Ï Türkmenistan-ABŞ: medeni miras ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: medeni miras ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 725
Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň mejlisler zalynda “ABŞ-nyň Ilçisiniň medeni mirasy aýawly saklamak boýunça gaznasy” atly ýyllyk maksatnamanyň nobatdyky ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirligi tarapyndan hödürlenen taslamalar onuň esasyny düzdi.

Birinji taslama bu möhüm ugur boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmak bilen, ol türkmen halk sazlarynyň seýrek duşýan ýazgylarynyň aýawly saklanmagyna hem-de birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ekspedision işleriň barşynda toplanan we konserwatoriýada saklanýan saz folklýorynyň ähli görnüşlerine we bagşylaryň sungatyna degişli toplumy ösdürmek üçin binýadyň döredilmegine bagyşlandy. Bu ýazgylar tehniki taýdan könelen formatdadyr, olaryň arasynda winil gramplastinkalary, audio we wideo kassetalar bar, köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsindäki magnitiň güýji gaçypdyr. Muňa garamazdan, olarda gymmatly mukamlar hem-de dessanlary we türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyrlarynyň goşgularyna düzülen aýdymlary ýerine ýetiren meşhur bagşylarynyň sesleri bar we bular milli medeniýetiň altyn hazynasyna goşuldy. Konserwatoriýanyň hünärmenleri könelen ýazgylary sanly formata geçirmek, ýazgylardaky akustiki galmagaly we plýonkalaryň zeper ýeten ýerlerini arassalamak, tutuş toplumy toparlara bölmek hem-de internetde asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten we millionlarça diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolan türkmen sazyna bagyşlanan saýty açmak bilen bagly işleri geçirmeli bolar.

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň saýlan ikinji taslamasyna laýyklykda, onuň maksady XI-XII asyrlara degişli täsin arhitektura ýadygärligi diýilip hasaplanylýan Daýahatyn kerwensaraýynyň bejerişe mätäç bolan ýerlerini abatlamakdan ybarat bolup durýar. Bu kerwensaraý Garagumyň çetinde we Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýär. Ol tutuş Orta Aziýa boýunça has oňa saklanyp galan şunuň ýaly görnüşdäki ýadygärlikdir. Muňa garamazdan takmynan müň ýylyň dowamynda oňa zeper ýetmegi Daýahatynyň häzirki ýagdaýyny kanagatlanarly diýip hasaplamaga mümkinçilik bermeýär. Binanyň gurluşyndaky birentek ýerler we onuň ajaýyp bezegi abatlanmaga mätäç ýagdaýdadyr. Bu ýadygärligi dolulygyna dikeltmek boýunça köp we çylşyrymly işleri geçirmeli bolar, şoňa görä-de diwarlaryň, basyrgylaryň we örtgüniň zeper ýeten ýerlerini konserwirlemek hem-de diňe kerwensaraýyň gündogar tarapynda esasy girelgesiniň ýerleşýän ýeriniň we howlynyň öň tarapyny kem-käsleýin dikeltmek bu taslamanyň ahyrky netijesine öwrülmelidir. Munuň özi binanyň bezegine degişli gymmatly elementleriň ýitirilmeginiň öňüni almaga hem-de köp sanly syýahatçylaryň bu binany howpsuz synlamagyna mümkinçilik berer we onyň mundan beýläk-de ylmy taýdan öwrenmek üçin elýeterli bolmagyna getirer. Galyberse-de, kerwensaraýyň dürli döwürlerdäki daşky keşbiniň birnäçe nusgalaryny 3D formatda wirtual görnüşde durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Taslamanyň netijeleri ylmy neşirlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerde çap ediler, şunda toplanan tejribäniň orta asyrlara degişli yslam binalaryny täzeden dikeltmek boýunça dünýädäki tejribäni has-da baýlaşdyrjakdygyna söz ýok. Medeni-gumanitar ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, medeni mirasy aýawly saklamak boýunça ilçi gaznasy 2001-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan döredildi hem-de amerkan hökümetiniň daşary ýurtlaryň arheologik gazuw –agtaryş işlerini goramak, taryhy binalaryň, muzeýlerdäki toplumlaryň, gadymy golýazmalaryň we seýrek duşýan neşirleriň täzeden dikeldilmegine, sazyň, tansyň we diliň adaty görnüşleriniň dokumentleşdirilmegine gönükdirilen taslamalaryna goldaw bermek baradaky maksatnamasy bolup durýar. Geçen on bir ýylda Türkmenistanda ilçiniň gaznasy tarapyndan dürli taslamalaryň eýýäm 15-sine goldaw berildi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Patterson 2012-nji ýyldaky bäsleşigiň ýeňijilerine gutlag hatlaryny gowşurdy, soňra olar öz taslamalary barada gysgaça çykyş etdiler. Şeýle hem, dabara ýurdumyzyň medeni miras boýunça döwlet edaralaryň wekilleri, alymlar we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.