Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Gýulýa Pitýodan ynanç hatyny kabul etdi.
Ýurdumyzyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany Türkmenistanda diplomatik işine başlamagy bilen gutlady we oňa iki döwletleriň arasyndaky dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly asylly işde üstünlik arzuw etdi. Hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk billdirip, ilçi öz gezeginde döwlet Baştutanymyza Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Aderiň adyndan mähirli sözleri we iň gowy arzuwlary aýtdy.
Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny bellemek bilen, diplomat Wengriýanyň hökümetiniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Gürrüňdeşligiň barşynda wengriýaly diplomat döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri milli taslamalar we ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryndaky maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Mejlisiň işi we onuň ýurtda alnyp barylýan hukuk we demokratik özgertmeleriň jähedinde tutýan orny gepleşikleriň esasyny düzdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň barşynda milli parlamentiň ýolbaşçysy we ilçi özara peýdaly hyzmatdaşygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Söwda-ykdysady, energetika, derman senagaty we azyk senagaty, oba hojalygy pudaklary, suw serişdelerini dolandyrmak döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň çägini giňeltimegiň möhümdigini bellemek bilen, jenap Gýulýa Pitýo Wengriýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistan we Wengriýa üçin özara bilelikdäki tagallalary birleşdirmekde giň mümkinçilikleri özünde jemleýän sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi. Iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, ilçi ýygjam parlamentara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy barada aýtdy.
Şu gün Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Uzak möhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomat Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde duşuşyklary geçirer.

* * *