Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latwiýa Respublikasyna resmi sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latwiýa Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

view-icon 652
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latwiýa Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Rigada ýokary derejedäki türkmen-latwiýa gepleşikleri üstünlikli geçdi. Olar iki dostlukly döwletiň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge täze itergi berer we türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmek üçin zerur bolan halkara hukuk binýady üpjün eder.

Iki ýurduň Liderleri öz döwletleriniň parahatçylyk we dostluk syýasatyna ygrarlydygyny belläp, tutuş adamzady biynjalyk edýän howplaryň we wehimleriň öňüni almak boýunça tagallalary birleşdirmek, iri halkara guramalaryň, ozaly bilen BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak barada pikirlerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanlarynyň Latwiýa topragyndaky ilkinji duşuşygynyň barşynda iki ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynda türkmen-latwiýa gatnaşyklary kesgitlendi. Ýangyç-energetika toplumynda, oba hojalygynda, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, söwda, syýahatçylyk, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň dostluk, deňhukuklylyk we hoşniýetli erk-islegiň ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary dowam etmek baradaky isleg-arzuwlary türkmen Lideriniň Latwiýanyň Seýminiň ýolbaşçysy hanym Solwita Aboltinýa bilen duşuşygynyň barşynda hem beýan edildi. Şonda kanun çykaryjylyk işinde parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň we tejribe alyşmagyň zerurdygy bellenildi.

Şeýlelikde, geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda özara düşünişmegiň, iki halklaryň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlygyň ýokary derejesi tassyklandy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latwiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde belent mertebeli myhman üçin tanyşdyrylyş çäreleriniň birnäçesi, şol sanda Riganyň Erkin portunyň düzümi we işi bilen tanyşlyk, şeýle hem şypahana şäheri bolan Ýurmala baryp görmek çäreleri guraldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji güni Latwiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri—1950-nji ýylda Riganyň lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda döredilen Riganyň P.Stradinşa adyndaky uniwersitetine baryp görmekden başlandy. Bu ýokary okuw mekdebine görnükli latyş alymy, professor, hirurg, onkolog we lukman taryhçysy Paul Stradinşiň ady dakyldy.

Mälim bolşy ýaly, gumanitar ulgamy, ilkinji nobatda iki dostlukly ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanýan ylym we bilim ulgamy pajarlap ösýän türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň görkezijileriniň biri bolup durýar. Bu ugurda özara gatnaşyklar meselesi düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda öz beýanyny tapdy. Şonuň üçin Latwiýanyň ýokary okuw mekdebindäki şu günki duşuşyk başy başlanan gatnaşyklaryň özboluşly dowamyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni Riga uniwersitetiniň Stomatologiýa institutynyň binasynyň esasy girelgesiniň öňüne gelip saklanýar.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany Latwiýa Respublikasynyň ylym we bilim ministri Roberts Kilis, Latwiýanyň rektorlar geňeşiniň başlygy, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky strategik ösüş boýunça toparyň başlygy Arwis Barşewskis, uniwersitetiň rektory, professor Ýanis Gardowskis, ýokary okuw mekdebiň prorektorlary we onuň düzümine girýän Stomatologiýa institutynyň direktory hanym Ilga Urtane mähirli garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen resmi wekiliýetiniň agzalary mejlisler zalyna barýarlar. Latwiýa Respublikasynyň ylym we bilim ministri Roberts Kilis duşuşygy açyp, onuň iki dostlukly döwletiň türkmen-latwiýa gatnaşyklaryny ösdürmäge islegini tassyklaýan uly waka hökmünde ýurduň abraýly ýokary okuw mekdebiniň taryhyna girjekdigini belledi.

Soňra Riga uniwersitetiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmanlary ýurduň iri ylym-bilim merkeziniň taryhy, işiniň esasy ugurlary we ylmy üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

Häzir bu uniwersitet bakalawr maksatnamalary, magistratura, doktorantura we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalary boýunça okuwlary teklip edýär. Ýokary okuw mekdebi lukmançylyk hünärlerinden başga-da, ýurisprudensiýa, kommunikasiýalar we ýewropa ylymlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Ýokary hilli bilimiň berilmegi netijesinde ýokary okuw mekdebi ýylsaýyn daşary ýurtly talyplaryň, aýratyn-da Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan bolan talyplaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar. Daşary ýurtly talyplaryň bölüminde 1990-njy ýyldan bäri iňlis dilinde lukmançylygy we stomatologiýany, dikeldiş we dermanlar ugruny öwrenip bolýar. Lukmançylyk ýokary okuw mekdebiň işiniň esasy ugry bolmagynda galýar. Häzir uniwersitetde dünýäniň 19 döwletinden, şol sanda ABŞ-dan, Siriýadan, Şri-Lankadan, Ysraýyldan, Kanadadan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan bolan talyplar bilim alýarlar. Ýokary okuw mekdebiň uçurymlary bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynyň abraýly ylmy merkezlerinde we klinikalarynda işleýärler.

Soňra Riga uniwersitetiniň Stomatologiýa institutynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyny Stomatologiýa institutynyň düzümi we işi bilen tanyşdyrdy. Onuň binýadynda ýurduň iri ýöriteleşdirilen diş bejeriş klinikasy hereket edip, ýokary derejeli hyzmatlary teklip edýär.

Elbetde, bu institutyň Türkmenistanyň Prezidentini tanyşdyrmak üçin saýlanyp alynmagy döwlet Baştutanymyzyň—Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademiginiň, lukmançylyk ylymlarynyň doktorynyň, ykdysady ylymlaryň doktorynyň, ylmy işi uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň stomatologiýasyny we lukmançylygyny ösdürmek bilen bagly bolan lukmançylyk boýunça ylmy işleriň awtorynyň gyzyklanmalary bilen şertlendirilendir. Häzirki zaman lukmançylyk ylmyny ösdürmek babatda türkmen Lideriniň bitiren uly hyzmatlary dünýäde mynasyp baha eýe bolup, ýokary derejeler we sylaglar bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir hem saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmäge örän uly üns berýär. Çünki bu ulgam garaşsyz türkmen döwletiniň syýasatynyň durmuş maksatly ugrunyň möhüm bölegi bolup, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Stomatologiýa institutynyň direktory öz işgärleriniň türkmen kärdeşleri bilen ysnyşykly ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga uly isleg bildirýändigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Milli Liderimiz bildirilen myhmansöýerlik we ýokary okuw mekdebiň işi bilen many-mazmunly tanyşdyrylyş dabarasy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşyk dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegiň, iki ýurduň türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan isleginiň möhüm görkezijisi bolup durýar diýip belledi.

Ikitaraplaýyn gepleşiekleriň netijelerine kanagatlanma bildirýändigini beýan edip, Türkmenistanyň Baştutany olaryň aýratyn netijeli bolandygyny aýtdy.

Biz Rigada geçirilen gepleşikleri Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary okgunly berkitmegiň nobatdaky mümkinçiligi hökmünde, Latwiýa Respublikasyna ilkinji saparymyzy bolsa taryhy ähmiýetli waka hökmünde kabul edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň özara gatnaşyklaryndaky üstünligiň dünýä syýasatynyň meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmeginde, şeýle hem dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn erk-islegde jemlenýär diýip belledi.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş bilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şol sanda gumanitar hyzmatdaşlygynyň meseleleri gozgaldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýada ylmyň ösdürilmegine, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary ornaşdyrmaga, hünärli işgärleri taýýarlamaga örän uly ünsüň berilýändigine göz ýetirdim diýip belledi. Ýokary hilli bilim, intellektual ösüş, ýaşlary belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemek milletiň geljegi bolup durýar. Şonuň üçin şu meselelerde doly özara düşünişmegimiz aýratyn guwançlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary öz zähmet ýoly we Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen bagly ylmy işleri bilen tanyşdyryp, öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan we gurulmagy dowam edýän, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleri bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň subutnamasy bolup durýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň hatarynda köp keselleriň ýok edilmegi we bejerilmegi ýaly ýagdaýlar bar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň çäginde garamygy we gyzamygy ýok etmek, drakunkuleziň, gyzdyrmanyň, ýabany poliwirusyň we beýlekileriň öňüni almak hakynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara güwänamalary şaýatlyk edýär. Türkmen lukmanlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň dowam edýän halkara ylmy gatnaşyklary, ýurdumyza öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalarynyň çekilmegi, lukmançylyk kömeginiň elýeterliligi, meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilmegi we beýlekiler ulgamy düýpli özgertmegiň netijesidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli saglygy goraýyş ulgamyna işjeň ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar — bu diňe enjamlar we kesel bejermegiň häzirki zaman usullary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ozaly bilen türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak we näsaglara dünýäniň lukmançylyk ylmynyň eýe bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlarynyň edilmegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki zaman lukmançylygynda dünýä tejribesini jikme-jik öwrenmek bilen, biz ony ösdürmegiň Ýewropa nusgasyny ugur edindik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzir biziň saglygy goraýyş merkezlerimiz we saglyk öýlerimiz Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ugurda biziň esasy hyzmatdaşymyz Germaniýa bolup durýar.

Türkmen stomatologiýasynyň gazanan üstünlikleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, häzirki zaman stomatologiýa otaglary Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze edaralarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýip belledi. Latwiýaly kärdeşleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen resmi wekiliýetiň düzümine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky saglygy goraýyş merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkeziniň baş direktorynyň orunbasary hem-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky iç keselleri halkara saglygy goraýyş merkeziniň ortoped-stomatology goşuldy. Häzir türkmen paýtagtynda gurulýan iri lukmançylyk desgalarynyň hatarynda täze Stomatologiýa merkeziniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Baştutany latwiýaly kärdeşlerini bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge we türkmen hünärmenleri bilen giňden tejribe alyşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Tanyşdyrylyş dabarasy tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we resmi wekiliýetiň agzalary ikinji gatda ýerleşýän talyplary klinikanyň ýanynda taýýarlaýan otaga çagyrylýar, bu ýerde olary okatmagyň usullary bilen tanyşdyrýarlar.

Bu ýerde Stomatologiýa institutynyň direktory hanym Ilga Urtane döwlet Baştutanymyzy talyplaryň klinikasynyň işi bilen tanyşdyrdy, bu ýerde tejribe işiniň endikleri özleşdirilýär. Stomatologiýa institutynyň Latwiýada eke-täk stomatologik we hirurgiýa bejeriş edarasy bolup durýandygy bellärliklidir. Ol diňe bir kliniki iş bilen meşgullanmak bilen çäklenmän, eýsem, stomatologiýa babatda akademiki we ylmy işleri ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gören zatlaryna uly gyzyklanma bildirip, işgärleri taýýarlamak hem-de türkmen we latwiýaly lukman alymlarynyň arasynda tejribe alyşmak boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak babatda öz teklibini tassyklady.

Stomatologiýa institutynyň işi bilen tanyşlyk tamamlanandan soň Latwiýa Respublikasynyň ylym we bilim ulgamynyň hem-de uniwersitetiň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz bilen hoşlaşdylar.

Riga uniwersitetiniň işgärlerine tanyşdyryş dabarasy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow stomatologiýa institutynyň binasyndan ugrady.

Soňra Türkmenistanyň Baştutanynyň ulag kerweni Riganyň Erkin portuna tarap ugrady.

Riganyň Erkin portunyň dolandyryş binasynyň merkezi girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimizi Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş, şeýle hem Latwiýa Respublikasynyň aragatnaşyk ministri Aýwis Ronis, Riganyň Erkin portunyň dolandyryjysy Leonid Loginow we beýleki resmi adamlar mähirli garşylaýarlar. Döwlet Baştutanlary mähirli görşenlerinden soň binanyň üçünji gatyna çykýarlar we mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin portuň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş dabarany açyp, hormatly Prezidentimize Latwiýa gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de düýn geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň netijeleriniň iki ýurduň we halklaryň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, düýn ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny, şeýle hem Latwiýanyň deňiz portlarynyň ösen düzümini nazara almak bilen ulag-aragatnaşyk ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hut şu nukdaýnazardan tanyşdyrylyş dabarasyny Latwiýa Respublikasynyň aragatnaşyk ministri geçirdi.

Soňra bu ýere ýygnananlara Riganyň Erkin portunyň taryhy, şu güni we geljegi hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Riganyň Erkin portunyň müdirligi Baltika deňzi sebitinde esasy logistik merkezleriň biri bolup, ol möhüm deňiz ýollarynyň — gündogar we günbatar üstaşyr geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýär. Port köpugurly bolup, nawigasiýa üçin tutuş ýylyň dowamynda açykdyr. Portuň geografik taýdan ýerleşişi we ösen ulag düzümi ony Ýewropa Bileleşigi üçin, şeýle hem GDA-nyň ýurtlary üçin özüne çekiji edýär. Port erkin ykdysady zolagyň çäklerinde işlemek üçin uly mümkinçilikleri teklip edip, onuň ýük dolanyşygy 2010-njy ýylda 30,5 million tonna deň boldy.

Latwiýanyň deňiz porta öz kuwwatlylygyny barha artdyrmak bilen, has giňeldilýär hem-de iň häzirki zaman enjamlary we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Mysal üçin, şu ýylyň güýzüne çenli Riganyň Erkin portunyň Dolandyryş gulluklarynyň üçüsinde täze çykarylan wakuum gün kollektorlary oturdylýar. Şeýle hem olara göni akymy üpjün edýän, gün şöhlelerini özünde jemleýän parabola aýnaly paneller goýuldy. Tomsuna olar gyzgyn suw bilen, güýzde we ýazda bolsa gün energiýasynyň kömegi arkaly ýyladyş ulgamyny goşmaça gyzgynlyk bilen üpjün ederler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gyzykly tanyşdyrylyş çäresi üçin portuň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar

Tanyşdyrylyş dabarasy tamamlanandan soň döwlet Baştutanlary Riga portunyň uly makedi goýlan ikinji gatdaky eýwana düşýärler. Portuň dolandyryjysy belent mertebeli myhmanlary desgalaryň we gulluklaryň işleri bilen tanyşdyrýar.

Soňra dostlukly döwletleriň baştutanlary portuň dolandyryjysynyň ugratmagynda binadan çykyp, gämi duralgasyna barýarlar. Ol ýerde döwlet Baştutanlary ýörite gaýykda Riganyň Erkin portunyň suw giňişligine tanyşlyk gezelenjini amala aşyrýarlar.

Riganyň Erkin portundan örän köp gämi geçýär: bir gije-gündiziň dowamynda bu ýere gelýän we gidýän ýük we ýolagçy gämileriniň sany 30-a ýetýär. Bu ýerde edil howa menzilindäki ýaly gämileriň hereketine ýörite dispetçer gözegçilik edýär hem-de gämi gatnawlary Daugawa derýasynyň we Milgrawisiň goşundysynyň esasy akymy ugrunda ýerleşýän Riga portunyň gämi hereketlerini dolandyryş gullugy tarapyndan utgaşdyrylýar. Riganyň Erkin portunyň suw giňişligine guralan gezelençden soň belent mertebeli myhmanlar gaýykda gämi duralgasyna gelip durýarlar. Portuň girelgesinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Andris Berzinşi portuň kapitany Eduard Delwiris garşylaýar we bäşinji gatda ýerleşýän baş dispetçerçilik gullugynyň işi bilen tanyşmaga çagyrýar. Riganyň Erkin portunyň gämileriň hereketini dolandyryş gullugynyň binasynyň beýikligi 52 metrden ybarat bolup, ol 1999-njy ýylda ulanmaga berlipdir. Gullugyň ähli işgärleriniň diýen ýaly gämi gatnawy boýunça uly tejribesi bar. Bu ýerde işgärlere örän ýokary talap bildirilýär. Olar deňiz işleri boýunça bilimleri we tälimleri ele almakdan başga-da, iňlis dilini hem kämil derejede bilmelidirler we her ýyl hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuw geçýärler. Bu ýerden deňiz giňişliginiň ajaýyp görnüşi açylýar. Gämi duralgalary, olarda labyryny taşlan onlarça gämiler, göteriji kranlar Riga portunyň gündelik keşbidir. Bu gije-gündiziň dowamynda üznüksiz ýagdaýda işleýän tutuş şäheri ýada salýar.

Elbetde, esasy zat gullugyň daşky görnüşi däl-de, onuň sazlaşykly işlemegidir. Onuň göwnejaý işlemegi diňe bir portdaky gämileriň gatnawlaryna gözegçilik etmäge däl-de, eýsem, Irben aýlagyna çenli deňizde bolup geçýän ýagdaýa syn etmäge mümkinçilik berýär. Bu merkeziň jogapkärçilik zolagy 10 mil aralygy öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň işi, onuň mümkinçilikleri we tehnologiýalary bilen içgin gyzyklanýar.

Mälim bolşy ýaly, ösen ulag düzümini döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Latwiýa Respublikasynda deňizde iş geçirmek boýunça toplanan baý tejribe Hazaryň kenarlarynda öz deňiz derwezeleri bolan biziň ýurdumyz üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu Hazar deňzinde ozal bar bolan portuň durkuny täzelemek we köp ugurly täze portuň gurluşygyny amala aşyrmagyň nukdaýnazaryndan Türkmenistan üçin has-da gymmatlydyr. Hazar portunyň bolsa, türkmen tarapynyň başyny başlan «Demirgazyk-Günorta» transmilli ulag geçirijisini birleşdiriji hökmünde ähmiýeti örän uludyr. Mälim bolşy ýaly, bu ulag geçirijisi geljekde beýleki ulag ugurlaryny peýdalanyp, soňra Ýewropa çykmak üçin Gündogar – Günbatar ugry boýunça ýükleri daşamakda iň amatly deňiz we demir ýol ugry bolup hyzmat eder.

Gullugyň işi bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary üçinji gatdaky ýörite zala çagyrylýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Latwiýa Respubliksynyň Prezidenti Andris Berzinş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça söhbetdeşligi dowam etdirdiler.

Soňra dostlukly döwletleriň Baştutanlary kapitan bilen hoşlaşyp, Riga gämi duralgasyna tarap ugur alan gaýyga mündüler. Gämi ýüzüşiniň barşynda Türkmenistanyň Baştutany sebitde örän iri hasaplanylýan Riganyň gämi gurluşyk kärhanasyny synlaýar.

1913-nji ýylda gurlan bu kärhana ýewropaly we skandinawiýaly buýrujylaryň tabşyryklary boýunça gämileri abatlaýar, gurýar we olaryň durkuny täzeleýär. Bu ýerde deňiz ulaglary pudagynda işleýän dünýäniň öňdebaryjy enjam, reňk we gämi gurluşygyna degişli beýleki işleri alyp barýan kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Bu kärhanada her ýyl ýüzden gowrak gämi abatlanylýar. 1997-nji ýyldan bäri Riganyň gämi gurluşyk kärhanasynda dürli gämileriň korpuslarynyň 130-dan gowragy guruldy. Bu kärhana degişli 9 sany gämi duralgasy, üç sany ýüzýän doklar we Riganyň gämi gurluşyk kärhanasynyň iki sany stapeli Daugawa derýasynyň kanallarynyň kenarlarynda ýerleşýär. Gämi gurluşyk kärhanasy doklarda RANAMAX görnüşli gämileri, duralgalarda bolsa AFRAMAX görnüşli gämileri abatlamak üçin kabul edip bilýär.

Deňiz ulagyny ösdürmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga üns berýän Türkmenistan Latwiýanyň baý tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär. Şonuň üçin hem Riganyň Erkin portunyň gämileriň hereketini dolandyryş gullugyna barlyp görülmegi, Riganyň gämi gurluşygy bilen tanyşlyk milli özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň işjeň toplaýan tejribesine özboluşly goşant boldy.

Riganyň gämi gurluşyk kärhanasy bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, gaýyk duralga gelip saklanýar. Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Andris Berzinş mähirli hoşlaşyp, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni Latwiýanyň we Baltika ýurtlarynyň iri şypahana şäheri bolan Ýurmala şäherine tarap ugraýar. Ol Rigadan 25 kilometr uzaklykda ýerleşýär we Riga aýlagy bilen Liýelupe derýasynyň arasynda 32 kilometre çenli uzalyp gidýär. Ýurmala dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän syýahatçylaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolan halkara şypahanadyr. Milli Liderimiziň Latwiýa Respublikasynda bu ulgamyň ösdürilmegine üns bermegi kanunalaýyklykdyr. Sebäbi häzir Türkmenistanyň Hazaryň kenarynda üstünlikli amala aşyrýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň uly möçberli taslamasy dynç alyş we syýahatçylyk düzümini döretmegiň ýokary ülňülerine gönükdirilendir. Bu ulgamda ýokary netijeleri gazanan Latwiýanyň tejribesi häzirki zaman Türkmenistanyň ösýän syýahatçylyk pudagy üçin örän peýdaly bolup biler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni Ýurmala gelip, «Baltic Beach Hotel « myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny şäher dumasynyň başlygy, şäheriň meri Gatis Truksnis we syýahatçylyk we daşary gatnaşyklar departamentiniň ýolbaşçysy hanym Gunta Uşpela mähirli garşylaýarlar.

Şäheriň meri Türkmenistanyň Baştutanyna meşhur «Dzintari» konsert zaly hakynda gürrüň berýär, bu ýerde her ýyl KWN sazly festiwaly we ýaş aýdymçylaryň «Nowaýa wolna» halkara bäsleşigi, şeýle hem «Ýurmalina» festiwaly, Ýurmalany halkara festiwal hereketiniň merkezine öwren beýleki meşhur konsertler we halkara bäsleşikleri geçirilýär.

Soňra»Baltic Beach Hotel « myhmanhanasynyň Baltika deňziniň we kenarynyň ajaýyp görnüşi açylýan syn ediş meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäheriň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşligi boldy. Ol öz myhmanyna deňiz şypahanasynyň ajaýyplyklary we ony ösdürmegiň meýilnamalary hakynda gürrüň berdi.

Ýurmala özüniň ýumşak howasy, ak çägeli ajaýyp kenary we diýseň arassa howasy, şeýle hem mineral suwly çeşmeleri we bejeriş palçyklary bilen tanalýar. Ýurmalanyň şypahana ajaýyplygy ozaly bilen şäheriň gözel Riga aýlagynyň kenarynda ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.

Ýurmala köp syýahatçylary özüniň üýtgeşik tebigaty bilen özüne çekýär. Bu ýerde kenarýaka sosna tokaýlyklary 32 kilometre uzalyp gidýän çägelik kenar bilen we şäheriň tebigy serhedi bolan Liýelupe derýasy bilen utgaşyp gidýär.Ýurmalanyň binagärligi ultrahäzirki zaman jaýlaryň we geçen asyrdan öňki döwürde gurlan gadymy binalaryň sazlaşykly jemini öz içine alýar.

Häzir Ýurmalanyň syýahatçylyk ulgamy myhmanhanalaryň we şypahanalaryň 50-sini, tennis meýdançalaryny, oňaýly kenarýaka kafelerini we restoranlaryny we elbetde, deňiz güýmenjelerini öz içine alýar. Ýurmala 1997-nji ýylda tebigaty goramak bilen meşgullanýan Ýewropa Gaznasy tarapyndan guralan «Gök Baýdagyň Kenarlary» maksatnamasyna goşuldy. Ýurmalanyň Bulduri we Maýori ýaly kenarlary Gök Baýdagyň nyşanlary bilen bellenildi. Bu nyşan adamyň saglygy üçin deňiz suwunyň ýokary hilini we howpsuzlygyny tassyklaýar.

Şypahana şäheriň syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine uly gyzyklanma bildirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow latwiýaly hyzmatdaşlaryň tejribesi öwrenilmäge mynasypdyr diýip belledi.

Latwiýanyň deňiz şypahanasynyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşlyk tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýurmalanyň merine myhmansöýerlik we tanyşdyrylyş dabarasy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Latwiýa tarapynyň wekilleri bilen hoşlaşyp, Riga şäheriniň halkara howa menziline tarap ugrady.

Latwiýanyň paýtagtynyň howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada tarap ugyr aldy we birnäçe sagatdan soň türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.