Ï Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi işe başlady

view-icon 819
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şiriş Manaklal Soniden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli palamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we Türkmenistan bilen GAR-yň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlik arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde türkmen döwletiniň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan mähirli sözlerini aýtdy.

Gepleşigiň barşynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurtda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, şeýle hem halkyň abadançylygyny, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýän iri möçberli taslamalar bilen tanyşdyryldy. Döwletimiziň sazlaşykly ösüşini we Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady, maglumatlar giňişligine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýän ylym we bilim ulgamlaryndaky özgertmelere aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem Mejlisiň Başlygy GAR-yň ilçisini milli parlamentiň düzümi we onuň kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelere uly gyzyklanma bildirmek bilen, jenap Şiriş Manaklal Soni durmuş-ykdysady we medeni taýdan uly ösüşlere eýe bolan parahatçylyk dörediji döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent hormatdygyny belledi. Diplomat Türkmenistan bilen GAR-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ikitaraplaýyn gönüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Ýangyç-energetika toplumyndaky, söwda we gumanitar, syýahatçylyk ulgamlaryndaky, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Daşky gurşawy goramak ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasyny düzdi.

Häzirki döwürde sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň özboluşly taryhy, köpasyrlyk däpleri, ajaýyp medeni hem-de ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde watandaşlarynyň ünsüni çekip biljekdigini bellemek bilen, jenap Şiriş Manaklal Soni döwletara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmegi guramalar bilen özara tanyşlyk saparlaryny, işewürçilik maslahatlaryny geçirmekden başlamagy teklip etdi we oňa gyzyklanma bildirýän pudaklaýyn edaralaryň we kompaniýalaryň gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

* * *

Şeýle hem şu gün GAR-yň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Ýangyç-energetika toplumyndaky, ykdysadyýet, söwda we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi jenap Şiriş Manaklal Soniniň we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary bilen ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklaryň baş mowzugyna öwrüler. GAR-yň wekiliýeti şeýle hem ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Medeniýet ministrliginde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşinde duşuşyklary geçirer.

Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary we Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanşar.