Ï «Türkmentel-2012»: ýokary tehnologiýalaryň ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmentel-2012»: ýokary tehnologiýalaryň ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy

view-icon 670
Şu gün türkmen paýtagtynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2012» atly nobatdaky VI halkara sergisiniň we onuň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy, bu çäreler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu uly pudaklaýyn forum ýurdumyzyň batly depgin bilen ösýän habar beriş tilsimatlarynyň, telekommunikasiýalar we teleradioýaýradyş serişdeleriniň gazananlaryny äşgär etmelidir hem-de bu ugurda dünýädäki täze işläp taýýarlamalary ulanmak boýunça tejribe alşylýan ýere öwrülmelidir.Oňa gatnaşýanlaryň gerimi ýylsaýyn giňelýär, munuň özi dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň ýagdaýda goşulyşýan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirilmegi hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleriniň özüne çekiji bolmagy bilen şertlendirilendir.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan uly möçberli maksatnamalaryň we uzakmöhletleýin geljek üçin niýetlenilen meýilnamalaryň batly depgin bilen üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistanyň durmuşynyň we işiň ähli ugurlaryna, şol sanda telekommunikasiýalar we habar beriş tilsimatlary boýunça innowasiýalaryň çekilmegine mümkinçilik döretdi. Aragatnaşygyň kämil, ýokary derejeli halkara standartlaryna laýyk gelýän, maglumatlaryň oňat hilli derejede alşylmagyny we dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da beýgelmegini üpjün edýän telekommunikasion ulgamy döretmek türkmen döwletini diňe bir Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň arasynda däl-de, Gündogary we Günbatary baglanyşdyrýan ýurt hökmünde mundan beýlek-de ösdürmekde ileri tutulýan ugra öwrüldi. Şuňa görä-de, Aşgabatdaky şu halkara forumyna dünýäniň dürli künjeklerinden myhmanlaryň we oňa gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzüminiň gelmegi ýöne ýerden däldir, olar şu ugurda işjeň ýagdaýda ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen çäklenmän, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin geldiler. Ýewraziýa kontinentindäki ýurtlaryň 19-syndan gelen wekiliýetler aragatnaşyk boýunça daşary döwletleriň düzümlerine, enjamlary öndürmek, täze tehnologiýalar we hyzmatlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna, iri halkara guramalaryna, aragatnaşyk we programma bilen üpjinçilik operatorlara wekilçilik edýärler.

Däp boýunça Sergi köşgünde guralýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2012» atly halkara forumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, bilim ulgamyna degişli düzümleriň, giň jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny ruhubelentlik bilen diňlediler, şonda milli Liderimiz telekommunikasiýanyň we maglumatlar tehnologiýalarynyň ähli durmuş-ykdysady ugurlara aralaşyp, olaryň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi.

Türkmen Lideri maglumatlar eýýamyna gadam basan dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmek ýurdumyzyň telekommunikasiýa binýadynyň has-da kämilleşdirilmegini, şol sanda, maglumatlar tehnologiýalary, ösen telekommunikasiýa torlary, Internet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, elektron resminamalar dolanyşygy ýaly ulgamlaryň ýokary derejede gurnalmagyny talap edýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz şu mesele barada gürrüňi dowam edip, aragatnaşygyň döwletiň durmuş, strategiki, aň-düşünje we ykdysady kuwwatyna täsir edýän esasy ulgamdygyny aýtdy. Milli Liderimiz şu gün Agabatda dünýäniň dürli ýurtlaryndan telekommunikasion ulgamlaryň wekilleriniň ýygnanandygyny belläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň we onuň telekommunikasion ulgamlarynyň gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisine oňyn hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygyny aýtdy hem-de bu halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we tejribe alyşmakda uly ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Eksponentleriň 80-den gowragy - ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri hem-de Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Sloweniýanyň, Şweýsariýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hytaýyň, Litwanyň, Gazagystanyň we GDA goşulýan beýleki ýurtlaryň önüm öndürijileri giň gerimli sergä gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça aragatnaşyk we telekommunikasaýalar ulgamynda Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen ygtybarly we uzakmöhletleýin esasda, ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly, ýokary tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri kompaniýalary- DVBT2 standarty boýunça sanly telewideniýe üçin barlag-ölçeg enjamlaryny öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýan Germaniýanyň «Nokia Siemens Networks» we «Rohde & Schwarz», Beýik Britaniýanyň hemra arkaly aragatnaşyk boýunça hyzmatlary hödürleýän «Hermes», Fransiýanyň nawigasiýa, kosmos, howpsuzlyk ulgamlary boýunça ýöriteleşdirilen «THALES Alenia Space», Russiýanyň ýaýradyş boýunça sanly ulgamlar bilen üpjün edýän «Prima Telekom», Hytaýyň öýjükli aragatnaşyk boýunça operatorlara toplumlaýyn çözgütleri iberýän «HUAWEI Technologies», Litwanyň degişlilikde telekommunikasion enjamlary we elektron resminamalaryň dolanyşygyna degişli ulgamlary işläp taýýarlaýan «SatGate» we «Doglogiх» ýaly kompaniýalary işleýärler.

2011-nji ýylda açylan täze, döwrebap «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi bu gün Sergi merkeziniň giň pawilonlarynda telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalaryna degişli hyzmatlar boýunça özleriniň toplumlaýyn çözgütlerini we täze işläp taýýarlamalaryny hödürleýän şu we beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň miwesine öwrüldi, bu merkez efir we hemra arkaly ýaýradýan sanly ulgamlaryň üsti bilen, döwletimiziň tele we radio ýaýlymlaryny diňe bir ýurdumyzyň çetki künjeklerine däl-de, onuň çäklerinden daşynda-da ýaýradýar.

Welaýatlaryň ählisinde we etrap merkezlerinde döredilen sanly awtomatiki telefon stansiýalarynyň ulgamy aragatnaşyk boýunça ýokary hilli hyzmatlar, şol sanda giň zolakly Internete birikmek we habarlary ýetirmek üçin ýokary tizlikli kanallar bilen üpjün edýär. Özara telefon gepleşikleriň geçirilmegi üçin goňşy döwletleriň aragatnaşyk ulgamlary bilen telekommunikasion infrastrukturany baglanyşdyrýan optiki-süýümli uly liniýalar çekilýär. Öýjükli aragatnaşyk boýunça «Altyn asyr» atly milli ulgam giňelýär, ol Türkmenistanyň ähli ýerini diýen ýaly gurşap alýar we abonentleriň 2,5 milliondan gowragyna öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Milli kosmos agentligi döwletimiziň dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýär, bu ulgam Ýeriň milli emeli hemrasyny uçurmak boýunça işi amala aşyrýar. Edaralaryň we pudaklaryň özara netijeli hyzmatdaşlyk etmegini gazanmak maksady bilen, döwlet düzümlerinde elektron resminamalaryň dolanyşygyna degişli ulgamlary döretmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde elektron resminamalaryň dolanyşygy boýunça ulgamyň ornaşdyrylmagyny üstünlikli tamamlanan taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar.

Ýerlerde okuw-bilim edaralaryny Internet ulgamyna birikdirmek, olary okatmagyň multimediýa we interaktiw serişdeleri bilen üpjün etmek batly depginde alnyp barylýar.

Şeýle ýokary netijeler Türkmenistanda uly möçberli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy, şeýle hem birgiden ugurlar boýunça esasy daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmegi bilen baglylykda döwletiň telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş kommunikasiýalary boýunça milli ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak boýunça maksada okgunly syýasatyň ýöredilmegi arkaly gazanyldy.

Aşgabatdaky gözden geçiriliş ýurdumyzyň maglumatlar tehnologiýalary we telekommunikasiýalar boýunça gazananlaryny, şu ugurdaky täze ýagdaýlary we ösüşiň geljekki mümkinçiliklerini aýdyň görkezmelidir. Maglumatlar tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeýji enjamlar, simsiz we giň zolakly aragatnaşyk, işde ulanylýan audio we wideo ýazgylary geçirýän enjamlar, kabel önümleri we toplaýjy enjamlar, aragatnaşyk boýunça hyzmatlary hödürleýän operatorlar, ýörite tehnika, logistika boýunça bölümlerde soňky döwürdäki işläp taýýarlamalar we innowasiýalar görkezildi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzümleri öz ekspozisiýalaryny ýerleşdirdiler. Şol düzümleriň arasynda «Türkmentelekom», «Teleradiomerkezi» döwlet aragatnaşyk kompaniýalary, poçta arkaly aragatnaşyk boýunça «Türkmenpoçta» kärhanasy, öýjükli aragatnaşyk boýunça «Altyn asyr» kärhanasy bar. Ýurdumyzyň aragatnaşykçylary telegraf we öýjükli aragatnaşyk serişdeleri, telekommunikasion ulgamlaryň binýady arkaly habar beriş serişdeleriniň işini elektron görnüşde geçirmek, milli tele we radio ýaýlymlarynyň gepleşikleriniň oňat hilli ýaýradylmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyz boýunça we daşary ýurtlara hatlary poçta arkaly çalt ýetirmek boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýärler.

Türkmen telekeçileri hem hyzmatlaryň agramly bölegini berjaý edýärler. Olar ýokary tehnologiýalaryň bazaryny üstünlikli giňeldýärler hem-de kärhanalar, edaralar we pudaklaryň düzümleri üçin dürli görnüşdäki täze enjamlaryň, aragatnaşyk we wideo arkaly gözegçilik edýän serişdeleriň gös-göni getirilmegini üpjün edýärler. Şolardan «Adwis», «Sapaýy», «Imdat Elektronika», «Sitkom», «Hasabat», «Türkmen akaba», «Ak Sim», «Nurseçme», «Niýet- optik», «Guwan», «Gujurly inžener», «Asuda asman» hojalyk jemgyýetlerni, «Alt», «Intek», «Wiwatek» açyk paýdarlar jemgyýetlerini we beýlekileri görkezmek bolar.

Güniň ikinji ýarymynda Sergi köşgünde «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady, bu maslahat pudagy hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň derwaýys meselelerine bagyşlandy. Oňa daşary ýurtly myhmanlaryň 120-dan gowragy - aragatnaşyk boýunça milli, döwlet düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri, tanymal alymlar, programmalary işläp taýýarlaýjylar, işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Olaryň arasynda iri halkara guramalarynyň: Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Aragatnaşyk boýunça sebitdäki arkalaşygyň, Ýewropanyň telekommunikasion standartlar boýunça institutynyň, Merkezi Aziýanyň öýjükli aragatnaşyk forumynyň, şeýle hem Ýaponiýanyň Sony Elektronik, Siemens ýaly biznes-kompaniýalaryň, Microsoft korporasiýasynyň, COLVIRSoftgate Solution, Turaya Telekommunication, Iskratel(Sloweniýa), Ýeastwind, MTS MITAS Telekom Systems, Avaya Nederland, Comviva Technologies ýolbaşçylary, menejerleri we beýlekiler bar.

Maslahatyň giňişleýin maksatnamasyna halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalary we taslamalary çekmek, ulanyjylara ygtybarly we oňat hilli hyzmatlaryň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça maglumatlar-telekommunikasion ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler goşuldy. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň telekommunikasiýalaryň we maglumatlar bilen üpjün etmegiň ulgamlarynyň ýagdaýyna, geljekki mümkinçiliklerine degişli syn we çaklamalara görä berilýän bahalar bilen tanyşdyryldy. Maslahatyň şu günki işi hemra arkaly kommunikasion tehnologiýalar we programmalardan ybarat önümleriň bazary ýaly meseleler boýunça pikir alyşmak bilen dowam etdirildi.

Halkara sergi we ylmy maslahat 19-njy sentýabra çenli öz işini dowam eder.