Ï Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 557
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyna we Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň başlygy — ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk we mähirli kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de GDA-nyň howandarlygynda geçirilýän bu möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesine eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüne bildirilen ynama örän jogapkärli garaýandygyny hem-de soňky 20 ýylyň dowamynda öňden gelýän, döwrüň synagyndan geçen we diňe bir dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar däl, eýsem, onlarça bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmekde deňhukukly, özara peýdaly gatnaşyklaryň dowamynda gazanylan tejribe esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.

Arkalaşygyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli we durnukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz GDA häzirki döwürde sebitleýin gurama hökmündäki abraýyny pugtalandyrandygyny, oňa agza ýurtlaryň bolsa syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýän hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly gabat gelýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde peýdaly aragatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde we köp ugurly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginde hemmetaraplaýyn tagalla etjekdigini nygtady. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän döwründe 30-dan gowrak möhüm çäreleri, şol sanda GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Sammitini we beýleki çäreleri geçirmegi meýilleşdirýän Konsepsiýasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz şu günler energetika we ykdysady ulgamlar boýunça geçirilýän çäreleriň gün tertibi barada aýtmak bilen, ýangyç-energetika we söwda-ykdysady ulgamlardaky ýola goýulýan göni gatnaşyklaryň bar bolan ägirt uly serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän gurama agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistan nebit we gaz boýunça dünýä möçberli gorlara eýe bolmak bilen, özüniň tebigy serişdelerini tutuş adamzadyň gullugyna goýmaga meýillidir we uglewodorod çig malyny işläp taýýarlamak we gazyp almak, degişli senagat düzümini gurmak, şol sanda turba geçirijiler ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň teklibine seretmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we şunda özara gyzyklanmalaryň gabat geljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň başlygy GDA-nyň giňişliginde birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda medeni-gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklaryň geljegine degişli meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenillişi ýaly, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy wekilleriniň VII forumynyň bu ulgamda ýola goýulýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolar.

Sergeý Lebedew Arkalaşygyň işlerinde Türkmenistanyň möhüm orny eýeleýändigi we oňa işjeň gatnaşýandygy, şeýle hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirip, Arkalaşygyň doganlyk halklarynyň arasynda bar bolan dostluk, ynanyşmak we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine we onuň guramanyň öňünde durýan ähli maksatlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen paýtagtynda geçirilýän duşuşyklaryň Arkalaşygyň halklarynyň hem-de ýurtlarynyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini ynam bilen bellediler.