Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 655
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň barşy, şeýle hem Aşgabatda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde binalary gurmak we medeni-durmuş düzümini ösdürmek boýunça täze taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän we ony wagyz edýän döwlet Baştutanymyz ýokary netijeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe –sagaldyş hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň ýaş neslini sagdyn ruhda terbiýeläp ýetişdirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz - Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna - Hormat ordenine mynasyp bolan we bulardan başga-da, Bütindünýä karate federasiýasy tarapyndan berlen gara guşagyň altynjy danynyň eýesi bolup, şu ugurda anyk, yzygiderli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu iş sapary munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi, şol saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz Aşgabatda möhüm ähmiýetli sport desgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berdi.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesinde gurluşyk işleri alnyp barylýan desgalaryň birine geldi. Öz binagärlik çözgüdi boýunça täsin galdyrýan we sebitde deňi- taýy bolmadyk bu sport şäherçesi ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözel künjekleriniň birinde gurulýar. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi we «Polimeks» kompaniýasynyň ýolbaşçysy garşyladylar.

Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy şäher gurluşygy boýunça Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Duşuşygyň barşynda «Polimeks» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa tarapyndan gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada jikme-jik hasabat berip, ýola goýlan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz kaşaň myhmanhanany gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen içgin tanyşdy. Gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry başlanýan bu binanyň üçünji gatynda milli Liderimiz ýokary derejeli myhmanhanadaky oňaýly otaglaryň birini synlady.

Hormatly Prezidentimiz tanyşlygyny dowam edip, täze binanyň dokuzynjy gatyna çykdy. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyna Olimpiýa şäherçesiniň umumy maketi, şeýle hem bu täsin galdyrýan sport toplumynyň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň çäklerinde guruljak desgalaryň taslamalary we eskizleri görkezildi.

Olaryň hatarynda 6000 orunlyk üsti ýapyk welotrek binasy, göreş, boks, agyr atletika, dzýu-do we taekwando bilen meşgullanmak üçin kiçi türgenleşik zallary, çeper we ritmiki gimnastika, badminton, basketbol, gylyçlaşma oýunlary üçin niýetlenen köp ugurly 5 müň orunlyk ýapyk arena, şeýle hem stoluň üstünde oýnalýan tennis, el pökgüsi we woleýbol oýunlary üçin niýetlenen zal bar. Mundan başga-da, Olimpiýa şäherçesiniň panorama görnüşleriniň, işewürlik merkeziniň, 400 orunlyk köp gatly awtoduralganyň, medeni-jemgyýetçilik merkezleriniň, 400 orunlyk myhmanhananyň, türgenler üçin niýetlenen 12 müň orunlyk myhmanhananyň birinji tapgyrda guruljak 3200 orunlyk binasynyň, 4 müň orunlyk üsti ýapyk tennis kortunyň, 5 müň orunlyk üsti ýapyk ýüzülýän howzuň, 700 orunlyk köp ugurly zalyň, restoranyň taslamalary, Olimpiýa şäherçesiniň taslamasyna degişli ýerasty tehniki binalaryň çyzgysy, 15 müň orunlyk ýapyk arenanyň, saglyk merkeziniň, şeýle hem futbol meýdançasynda gurulmagy meýilleşdirilýän 1000 orunlyk münberleriň taslamalary görkezildi.

Gurluşygy üç tapgyrda alnyp baryljak Olimpiýa şäherçesiniň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girýär. Şeýle hem taslamanyň çäklerinde ozal hereket edýän Olimpiýa stadionyny düýpli abatlamak, onuň tomaşaçy ornuny 45 müňe çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde türgenler we tomaşaçylar üçin ähli zerur bolan düzümler dörediler. Onuň sanawynda işewürlik merkezi, 1000 orunlyk restoran, ulag duralgalary we beýlekiler bar. Sport toplumy elektrik energiýasy we beýleki zerur bolan inženerçilik-tehniki desgalar bilen özbaşdak üpjün ediler.

Hormatly Prezidentimiz «Polimeks» kompaniýasynyň işläp taýýarlan taslamalary bilen jikme-jik tanşyp, türkiýeli hyzmatdaşlara birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ähli taslamalar durmuşa geçirilende öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň we innowasion tehnologiýalaryň, şeýle hem oýlanyşykly, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşmeleriň ulanylmagynyň hökmandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňini dowam etmek bilen, täze binalar we desgalar gurlanda olaryň keşbinde we bezeginde häzirki zaman binagärlik ýörelgeleriniň hem-de öňdebaryjy bezeg işleriniň milli gurluşyk ulgamynyň asylly däpleri bilen sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A. Ýegeleýewe we S.Toýlyýewe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimize kompaniýa bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Polimeks» kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň aýdan teklipleriniň we bellikleriniň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyny ynandyrdy. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy.

Soňra dürli sport desgalarynyň gurluşygy bounça iş alyp barýan halkara konsalting toparyň wekilleri Nikolas Merridew, Dewid Holdan we Jim Barrije bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa Olimpiýa geňeşiniň karary boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda sebitde ilkinji gezek ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçriljekdigini belledi. Türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesi şol oýunlaryň geçirilýän ýeri bolar. Şeýlelikde, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň gazananlarynyň ösdürilmegine, ýokary hünärli türgenleriň we halkara derejesindäki ýygyndy toparlaryň döredilmegine kuwwatly itergi berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Daşary ýurtly bilermenler Olimpiýa şäherçesiniň saýlanyp alnan ýeriniň halkara kadalaryna we olimpiýa oýunlarynyň derejesine laýyk gelýändigini bellediler. Olar öz gezeginde iň ýokary dünýä ülňülerine we Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän sport toplumynyň taslamasyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem «Polimeks» kompaniýasy bilen bilelikde işjeň iş alyp barýan «Arup» kompaniýasynyň hünärmenleri bu ýerde Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýratyn nygtadylar. Hususan-da, Nikolas Merridew öz alyp barýan işleriniň esasy maksadynyň sport desgalarynyň hemme babatda olimpiýa ülňülerine laýyk gelýändigini kesgitlemekden ybaratdygyny hormatly Prezidentimize habar berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda «Arup» kompaniýasynyň hünärmenleri şu günki mähirli duşuşyk üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, paýtagtymyzyň geljekki ösüşini, şol sanda ýol geçelgeleriniň artmagyny, häzirki zaman duralgalarynyň we beýleki desgalaryň gurulmagyny nazara almak bilen, paýtagtymyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň okuw binalaryny, umumy ýaşaýyş jaýy we sport toplumyny özünde jemleýän täze binasynyň taslamasy barada jikme-jik gürrüň berdi.

Okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň bilim ulgamynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz mugallymçylyk mekdebiniň täze binasynyň häzirki zaman kompýuterleri, kämil enjamlar, ähli zerur bolan tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi, mahlasy, bu ýerde ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň sazlaşykly ösüşiniň biri bolup durýan ulag ýollaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Her bir tapgyryň oýlanyşykly çözülmegi hem-de öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşilmegi zerurdyr diýip bellemek bilen, goşmaça ýollaryň gurluşygyna, inženerçilik-tehniki desgalara, paýtagtymyzyň yşyklandyrylyşyna, şeýle hem ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna, dynç alyş zolaklarynyň döredilişine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz awtoulaglar üçin bolşy ýaly, pyýada ýolagçylar üçin hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar görkezildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Awtohauz» hojalyk jemgyýetiniň taýýarlanan edara binasynyň, sergi zalynyň we hyzmatlar merkeziniň taslamalary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň taýýarlan taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda Gökdepe şäherinden halkalaýyn ýola çenli bolan aralygynyň, şeýle hem köprüleriň –estakadalaryň we köçeleriň, goşmaça ýollaryň, şol sanda demir ýoluň hem-de Garagum derýasynyň üstünden gurulmagy meýilleşdirilýän köprüleriň taslamalary görkezildi.

Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe taslamalar, olaryň hatarynda paýtagtymyzda guruljak täze halkara howa menziline barýan ulag ýolunyň taslamasy bar.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslama bilen jikme-jik tanşyp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda gurulýan ulag ýollary we ýol düzümine degişli desgalar ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine gabat gelmelidir, olar hil we ýol hereketiniň howpsuzlygy, şeýle hem gözellik babatda häzirki döwrüň talabyna görä gurulmalydyr diýip belledi. Hut şonuň üçin hem ulag ýollarynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr, yşyklandyryş işlerine, gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meseleleri mundan beýläk-de döwletimiziň üns merkezinde durar diýip nygtady.

Milli Liderimiz taslamalar bilen tanyşlygynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe gurluşyk işleriniň ýokary depginlerini üpjün etmek we paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalarda ýokary hil ülňülerini berjaý etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň binagärlik keşbinde, onuň meýdançalarynda, seýilgählerinde adamlaryň ünsüni çekjek, olaryň ýaşaýşyny has-da abadanlaşdyrjak aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, çylşyrymly inženerçilik-tehniki desgalar bolup durýan goşmaça ýollaryň bir bitewi sungat eseri hökmünde şäheriň görki bilen utgaşykly sazlaşmalydygyny, ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini, şäher gurluşyk-binagärlik keşbiniň özboluşlylygyny pugtalandyrmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşlygy tamamlap, şol ýerde Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyny synlady. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze sport desgalarynyň ulanmaga berilýändigini we olaryň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz munuň özi halkyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň saglygyny esasy ugur edinýän milli syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilýändigini aňladýar diýip belledi. Paýtagtymyzda sport merkezleriniň gurluşygy has-da güýçli depginlerde alnyp barylýar. Soňky gurulýan sport toplumlary ýaly binalaryň köpüsi dünýä ýüzünde seýrek duş gelýän desgalardyr.

Meselem, Olimpiýa toplumy Türkmenistanyň täze belentliklere tarap ynamly hereketiniň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe häzirki döwürde belent ösüşlere beslenýän türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa açyldy. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport düzümi döredilýär, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha ýokary depginlere eýe bolýar. Şeýleliklde, gysga döwrüň içinde Aşgabatda iri sport desgalary bolan Olimpiýa suw sport toplumy, Milli olimpiýa sport köşgi, Spotuň gyşky görnüşleri bilen meşgulllanmak üçin toplum, 20 müň orunlyk köpugurly «Aşgabat» stadiony peýda boldy. Her biri 10 müň orunlyk bolan häzirki zaman stadionlary welaýat merkezlerinde guruldy.Şeýle hem häzirki zaman aýlawlar we onlarça beýleki sport desgalary bina edildi.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde 200-den gowrak sport mekdepleriniň, 100-den gowrak sport desgalarynyň gurluşygy, şeýle hem ozal hereket edýän sport merkezleriniň 70-sini abatlamak meýilleşdirildi. Şunlukda, ýurdumyzda gurulýan bilim hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň taslamalary häzirki zaman turgenleşik enjamlary bolan sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzüş howuzlary özünde jemleýär.

Gökdere jülgesinde we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan täze çagalar sagaldyş merkezleri işjeň dynç alyş üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilendir. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan Saglyk ýollary milletiň sagdynlygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilen Saglyk ýollaryndan işjeň durmuş ýörelgesine ygrarly muşdaklaryň müňlerçesi geçdiler.

Sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak we ony işjeň wagyz etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň fiziki taýdan ýokary derejedäki taýýarlygyny yzygiderli beýan edýär we ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň ilatynyň sport bäsleşiklerine köpçülikleýin çekilmegini şertlendirýär. Milli Liderimiziň çakylygyna jogap edip, türkmenistanlylaryň müňlerçesi, dürli pudaklaryň, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary, talyplary «Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen at bilen geçirilýän Umumymilli spartakiadasyna işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň sport ulgamy öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy we ýurdumyzda iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegini, türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine has giňden gatnaşmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzda gije-gündiziň dowamynda işleýän sport teleýaýlymy döredildi. Onuň netijeli işlemegi arkaly türkmenistanlylary ilkinji gezek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň we Olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlaryna göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Munuň özi ýurtda sportuň ýokary gazananlarynyň giňden wagyz edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sporta goldaw bermek we ilatyň saglygyny berkitmek, ösüp barýan ýaş nesilleri sporta bolan söýgüniň ruhunda terbiýelemegiň bütewi ulgamyny kemala getirmek maksady bilen şu ýylyň maýynda «Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ýokary hünärli türgenleri taýýarlamagyň umumy döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde ýakyn geljekde agyr atletika boýunça, ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdepleri, ýeňil atletika we welosport boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen sport desgalary gurlar.

Olimpiýa şäherjiginiň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygy tamamlap, döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna oýlanyşykly çemeleşmeleriň zerurdygyny, bu ýerde bag nahallarynyň oturdylmalydygyny, gök zolaklaryň döredilmelidigini, dürli gülleriň ekilmelidigini, şeýle hem milli aýratynlyklary nazara almak bilen olaryň bezegine aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylardan sport desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Ähli gurulýan desgalaryň sazlaşykly ösýän ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen utgaşmalydygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu çärä gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.