Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 828
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 8 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli derwaýys meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, bu ýere ýygnananlary we tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän Ruhnama baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we Ruhnama halkymyzyň 5 müň ýyllyk taryhyny, umyt-arzuwlaryny, pähim-paýhasyny, medeniýetiniň we ýaşaýyş durmuşynyň aýratynlyklaryny, baý ruhy dünýäsini beýan edýän eserdir diýip belledi.

Ruhnamadaky milli we umumadamzat ähmiýetli öňe sürülýän taglymatlar häzirki we geljekki nesiller üçin müňýyllyklaryň içinden geçen hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylan pähim-praýhaslardyr, olar nesillerde Watana, halka, topraga bolan beýik söýgüni terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mejlise gatnaşyjylary Ruhnama baýramy bilen ýene bir ýola gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiz olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly zähmet üstünliklerini, türkmen halkyna bolsa egsilmez bagt, asuda we abadan durmuş arzuw etdi.

Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen döwlet Baştutanymyz TDP-niň agzalarynyň we işjeňleriniň teklibini beýan etmek üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary K. Babaýewe söz berdi, ol Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 21 ýyllyk baýramy mynasybetli, şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda her şenbe güni şäherlerde, şäherçelerde, obalarda, ilatly ýerlerde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik ýerlerinde köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, oktýabr aýynyň 15-ne bolsa bütün ýurdumyzda agaç nahallaryny oturtmak boýunça ýowar guramak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşajylara ýüzlenip, bu başlagngyjy oňlady hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A. Ýegeleýewe we A. Ýazmyradowa, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine edaralary we kärhanalary hem-de zerur tehnikalary bu çärä işjeň çekmegi tabşyrdy. Şol ýowarlar halkymyzyň täze taryhy eýýamyň döredijilikli ýörelgelerine laýyklykda has-da jebisleşmegine ýardam berip, türkmenistanlylaryň ata Watanymyzy gülläp ösýän ýurda öwürmek işine goşan saldamly goşandyna öwrüler. Şeýle köpçülikleýin çäreler Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi we ol tutuş türkmen jemgyýeti tarapyndan biragyzdan goldanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowaryň barşynda, esasan hem ýowaryň soňky günlerinde bag nahallaryny, gyrymsy agaçlary we dürli görnüşli gülleri köpräk ekmeli diýip belledi. Şu meselä degişli gürrüňi dowam etmek bilen, paýtagtymyzdada ýowaryň guramaçylykly geçirilmelidigini belläp, Aşgabadyň ähli görkezijileri boýunça nusgalyk şäher bolmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheridir!” diýen sözleriň biziň şygarymyza öwrülmelidigini aýdyp, tutuş ýurdumyz boýunça ýowarlaryň göwnejaý derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän söwda, dokma senagaty we halyçylyk pudagy boýunça şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň 8 aýynda jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgininiň 114,8 göterime barabar bolandygy bellenildi. Şu döwürde pudagyň bölek-satuw haryt dolanyşygy 13,9 göterim, lomaý haryt dolanyşygy bolsa 15,3 göterim artdy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda dokma önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 103,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe önüm ýerlemegiň ösüş depgini 111,2 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalary tarapyndan haly önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,6 göterime deň boldy. Hasabat döwründe haly önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini 104,1 göterime barabar boldy, olary ýerlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim berjaý edildi. Korporasiýa boýunça düşewüntliligiň derejesi 20 göterime golaý boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 99 sany birža söwdalary geçirildi. Eksport şertnamalaryň jemi bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,5 göterim, import şertnamalarynyň jemi bahasy bolsa 37,2 göterim artdy. Birža boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnan umumy girdeji 21,8 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda we dokma toplumyny ösdürmegiň pudaklaýyn maksatnamalaryny ýerine ýetirmek üçin önümçilik düzümini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmagyň, halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň we eksportuň möçberini artdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň biržalary we söwda-senagat edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmegiň we onuň tehnologik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, bu işleriň ählisiniň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady. Işe şeýle çemeleşme ýurdumyzyň söwda we dokma toplumlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan doly derejede peýdalanylmagyny üpjün eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny we serişdelerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, daşary söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga we pudaga täze tehnologiýalary hem-de maýa serişdelerini çekmäge ýardam etjek sergileriň geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minisri R.Meredow şu ýylyň sekiz aýynda Daşary işler ministrligi boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň meseleleri, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň daşary syýasatyny oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşyçylyk esasynda alyp barmak bilen döwetara derejesinde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde hem giň netijeli hyzmatdaşlyk ugruny ýöredýär. Geçen hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara bolan saparlary, şeýle hem daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň biziň ýurdumyza guran saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň alyp barýan işi anyk netijelere gönükdirilendir we ol özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň diwersifikasiýa edilmegini, medeni-gumunitar gatnaşyklarynyň giňeldilmegini şertlendrýär diýip, wise-premýer belledi. Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşlmeleri döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guralyna öwrüldi. Biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli çäreler, şeýle hem ylmy, pudaklaýyn, işewür we döredijilik çäreleri, daşary ýurtlarda guralýan şunuň ýaly çäreler yzygiderli häsiýete eýe boldy diýip, ol aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren we dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna hem-de ykrar etmegine mynasyp bolan Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maksada laýyk işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýäniginiň we türkmen döwletiniň halkara giňişliginde ýokary abraýya eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 31-nji awgustynda Tähran şäherinde geçirilen bilelikdäki türkmen-eýran iş toparynyň mejlisiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri hakynda habar berildi. Şol mejlisiň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda söwda-ykdysady we suw hojalygy pudagyndaky gatnaşyklaryň birnäçe meseleleri girizildi. “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň gurluşygyna degişli meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiziň Gazagystan we Eýran bilen bilelikde amala aşyrylýan bu halkara taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda ulag ýolunyň ugrunda alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak üçin täze polat ýolunyň bir bölegine baryp gördi.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda Eýran Yslam Respublikasynyň “Pars Enerji” kompaniýasy bilen demir ýoluň Bereket-Etrek bölegini gurmak hakynda şertnama baglaşyldy. Resminama laýyklykda, ol işler geçen ýylyň dekabrynda tamamlanmalydy.Ýöne türkmen tarapyna bagly bolmadyk sebäplere görä, “Pars Enerji” kompaniýasy hyzmatdaşlyk borçnamalarnyy öz wagtynda doly ýerine ýetirmedi, şeýlelikde, desgadaky işler görkezilen möhletinde tamamlanmady. Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň resmi wekiliýeti bilen geçirilen geňeşmeleriň we gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, DIM-iň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Pars Enerji” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamany ikitarpalaýyn erkin ýagdaýda ýatyrmagyň zerurdygy hakyndaky teklibi hödürledi we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, degişli çäreleri geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem demir ýoluň gurluşygyny türkmen-eýran serhedine çenli Türkmenistanyň öz güýçleri bilen tamamlamagyň maksada laýyk boljakdygy aýdyldy.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde şu ýylyň 11-12-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Hökümet toparynyň Latwiýa Respublikasynya boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçiriljek türkmen-latwiýa gepleşikleriniň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk maksatlaryna laýyk gelýän işjeň, deňhukukly we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdygyny belledi. Şu jähetden Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, milli Liderimiz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda diňe bir Türkmenistan däl, eýsem, sebitiň ýurtlary üçin uly ähmiýeti bolan “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň gurluşygy ýaly möhüm halkara taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde durup geçdi. Bu ulag ugry boýunça ýükleriň gatnadylmagy, ýük gatnawlaryna bolan çykdajylar babatda bolşy ýaly, wagty tygşytlamakda, has takygy, häzirki dowam edýän ählumumy ykdysady çökgünligiň şertlerinde has-da derwaýysdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz, gynansak-da, dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünlik biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň biri bolan “Pars Enerji” kompaniýasynyň ýagdaýyna hem ýaramaz täsir etdi diýip aýtdy. Şu dörän ýagdaýlar sebäpli, bu kompaniýanyň demir ýoluň özüne ynanylan böleginiň gurluşygyny tamamlamaga ýagdaýy ýokdur. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz wise-premýer R.Seýitkulyýewe ýüzlenip, ýokarda agzalan demir ýoluň bir bölegini gurmak babatda bu kompaniýa bilen baglaşylan şertnamany ýatyrmak üçin degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Indi ýoluň şu bölegini öz güýjümiz bilen gurmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk işlerine çalt girişmek üçin zerur çäreleriň görülmegini talap etdi.

Soňra geljek hepdede Latwiýa Respublikasyna boljak resmi sapara görülýän taýýarlygyň meselelerine aýratyn ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolmagynyň çäklerinde dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürimegiň jähedinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 8 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, habar beriş serişdeleriniň, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we beýleki edaralaryň ýerine ýetiren işleri, şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatdan görnüşi ýaly, şu ýyl Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Tatarystan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, şeýle hem Awstriýanyň Wena şäherinde, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde hem halkara derejesindäki örän ähmiýetli çäreler guraldy.

Wise-premýer şeýle hem şu günler geçirilýän “Awaza – 2012” halkara forumynyň medeni wakalary, şeýle hem şu ýylyň 24 – 26-njy sentýabry aralygynda belli neşirýatçylaryň we işewürleriň gatnaşmagynda geçiriljek “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň VII halkara sergi – ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, kitap önümleriniň halkara gözden geçirilişine gatnaşmak baradaky çakylyga dünýäniň 20-ä golaý döwletinden neşirýat kompaniýalarynyň we firmalarynyň, meşhur neşirýat öýleriniň, ýörite ýokary okuw mekdepleriniň 70-den gowragynyň wekilleri seslendiler. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, edebi duşuşyklar, “tegelek stoluň başyndaky” söhbetdeşlikler, tanyşdyrylyş dabaralary, gadymy kitaplaryň we golýazmalaryň sergileri hem-de beýleki möhüm çäreler guralar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde medeniýet ulgamyny ösdürmegiň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Täze döwür bu möhüm ugurda işiň täze usullaryny we serişdelerini gözlemegi, işe örän jogapkärçilikli çemeleşmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri mynasyp beýan etmegi talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere öňümizdäki halkara sergisiniň ýokary derejede guralmagyny, onuň çäklerinde ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň gazananalarynyň mynasyp görkezilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle ynsanperwerlikli özara alyşmalar medeni däp-dessurlary baýlaşdyrýar, halklaryň ruhy gymmatlyklaryna düşünmäge we sarpa goýmaga ýardam edýär, medeniýetleriň özara gatnaşyklaryny ýola goýýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça möhüm çärelere ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz ulgamynda, himiýa pudagynda we balyk hojalygynda şu ýylyň 8 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 105,7 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 110,1 göterime barabar bolandygy bellenildi. Şunda daşary ýurtlara iberilen “mawy ýangyjyň” möçberi 12,8 göterim artdy.

Nebit önümleriniň öndürilişi barada aýdylanda bolsa, awtomobil benzinleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 106,3 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 109,1 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 121,1 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň ösüş depgininiň hem 114,4 göterime barabar bolandygy bellenildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça fosfor dökünleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 110,1 göterime, tehniki ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 103,2 göterime deň boldy.

Wise-premýer şeýle hem 5-nji sentýabrda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň 3-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Oňa döwlet we işewürler düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ykdysady hyzmatldaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň 4-nji mejlisini 2013-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi.

Wise-premýer 13-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Bu maslahat Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, olara milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň möhüm şerti, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň özboluşly kepili hökmünde garaýar diýip belledi. Şundan ugur almak bilen, biziň ýurdumyz özüniň energetika syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazyň çykarylyşyny we onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, “mawy ýangyjy” dünýäniň iri bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine bolan isleg barha artýar.

Türkmen döwleti energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine jogapkärli çemeleşip, gazy ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek babatda iri taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda halkara başlangyçlaryny öňe sürýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada durup geçip, iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek, dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda bu duşuşygyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän dostluk däplerine we taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň açylandygyny belläp, gazanylan ylalaşyklaryň ählisini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 8 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet durmuş syýasatynyň amala aşyrylyşy we ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzda çagalar baglarynyň 20-si, orta mekdepleriň hem 20-si, 1000 orunlyk çagalar—sagaldyş merkezi ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary 19 sany halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, 99 medal gazandylar.

Dünýäniň ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan halkara ylmy maslahatlaryň 5-si we halkara sergileriň 2-si geçirildi. Olara dünýäniň köp ýurtlaryndan alymlar, esasy ylmy-barlag edaralaryň, institutlaryň, halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem halkara çagalar festiwalyny geçirmek barada aýdyldy.

Şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen tarapynyň geçiren işleri, şeýle hem bu toparyň Ýerewan şäherinde geçirilen 4-nji mejlisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, sportuň we syýahatçylygyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini, bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli meseleleri, şeýle hem bu ugurlarda geçiriljek işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Ermenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara aýratyn orun degişlidir. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam edip, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir diýlip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň söwda we daşary aragatnaşyklar ministri B. Abaýewe söz berildi, ol hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 3-5-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen 8-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň gün tertibine özara peýdaly türkmen- özbek hyzmatdaşlygyny möhüm ugurlar boýunça ösdürmekde ileri tutulýan meseleler goşuldy. Ozal baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmagyň barşyna, şeýle hem geljegine uly umyt baglanýan pudaklaryň birnäçesi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýagdaýda ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şonda Özbegistanyň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän türkmen bazary babatda uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklara gadym döwürlerden bäri doganlyk-dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň mahsusdygyny aýratyn belläp, bilelikdäki toparyň işiniň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan türkmen –özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan netijeli gumanitar-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, şu ugra degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinie çagyrylan Türkmenistanyň maliýe ministri D. Sadykow ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 3-4-nji sentýabrynda bilelekdäki toparyň Aşgabatda geçirilen 3-nji mejlisine iki ýurduň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem dürli pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen rumyn kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

Nobatdaky mejlisiň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi, şeýle hem iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki işiň meýilnamalary kesgitlenildi. Türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk we özara peýdaly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bilelikdäki toparyň türkmen böleginiň başlygynyň habar berşi ýaly, duşuşugyň barşynda Rumyniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge meýillidikleri habar berildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususan-da, soňky ýyllarda taraplaryň erkin islegi netijesinde işjeň häsiýete eýe bolan türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan oňyn bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň köp ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegi we onuň baýlaşmagy şol syýasatyň aýdyň netijesidir. Soňky döwürde geçirilen duşuşyklar hem-de gepleşikler, şol sanda hökümetara türkmen-ukrain, türkmen-ermeni, türkmen-özbek we türkmen-rumyn toparlarynyň gatnaşyklary halkara hyzmatdaşlygynyň ösýändigini alamatlandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynda saparda bolýar we ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, dürli pudaklardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýär.

Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda bilelikdäki hökümetara toparynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz toparyň netijeli işiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we köp ugurly gatnaşyklary giňeltmek üçin netijeli usulyň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz D.Sadykowa hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow şu ýylyň sekiz aýynda obasenagat toplumynda gazanylan esasy görkezijiler barada hasabat berdi. 2012-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda oba hojalyk toplumy boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 101,7 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda pagta ýygymynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Uçarlaryň kömegi bilen, gowaçanyň ýapraklary düşürilýär. Güýzlük gallanyň ekişi bellenilen iş tertibine laýyklykda we ähli zerur agrotehniki çäreleri berjaý etmek arkaly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, oba hojalygyny özgertmek, dänäniň, pagtanyň we beýleki möhüm oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň berjaý edilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň we işleri takyk utgaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki oba hojalyk işleriniň – pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň şu ulgamdaky wezipeleri berjaý etmekde nobatdaky ädime öwrüljekdigini belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryny pudagy sazlaşykly ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalaryň göwnejaý ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ulag we aragatnaşyk pudaklarynda 2012-nji ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şu ýylyň 17-19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2012” atly VI halkara sergisini hem-de halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe awtomobil, demir ýol we howa ulaglary kärhanalarynda gazanylan esasy görkezijiler barada aýdyp, daşalan ýükleriň möçberiniň we gatnadylan ýolagçylaryň sanynyň ösüş depgininiň degişlilikde 113,8 göterime we 107,5 göterime deň bolandygyny habar berdi. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça bu görkezijiler degişlilikde 101,5 göterime we 100,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bolsa bu görkeziji degişlilikde 122,8 göterime we 124,7 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy boýunça ýolagçylary gatnatmagyň ösüş depgini 102 göterim boldy.

Hasabat döwründe aragatnaşyk ulgamynda telefon nokatlaryny gurnamak baradaky meýilnama 2 esse ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi we şu pudaklarda göz öňünde tutulan ähli maksatnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligiň üpjün edilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň golaýdaky we alysdaky ýurtlar bilen dünýä hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmekde ulag ulgamynyň ähmiýeti baradaky gürrüňi dowam edip, döwletimiziň ähli ulag pudaklarynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga, olara iň öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmaga uly serişdeleri goýberýändigini nygtady. Bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagy ulag ulgamynyň kärhanalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämil tehnologiýalar bilen üpjün etmek, şeýle hem ýolagçylara we aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerinden peýdalanýanlara edilýän hyzmatyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz öňümizdäki “Türkmentel-2012” atly VI sergisi hem-de “Türkmenistan we dünýä maglumat-kommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahaty barada durup geçip, aragatnaşyk ulgamynyň döwletiň ykdysady taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Häzirki zaman telekommunikasiýasy dünýäniň iň alysdaky künjeklerini ýakynlaşdyrýar, uzyn ýollary gysgaldýar, dünýäniň halklarynyň arasyndaky dostlugy we doganlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän ХХI asyrda adamyň durmuşynda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary möhüm orun eýeleýär. Häzirki zaman jemgýetinde telekommunikasiýa ulgamy aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýokary ykdysady netijeleri gazanmaga, durmuş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu möhüm çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2012-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda gurluşyk pudagynda, gurluşyk materiallary we elektroenergetika senagatynda ýokary görkezijiler gazanyldy.

Gurluşyk ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş dergini 116,3 göterime deň boldy. Senagat ministrligi boýunça şu döwürde meýilnama 108,4 göterim, şol sanda sement öndürmek 126,9 göterim, magdan däl önümleriň öndürilişi 105,6 göterim, diwarlyk materiallaryň öndürilişi 109,2 göterim ýerine ýetirildi. Energetika ministrligi boýunça bu görkeziji 118,1 göterime deň boldy.

Jemagat hojalygy minstrligi boýunça meýilnamalaşdyrylan işleriň ýerine ýetirilişi 112,2 göterim boldy. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary hödürlmek boýunça ösüş depgini 121,7 göterime barabar boldy. Hasabat berilýän döwürde ulag ýollaryny abatlamagyň meýilnamasy 121,1 göterim, senagat önümleriniň öndürilişini 127,9 göterim, taslama-ýol gurluşygy boýunça tabşyryk 153,4 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaynyň ýerne ýetirilişi hakynda aýtmak bilen, wise-premýer gurluşyk, energetika we senagat pudaklarynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy “2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barylýan işleriň barşynda bu pudaklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýeriň hasabatynyň çäklerinde her ýylyň 8-nji sentýabrynda bellenilýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek iri çärelere görülýän taýýarlyk hakynda aýdyldy. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen geçiriljek halkara maslahaty bar.

Şeýle hem hökümet Baştutanynyň orunbasary türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara, hususan-da, Owganystan Yslam Respbulikasyna iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän işler hakynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, elektrik geçirijiler ulgamy boýunça elektroenergiýa yzygiderli ugradylýar. Owgan tarapynyň ugradylýan toguň möçberlerini artdyrmak hakyndaky haýyşyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrligine ugradylýan elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmak hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar bermäge degişli ýörite resminama taýýarlandy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty jemläp, Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýokary depginlere eýe bolmagy gurluşyk ulgamynyň depginlerini ýokarlandyrmagy, gurluşyk materiallarynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip belledi. Gurluşyk pudagynda önümçilik görkezijileriniň sazlaşykly ösüe eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň edaralarynyň we kärhanalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ünsi çekdi. Şu jähetden milli Liderimiz täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikalary has giňden peýdalanmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrbaplaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Gurluşyk, energetika we senagat pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz görkezilen resminamanyň taslamasyny umuman oňlady. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, şu maksatnamada görkezilen ähli wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine zerur gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

“Türkmenistanyň energetika senagatynyň esasy ugurlary “ atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle çäreleriň häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýeten derejesini aýdyň beýan edýär diýip belledi. Tejribe alyşmak we dürli pudaklar boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmagyň jähedinde şunuň ýaly çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Häzirki döwürde Türkmenistan energiýa serişdelerini eksport edýän iri döwletleriň biri bolmak bilen, biziň ýurdumyz Owganystan Yslam Respublikasy bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydyr we goňşy ýurduň ykdysady taýdan ösmegine hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Köp ýyllaryň dowamynda Owganystan türkmen elektrik energiýasyny esasy sarp ediji döwletleriň biridir. Häzirki döwürde goňşy ýurduň ykdysady ösüşi we Türkmenistanyň energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy energetika pudagyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin amatly şertleri emele getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda elektrik energiýasynyň ugradylýan möçberlerini artdyrmak hakyndaky goşmaça ylalaşyga gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer diýp, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy “2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň jähedinde alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ägirt uly uglewodorod serişdeleri bolan Türkmenistan özüniň energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrýar we tehniki taýdan enjamlaşdyrýar, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda Amyderýanyň kenarlarynda, Merkezi Garagumda, deňiz ýalpaklygynda, Hazaryň kenarýaka zolagynda täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamy kemala getirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagynda öndüriji, üstaşyr geçiriji we energiýa serişdelerini sarp ediji ýurtlaryň hukuklarynyň we borçnamalarynyň bitewüligini anyk kesgitleýän netijeli hukuk guralynyň döredilmegine gönükdirilen sebitara energetika hyzmatdaşlygynyň döredilmegi hakynda barýar.

Şeýlelikde, 2009-njy ýylyň dekabrynda Ýewraziýa yklymynda, täze, döwrüň talabyna laýyk gelýän üstaşyr-ulag energetika ulgamynyň başyny başlan Türkmenistan-Hytaý gaz geçrijisiniň ulanmaga tabşyrylmagy bu pudak boýunça ýola goýulýan ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy örän derwaýysdyr. Oňa gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleriniň, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleriniň taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň üstünde netijeli iş alyp barmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde Singapur, Nýu-Ýork, London şäherlerinde öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe düzümlerini gaz geçirijiniň gurluşygyny we onuň ulanmaga berilmegini üpjün etjek konsorsiumyna çekmek maksady bilen, işewürlik tapgyrlaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumynda Russiýa Federasiýasy we Eýran bilen däp bolan hyzmatdaşlyk işjeň dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň energetika syýasatynda Ýewropa ugry has-da möhüm bolup durýar. ÝB agza ýurtlaryň energiýa serişdelerine bolan yzygiderli artýan islegleri, şeýle hem Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa etmek strategiýasy energetika pudagyndaky özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolan gyzyklanmalary şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ugratmagyň guralyny işläp taýýarlamaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanma Ýewropa Komissiýanyň başlygy Žoze Monuel Barrozunyň 2011-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda tassyk edildi. Gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli hukuk binýadyny döretmek, energetiýa pudagyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we şertlerini kesgitlemek maksady bilen, ýokary derejedäki iş topary döredildi. Onuň düzümine ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň—önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň hökümetleriniň resmi wekilleri girizildi. Häzirki döwre çenli şol toparyň çäklerinde, şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlarynda, Azerbaýjanda gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabatda halkara energetika giňişliginde hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan ministrlikara derejesindäki dörttaraplaýyn duşuşykda bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň nobatdaky tapgyry kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyk edilen ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleri dünýä bileleşiginiň hyzmatyna gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda anyk, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär diýip belledi. Birnäçe iri taslamalary öňe süren ýurdumyz bu pudakda ägirt uly oňyn tejribeleri toplady we Türkmenistan daşary ýurtly, şol sanda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin, deňhukukly we özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garamaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda tebigy gazy halkara bazarlaryna ugratmagy diwersifikasiýa etmek boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Ykdysady bähbitlere daýanýan we ygtybarly sarp edijileriň türkmen gazyna bolan ýokary isleglerini nazara almak bilen, Türkmenistan gaz eksport ugruny tapgyrlaýyn giňeldýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Häzirki döwürde ol Ýewraziýa yklymynyň dürli künjeklerinde ýerleşen birnäçe döwletleri öz içine alýar we biz mundan beýläk-de şu ugra eýermek arkaly, energetika taslamalaryny syýasylaşdyrman, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlara tebigy şazy öz serhedimizde satarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hasabat döwründäki makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli we durnukly ösýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine ýardam berendigi habar berildi.

2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat we gurluşyk pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagynyň hasabyna jemi içerki önümiň ösüş depginleriniň durnukly bolmagy üpjün edilýär. 2012-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 35,8 göterim köpeldi. Maýa goýumlarynyň esasy bölegi ýurdumyzyň senagatynyň toplumlaýyn we köp ugurlar boýunça ösdürilmegine, döwrebap we kämil önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine, sebit we halkara ähmiýetli ulag geçelgeleriniň gurulmagyna, ilatymyzyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjin edilmegine gönükdirildi.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 61,3 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdejili bölegi 132,1 göterim we çykdajyly bölegi 95,2 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek boýunça hasaplaşyklar dolulygyna we gijikdirilmän geçirildi. 2011-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdireniňde, ortaça zähmet haky 11,1 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyndan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna gelip gowşan daşary ýurt pullary barada aýdyldy. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bu görkeziji boýunça meýilnama 139,5 göterim berjaý edildi, munuň özi 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42 göterim köpdir.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hem hasabat berdi.

Hasabat bermegiň çäklerinde, hökümet Baştutanynyň orunbasary hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň birinji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada gürrüň berdi, bu mejlis 10-njy sentýabrda Latwiýa Respublikasynyň paýtagty Rigada geçiriler. Mejlisiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere garalar. Geçiriljek duşuşygyň gün tertibi Latwiýanyň wekilleri bilen bellenilen tertipde ylalaşyldy. Latwiýa tarapyndan orta atylan teklipler ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda öwrenildi we ylalaşyldy. Toparyň işiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekiler, şonda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde ileri tutulýan ugurlar öz beýanyny tapar.

Wise-premýer GDA agza bolup durýan ýurtlaryň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi, bu mejlis şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriler. Wise-premýer bellenilen çäräni guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynyň taslamasynyň taýýarlanandygyny hem-de Aşgabatdaky duşuşugyň maksatnamasynyň jikme-jik işlenip düzülýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegini üpjün etmegiň ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýandygyny hem-de bellenilen ähli meýilnamalaryň we uzak möhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hut şoňa baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagy üçin degişli çäreleri görmegi hem-de maliýe-ykdysady düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigi barada aýdyp, geljegine uly umyt baglanýan bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň we giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň gyzyklanma bildirýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem kompaniýalarynyň we kärhanalaryň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, bilelikdäki hökümetara toparynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Milletiň Lideri Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-latwiýa toparyna türkmen tarapyndan gatnaşýan düzümi tassyklamak baradaky Kararyň hödürlenen taslamasyny umuman oňlap, oňa gol çekdi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde GDA agza bolup durýan ýurtlaryň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisiniň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada durup geçip, Türkmenistanyň Arkalaşyga goşulýan döwletler bilen gatnaşyklary däbe öwrülen dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus bolan ýörelgelerden ugur almak arkaly guraýandygyny aýtdy. GDA-nyň işlerine gatnaşmak türkmen döwletiniň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitleriniň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär. Milletiň Lideri geçiriljek çäräniň möhümdigini belläp, degişli Buýruga gol çekdi hem-de Aşgabatdaky duşuşygyň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjin etmek üçin zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Mejlisde berlen hasabatlary umumylaşdyryp, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sekiz aýynda gazanylan netijeler ýurduň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini alamatlandyrýar diýip belledi. Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 111,1 göterim artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr, Senagat önümçiliginiň möçberleri artdy, onuň ösüş depgini 133,2 göterime, gurluşykda bolsa ösüş 118,3 göterime deň boldy, söwda we hyzmatlar ulgamynda, beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri saklanyp galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet býujetiniň girdejili bölegi onuň çykdajyly böleginden has ýokary bolmagynda galýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 135,8 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 142,8 göterim ýokarlandy we 20 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy, ilaityň zähmet hakynyň möçberi hem 111,1 göterim artdy, milli puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi göz öňünde tutulan çäklerde saklanýar diýip nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen üpjünçilik ulgamyny döretmek üçin milliardlarça serişde goýberildi. Netijede, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Mundan başga-da, medeniýet merkezleri, sport toplumlary, täze zawodlar we fabrikler, ulag we inženerçilik kommunikasiýalary, awtomobil ýollary, suw we gaz geçirijileri, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk desgalary we başga-da köp sanly desgalar bina edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny gorap saklamak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam edýäris diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzda däp-dessurlarymyzy we urp-adatlarymyzy gorap saklamak, sernetçiligi ösdürmek, baý taryhymyzy öwrenýän institutlary döretmek babatda maksada laýyk işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine telekeçiler hem işjeň gatnaşýarlar, şeýle hem oba hojalyk toplumynyň işgärleri bugdaý ekişine we pagta ýygymyna ýokary depginler bilen girişdiler diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän möhüm wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününi mynasyp garşylamak maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň durmuş-ykdysady ösüş boýunça döwlet maksatnamasynda bellenen işleri üstünlikli ýerine ýetirmek we halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça anyk wezipeler bar.

Milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taýýarlanylmagyna aýratyn üsn bermegiň zerurdygyny belledi we bilim, medeniýet ulgamlaryna we durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen serişdeleriň möçberleriniň artdyrylmagyny göz öňünde tutmalydygyny aýtdy. Mundan başga-da, 2013-nji ýyl üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň iş meýilnamalarynyň zerur derejede taýýarlanmalydygy bellenildi.

Biz geljek ýyl hem halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine ykdysaýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini saklap galmalydyrys we has-da ösdürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe meselelere seredildi we degişli resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.