Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat» serhet birikmesiniň «Giňdiwar» serhet galasyna, ýurdumyzyň Migrasiýa gullugynyň binasyna, Türkmenistanyň Sagdyn durmuş howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugyna, şeýle hem paýtagtymyzyň durmuş ulgamyna degişli düzümlere baryp gördi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýeke-täk dolandyryş merkeziniň açylmagy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen göçme mejlis geçirdi.
Asyrlaryň dowamynda türkmen halky parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, häzirki täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyzyň howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň döredilmegi, sebitde we tutuş dünýäde durmuş-ykdysady abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrundaky işjeň başlangyçlary dünýäniň ähli döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, hoşniýetli gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürýän şeýle başlangyçlary tutuş halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Türkmenistanyň ýurduň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, Milli Goşunumyzyň goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinasy parahatçylyk söýüjilik we goranyş häsiýetinde bolmak bilen, türkmen halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşynyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby reformalar şu maksada gulluk edýär. Onda ýurlumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, olaryň häzirki zaman enjamlary we ýöriteleşdirilen täze tehnikalary bilen üpjün edilmegine, harby gullukçylar üçin degişli gulluk hem-de durmuş şertleriniň döredilmegine, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Serhet goşunlary milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly asylly hem-de jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýärler.
Şu gün döwlet Baştutanymyz «Aşgabat» serhet birikmesiniň «Giňdiwar» serhet galasyna bardy. Bu ýerde şu günki şanly waka mynasybetli ýörite taýýarlyk işleri durmuşa geçirilipdir.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy serhet galasynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasynyň baýramçylyk lybasynda hatara düzülen şahsy düzüminiň we ýörite toparyň ýanyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa serhet galasynyň başlygy A.Akmyradow hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki serhetçileri we serhet galasynyň serkerdelerini bu günki şanly waka bilen gutlady. Serhetçiler öz gezeginde hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyz serhet galanyň baş binasynyň içine girdi. Milli Liderimiz öňi bilen bu ýerdäki lukmançylyk otagyna bardy. Ol ýerde serhetçi esger otagyň enjamlaşdyrylyşy we onda lukmançylyk hyzmatlarynya ýerine ýetirmek üçin döredilen amatly şertler barada gürrüň berdi. Şeýle hem özüniň uly maşgaladandygyny, olaryň 14 dogandygyny, özüniňem maşgalanyň körpesidigini guwanç bilen gürrüň berdi. Milli Liderimiz ähli ýöriteleşdirilen otaglarda bolşy ýaly, lukmançylyk otagynyň hem göwnejaý enjamlaşdyrylandygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz durmuş hyzmatlary otagy bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde işleýän dellekçi-esgeriň ýanyna bardy we onuň bilen hal-ahwal soraşdy, serhetçiniň gulluk hem-de maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Şonda serhetçi harby gulluga çagyrylmazyndan öňem dellekçi bolup işländigini, mundan beýläk-de özüniň söýgüli kärini dowam etmek isleýändigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu habary diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda ähli şertleriň döredilýändigini belläp, serhetçilere gulluklaryny üstünlikli tamamlap, göwün küýsän hünärinde abraý gazanmaklaryny arzuw etdi we bu ýerden serhetçileriň ýatýan otaglaryna baryp gördi.
Bu ýede Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa serhetçileriň ýatýan otaglary boýunça nobatçysy otagyň ýagdaýy, gullugyň gidişi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklanyp, döwletimiziň harby gullukçylaryň gulluk hem-de ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy, olar üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we olara gulluklarynda üstünlik arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz serhet galasynyň sport zalyna baryp gördi. Bu ýerde serhetçi esgerler sportuň dürli görnüşleri, hususan-da, söweşjeň sungat boýunça öwrenen endiklerini görkezdiler. Olar Gündogaryň başa-baş söweşiniň birnäçe usullary boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Serhet galasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň ähli serhet hem-de harby şäherjiklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem döwrebap enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly bar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçi esgerleriň ussatlyklaryny synlady.
Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak arkaly ýurduň ilatyna, Watanymyzyň goragçylaryna görelde bolýar. Milli Liderimiz esgerleriň çykyşlaryny synlap, sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ýaşlaryň ruhy taýdan kämilleşmeginiň baş şertidir diýip belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz serhet galasynyň başga-da birnäçe otaglary bilen tanyşdy. Häzirki döwrüň baş talabyna laýyklykda olaryň hemmesi häzirki zaman aragatnaşyk, inženerçilik-tehniki enjamlar we ýöriteleşdirilen tehnologiýalar bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem milli Liderimiz ýörite oturdylan monitorda Türkmenistanyň Döwlet serhedinde gorag işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Giňdiwar» serhet galasynyň jemgyýetçilik-syýasy we dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen otagyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy harby gullugyň hünär taýarlygy boýunça meşgullanýan serhetçiler mähirl garşyladylar.
Olar bilen bolan gürrüňdeşlikde döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerleriň okuwlary, gulluk ýagdaýy, olaryň boş wagtlaryny geçirişleri hem-de geljekde höwes bildirýän hünärleri bilen jikme-jik gyzyklandy. Bu ýerde gulluk edýän serhetçileriň geljekde Watanyň goragynda durmak ýaly mukaddes gullugy dowam etmäge, mugallym bolmaga, lukmançylyga höwes bildirýänleriniň bardygyny bellemeli. Esasan-da, olaryň arasynda medeniýet we sungat ulgamynda işlemekçi bolýan ýaşlaryň bardygy guwançlydyr. Serhetçi esgerler öz gezeginde sungat ussatlygyny görkezdiler, aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen serhetçi-esgerler milli Liderimize harby gullugy ýokary derejede alyp barmaga ähli amatly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirp, mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramakda şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini mynasyp dowam etjekdiklerine, hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ruhlanyp, gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mukaddes serhetlerimizde gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän esgerler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde Watan goragçylary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, olaryň hünär ussatlygynyň ýokarlanmagy ugrunda döwrebap harby şäherjikler, serhet galalary gurulýar, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow «Giňdiwar» serhet galasynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Serhet galasynyň naharhanasynda hormatly Prezidentimiz naharlaryň görnüşi, olaryň taýýarlanyşy, tagamlary bilen gyzyklandy. Ol ýerde serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş şertleri, şeýle hem biziň ýurdumyzda täze taryhy eýýamda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, parahatçylygyň, mähriban topragyň abadançylygynyň, türkmenistanlylaryň abadan hem-de döredijilikli zähmetiniň sütüni bolan ýurduň Ýaragly Güýçleriniň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy.
Serhetçiler milli Liderimize harby gullukçylar üçin edýän yzygiderli aladasy we serhet galanyň şunuň ýaly döwrebap binalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçiler üçin nahar taýýarlanylýan aşhananyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiz serhetçi esgerleriň naharhanasy üçin taýýarlanylýan azyk önümleri, bişirilýän çörekler, olaryň hili hem-de tagamy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz asylly iş bilen meşgul bolýan serhetçi esgerlere gulluklarynda üstünlik arzuw etdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy serhetçileriň ygtyýaryna täze gelip gowşan ýörite harby tehnikalar, ýurdumyzyň çägindäki serhet galalarynyň birnäçesinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz harby tehnikalary hem-de taslamalary içgin synlap, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyny, harby gullukçylaryň hem-de serhetçileriň gulluk-ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy hem-de görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri we düzedişleri girizdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow «Giňdiwar» serhet galasynda bolmagynyň çäklerinde bu ýerde serhetçileriň maşgalalary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýyna hem baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň ilki baran öýündäki serhetçiler maşgalasynyň agzalary milli Liderimizi mähirli garşyladylar we özleri üçin döredilýän amatlyklara tüýs ýürekden taňryýalkasyn aýtdylar. Maşgaladaky çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny Watanymyz, döredilýän ajaýyp şertler baradaky goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin döwrebap şertleriň döredilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, mukaddes serhetleri goramak ýaly örän jogarkärli wezipäni ýerine ýetirýän serhetçileriň maşgalalaryna bagt, abadançylyk arzuw etdi we olara sowgatlar gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz döwrebap binada ýerleşýän öýleriň ýene birine baryp gördi. Serhetçiler maşgalasy hormatly Prezidentimizi mähirli garşylyap, milli Liderimiziň bu öýüň işiginden ätlemegini özleri üçin uly hormat saýýandyklaryny aýtdylar we döredilýän amatlyklar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz olaryň gulluk hem-de ýaşaýyş şertleri, bu ýerde döredilýän amatlyklar bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz serhetçileriň maşgalasyna abadançylyk, rysgal-döwlet arzuw etdi. Öz gezeginde bu öýüň çagalary döwlet Baştutanymyza öz bilýän goşgularyny okap berdiler. Milli Liderimiz öý eýelerine ýörite sowgatlary gowşurdy.
Serhetçiler we olaryň maşgala agzalary özleri üçin döredilýän şertlere hoşallyk bildirip, türkmen serhetçileriniň mundan beýläk-de Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby gullukçylary, serhetçileri we olaryň maşgala agzalary hakynda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçiler bilen ýadygärlik surata düşüp, «Giňdiwar» serhet galasyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýeke-täk dolandyryş merkezine tarap ugrady.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýeke-täk dolandyryş merkeziniň ýanynda döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Asylly däbe görä, milli Liderimize gül desseler gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz binanyň birinji gatynda iň häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan otagyna bardy. Dolandyryş merkeziniň başlygynyň orunbasary bu ýerde oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlaryň işi, şol sanda döwrebap aragatnaşyk serişdeleri bilen tanyşdyrdy. Merkeziň döwrebap tehnologiýalary Içeri işler ministrliginiň urdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän düzüm bölekleri bilen wideoşekilli göni aragatnaşygy alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýeke-täk dolandyryş merkeziniň işi bilen tanyşlykdan soňra döwlet Baştutanymyz ýurtda jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň berk ýola goýulmagy, raýatlaryň rahat hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini bellemek bilen, şunuň ýaly kämil enjamlar bilen üpjün edilen merkezleriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralmagy, olaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi ugrunda degişli gulluklaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz merkeziň gullukçylaryna işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralyrynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýeke-täk dolandyryş merkezinde göçme mejlis geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary we Içeri işler ministrliginiň ähli şahsy düzümini Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýeke-täk dolandyryş merkeziniň açylmagy bilen gutlady we iň täze enjamlar bilen üpjün edilen bu merkez ministrligiň işgärleriniň anyk we sazlaşykly işini ýola goýmaga hyzmat eder diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, onda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli guraljak baýramçylyga hem-de onuň çäklerinde geçiriljek döwlet ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we jemgyýetçilik tertip-düzgünini saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz özbaşdak türkmen döwletiniň mundan beýläk-de parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk esaslarynda ýola goýulýan daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolan hemişelik bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň barşynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň soňky döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi hakyndaky hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew birnäçe möhüm ugurlary özünde jemleýän giň möçberli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy, şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümlerinde ýurdumyzuň sazlaşykly ösüşi üçin zerur şertleriň döredilmegini, türkmen jemgyýetiniň özüniň milli Lideriniň we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlarynyň daşynda mäkäm jebisleşmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ähli serhetdeş döwletleriň arasynda döwlet çäklerimiziň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedine öwrülmegine gönükdirilip, durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň bekidilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, ýokary hünärli gullukçylaryň taýýarlanylmagyna, şeýle hem harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin ýokary derejede gulluk, dynç alyş şertleriniň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi, olaryň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permana gol çekip, resminamada görkezilýän wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi alyp barýan prokuraturanyň düzümlerinde soňky döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň hem-de onuň raýatlarynyň bähbitleriniň goragynda durýan ýurdumyzyň milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew halkara tejribelerini we häzirki türkmen jemgyýetiniň isleglerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýüklere ýokary derejedäki gözegçiligi üpjün etmek, hususan-da, ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen harytlaryň öňüni almak boýunça gullugyň işgärleriniň durmuşa geçirýän çäreleri hakynda hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşeleriň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda hukuk goraýjy düzümler, saglygy goraýyş edaralary we abraýly halkara hem-de sebitleýin düzümler bilen utgaşyklylykda alnyp barylýan düşündiriş işleri gullugyň wezipesiniň esasy ugry bolup durýar.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, biziň ýurdumyzyň myhmansöýerlik däpleriniň ykrar edilmegi boýunça durmuşa geçirilýän sazlaşykly çäreler hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Ýeke-täk dolandyryş merkezini açyp berendigi we düzümiň işiniň döwrebap derejede öňe ilerlemegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy ministrligiň we onuň düzümleriniň işgärleriniň mähriban Watanymyzy gözüniň göreji deý gorap, mundan beýläk-de jenaýatçylyga garşy berk göreş alyp barmak bilen jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň goragynda yhlasly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň gerimi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň parahatçylygynyň we durnuklylygynyň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň goragynda durýan düzümleriň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, harby edaralaryň şahsy düzüminiň watansöýüjilik ruhda terbiýelenmegi, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň dünýä garaýyşlarynyň giňeldilmegi, şeýle hem harby gullukçylaryň hatarynda tertip-düzgüniň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen maslahatyň barşynda başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz göçme mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen jogapkärli işlerinde we gulluklarynda üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden çykyp, ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň durky düýpli täzelenen täze binalar toplumyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatlyk meselesi boýunça, pasport almak hem-de çalyşmak üçin adamlara edilýän hyzmatlar bilen içgin tanyşdy. Gullugyň hünärmeni bu işleri ýokary derejede hem-de tiz amala aşyrmak maksady bilen elektron resminama dolanyşygyna doly geçilendigini döwlet Baştutanymyza gürrüň berdi. Ol döwlet migrasiýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň resminamalaryny taýýarlamakda döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz gullugyň işgärleriniň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň ikinji gatyna çykyp, gullugyň hasaba alyş, wiza we rugsatnama beriş bölüminiň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz işleri döwrüň bildirýän ýokary talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek, öz işine ökde hünärmenleri taýýarlamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gullugyň merkezi edarasynyň binasyna geldi hem-de ýörite nobatçy bölümde işleriň guralyşy bilen jikme-jik tanyşdy. Bu bölümde halkara migrasiýa gulluklary bilen telefon, wideoşekilli aragatnaşyk arkaly maglumatlar alynýar hem-de şol maglumatlar merkezi maglumatlar gorunda jemlenýär. Milli Liderimiz biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlary hasaba almak boýunça örän jogapkärli wezipäni amala aşyrýan migrasiýa gullugynyň işine baha bermek bilen, öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu ýerde bolan wagtynda hormatly Prezidentimiz döwrebap enjamlaşdyrylan mejlisler zalynyň işi bilen hem tanyşdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz migrasiýa gullugynyň binasyndan çykyp, «Owadan» hyzmatlar öýüne tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz hyzmatlary berjaý edýän ulgamyň bu ýerde ýerleşýän kärhanalaryndaky iş şertleri bilen tanyşmak üçin, binanyň ikinji gatynda zenanlaryň geýimlerini taýýarlaýan tikinçilik bölümine bardy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tikinçilik bölüminde işleýän zenanlar bilen söhbetdeş bolup, işleriň barşy, zähmet şertleri, önümçilik amallarynyň guralyşy we enjamlary bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde milli lybaslara çekilýän keşdeleriň, nagyşlaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olaryň zenanlaryň eliniň hünäri bilen ýerine ýetirilende has hem gözel bolýandygyny belledi. Ene-mamalarymyzyň zehin siňdirip döreden inçe sungatlarynyň häzirki döwürde gelin-gyzlarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi bellenmeli ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ýerde işleýän gelin-gyzlara kesbinden kemal tapmaklaryny arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky hyzmat ediş öýüniň binasynyň könelendigini belläp, degişli ýolbaşçylara düzümiň täze binasynyň gurluşygy we ýerleşjek ýeri boýunça teklibi taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatlar ulgamynyň we onuň düzüminiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine degişli meselelere ünsi çekip, täze hyzmat ediş öýünde ýerleşjek kärhanalaryň işgärleri, şeýle hem bu ýere gelýänler üçin ähli amatly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny hem-de adamlara ýokary hilli derejede hyzmat edilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda işleýänleriň abadançylygy we bagtyýar durmuşy barada içgin alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdan tikinçiler bilen hoşlaşyp, «Owadan» hyzmat ediş öýünden çykdy.
Soňra milli Liderimiz Halkara we şäherara aragatnaşyk merkezinde ýerleşýän Internet-kafesine bardy. Mälim bolşy ýaly, innowasion tehnologiýalary ösdürmek hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar boýunça öňde baryjy ylmy-tehniki gazananlary giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Häzirki wagtda döwrebap kommunikasion tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda işjeňlik bilen ulanylyp, onuň yzygiderli ýagdaýda we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýär hem-de türkmenistanlylaryň ählumumy maglumatlar giňişligine aralaşmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz bu ulgamdaky işleriň has-da kämilleşdirilmegi barada aragatnaşyk ministrligine zerur tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany hünärmenleriň biri bilen söhbetdeş bolup, Internet-kafede işleriň guralyşy we onuň tehniki enjamlar bilen üpjün edilişi, bu ýere gelýänlere hödürlenýän hyzmatlaryň toplumy we hili bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň geljekdede maglumatlar-telekammunikasion ulgamyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berjekdigini, şu ugurda öňdebaryjy gazanylanlary we ýokary netijeli işläp taýýarlamalary ugur edinjekdigini hem-de munuň uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen ähli wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny belledi. Internet-kafeniň işgäri milli Liderimize ösüşe esaslanýan syýasaty ýöretmegi netijesinde döwrebap maglumatlar we telekommunikasion tehnologiýalaryň, şol sanda Internetiň türkmenistanlylaryň ählisi üçin elýeterli bolandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň durky düýpli täzelenen binasyna bardy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň binasyna girip, mejlisler zalyna bardy. Tutuş adamzada çynlakaý howp salýan neşeleriň bikanun dolanyşygyna we olaryň ýaýradylmagyna garşy, şeýlelikde, bu nägehan belanyň düýp- teýkary bilen soňuna çykmak boýunça gullugyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýdyp döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda düşündiriş we öňüni alyş işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurdygynya ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz berkarar döwletimiziň bagtyýalyk döwründa eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmagyň wajyp wezipedigini aýratyn nygtady. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidenti bu gullugyň işiniň möhüm ähmiýetli jähetlerine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleriň gijikdirilmän we toplumlaýyn çözülmegine degişli ähli meselelere hem-de şu ugurda görülýän çäreleriň utgaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň binasyndan çykyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna öz öňlerinde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge rowaçlyklary arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.