Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 12-15-nji sentýabry aralygynda Moskwada geçirilýän “Ilatyň saglygy – Arkalaşyga agza ýurtlaryň gülläp ösmeginiň esasy” atly döwletara maslahatyna gatnaşyjylara Gutlagy iberdi.
Milli Liderimiz Gutlagynda döwletara forumynyň çäklerinde geçirilýän sergide Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi biziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejeleri, pudakda amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyrar we ulgamyň ösüşiniň esasy ugurlaryny dünýä bileleşigine ýetirer, şeýle hem foruma beýleki gatnaşyjylar bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýoluny we alymlaryň, hünärmenleriň özara tejribe alyşmalarynyň ugruny kesgitlär diýip ynam bildirdi.
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, munuň özi dürli ýurtlarda geçirilýän forumlarda türkmen döwletiniň ýeten derejesi aýratyn bellenildi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň ilatyň saglygyny goramak ugrunda, ýokanç keselleriň öňüni almak işinde we sagdyn nesili kemala getirmekde gazanýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr diýlip, döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.