Ï Türkmenistanda Horwatiýanyň ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Horwatiýanyň ilçisi işe başlady

view-icon 716
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Horwatiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Dražen Hrastiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmek boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Horwatiýanyň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hem-de Prezident Iwo Ýosipowiçiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik özgertmeler ýoluna gadam basan türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Netijeli halkara hyzmatdaşlyk we iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny işjeň çekmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Horwatiýaly ilçi şeýle hem türkmen Lidiriniň ýolbaşçylygynda geçirilýän durmuş maksatly, giň gerimli özgertmeleriň barşy hakynda habarly edildi.

Türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, senagat, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, gurluşyk, sport, bilim, syýahatçylyk we milli ykdysadyýetimiziň beýleki esasy pudaklarynyň birnäçesi görkezildi. Türkmenistan we Horwatiýa olary ösdürmäge uly ähmiýet berýärler.

Bellenilişi ýaly, Horwatiýanyň işewür toparlary bilelikde işlemäge açylýan mümkinçiliklere ýokary baha berýärler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän «açyk gapylar» syýasaty we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýy munuň üçin oňat şertleri döredýär.

Mejlisde geçirilen duşuşygyň çäklerinde parlamentara türkmen-horwat gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesine öwrüldi. Olaryň berkidilmegi umumy pikire görä, syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam eder.