Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Petrofac Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Petrofac Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 816
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Petrofac Limited“ kompaniýalar toparynyň prezidenti jenap Aýman Asfarini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň başyny başlan milli we halkara ähmiýetli giň gerimli ykdysady taslamalaryna işjeň gatnaşmaga hem-de uzakmöhletleýin işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyna hem-de öňden gelýän we täze hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklara gyşarnyksyz eýerýär, biziň döwrümizde ylmy-tehniki ösüşiň esasy ugry bolup durýan dünýä tejribesini we innowasion tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýär diýip belledi.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýäniň energetika döwleti hökmünde ykrar edilen Türkmenistan şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär.

Dünýäde nebitgaz işiniň öňdebaryjylarynyň biri bolup durýan arap kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça bilelikdäki iri taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Ýeri gelende aýtsak, umumy bahasy ABŞ-nyň 9,7 milliard dollaryndan gowrak bolan degişli şertnamalar 2009-njy ýylyň dekabrynda Hytaýyň, BAE-niň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen baglaşyldy. “Petrofac” kompaniýasyna kuwwaty bir ýylda 10 milliard kub metre barabar bolan harytlyk gazy kükürtden arassalaýan toplumyň, şeýle hem kuwwaty bir ýylda 20 milliard kub metre barabar bolan harytlyk gazy almak üçin niýetlenen, umumy bahasy ABŞ-nyň 4 milliard dollaryna golaý bolan ýerüsti önümçilik desgalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak tabşyryldy.

--Türkmenistan uglewodorod çig malynyň tassyklanan gorlarynyň we çaklanýan serişdeleriniň ägirt uly kuwwatyna eýe bolup, ony türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar—diýip, döwlet Baştutanymyz “Gaffney, Cline & Associates” britan kompaniýasynyň garaşsyz bilermenleri tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleri boýunça 2007-nji ýylda açylan diňe “Galkynyş” türkmen käniniň gorlarynyň 26 trillion 200 milliard kub metr gaza barabardygyny belledi.

Öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän türkmen döwletiniň meýilnamalaryny nazara almak bilen, täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak, şeýle hem zerur bolan ugurdaş düzümini gurmak bilen olary senagat taýdan özleşdirmek Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda takyk kesgitlenen wezipeler hökmünde anyk bellenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Türkmenistanyň baý iş tejribesine we öňdebaryjy işläp düzmelerine eýe bolan dünýä belli kompaniýalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň wajypdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň möhüm maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagy täze iş usullaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny ýurdumyzyň baý ýataklaryny gurmakda we işläp taýýarlamakda giňden ornaşdyrmaga, netijede milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga gös-göni ýardam edýär diýip belledi. Söhbetdeşligiň barşynda tehniki howpsuzlygy berjaý etmek ýaly möhüm ugra aýratyn üns berildi.

Taslamanyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň halkara ülňülerini nazara almak bilen alnyp barylýandygyny belläp, Aýman Asfari bildirilýän ýokary ynam üçin çuňňur hoşallygyny aýtmak bilen, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen tarapy bilen baglaşylan şertnamanyň ähli şertlerini geljekde hem takyk berjaý edip, öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Petrofac” kompaniýasynyň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda guralýan hyzmatdaşlyga düýpli çemeleşýändigine ýokary baha bermek bilen, BAE-den bolan hyzmatdaşlara Türkmenistanyň amala aşyrýan, milli ykdysadyýetimizi gyşarnyksyz ösdürmäge, netijede, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki giň gerimli taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.

Hoşlaşanda myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başyny başlan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Duşuşyga Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdalla Al Adab Al Zarouni gatnaşdy.