyny girew alýarlar. Soňky alnan maglumatlara görä, olar ýük daşaýjy gämide deňziň üsti bilen ýurduň çäginden çykmaklygy meýilleşdirýärler.

Düzgün bozujylaryň, geçirilen gepleşikler boýunça girewine alnanlary boşatmakdan, ýaraglaryny tabşyryp, boýun bolmakdan ýüz dönderýändiklerini göz öňünde tutup, gämini zabt etmek barada çözgüde gelinýär. Ýöne muňa garamazdan, “Gökleriň” 2 topardan ybarat aňtaw-diwersion toparlaryna tiz hereket edýän gaýyklarda ýük göteriji gämiden gaçmak başardýar. Olar “Ýaşyllaryň” demirgazygyna - deňiz kenar ýakasyna tarap ýüzüşi amala aşyrýarlar. Guramaçylykly hereket edenlerinden soňra, deňziň kenar ýakasyna 50 metr galanda, “Gökleriň” aňtaw-diwersion toparlary özlerini suwa oklap, suwuň astyndan hereket edip, deňiz kenar ýakasynda düşleýärler hem-de indiki söweşjeň hereketlerini amala aşyrmak üçin taýýarlyk görýärler.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite maksatly wezipeleri ýerine ýetirýän birliginiň söweşjeň ýüzüjiler we zabt ediji toparlary gyssagly aýaga galdyrylyp, olar 2 sany «Zodiak» kysymly çalt hereket edýän gaýyklarynda we 2 sany «Ýewrokopter-145» kysymly söweşjeň dikuçarlarynda girewine alnan gämä tarap ugraýarlar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite topary 4 sany «Master- 651» kysymly gözegçilik gaýygynda ýörite operasiýa geçirilýän zolakda gözegçiligi amala aşyrýar.

Bellenen wagtda «Ýewrokopter-145» kysymly 1-nji söweşjeň dikuçary «Flir» ulgamyň üsti bilen 1 km uzaklykdan aňtaw uçuşyny amala aşyrýar hem-de onuň üstünde 2 sany terrorçynyň bardygy barada maglumat berýär. Girewine alnan gäminiň ýerleşen ýerine 250 metr aralyk galanda, «Zodiak» kysymly çalt hereket edýän gaýyk tizligini peseldip, söweşjeň ýüzüjiler toparyny deňize düşürýär, olar «LAR-5000» ýapyk görnüşli dem alyş enjamynda suwasty çekijiniň kömegi bilen 10 metr çuňlukdan ugur kesgitlemek bilen girewine alnan gämä tarap herekede bäşlaýarlar. Söweşjeň ýüzüjiler suwuň aşagy bilen gämä tarap tiz hereket edýärler hem-de onuň üstüne çykmak üçin gäminiň bortuna garbagy atyp, basgançak gurnaýarlar. «Ýewrokopter-145» kysymly 1-nji söweşjeň dikuçarynyň gäminiň üstündäki terrorçylaryň ünsüni sowujy hereketleri wagtynda, söweşjeň ýüzüjiler gäminiň üstüne gizlinlik bilen galyp, sessiz atýan sapançadan gözegçi terrorçynyň birini, 1-nji dikuçardaky mergen hem mergenlik tüpeňi bilen gäminiň üstünde duran beýleki ikinji terrorçyny birwagtda ýok edýärler we söweşjeň ýüzüjiler ýörite niýetlenen partlaýjy serişdeleri arkaly gäminiň üstünde partlama döredýärler.

Gäminiň üstündäki 2 sany düzgün bozujy zyýansyzlandyrylandan soňra, «Zodiak» kysymly çalt hereket edýän gaýyklarynda we «Ycwrokopter-145» kysymly söweşjeň dikuçaiynda taýýarlykda duran zabt ediji toparlara gämä zabt etmeklik barada görkezme berilýär we zabt ediji toparlar gämä tarap okgunly herekede başlaýarlar.

2 sany «Zodiak» kysymly çalt hereket edýän gaýyklarynda 12 sany söweşijiden ybarat bolan zabt ediji toparlar girewine alnan gäminiň ýanyna gelip, taýýar edilen basgançaklaryň kömegi bilen ýokary galýarlar, Şol bir wagtyň özünde «Ýewrokopter-145» kysymly 2-nji söweşjeň dikuçarynda zabt ediji toparlar ýüpüň kömegi bilen gäminiň üstüne düşýärler, şeýle-de 1-nji söweşjeň dikuçarynda bir mergen we bir pulemýotçy zabt ediji toparlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin howadan olaryň hereketlerini penalaýarlar. Toparlar gäminiň bortunda jemlenenden soňra, onuň düzgün bozujylardan boşadylmagy boýunça ýörite operasiýa başlanylýar.

Gäminiň üstüni düzgün bozujylardan arassalamak boýunça söweşjeň wezipäniň amala aşyrylýan wagtynda, 2 söweşiji «Zodiak» kysymly çalt hereket edýän gaýyklarynda gözegçilkde galyp, gäminiň daşyndan bir-birine garşylyklaýyn hereket edip, gäminiň töweregini dolulygyna gözegçilkde saklaýarlar.

Geçirilýän operasiýa boýunça gäminiň dolandyryş bölümi, ýük saklanýan bölümleri düzgün bozujylardan arassalanyp, girewine alnan raýatlar boşadylýar. Şol bir wagtyň özünde ejir çeken raýatlara ilkinji lukmançytyk kömegini bermek boýunça harby lukman işe başlaýar, ele salnan düzgün bozujylar deslapky derňewi alyp barýan bölüme tabşyrylýar. Ýörite operasiýa tamamlanandan soňra, çalt hereket ediji gaýyklar gämini ýerine çenli ugradýarlar.

«Ýaşyllaryň» deňiz kenar ýakasynda taýýarlykda duran Gökleriň aňtaw-diwersion toparlary, parahat ilatyň arasynda dowul turuzmak, «Ýaşyllaryň» ykdysadyýetine zeper ýetirmek, syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak, raýat infrastrukturasynyň desgalarynda ýykgynçylyk, tenrorçylyk hereketlerini amala aşyrmak maksady bilen, «ÝaşyIlaryň» şertli nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna hüjüm etmegi meýilleşdirýärler hem-de «Ýaşyllaryň» demirgazyk böleginiň 5 kilometr deňizýaka zolagynda ýerleşen döwlet desgalaryny ele almagy niýet edinýär.

Terrorçy toparlaryň hereketleriniň öňüni almak, olary zyýansyzlandyrmak we boýun etmek maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň ylalaşmagynda tiz aýaga galýan ýörite maksatly toparlar döredildi.

Bellenen wagtda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, düzümi 12 adamdan ybarat gorag topary 3 sany ýörite jip awtoulaglarynda zawodyň çägine gelýärler, şertli zawodda kesekileri ýüze çykarmak maksady bilen zawodyň meýdançasyny dessine gorag astyna alýarlar we gorag nokatlaryny döredýärler. Şol bir wagtda bu awtoulagiar ýörite operasiýa amala aşyrylýan çäkde hereketi çäklendirmek üçin zawodyň daş-töweregine gözegçilik edýärler.

Partlamadan soň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýörite maksatly toparlary 2 sany BTR-80 kysymly sowutlanan tehnikalarynda hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hüjüm edýän toparlary 2 sany «PMV SURVIVOR II» kysymly sowutlanan ulaglarynda zawodyň meýdanyna tarap hereket edip, esasy güýçler gelýänçä «Gökleriň» diwersion toparynyň güýçleri bilen söweşe girişýär. Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň «Awgusta-109» kysymly dikuçary howadan olaryň söweş hereketlerini goldaýar.

Diwersion topar himiki zawodyň golaýyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda gizlenip, tertipsiz ot açýarlar. Diwersion topar ünsi sowýan manýowry gurap, birnäçe diwersanta zawodyň çägindäki gabawdan çykmak başardýar. Olar zawodyň golaýyndaky ýaşaýyş jaýynyň birini ýaşaýjylary bilen girewine almak maksady bilen, günorta tarap hereket edýärler. Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň ýörite maksatly toparlary zawodyň edara binasyndan gaçyp giden terrorçylar toparlaryny gabaýarlar. Terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak we ýok etmek boýunça geçirilen bilelikdäki aýgytly hereketleriň netijesinde aňtaw-diwersion toparlar berk gabaw halkasyna alyndy.

Soňra ýörite maksatly toparlar zawodyň edara binasynda ýesir alnan raýatlary azat etmäge we terrorçylar toparyny ýok etmäge girişýärler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary zawodyň çägindäki ýaşaýyş jaý toplumyny eýelän «Gökleriň» terrorçylar topary bilen söweş alyp barmak üçin binanyň 1-nji gatyndaky bir girelgesini ýörite partladyjy serişdeleriň kömegi bilen partladýarlar we binanyň içine girip, terrorçylar toparynyň 3 adamdan ybarat toparyny girewine alýar we olar BTR-80 kysymly sowutlanan tehnikasynda bellenen nokada alnyp gidilýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary merdiwanlar bilen ýaşaýyş jaýynyň üçegine çykýarlar we ýörite ýüpleriň kömegi bilen jaýyň içine girip, terrorçylar toparyny ýok edýärler.

«Gökleriň» aňtaw-diwersion toparlarynyň hereketleri netijesinde zawodlar toplumynyň binalarynda partlama emele gelýär. Zawodyň taýýar önümler saklanýan ammarlaryndaky partlamalaryň netijesinde zäherlenme emele gelip, az wagtyň içinde howa giňişligine ýaýrap başlaýar. Zawodyň dürli binalaryndan gara tüsse çykýar we oňa doýgun ak reňkli tüssäniň bulutlary, ýagny himiki zäherlenme goşulýar. Bir wagtyň özünde dürli sesli partlamalar başlanýar.

Zawodyň edara binasyndaky we ýaşaýyş jaý toplumyndaky «Gökleriň» aňtaw-diwersion toparlary ýok edilenden soňra, ýörite maksatly toparlar bellenen etraba tarap hereket edýärler.

Türkmenistanyn Ýaragly Güýçleriniň himiýadan goranyş, aňtaw, arassalaýyş bölünmeleri ýörite tehnikalary we serişdeleri bilen howa ýaýran zyýanly maddalaryň düzümini kesgitlemek, zyýansyzlandyrmak hem-de zäherlenmäni ýok etmek işlerine girişýärler.

Himiki howsalanyň alamatlaryny aňladýan sirena gaty ses bilen işläp başlaýar! «Himiýa howsalanyň yşaraty» esasynda zawodyň halas ediş topary işläp duran himiýa senagatyny duruzmaga çalyşýarlar. Zawodyň bütin meýdançasyny ak-gara tüssäniň doýgun bulutlary gaplap alýar we howada näbelli zäherlenme emele gelýär. Tiz wagtda zäherlenmäniň emele gelen ýerine Turkmenistanyň Goranmak ministrliginiň himiýa bölünmeleriniň himiýa we radiasiýa-aňtaw bölümçeleri gelýärler. Olar ýörite aňtaw tehnikalarynyň we enjamlarynyň kömegi bilen himiýa, radiasiýa we biologiýa aňtawyny geçirmek üçin AL-4 kysymly awtolaboratoriýasyny, PRHM-1M kysymly meýdan himiki bejeriş ussahanasyny ýaýbaňlandyrýarlar.

Diwersantlary ýok etmek we zawoddaky partlamanyň netijesinde dörän ýangyny söndürmek boýunça bilelikdäki operasiýa tamamlanandan soňra, partlamanyň netijesinde jebir çekenleri ewakuasiýa etmek üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň MI-17W-5 kysymly dikuçary zawodyň çäginde gonýar. Dikuçardan jebir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermek we göçürmek üçin harby lukmanlar hem-de 10 adamdan ybarat ýörite maksatly toparyň söweşijileri düşürilýär. Olaryň 4-si dikuçary dessine gorag astyna alýarlar, 6-sy bolsa, harby lukmanlary jebir çekenleriň ýanyna we dikuçara çenli ugradýarlar hem-de olary dikuçara ewakuasiýa edýärler.

Zawodyň edara binasy terroristlerden arassalanandan soňra, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň halas ediş toparlary we Turkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyna garşy göreş gullugynyň degişli toparlary gelip, zawodyň işgärlerini we zäherlenenleri ýüze çykaryp, olary howpsuz ýerlere göçürmek işlerini ýerine ýetirýärler. Ýangyn söndüriji topar 2 sany KAMAZ kysymly awtoulagda zawodyň çägindäki ýangyny söndürmäge girişýär.

Geçirilen işleriň netijesinde jaýlaryň basgançaklarynda we beýleki ýerlerde ýumrulmalar emele gelýär. Halas ediş toparlar öz tälim berlen gözleg itleriniň kömegi bilen weýrançylyk bolan ýerlerde gözleg-halas ediş işlerini geçirýärler. Olar partlamanyň netijesinde jebir çeken, daşlaryň we ýumrulan jaýlaryň astynda galan ýaraly raýatlary gözläp tapyp, «MAZ» kysymly çalt täsir ediş awtoulagyň binýadynda ornaşdyrylan gidrawliki enjamlary ulanmak arkaly olary halas edýärler, Zawodyň edara binasynyň basgançaklarynda ýumrulmalaryň emele gelendigi üçin, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň halas ediş toparlary, halas ediş awtoulaglarynda ornaşdyrylan zabt ediş merdiwany arkaly, zawodyň edara binasynyň ýokarky gatlaryna galyp, ol ýerde galan raýatlary ýörite howa bilen çişirilen «Kaskad» kysymly ýassyklara bökdürmek arkaly halas ediş işlerini geçirýärler.

Himiýa goşunlarynyň zäherlenmäni ýok ediş topary bolsa gyssagly ýagdaýda, zäherlenmäni ýok etmeklige girişýärler. DKW-1M we ARS-14 kysymly ýörite arassalaýyş işlerini geçirýän awtoulaglar, zawodyň çägindäki tehnikalary we şahsy düzümi doly degezasiýa hem-de dezaktiwasiýa işlerinden geçirýärler. Şeýle hem ýörite enjamlaryň kömegi bilen suwuň, topragyň we howanyň zäherlenmesiniň seljermesini geçirmäge girişýärler.

Şeýlelikde, zawodyň edara binasyny «Gökleriň» aňtaw-diwersion toparyndan doly arassalamak hem-de himiki zäherlenmaniň zyýanly netijelerini ýok etmek boýunça söweşjeň wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi.

«Ýaşyllar» dörän harby-syýasy ýagdaýy sazlamak maksady bilen syýasy çäreleri geçirýärler hem-de gapma-garşylygy aradan aýyrmaga çagyrýarlar. Urşuň öňüni almak maksady bilen geçirilýän ähli syýasy çäreler bilen bir hatarda döwlet serhediniň goragy hem-de Ýaragly Güýçleriň taýýarlygy güýçlendirilýär.

«Ýaşyllaryň» ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýy parahatçylykly ýola goýmak boýunça edýan tagallalaryna garamazdan, şertli garşydaş goşunlaryny gämilere ýüklemek boýunça işlerini tamamlap, desant toparlaryny bellenen etraplara çykarýarlar. «ÝaşyIlar» «Gökleriň» hereketlerine jogap edip, hemişelik taýýarlykdaky bölümlerini we bölünmelerini doly söweşjeň taýýarlyga getirdiler we olary deňiz kenarýaka ýerlerinde jemlediler, «Gökler» özleriniň söweş kuwwatyny artdyrmagyny dowam edýärler. Ýurdumyzyň howa giňişligini bozmak bilen, howa aňtawyny güýçlendirýärler.

«Gökler» urgy toparlaryny döredip, «Ýaşyllara» awiasiýa-artilleriýa urgularyny geçirmek bilen, yzygiderli hüjüm edýärler. «Gökleriň» desant toparlaryndan, ony üpjün edýän söweşjeň gämiler toparlaryndan düzülen aňtaw güýçleri we serişdeleri «Ýaşyllaryň» kenaryna ýakynlaşýar hem-de kenara deňiz desantynyň çykarylmagy üçin doly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Desant toparynyň ýakynlaşmagy bilen, «Göklerin» jümmüşindäki hereket edýän esasy güýçlerini we söweşjeň gämilerini ýok etmek üçin Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň «EDERMEN» we «GAÝRATLY» raketa gämilerinden hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «BERKARAR» we «ARKADAG» serhet gorag gämilerinden düzülen gämi urgy toparlary hüjümiň geçirilýän ugruna tarap gönükdirilýär.

«Ýaşyllaryň» urgy toparlary «Gökleriň» söweşjeň gämilerini hatardan çykarmak üçin gäminiň artilleriýa ýaraglaryndan urgyny amala aşyrýarlar. «Gökleriň» gämi urgy toparlarynyň hereketlerini bökdemek hem-de «Ýaşyllaryň» söweşjeň gämileriniň hereketlerini goldamak üçin, Türkmenistanyň Harby-howa güýçleriniň 2 sany «MIG-29» kysymly söweşjeň uçarlary çagyrylýar. Bu söweşjeň uçarlar S-8-kom kysymly dolandyrylmaýan raketasyndan «Gökleriň» gämi urgy toparlaryna urgy edýärler. Nyşananyň ýok edilendigini anyklamak üçin, «Ýaşyllaryň» Daimond-42 kysymly uçary bellenen nokatda aňtaw gözegçiligini alyp barýar we degişli maglumatlary wideoýazgy edip, merkezi dolandyryş nokadyna geçirýar. «Gökleriň» deňiz giňişligindäki söweşjeň gämisi raketanyň kömegi bilen ýok edildi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow we çagyrylan myhmanlar raketanyň uçurylyş pursatyny ýörüte goýlan ekranlar arkaly synladylar.

Goýlan wezipe ýerine ýetirilenden soňra, «Ýaşyllar» söweş mümkinçiliklerini dikeltmek üçin bellenen etraba tarap ýokary tizlikde hereket edýärler.

«Gökleriň» desant gämileriniň bellenen etraplara golaýlaşmagy bilen, olaryň awiasiýasyny aňladýan 2 sany «SU-25» kysymly söweşjeň uçarlary «Ýaşyllaryň» raketalarynyň ýerleşýän ýerlerine we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň radiotehniki nokatlaryna hüjüm etmek hem-de howa söweşini alyp barmak üçin yzygiderli hüjüm geçirýärler. «MIG-29» kysymly söweşjeň uçarlar arkaly, «Gökleriň» awiasiýasy bilen howa söweşi alnyp barylýar. Howa giňişliginde bu çylşyrymly uçuşy amala aşyrmakda hem-de öňde goýlan söweşjeň wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmekde biziň uçarmanlarymyz aýratyn ussatlyk görkezýärler.

«Gökler» howadan hüjüm etmegini dowam edýärler hem-de «Yaşyllaryň» gorag sepgitlerine raketa-bomba urgularyny geçirmäge synanyşýarlar. Şertli garşydaşlaryň awiasiýasy ok ýagdyrýar. Howadaky «Gökleriň» urgusyny yzyna serpikdirmek howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň serişdeleri bilen amala aşyrylýar. «Gökleriň» howa nyşanasyny aňladýan «M-6» bomba nyşanyny ýok etmek üçin «Ýaşyllaryň» OSA kysymly asmana atyjy raketalar toplumy ot açýar. «Gökleriň» awiasiýasyny we raketa urgularyny asmana atyjy raketa toplumy bolan «Peçora~2M» kysymly howa hüjüminden goranyş serişdesi bilen yza serpikdirmek meýilleşdirilýär.

«Gökler» «Yaşyllaryň» Ýaragly Güýçleriniň tylyna aralaşmak we okgunly hüjüm edip, olaryň dolandyryş nokatlaryny, artilleriýasynyň ot açyş ýerlerini ýok etmek, bellenen etraplarda möhüm geçelgeleri we ýollary eýelemek maksady bilen, «MI-17W-5» kysymly dikuçardan howa desantyny düşürýar. Howadan taşlanan taktiki howa desanty Berkut-2 kysymly ýörite paraşýutlaryň kömegi bilen «Ýaşyllaryň» goranýan goşunlarynyň tylyna tarap çalasyn hereket edýärler hem-de pulemýotdan howadan ot açýarlar . Olar «Ýaşyllaryň» dolandyryş merkezine hem-de asmana atyjy raketalaryň ýerleşýän ýerlerine tarap süýşýärler.

Taktiki howa desantynyň hereketlerini togtatmak maksady bilen «Ýaşyllaryň» ýörite maksatly toparlary BTR-80 kysymly sowutlanan tehnikasynda özleriniň gönüden- göni jogapkär, goraýan ýerlerinde peýda bolýarlar hem-de «Gökleriň» howa desantyna garşy ot açyp, olaryň janly güýçlerini ýok edýärler. «Ýaşyllaryň» ýörite maksatly toparlary tarapyndan söweşjeň wezipe ýerine ýetirildi.

«Gökleriň» dürli ýagdaýdaky hereketleriniň amala aşyrylýan toparlanyşygyna, söweşjeň gämilerine hem-de möhüm nyşanalaryna netijeli urgy urmak üçin «YaşyIlaryň» awiasiasy hüjüm edýär. Bellenen wagtda «ÝaşyIlaryň» 6 sany «SU-25» kysymly hüjüm ediji uçarlary 3 topara bölünip, «Gökleriň» esasy wajyp desgalaryna, howa hüjüminden goranyş we radio-tehniki serişdelerine hem-de gämi urgy toparlaryna raketa-bomba urgularyny geçirýärler.

«Gökleriň» howa hüjümini yza serpikdirmek maksady bilen aşmana atyjy raketa goşunlary herekede girýärler. Asmana atyjy raketalar toplumlary «Gökleriň» 8 km uzaklykdaky suwüsti nyşanlaryna garşy ot açýar. «Gökleriň» suwuň üstünde hereket edýän nyşanasy ýok edildi.

Uçarmansyz uçarlardan alnan aňtaw maglumatlaryna laýyklykda, «Gökleriň» deňizden hüjüm edýän söweşjeň gämilerine we ýaýbaňlanma sepgitlerine tarap artilleriýa ýaraglaryndan ot açylýar. Artilleriýa ýaraglary «Gökleri» uly ýitgä sezewar edýärler.

«Gökleriň» desandynyň zabt ediji bölümini ýok etmek maksady bilen, toplardan ot açylýar. Bu toplar okuw türgenleşigimize ilkinji gezek gatnaşýarlar. Bu tirkege alynýan toplar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin täze alnan ýaraglaryň bir görnüşidir. Bu kuwwatly we ýokary takyklykdaky ýaraglaryň kömegi bilen, «Gökleriň» desantynyň ýaýbaňlanmagynyň öňi alynýar.

Artilleriýa ulgamlary, «Gökleriň» söweşjeň we desant gämilerine, desant düşüriji serişdelerine garşy yzygiderli ody gönükdirýärler. Söweşiň bu tapgyrynda, ýagny desantyň, ýüzüji we desant düşüriji serişdelerinde mahaly, ot açyş serişdelerinden doly peýdalanyp bilmeýändigi üçin, «Gökleriň» derbi-dagyn edilmegi üçin amatly şertler döredilýär.

«Ýaşyllar» STRELA-10 kysymly asmana atyjy raketa toplumyndan «Gökleriň» howa nyşanasyny aňladýan yşyklandyryjy snarýadlar boýunça ot açýar. Syn edýänler «Gökleriň» howa nyşanasyny aňladýan 152 millimetrlik ýagtylandyryjy artilleriýa snarýadynyň ýok edilişini görýärler.

Dolandyryş nokadynyň öňünde «Gökleriň» howadan goldaýan awiasiýasynyň urgylaryny aňladýan mina meýdançasy partladylýar.

«Gökleriň» desantynyň deňiz kenaryndan 12 km aralyga golaýlaşmagy bilen «Ýaşyllaryň» artilleriýasy ot açyşyň dürli görnüşlerini ulanyp, «Gökleriň» söweş tehnikalaryna iki diwizionyň düzüminden düzülen 122-lik «D-30» kysymly artilleriýa ýaraglaryndan hereket etmeýän böwet oduny açýarlar. «Göklere» uly ýitgi çekdirmek we olaryň böwüsmeklerini togtatmak maksady bilen, reaktiw ýaragly söweş maşynlary we artilleriýa ýaraglary olaryň hereket edýän dolandyryş nokatlaryna, söweşjeň gämilerine we beýleki serişdeleriniň ýerleşýän ýerlerine ot açyp, goranýan goşunlary goldamaga başlaýar. «Gökleriň» goranyşyň öňdäki çägine ýakynlaşmagy bilen, tanklar esasy ot açyş ýerlerinden urgy geçirýärler, artilleriýa hüjümi yza serpikdirmek üçin ot açyp başlaýar. «Gökleriň» hüjümi yza serpikdirilýän wagtynda artilleriýa özüniň ot açyşyny üýtgedip, söweşjeň tertipde «Gökleriň» ot açyş sepgitlerine, olaryň örän howply desgalaryna ody jemleýär. «Ýaşyllar» «T-72» kysymly tanklardan, tanka garşy raketa atyjy toplumyndan, uzak aralyga atýan artilleriýadan hem-de asmana atyjy raketa toplumyndan ot açyp, «GökIeriň» söweşjeň hataryny bozmak bilen, olary ody göni gönükdirmek arkaly ýok edýärler.

«Gökleriň» «Ýaşyllaryň» kenar ýakasyna 1000-1100 metr aralyga golaýlaşmagy bilen, pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary we «MT-12» kysymly «Rapira» ýaragy ot açmaga başlaýar. «Gökleriň» katerlerini ýok etmeklik tanklaryň, pyýada goşunyň söweş maşynlarynyň hem-de göni çenelip atylýan serişdeler bilen bölümçeleriň, wzwodlaryň we rotalaryň jemlenilen ody bilen üpjün edilýär. «Gökleriň» pesden uçýan howa nyşanalary hem-de ýeňil sowutlanan desgalary 23 millimetrlik «ZU-23-2» kysymly asmana atyjy ýaragy bilen ot açylyp, olar ýok edilýär. Desantyň kenardan 600 metr aralyga ýakynlaşmagy bilen ot atyş ähli ot atyş serişdelerini ulanmak bilen in ýokary derejä ýetirilýär. «Gökler» hüjüme geçenlerinde, «Ýaşyllar» goragy böwüsdirmezlik üçin bar bolan ähli ot açyş serişdelerinden ot açyşy amala aşyrýarlar, «Göklere» uly ýitgi çekdirýärler we olary kenarýaka çäkden yza çekilmäge mejbur edýärler.

Goranyşyň sag ganatynda «Göklere» goranyşy böwüsmek hem-de «Ýaşyllaryň» kenaryna aralaşmak başardýar. «Ýaşyllar» duşmanyň janly güýjüniň we harby tehnikalarynyň jemlenen ýerine artilleriýa ýaraglarynyň ähli ot açyş serişdeleriniň oduny gönükdirýärler.

Ätiýaçlandyryş ot açyş orunlaryndan goranyşy böwsüp geçen “Gökleriň” bölümlerini uly ýitgä sezewar edýärler. “BTR-80 “ bronotransptýorlaryň üçüsiniň garşylyklaýyn hüjümi bilen garşydaşlaruň umumy goşun desantyny deňze çenli yza çekilmäge mejbur edýärler.

Howa ýassykly katerlerden düşürilýän “Gökleriň” desantyny ot bilen ýok etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin “MI-24” kysymly söweş dikuçarlary gysga möhletde köpçülikleýin ot açmak bilen kenardan 2-3 kilometr uzaklykda desantyň dürli desgalaryna urgulary ýerine ýetirýär.

“Ýaşyllaryň” goranyşa geçen goşunlary tanklaryň we pyýada goşunlaryň söweş maşynlarynyň ählisinden köpçülikleýin ot açýarlar. Ähli ot açyş serişdelerinden “Gökleriň” deňiz desantyna we desant düşüriji serişdelerine garşy yzygiderli ot açýarlar. “Gökler” goranýan goşunlaryň erjel garşylygyna duşup, uly ýitgileri çekýärler hem-de yza çekilmäge, desantlaryny ewakuasiýa etmäge başlaýarlar.

“Ýaşyllaryň” goranýan goşunlary ähli güýçler we serişdeler bilen deňiz desantyny kenarda ýok edýärler hem-de olaryň guramaçylykly yza çekilmegine ýol bermeýärler. Awiasiýa we flotuň güýçleri desantyň yza çekilýän güýçlerine we üpjün edýän gämilerine garşy urgulary amala aşyrýar hem-de şertli garşydaşy ýeňlişe sezewar edip, söweş hereketleriniň gutarmagyny gazanýarlar.

Şeýlelikde, öňde goýlan söweş maksadyna laýyklykda, parahatçylyksöýüji syýasatymyzyň netijesinde biziň Garaşsyz Watanymyzyň Ýaragly Güýçleri döwlet serhediniň deňiz çäklerine ýetip, şol ýerde söweş hereketlerini doly tamamlap, “Gökleri” öz agressiw meýillerinden ýüz döndermäge mejbur edýärler.

Türgenleşik okuwlary tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylaryň özboluşly ýörişi boldy, ony Watanymyzyň howa giňişligini ygtybarly goraýan harby awiasiýamyz açdy. Türkmenistanyň Harby-howa güýçleriniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “MI-17W-5” dikuçarlary dabaraly uçuş edýärler.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň “Awgusta-109” dikuçary, şeýle hem Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň “Ýewrokopter-145” iki dikuçary deňiz okuw-türgenleşik meýdançasynyň üstünden uçup geçýärler. Olara harby uçarmanlar ussatlyk bilen erk edýärler.

Olaryň yzysüre asmandan “SU-25” söweşjeň uçarlaryň dördüsi, “AN-74” uçarlar, şeýle hem sesden hem ýokary tizlik bilen uçýan “MIG-29” söweşjeň uçarlary uçup geçýärler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň şunuň ýaly kysymdaky uçara erk edip, ussatlygyň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň ýokary nusgasyny gökezendigini ýatlamak ýerlikli bolardy.

Soňra harby tehnikanyň dabaraly gözden geçirilişi deňizçileriň harby tehnikasynyň görkezilmegi bilen dowam etdirildi. Watanymyzyň deňiz serhetlerini ygtybarly goraýan Harby-deňiz güýçleriniň söweşjeň gämileri köp sanly tomaşaçylaryň öňünden ýüzüp geçýärler. Olaryň ählisi deňiz serhetleriniň ygtybarly goragçysy häzirki wagtda iň häzirki zaman deňiz tehnikasynyň harby enjamlary we ýaraglary dolandyrmak boýunça öz bilimlerini kämilleşdirýän harby deňizçileriň netijeli gulluk etmeklerini üpjün etmek we ýurdumyzyň harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby-deňiz güýçlerini ösdürmegiň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda satyn alyndy.

Dabaraly ýörişi “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri açýarlar. Olaryň yzynda Türkmenistanyň serhet gullugynyň “Berkarar” we “Arkadag” serhetçi gämileri , olardan soň bolsa “Gaýduwsyz” kateri geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň deňiz çäkleriniň goragynda durýan “Bars-12” atly kiçi katerleriň dördüsi bu ýere ýygnananlara öz çeýe hereket ediş ukybyny görkezýär. Olaryň yzyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Master-651” atly tiz hereket edýän gaýyklarynyň dördüsi geçýär.

Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň hüjüm ediş toparlaryny we söweşjeň ýüzüjileri barmaly ýerine tiz ýetirmäge niýetlenen tiz hereket edýän “Zodiak” gaýyklarynyň ikisi dowam etdirýärler. Olar şu günki türgenleşik okuwlarynda hem ýokary netijeleri görkezdiler.

Soňra köp sanly tomaşaçylaryň öňünden Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň biziň Garaşsyz Watanymyzyň deňiz araçäklerini bozan terrorçylary öz wagtynda ele salmak üçin niýetlenen tiz hereket edýän SEA-DOK kysymly suw motosiklleriniň dördüsi ýüzüp geçýär.

Dabaraly ýörişde şeýle hem harby-tehnika we awtomobiller görkezildi. Bu ýörişi örän ygtybarly we kämil, ýokary söweşjeň ukyplary bolan BTR-80 bronetransptýorlary açdylar.

Soňra okuw-tergenleşik meýdançasynyň öňünde ýörite maksatlar üçin niýetlenen bölümleriň “Land Rower” ýokary derejeli häzirki zaman harby awtomobilleriň üçüsi, şeýle hem Türkmenistanyň sagdyn jemgyýet howpsuzlygy goraýyş döwlet gullugynyň “Toýota” HILUKS” ýeňil awtomobilleri geçýärler. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýöriteleşdirilen ýeňil awtoulaglarynyň üçüsi geçýär.

Harby tehnikalaryň görkezilişini ýörite maksatly toparlaryň tiz hereketini üpjün etmekde uly ähmiýeti bolan “RMV SURVIVOR II” bronirlenen ýeňil awtoulaglarynyň ikisi jemleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdelere we esgerlere ýokary hünär ussatlygy hem-de söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, olary harby türgenleşik okuwlarynyň üstünlikli tamamlanandygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuw türgenleşigi tamamlanandan soň, daşary ýurtly diplomatlaryň ýanyna baryp, olara ýüzlenmek bilen, söweşjeň atyşlary ulanmak bilen ilkinji gezek geçirilýän “Hazar-2012” operatiw-taktiki okuw türgenleşiginiň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek we harby gullukçylaryň, ilkinji nobatda Harby-deňiz güýçlerinde gulluk edýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin geçirilendigini hem-de biziň ýurdumyzyň daşary syýasata degişli ugurda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan we 2009-njy ýylyň başynda kabul edilen Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyk gelýändigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýörite rezolýusiýasy bilen makullanan oňyn bitaraplyk derejesine berk eýermek bilen, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa ýakyn goňşulary bilen biziň ýurdumyz mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan açyk parahat söýüjilikli syýasaty geçirmegi maksat edinýär diýip aýtmak bilen, Türkmenistanyň serhediniň hemişe goňşy döwletler bilen dostluk serhedi bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, onuň iň häzirki zaman ýaraglary we harby tehnikasy, özi-de diňe ýurdumyzyň goranyş kuwwaty üçin zerur bolan mukdary üpjün etmäge gönükdirilen köp ugurly harby özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Amala aşyrylýan harby özgertmeleriň baş ugry hökmünde harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gyşarnyksyz gowulandyrmak boýunça işler bellendi. 2009-njy ýylyň awgustynda kabul edilen “Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň statusy we durmuş goraglylygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň subutnamasydyr. Bu kanunda harby gullukçylaryň gulluk eden möhletlerine laýyklykda zähmet haklarynyň tölenilişini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalaryny mugt lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek, ýaşaýyş jaýlaryny ýeňillikli şertlerde edinmäge mümkinçilik döretmek, şeýle hem beýleki birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulandyr.

Häzirki wagtda tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berilýän ýurdumyzyň Harby-howa güýçlerini ösdürmegiň konsepsiýasy barada has jikme-jik durup geçmek bilen, uzynlygy 600 kilometre ýetýän Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň, şeýle hem guryýer serhediniň halkara terrorçylyk guramalarynyň we transmilli jenaýatçylykly toparlaryň islendik betpällerinden ygtybarly goralmalydyr diýip, milletiň Lideri nygtady. Biz geljekde hem mili howpsuzlygy we goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün etmek üçin toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçireris. Biziň milli goşunymyz türkmen halkynyň parahatçylykly durmuşynyň we abadançylygynyň kepili bolup çykyş edýär diýip, milli Liderimiz ýene-de bir gezek nygtady.

Daşary ýurt ilçihanalarynyň baştutanlary we iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary ýurduň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň ählisine, şol sanda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň we türkmen harby gullukçylarynyň ussatlygynyň özboluşly gözden geçirilişine öwrülen häzirki harby okuwlara çagyrylandyklary üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagt, saglyk, ýurduň gülläp ösmeginiň we onuň halkynyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa we çagyrylan myhmanlara iň häzirki zaman harby we ýörite tehnikalar, şeýle hem dürli harby düzümleriň harby gullukçylarynyň täze lybaslary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen harby tehnikalar we olaryň söweşjeň häsiýenamalary bilen tanşyp, döwletimiz geljekde hem milli goşunymyzy häzirki zaman harby tehnikasy we ýaraglary bilen üpjin eder we harby hünärmenleri okatmagyň derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döreder diýip belledi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen esgerleriniň harby kasama ygrarly bolup, halkymyzyň rahat durmuşyny, ýurdumyzyň abadançylygyny ygtybarly goramak bilen Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynam bildirdi we okuw türgenleşigine gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.