Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň biziň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdalla Al Adab Al Zarounini kabul etdi.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýanyň, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktumyň we BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýýanyň salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirip, BAE-e sapar bilen barmak baradaky çakylygy gowşurdy.
Türkmen döwletiniň Baştutany çakylyk we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň arasyndaky däp bolup gelýän deňlik, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan oňyn gatnaşyklara ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylygyna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, bu dostlukly ýurda ýakyn wagtda sapar bilen barmagy göz öňünde tutýandygyny habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirip pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň giň möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça netijeli işjeň gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunda şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan däbe öwrülen gumanitar-medeni ulgamda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, biz “açyk gapylar” syýasatyny ýöredýäris, dünýäniň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn, dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürýäris, dünýäde ýurdumyzyň tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary edýäris diýip belledi. Biz ýurdumyzyň dünýäde tutýan ornunyň ýokarlanmagyny we abraýynyň artmagyny, dünýä bileleşigine onuň deňhukukly agzasy hökmünde goşulmagyny gazanmak boýunça alyp barýan syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi özüniň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň duaýeni hökmünde öz kärdeşleriniň -- diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hemmesiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň ýurdumyzda geçirilýän ähli möhüm çärelere we dabaralara gatnaşmaga mümkinçilik döredilýändigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, munuň özi Bitarap Türkmenistanda ýöredilýän parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasatyň aýdyň mysalydyr. Bu syýasat bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar etmegini we goldawyny gazandy. Bu döredijilikli syýasat we ýurtda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli oňyn özgertmeler bütin dünýäde ýokary baha mynasyp bolup, Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi diýip, jenap Hasan Abdalla Al Adab Al Zarouni aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň arasyndaky dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem umumy bähbitleriň hatyrasyna pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.