Ï Türkmenistan—GDA: gumanitar hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan—GDA: gumanitar hyzmatdaşlyk

view-icon 845
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň gumanitar hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Armen Smbatýanyň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda kabul edildi. Topar türkmen paýtagtyna düýn geldi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygyň barşynda myhmanlar biziň döwletimiziň oňyn parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrýan ägirt uly özgertmeleri bilen tanşyp, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň okgunly ösüşine haýran galýandyklaryny bellediler we olaryň hemmesi durmuş ulgamyny ugur edinmek arkaly türkmen döwletiniň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny şertlendirýändigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA bilen ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlyga, şol sanda medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylym işgärleriniň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirlmegi meýilleşdirilýän VII Forumyna taýýarlygyň meseleleri duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasyny düzdi.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde, Bilim ministrliginde geçirilen duşuşyklaryň barşynda hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.