Ï Türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlenildi

view-icon 706
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Latwiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň ýolbaşysy, ýurdumyzyň hökümet agzalary, beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Riga şäheriniň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň trapyndan uzalyp gidýän haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Latwiýanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Latwiýa Respublikasynyň ulag ministri jenap Aýwis Ronis, Latwiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokolynyň ýolbaşçysy jenap Rets Plesums we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni “Redisson Blu Daugawa” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady. Bu kaşaň myhmanhana iň ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin niýetlnip, ol Daugawa derýasynyň owadan kenarynda ýerleşýär. Şu ýerden Köne Riganyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär. Ol ýerde Latwiýanyň paýtagtynyň taryhy-medeni binalarynyň köpüsi ýerleşendir.

Latwiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparyna täze taryhy eýýamda döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek jähetinde aýratyn ähmiýet berilýändigini bellemeli. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň oktýabrynda Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelipdi. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça ileri tutulýan ugurlar babatda özara peýdaly iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu gezek Rigada geçirilýän ýokary derejedäki türkmen-latwiýa gepleşikleri döwletara görnüşinde bolşy ýaly, soňky ýyllarda netijeli ösüşe eýe bolan Türkmenistany-Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda resmi saparynyň öňüsyrasynda Rigada Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda taraplaryň uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan meýilleri tassyk edildi.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi. Binanyň Latwiýanyň Prezidentiniň täze kabulhanasydygy bellärliklidir. Ol Riganyň taryhy merkezinde, XIV asyra degişli binagärlik ýadygärligi görnüşindäki, köne çyzgylar boýunça biziň günlerimizde täzeden dikeldilen binada ýerleşýär. Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky gepleşikler Latwiýa Respublikasynyň Baştutanynyň täze kabulhanasynda ýokary derejede geçirilen ilkinji duşuşykdyr.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulagy kabulhananyň binasynyň öňündäki Ratuşa meýdançasynda saklanýar. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş tüýs ýürekden we mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, özleri üçin niýetlenen ýere barýarlar.

Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi iki döwletiň Baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda raport berýär. Türkmenistanyň we Latwiýanyň Prezidentleri nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçýärler.

Soňra dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimizi Latwiýa Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz latwiýaly kärdeşini ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentleri kabulhananyň binasyna barýarlar. Bu ýerde, Dabaralar zalynda Türkmenistanyň we Latwiýanyň Prezidentleriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy geçirildi. Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentleri ýokary derejnde ikiçäk duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan “Lýubek” zalyna bardylar.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda iki ýurduň Liderleri ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar, munuň özi dostlukly türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň latwiýaly kärdeşine elde dokalan ajaýyp türkmen halysyny sowgat berdi. Şol halynyň ýany bilen degişli sertifikat gowşuryldy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidentine gadymdan bäri nesilden-nesle geçip gelýän türkmen halyçylygynyň däpleri barada gürrüň berdi. Türkmen halyçylarynyň elde dokan halylary häzirki güne çenli özüniň gözelligi we ýokary hili bilen dünýäni haýran galdyrýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly kitaby meşhurlyga eýe bolan milli halyçylyk sungatyna bagyşlanýar. Dostlukly döwletiň Baştutanyna hut halynyň sowgat berilmegi hem tötänden däldir. Çünki, türkmen halylary türkmen halkynyň gözelligini we onuň kalbynyň açyklygyny şöhlelendirýän milli gymmatlygydyr.

Prezident Andris Berzinş, ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, türkmen kärdeşine häzirki zaman latwiýaly suratkeşiň Köne Riganyň keşbi şekillendirilen suratyny sowgat berdi. Latwiýanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, köne şäheriň binagärlik gymmatlyklary rigalylaryň we bütin latwiýa halkynyň hakyky buýsanjy bolup durýar. Bu surat Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hormatyň nyşany we milli Liderimiziň Latwiýanyň paýtagtynda bolmagyndan ýadygärlik hökmünde gowşuryldy.

Soňra “Lýubek” zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirildi.

Prezident Andris Berzinş belent mertebeli türkmen myhmanyny Latwiýanyň paýtagtynda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Latwiýa resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu gezekki ýokary derejede geçirilýän duşuşygyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolandygyny belledi. Latwiýanyň Lideri öz ýurdunda durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini aýdyň beýan edýän Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan netijelerine uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini nygtady. Rigada özüniň türkmen kärdeşini kabul edýändigine tüýs ýürekden şatdygyny bellemek bilen, Prezident Andris Berzinş bu gepleşikleriň iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýlläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine, şeýlle hem iki ýurduň halkalarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Mähirli kabul edilendigi üçin özüniň latwiýaly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň Latwiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine hemişe taýýardygyny tassyklap, milli Liderimiz däp bolan özara gatnaşyklaryň has-da netijeli häsiýete eýe bolmagynda ähli amatly şertleriň bardygyny belledi we munuň häzirki döwrüň talaplaryna hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýändigini aýtdy.

Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak, işjeň hem-de netijeli esasda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Söwda-ykdysady pudagy, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagatyň beýleki pudaklary, şeýle hem medeni-gumanitar ugurlar döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ulgamlar hökmünde görkezildi.

Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentleri özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatiki ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler Latwiýa zalynda Türkmenistanyň we Latwiýanyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Latwiýanyň bu sapara uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu sapar soňky ýyllarda örän işjeňleşen iki taraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýanyň Lideri iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl bolýandygyny belledi.

Prezident Andris Berzinş söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, Latwiýanyň bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Munuň üçin bu ulgamda ähli mümkinçiliklder bar. Dostlukly ýurduň Baştutany şeýle hem türkmen-latwiýa işewür gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň we giňeldilmeginiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi bilelikdäki netijeli iş üçin ähli mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň işiniň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Onuň birinji mejlisi Rigada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Senagat ulgamynda we önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmakda gatnaşyk etmek hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde görkezildi. Hususan-da, Latwiýanyň Prezidenti dokma senagatyny, şeýle hem oba hojalygyny özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň hataryna goşdy.

Latwiýa Respublikasynyň Baştutany ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň derwaýysdygyny belledi. Prezident Andris Berzinş Latwiýanyň Türkmenistan bilen bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Latwiýa tarapynyň port hojalygyny ösdürmek we logistika ulgamynda türkmen hyzmatdaşlary bilen öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Latwiýa Respublikasynyň Baştutany gumanitar-medeni ulgamda, hususan-da, bilim babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň soňky ýyllarda bu möhüm ulgamda gazanan haýran galdyryjy üstünlikleriniň Latwiýada mälimdigini belledi. Prezident Andris Berzinş latwiýa tarapynyň Türkmenistanyň bu ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, şol sanda hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge degişli tekliplerine hökmany suratda garajakdygyny nygtady. Latwiýanyň Baştutanynyň pikirine görä, saglygy goraýyş ulgamynda hem özara peýdaly tagallalary birikdirmek üçin oňat geljek açylýar.

Prezident Andris Berzinş däbe öwrülen medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine degip geçip, 2014-nji ýylda Riganyň Ýewropanyň medeni paýtagtlarynyň birine öwrüljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýanyň Lideri şu şanly waka gabatlanylyp geçiriljek çärelere gatnaşmaga Türkmenistany çagyrmak meýlini beýan etdi.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa şu saparynyň we Rigada geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi we dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň latwiýaly kärdeşini resmi sapar bilen Latwiýa gelmäge çakylygy we mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda şu sapara türkmen -latwiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmekde möhüm orny eýelejek waka hökmünde baha berilýär diýip belledi. Şunda türkmen döwletiniň baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we birek-biregi gyzyklandyrýan halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy boýunça netijeli pikir alyşmaga latwiýaly dostlarymyzyň çalyşýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek üçin gowy esas hökmünde syýasy-diplomatik we medeni-gumanitar ugurlarda toplanan oňyn tejribäniň bardygyny nygtady. Bu gürrüňi dowam etdirip, türkmen Lideri şu gepleşikleriň iki döwletiň iň täze taryhynda şanly wakanyň öň ýanynda geçirilýändigini aýratyn nygtady. Ýakyn wagtda, ýagny 2013-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bellenilip geçiler. Bu döwürde döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandy, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde bilelikde iş alnyp baryldy hem-de oňyn arkalaşyk ýola goýuldy. Häzirki döwürde biz şeýle syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini giňeltmäge çalyşýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biz özara ynanyşmagy we hormatlamagy, birek-birege bähbitli hem-de deňhukukly gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi sebit we ählumumy möçberlerde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin zerur şertler diýip hasap edýäris diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň möhüm meseleleri, aýratyn-da, parahatçylygy we howpzuslygy berkitmek, adamzada abanýan wehimleriň we howplaryň öňüni almak boýunça tagallalary birleşdirmek barada Türkmenistanyň we Latwiýanyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany iri halkara guramalarynyň derejesinde, ilki bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberinden Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlaryny goldaýandygy üçin, hormatly Prezident Andris Berzinşe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Öz tarapyndan, Türkmenistan Latwiýanyň halkara syýasatynyň möhüm meselelerine bolan garaýşyna, ýurtlaryň we sebitleriň ykdysady taýdan durnukly ösmegini gazanmak boýunça oňyn hyzmatdaşlyk etmek ugrunda alyp barýan işlerine uly hormat goýýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Ýewropa Birleşiginiň iň işjeň agzalarynyň biri bolmak bilen, türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygyny giňeltmekde Türkmenistanyň örän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki guramalaryň çäklerinde arkalaşykly hereket etmegiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagy maksat edinýändigini aýtdy. Şunda türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini has işjeň peýdalanmagy maksadalaýyk hasap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Latwiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bolup geçen geňeşmeler bu ugurda möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça mundan beýläk-de has jikme-jik pikir alyşmak we anyk teklipleri taýýarlamak zerurdyr. Türkmenistan bilen Latwiýa geografiýa taýdan amatly şertlerde ýerleşýär. Bu bolsa, dünýäniň möhüm sebitlerini birleşdirýän söwda-ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça halkara taslamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga ýardam berýär. Mundan başga-da, biziň döwletlerimiziň ykdysadyýeti maýa goýum babatda özüne çekiji, durnukly bolmagy we oňat ösüş mümkinçilikleri bilen häsiýetlenýär diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdirdi. Bu ýagdaýlaryň ählisi geljegi uly bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin oňyn esas bolup hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn söwdanyň möçberiniň güýçli depginler bilen ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Eger, 2011-nji ýylda haryt dolanyşygynyň möçberi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 1,5 esseden hem köp ösüp,125 million amerikan dollaryna barabar bolan bolsa, iň ýakyn döwürde bu görkezijiniň 2 esse artmagyna garaşylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Latwiýa iberýän harytlarynyň köp böleginiň nebit önümleridigini belläp, ýakyn wagtda daşary söwda amallarynyň ep-esli giňeljekdigine ynam bildirdi. Hususan-da, Türkmenistan dokma önümlerini, oba hojalyk pudagynda, gaýtadan işleýän senagatda hem-de beýleki pudaklarda öndürilýän önümleri ibermegiň möçberlerini has-da artdyryp biler. Döwletimiziň ykdysady strategiýasyny nazara almak bilen, biz dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek üçin oňat esaslaryň döredilendigini görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu, aýratyn-da, ulag pudagynda, ýokary tehnologiýalar, gurluşyk, derman senagaty pudaklarynda we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi.

Mälim bolşy ýaly, nebitgaz pudagyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biz uglewodorod çig malyny öndürmegi artdyrmak bilen birlikde, nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagatynyň üpjünçilik ulgamyny hem giňeldýäris. Soňky ýyllarda Türkmenistanda suwuklandyrylan gazy öndürýän zawodlar toplumy peýda boldy. Suwuklandyrylan gaz daşary ýurtlara köp möçberde iberilýär. Biz latwiýaly kärdeşlerimiz bilen hem bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlyk edip bilerdik diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Mundan başga-da, aragatnaşyk we kommunikasiýa, elektrik energetikasy, agrosenagat toplumy, dokma senagaty we beýleki ençeme pudaklar, biziň pikirimizçe, bilelikde işlemek üçin geljegi örän uly bolan ugurlardyr. Şunuň bilen birlikde, biziň resmi saparyň öň ýanynda geçirilen Türkmen-latwiýa hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleri hem örän peýdalydyr. Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem iki döwletiň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we ösdürilmegi türkmen-latwiýa işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmekde örän möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, hususan-da, Riganyň we Wéntspilsiň erkin portlaryny ösdürmek, Liýepáýa ýörite ykdysady zolagyny, senagat parklaryny, şeýle hem bank we maýa goýum işini ösdürmek boýunça Latwiýanyň tejribesine Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-latwiýa hyzmatdaşlyk meselesini dowam etdirip, biziň ýurtlarymyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň halkara çäreleriniň we sergileriniň çäklerinde geçirýän duşuşyklarynyň hem peýdaly bolup durýandygyny belledi. Türkmen Lideri taraplaryň ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini aýdyp, şu maksat bilen, iki ýurduň Hökümetine iň ýakyn wagtda şeýle hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrmak maksadalaýyk bolar diýip nygtady. Medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk, ylym we bilim, edebiýat we sungat, umuman, döredijilik ulgamynda tejribe alyşmak hem netijeli türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Latwiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmagyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň has netijeli görnüşlerini ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Hususan-da, tehniki hünärli ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça Latwiýanyň tejribesi biziň üçin gyzyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmenistanyň hem-de Latwiýanyň ulag we aragatnaşyk pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi.

Syýahatçylyk ulgamynda hem özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler döreýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan syýahatçylygyň ösdürilmegine we degişli häzirki zaman düzüminiň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyzda Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslama hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Sporty ösdürmek we höweslendirmek hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň ençemesi guruldy we olaryň gurluşygy häzirki wagtda hem giň gerimde dowam etdirilýär. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. 2017-nji ýylda bolsa türkmen paýtagtynda ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şeýlelikde, sport ulgamy hem Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup biler.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti bu pikiri goldap, öz nobatynda, Latwiýada oňat sport binýadynyň we tejribeli tälimçileriň bardygyny belläp, onuň türkmen türgenlerini we tälimçilerini okuw türgenleşiklerine kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda, Türkmenistana hormat goýulýandygy we hyzmatdaşlyk etmäge tüýs ýürekden gyzyklanma bildirilýändigi, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň Latwiýanyň myhmansöýer topragynda bolan döwründe döredilen örän oňat şertler üçin Latwiýa tarapyna minnetdarlyk bildirip, özüniň latwiýaly kärdeşine berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikler, Latwiýanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň şeýle giň möçberli tanyşdyrylyşy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, Latwiýanyň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, Latwiýa Respublikasynyň Prezidengtiniň kabulhanasynyň Dabaralar zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Latwiýa Respubliekasynyň Prezidenti Andris Berzinş Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Latwiýa Respubliekasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-2014-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna hem-de Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Latwiýa Respublikasmynyň Hökümetiniňň arasyndaky konwensiýa we gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri “Lýubek” zalyna tarap ugradylar, şol ýerde metbugatyň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda, şol sanda Türkmenistan—Ýewropa bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa resmi saparynyň ähmiýetini nygtap, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Ýokary derejede geçirilen şu duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ençeme meseleleri, şol sanda ykdysady we beýleki möhüm ugurlar, üstaşyr—ulag we gumanitar ulgamy, hususan-da, bilim babatda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Latwiýanyň Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Andris Berzinş gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň özara bähbitlere laýyk gelýän işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin oňat binýat bolup hyzmat etjekdigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip we özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň netijelerini teswirläp, olaryň örän netijeli bolandygyny aýtdy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, taraplar iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy barada bir pikiri aýdyp, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerinden mundan beýläk-de netijeli peýdalanmak barada ylalaşdylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny işjeňleşdirmek üçin halkara –hukuk esasyny üpjün etmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün gazanylan ylalaşyklaryň we bellenen meýilnamalaryň Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem halkara durmuşynyň derwaýys meseleleri, aýratyn hem parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda tagallalary birleşdirmek meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini nygtady. Türkmenistan üçin Latwiýa Respublikasy halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, biziň daşary syýasatymyzyň Ýewropa ugry, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmek jähdinden ygtybarly we esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, türkmen Lideri Latwiýanyň ýolbaşçylaryna we ilkinji nobatda Prezident Andris Berzinşe biziň ýurdumyzyň energetika howpsuzlygy, yklymara aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek babatda köp taraply gurallary we halkara- hukuk binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny we tekliplerini goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň kuwwatyny giňeltmek we doly ulanmak meselelerine ünsi çekip, bu ugurda türkmen-latwiýa hökümetara toparynyň möhüm orun eýelemelidigini belledi. Bu toparyň ilkinji mejlisi düýn Rigada geçirildi.

Bu mesele bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etdirip, türkmen döwletiniň Baştutany soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ep-esli işjeňleşendigini kanagatlanmak bilen belledi. Ýakyn geljekde biz özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň ep-esli artdyrylmagyna garaşýarys we iki tarapa-da bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin ähli zerur şertleri döretmegi göz öňünde tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen Lideri ýakyn wagtda iki ýurduň hökümetleriniň bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek boýunça netijeli gepleşikleri geçirjekdigine ynam bildirip, bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen eksport-import amallarynyň sanawyny giňeltmek meselesiniň üstünde işlemegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklaryň köp babatda ulag gatnawlarynyň ösmegi bilen baglanyşyklydygyny belläp, indi ençeme ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzyň sebit boýunça hyzmatdaşlary bilen Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň üstünde işjeň işleýändigini nygtady. “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” geçelgeleriniň uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, munuň geljegi uly ugurdygyny belläp, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak babatda başlangyjy öňe sürendigini ýatlatdy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi Hazar, Gara deňzi we Baltika deňzi sebitlerini öz içine alýan giňişlikde üstaşyr – ulag mümkinçiliklerini öwrenmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy häzirki wagtda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, ÝHHG we Halkara awtomobil birleşigi bilen ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň bu möhüm taslamanyň esasy gatnaşyjylary boljakdygyna ynam bildirip, bu babatda gepleşikleriň barşynda ulag we üstaşyr geçelgeler meselelerine aýratyn üns berlendigini belledi. Ýakyn wagtda iki ýurduň degişli edaralary be meseläni jikme-jik öwrenerler diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem taraplaryň iki ýurduň pudaklarynyň, kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda işjeň ulanmak barada ylalaşandyklaryny habar berdi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, bu ulgamda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň täze usullaryny gözlemegiň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Baştutany gepleşikleriň barşynda ylym we bilim, medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýollaryna garalandygyny we ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň we giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şu jähetden ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tejribesine bu ulgamdaky özara gatnaşyklaryň dürli usullaryny ornaşdyrmak möhümdir, munuň özi iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, özüniň latwiýaly kärdeşi Andris Berzinşe hyzmatdaşlyk we Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky dostluk hem-de netijeli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu saparyň we geçirilen duşuşyklaryň netijeleriniň iki ýurduň we halklaryň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri Latwiýa telewideniýesiniň wekiliniň ulag düzümini kemala getirmek, hususan-da, portlary gurmak ulgamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky sowalyna jogap berip, mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek, şol sanda “Demirgazyk—Günorta” we “Gündogar – Günbatar” geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň möhüm başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow portlary ösdürmek babatda hyzmatldaşlyk etmek meselelerine ünsi çekip, saparyň barşynda Riganyň Azat portuna baryp görmek mümkinçiligi üçin Latwiýa tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Hazar deňzinde bar bolan porty döwrebaplaşdyrmak we täze köp ugurly porty gurmak boýunça meýilnamalar jähtinden Latwiýanyň tejribesi biziň ýurdumyz üçin örän peýdaly bolup biler. Türkmenistanyň garamagyna dürli taslamalar gelip gowuşýar, ýöne logistika babatda bu teklipleriň oňaýly bolmagy biziň üçin örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Eger latwiýaly hyzmatdaşlarymyzda nähilidir teklipler bar bolsa, biz olara garamaga taýýardyrys diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Öz nobatynda, türkmen habar beriş serişdeleriniň wekili Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden öňe süren halkara başlangyçlary jähtiinden Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň geljegi babatda sowal berdi. Şol başlangyçlaryň biri bolsa Hazar, Gara deňiz we Baltika deňzi sebitlerini çekmek bilen, ulag geçelgesini döretmegi göz öňünde tutýar. Prezident Andris Berzinş bu sowala jogap bermek bilen, Latwiýanyň geografik taýdan ýerleşişi bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýanyň Lideri ulag we üstaşyr geçirmek babatda özara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan gepleşikleriň netijeli bolandygyny belläp, bu geljegi uly ugurda tagallalary birleşdirmek maksady bilen bilelikdäki işi dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Prezident Andris Berzinşiň belleýşi ýaly, Latwiýanyň üç sany porty bardyr, ertir iki döwletiň Baştutanlary Rigada ýerleşen portlaryň birine baryp görer. Demir ýol düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle hem sebitiň çäklerinde örän uly meýilnamalar bardyr.

Latwiýa Respublikasynyň Baştutany aýdylanlary jemläp, öz ýurdunyň ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Iki döwletiň baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerweni Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyndan Latwiýanyň milli nyşanlarynyň biri bolan Azatlyk Ýadygärligine tarap ugrady. Beýikligi 42 metre barabar bolan bu ýadygärlik Riganyň merkezindäki meýdançalaryň birinde guruldy. Onuň esasynda Latwiýanyň taryhynyň sahypalaryny şöhlelendirýän heýkeller we barelýefler ýerleşdirilipdir. Ýadygärligiň depesinde “Azatlygyň ” 9 metrlik heýkeli – ellerinde üç sany ýyldyzy tutup duran ýaş zenanyň heýkeli ýerleşdirilipdir. Şol ýyldyzlar bolsa Latwiýanyň üç sany medeni-taryhy böleklerini – Kurzeme, Widzeme we Latgale diýen ýerlerini alamatlandyrýar. Ýadygärligiň öň tarapynda “Watanymyza we Azatlyga” diýen sözler ýazylypdyr.

Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Azatlyk Ýadygärliginiň öňündäki meýdança gelýär. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Türkmen döwletiniň Baştutany latwiýaly kärdeşi bilen Latwiýanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşenleriň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlige tarap ugraýar. Iki ýurduň Liderlerine Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi raport berýär. Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde dabaraly marş ýaňlanýar. Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentleri Azatlyk Ýadygärligine barýrlar we onuň etegine gül desselerini goýup, bir minutlap dymmak bilen Latwiýa milli gahrymanlaryny hatyralaýarlar.

Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Dabara tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany özüniň latwiýaly kärdeşi bilen hoşlaşyp, Latwiýanyň milli parlamenti bolan Seýmiň binasyna tarap ugraýar. Parlamentiň binasynyň esasy girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Latwiýa Respublikasynyň Seýminiň Spikeri hanym Solwita Aboltinýa mähirli garşylaýar. Latwiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy we türkmen döwletiniň Baştutany Seýmiň binasyna girýärler. Şol ýekde hanym Sowita Aboltinýa belent mertebeli türkmen myhmanyny Seýmiň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Latwiýa Respublikasynyň Seýminiň Spikeri umumy mejlisler zalyna tarap ugraýarlar. Söhbetdeşligiň barşynda Latwiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny şu gün Rigada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şol gepleşikler bolsa döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna örän möhüm sahypalary ýazdy. Hanym Solwita Aboltinýa Türkmenistanyň Prezidentini Latwiýanyň Seýminiň işi bilen gysgaça tanyşdyrdy. Seým bir palataly parlament bolup, onuň düzümi 100 deputatdan ybaratdyr. Deputatlar bäş okrug boýunça Latwiýanyň raýatlary tarapyndan saýlanylýar. Seýme saýlawlar her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, Latwiýa Respublikasynyň Seýminiň Spikerini Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçylyk işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler babatda Mejlise möhüm orun degişlidir. Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşyp, raýat jemgyýetiniň berkarar bolmagyna, demokratik institutlaryň ösmegine aýratyn üns berip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ony umumy ykrar edilen halkara kadalaryna we ülňülerine laaýyk getirmek boýunça anyk ädimleri ädýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Latwiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy umumy mejlisler zalyndan Ak zala geçýär. Be ýerde Türkmenistanyň Prezidenti we Latwiýa Respublikasynyň Seýminiň Spikeri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşýärler. Soňra Latwiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli türkmen myhmanyny dabaraly kabul edişlikler zalyna çagyrýar. Bu ýerede Türkmenistanyň Prezidentiniň we Latwiýanyň Seýminiň Spikeriniň iş nahary boldy, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky gürrüň dowam etdirildi. Türkmen Lideri we Latwiýa Parlamentiniň ýolbaşçysy esasy ugurlar boýunça netijeli türkmen – latwiýa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigini aýtdylar.

Ýewropada we dünýäde duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň giňden ýaýran görnüşi bolup durýan iş nahary tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Latwiýa Respublikasynyň Seýminiň Spikeri hanym Solwita Aboltinýa birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň halkalaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýanyň paýtagtynyň taryhy-medeni ajaýyplyklary bilen tanyşdy. Seýmiň binasyndan çykylýan ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny sungaty öwreniş professory jenap Oýars Spariş mähirli garşylady. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Köne Riga boýunça gezelenç etmäge çagyrdy. Munuň özi şäheriň merkezinde, Daugawa derýasynyň sag kenarynda ýerleşen Latwiýa paýtagtynyň köne bölegidir.

Şunuň bilen baglylykda, Latwiýanyň paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmak çäresiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki resmi saparynyň maksatnamasyna tötänden goşulmandygyny bellemelidiris. Ynsanperwerlik – medeni gatnaşyklar türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri şu günki ýokary derejedäki gepleşikleriň gün tertibine girizildi. Türkmen halkynyň baý – täsin taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we giňden wagyz etmek Türkmenistanyň Prezidentiniň geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Şoňa görä-de, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gadymy medeniýeti we däp-dessurlar bolan ýurt hökmünde dostlukly Latwiýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen Köne Riganyň köçeleri boýunça gezelenç etdi. Gezelenjiň barşynda professor Oýars Spariş şäheriň taryhy barada gürrüň berdi. Onuň taryhy bolsa sekiz asyrdan hem gowrakdyr. Riganyň esaslandyrylmagynyň resmi senesi 1201-nji ýyl hasapalanylýar. Eýýäm orta asyrlarda Riga söwda-ykdysady we medeni taýdan ösen şäher bolupdyr. Gadym döwürlerde bu ýere dünýäniň dürli künjeklerinden – Ýewropadan, Aziýadan we Gündogardan söwdagärler we syýahatçylar gelipdir. Ýewropa ýurtlarynyň üsti bilen Latwiýa Beýik Ýüpek ýoly arkaly daşalan harytlaryň getirilendigi bellärliklidir. Köp asyr mundan ozal bu ýerde söwda ýollary hereket edipdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitleýin we halkara üstaşyr –ulag kommunikasiýalaryny kemala getirmek baradaky başlangyçlary täze taryhy şertlerde şol ýollary dikeltmäge gönükdirilendir. Köne Riganyň ajaýyp ýerleriniň hataryna Ýewropanyň demirgazygynda iň uly we oňat saklanyp galan orta asyr Riga galasyny goşmak bolar. Häzirki döwürde ol Latwiýanyň Prezidentiniň resmi kabulhanasy bolup durýar. Häzir Riga galasynda durkuny täzelemek we abatlaýyş işleri alnyp barylýar, şoňa görä-de Latwiýa Respublikasynyň baştutanynyň kabulhanasy häzirki wagtda başga bir binada ýerleşýär.

Köne Riganyň beýleki ajaýyp taryhy-medeni gymmatlyklarynyň arasynda Keramatly Pýotryň Buthanasy, Keramatly Iakowyň Ybadathanasy, Konwentiň Köşgi, Poroh başnýasy, Şwed derwezesi we beýlekiler bar. Ýeri gelende aýtsak, Riganyň taryhy merkezi UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizildi. Domskiý meýdançasynda XIX asyrda gurlan Riga Biržasynyň binasy ýerleşýär. Şu ýyl onyň durky täzelendi we açyldy. Häzirki wagtda bu binada Daşary ýurt sungatynyň muzeýi ýerleşýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini muzeýiň direktoryny Daýga Upenese mähirli garşylady. Bu muzeýde biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrdan başlap, XX asyryň başyna çenli döwri öz içine alýan dürli eýýamlaryň daşary ýurt sungatynyň eserleri jemlenendir.

Domskiý ybadathanasy köne Riganyň binagärlik gymmatlyklarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti gezelenç mahalynda şol ýere baryp gördi. Professor Oýars Spariş belent mertebeli türkmen myhmanyny 1211-nji ýylda esaslandyrylan bu ybadathananyň gurluşygynyň taryhy bilen tanyşdyrdy. Keramatly Pýotryň buthanasy we Keramatly Iakowyň ybadathanasy bilen birlikde Domskiý ybadathanasy köne Riganyň belent binalarynyň biri bolup durýar.

Domskiý Ybadathanasynda dünýädäki iň iri organ saz gurallarynyň biri ýerleşýär. Ol XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Lýudwigsburg şäherinden bolan “E.F.Walcker & Co” firmasy tarapyndan taýýarlanyldy. Ol XVI asyryň ahyryndan işläp başlan (280 ýyla golaý) ozalky saz guralynyň ýerine ornaşdyryldy. Domskiý Ybadathanasynyň uly organy Ýewropada nemes organ romantizminiň iň möhüm ýadygärlikleriniň biri we dünýäde iň gymmatly taryhy saz gurallaryň biri hasaplanylýar. Beýikligi 25 metre barabar bolan organyň 124 sany registri, 4 sany manualy we pedaly, dürli ululykdaky 6718 sany turbasy bardyr. Olar dürli materiallardan taýýarlanandyr we 26 sany windladda ýerleşendir. Turbalaryň ölçegleri biri-birinden tapawutlanýar: olaryň iň ulusynyň uzynlygy 10 metre, iň kiçisiniň uzynlygy bolsa 13 millimetre barabardyr. Saz guralyna howa 6 sany deri arkaly berilýär. 1981-1984-nji ýyllarda “Flentrop Orgelbouw Zaandam” (Niderlandlar) firmasy organyň durkuny täzeledi. Domskiý Ybadathanasynyň organy üçin eserleri Ferens List ýaly bütin dünýäde meşhur kompozitorlar ýazypdyr.

Türkmenistanyň Prezidentine organ sazynyň gysgajyk konsertini diňlemek teklip edildi, munuň özi bu ajaýyp saz guralynyň owazyna mynasyp baha bermäge mümkinçilik berdi. Latwiýanyň saz akademiýasynyň professory, Domskiý Ybadathanasynyň organçysy Larisa Bulawanyň ýerine ýetirmeginde Bahyň, Lemmensiň we beýleki meşhur kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Türkmen döwletiniň Baştutany Domskiý Ybadathanasyndan çykyp, professor Oýars Spariş bilen bilelikde Köne Rigany gözden geçirmegi dowam etdi. Ýeri gelende aýtsak, Domskiý Ybadathana toplumynda Riganyň taryhy we gämiçilik muzeýi hem ýerleşýär. Gezelenç tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany gyzykly gürrüňi üçin sungaty öwregiş professory Oýars Sparişe minnetdarlyk bildirip, özü üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti agşamlyk naharyny berdi, onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.