Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlaryna iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlaryna iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 1079
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlaryna iş saparynyň çäklerinde sebitleri durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny ýerlerde amala aşyrmagyň, iri desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Irden hormatly Prezidentimiz dikuçarda Türkmenabat şäherinden ulanmaga beriljek ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgasyna -- Amyderýanyň kenarlaryny birleşdiren täze köprä tarap uçdy. Döwlet Baştutanymyz uçuş mahaly tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda hem ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimine we netijelerine baha berdi.

Häzir Lebap welaýaty berkarar döwletimiziň energetika howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän esasy welaýatlaryň birine öwrülýär. Bu ýerde häzirki zaman senagat kärhanalary gurulýar, ulag düzümi okgunly ösýär. Häzirki wagtda welaýatda täze dolandyryş-medeni merkez kemala gelýär, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň , mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň we medeni aň-bilim maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda welaýatda ägirt uly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi. Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi, Türkmenabatda pagta egriji fabrigi, Ýylgynagyzda suw göteriji toplum işe girizildi, täze Döwletli etraby döredildi, “Farap” şypahanasynyň täze binalary we Lebap welaýatyny ösdürmek, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň mysaly bolup durýan beýleki köp sanly täze binalar we desgalar ulanmaga berildi.

Täze desgalaryň hatarynda Köýtendag etrabynda Garlyk şäherçesinde döredilen, häzirki zaman düzümine eýe bolan täze Garlyk şäherçesini, şeýle hem bu ýerde gurulýan iri senagat kärhanalaryny—kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasyny we sement zawodyny görkezmek bolar. Bu sebit şeýle hem oba hojalygynda gazanýan üstünlikleri we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary bilen bellidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçaryň üstünden welaýatyň oba hojalyk ýerlerini üns bilen synlap, bu ýerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük galla ekişiniň depginlerine, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de ekin meýdanlarynyň meleoratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişine baha berdi. Döwlet Baştutanymyz guş uçar belentlikden Köýtendag etrabynyň Kelif şäherçesinden Garlyk şäherçesine barýan uzynlygy 21,7 kilometr bolan awtomobil ýolunyň gurluşygynyň barşy bilen hem tanyşdy. Häzir bu ýerde iri senagat merkezi emele gelýär.

Mälim bolşy ýaly, täze awtomobil ýolunyň gurluşygy "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde Lebap welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň edara kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar. Awtomobil ýolunyň gurluşygy III tehniki derejesiniň görkezijilerine laýyklykda ýer düşeginiň ini 12 metre, şol sanda gatnaw zolagynyň ini 8 metre we ýoluň her tarapynda gyraky zolagynyň ini 2 metre deň bolup durýar.

Häzirki wagtda bu ýerde ýer işleri doly tamamlanyp, ýola çagyl düşemek işleri alnyp barylýar, şeýle hem ýoluň 9 kilometrinde asfalt gatlagy taýýar edildi. Ýoluň galan bölegine asfalt düşemek işleri dowam etdirilýär. Ýol üçin gerek bolan 45 tonna sowuk asfalt “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň Ahal welaýatynyň Abadan şäherindäki asfalt zawodyndan gurluşyk meýdançasyna eltildi.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Amyderýanyň üstünden gurulýan awtomobil köprüsiniň golaýynda ýörite taýýarlanan meýdança gonýar. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow, wise-premýerler A.Ýegeleýew we R.Seýitkulyýew, Lebap welaýatynyň häkimi, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.

Mälim bolşy ýaly, bu iri maýa goýum taslamasyna 2009-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berildi. Şonda Merkezi Aziýada iri inženerçilik desgasy bolan Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsini ulanmaga bermegiň dabarasy bolupdy.

Bu möhüm desgalar—demir ýol we awtomobil köprüleri ulag ýollarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmelidir. Gadym döwürlerde bu ýerlerden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ugurlary geçipdir. Ol Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeni we söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly hökmünde hyzmat edipdir. Täze taryhy eýýamda bu ýol ählumumy ösüşiň bähbidine gaýtadan dikeldilýär.

Strategik desgany “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça türkmen we ukrain hünärmenleri bilelikde gurýarlar. Täze häzirki zaman ulag geçelgesi özüniň inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurmagyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Köpriniň taslamasynda agram, ýük göterijilik, hereketiň tizligi nazara alnyp we örän berk gurnamalar peýdalanyp, ýokary seýsmiki durnuklylyk we beýleki tehniki görkezijiler göz öňünde tutuldy. Zerur bolan inžener-tehniki talaplara doly gabat gelýän köpriniň umumy uzynlygy 1415 metre, gatnaw zolagynyň ini 11,5 metre deň bolup durýar.

Taslama laýyklykda gurulýan awtomobil köprüsi jemi 14 prolýot aralygyndan ybarat bolup, köprini demir konstruksiýalary ulanmak arkaly gurmak bellenildi. Köprüniň aşagyndan gämileriň geçip bilmegi üçin bolsa onuň beýikligi suw akymyndan 9,5 metr ýokarda guruldy. Awtomobil köprüsiniň demir ýol köprüsi bilen ýanaşyk gurulýandygy sebäpli, onuň demir ýol köprüsi tarapynda howpsuzlyk üçin ýörite demir tor haýaty çekildi. Häzirki wagtda köpriniň we onuň daş-töwereginiň abadanlaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Jeýhunyň üstünden geçýän häzirki zaman awtomobil köprisi Türkmenistanyň günorta-gündogar bölegini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň ýurdumyzda okgunly kemala gelýän transmilli ulag geçelgesiniň möhüm düzüm bölekleriniň birine öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz awtomobil köprüsine alyp barýan ýoluň ugrunda ýörite meýdançada ýerleşdirilen täze içerki demir ýollarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Olar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olaryň her haýsy boýunça öz belliklerini we tekliplerini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpriň üstüne çykylýan basgançak bilen onuň gatnaw zolagyna baryp gördi. Bu ýerde milli Liderimizi bu täsin inženerçilik desgasyny bina edýän gurluşykçylar we hünärmenler mähirli garşylaýarlar, olar häzir köprä motokril örtügini düşemek işlerini alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykçylaryň armasyny ýetirip, olaryň gündelik iş aladalary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylaryň mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek we olaryň iş haklary, gurluşyk işleriniň we serişdeleriniň hilini berjaý etmek, dürli tehnikalary we enjamlary ulanmak bilen bagly meseleleri gozgady. Köpri gurmak asylly işdir, sebäbi ol geljek nesillerimiz üçin uly ähmiýete eýe bolup, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynyň taryhy senenamasyna girer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyny senagat taýdan ösdürmek hem-de "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmak bilen baglylykda awtomobil köprüsiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Köpriniň ulanmaga berilmegi bilen ýolagçylary gatnatmak işi gowulanar, hereketiň tizligi artar, çykdajylar azalar, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin niýetlenen ýükleriň akymy ep-esli artar. Ol iki kenaryň hem ilatynyň ulag gatnawy üçin oňat şertleri döreder, Amyderýanyň sag kenarynyň baý mineral-çig mal serişdelerini çalt depginler bilen özleşdirmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty ýerine ýetirer. Häzir bu ýerde kaliý dökünlerini we sement öndürýän iri senagat toplumlary gurulýar, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşy üstünlikli ösdürilýär. Bularyň hemmesi öz gezeginde ykdysady ösüşe, halkymyzyň durmuş derejesine oňyn täsirini ýetirer diýip, döwlet Baştutanymyz köpri gurluşykçylaryny has-da gujurly zähmet çekmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ruhlandyrdy.

Gurluşykçylar öz gezeginde hormatly Prezidentimize welaýaty we tutuş ýurdumyzy gülläp ösdürmek barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze köpriniň Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň mizemez dostlugynyň özboluşly nyşanyna öwrüljekdigini we bellenilen möhletde ulanmaga beriljekdigine ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz desgada tamamlaýjy tapgyra gadam basan işleriň barşy, hususan-da, awtomobil köprüsine alty gat örtülýän gurluşyk materiallarynyň hili hem-de köpriniň beýleki aýratynlyklary bilen içgin tanşyp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şonda milli Liderimiz ýurdumyzda gurulýan ähli desgalara, aýratyn-da, durmuş maksatly binalara bildirilýän esasy talabyň hil we howpsuzlyk ülňülerini berjaý etmekden, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýandygyny ýene bir gezek nygtady.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiz köpriniň gurluşygynda ulanylýan materiallar bilen içgin gyzyklanyp, şular ýaly wajyp ähmiýetli desgalarda täze tehnologiýalar we innowasiýalardan ýerlikli peýdalanyp, ýerli çig mallardan ylmy taýdan doly esaslandyrylan ýol gurluşygy üçin ýokary hilli materiallary taýýarlamagy ýola goýmak barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berdi.

Şu günki duşuşykdan ýadygärlik üçin döwlet Baştutanymyz Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsiniň gurluşykçylary bilen bilelikde surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykçylar bilen mähirli hoşlaşyp we olara asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, dikuçaryna münýär we Hojambaz etrabyna tarap ugur alýar.

Döwlet Baştutanymyz uçuş mahaly Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň täze döredilen Garlyk şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän sement zawodynyň gurluşygynyň barşy bilen hem tanyşdy. Bu ýerde häzir iri senagat merkezi emele gelýär.

Mälim bolşy ýaly, Garlyk şäherçesinde sement zawodynyň gurluşygyna 2009-njy ýylda badalga berildi. Onuň gurluşygy türk hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrylýar. Kärhananyň taslama kuwwaty bir ýylda 1 million tonna semente deňdir. Zawodyň işlemegi üçin zerur bolan çig mal onuň golaýynda ýerleşýän karýerden gazylyp alnar. Önümçilik işe girizilenden soň zawodda täze iş orunlary dörär. 800-e golaý adam onuň tehnologik ulgamyna hyzmat eder, täze kärhananyň önümi bolsa Lebabyň täze gurluşyklaryna iberiler. Umuman, bu kärhananyň ulanmaga berilmegi welaýaty we tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir obasynyň golaýynda gondy.

Mälim bolşy ýaly, Lebap welaýaty özüniň täsin tebigy ýerleri bilen giňden tanalýar. Bu ýerde özboluşly tebigy gözellikler bolup, ýokary bejerjilik ukybyna eýe bolan ösümlikleriň ençeme görnüşi ösýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işi hut şol ösümliklere hem-de türkmen halkynyň olary ulanmak boýunça köp asyrlyk däplerine bagyşlanandyr. Bu neşir türkmen lukmanlarynyň ýankitabyna öwrülip, halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerleri synlap, bu ýerde ösýän ösümlikler bilen gyzyklandy we ýerli tebigatyň ekologik taýdan arassadygyny, onuň ynsan bedenine gowy täsir edýändigini belledi. Türkmen halkynyň milli baýlygy bolup durýan tebigata aýawly garamagyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz şunuň bilen bagly ähli meselelere ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz müň derdiň dermany hasaplanýan melhem ösümlikleriň hatarynda çomuç ösümligine aýratyn ünsi çekip, onuň dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary barada doly maglumat berdi.

Şu ýerde, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjeklerinde, Garagum çölüniň bezegi bolan sazak tokaýlygynyň saýasynda milli Liderimiz Lebap welaýatyna iş saparynyň jemleri boýunça gysgaça maslahat geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna nobatdaky saparyň welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş durmuşy, sebitde gurluşygy alnyp barylýan ägirt uly desgalarda işleriň ýagdaýy bilen ýerinde tanyşmak maksadynda amala aşyrylandygyny aýdyp, sahawatly türkmen topragynyň baý serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň esasy wezipeleriň biridigini nygtady.

Lebap welaýatyna nobatdaky saparyň uly özgertmeleri başdan geçirýän bu ülkäniň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki hakyky keşbi, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuşy, sebitiň ägirt uly gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak maksady bilen amala aşyrylandygyny belläp, milli Liderimiz bereketli we sahy türkmen topragynyň baý serişdelerini netijeli peýdalanmagyň milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň strategik wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, deputatlaryň Lebap welaýatynyň etraplarynda alyp barýan işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, halkyň saýlanlarynyň özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýän täze kanunçylyk resminamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ilatyň arasynda alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geňeşlikleriň işiniň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny nygtap, bu barada degişli kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamalaryň wajypdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gurluşyk ulgamynda welaýaty ösdürmegiň maksatnamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde iri desgalaryň birnäçesini, şol sanda Amyderýanyň üstünden gurlan Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprisiniň, Garlyk şäherçesindäki sement zawodynyň, beýleki durmuş - medeni maksatly desgalaryň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy habar berildi.

Milli Liderimiz Lebap welaýatynda we tutuş ýurdumyzda amala aşyrylýan, raýatlaryň abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň möhümdigini belläp, gurluşyk işleriniň möhletleriniň berk berjaý edilmeginiň we işleriň hiline yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigine, şeýle hem täze senagat kärhanalarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz şunda halk baradaky alada, onuň abadançylygy we gülläp ösmegi ileri tutulýan ugur bolup durýar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görmek meselelerine degip geçip, şu welaýatyň we tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin olaryň uly ähmiýete eýedigini nygtady we meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ulag-aragatnaşyk ulgamynda sebiti ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenabatda täze halkara howa menziliniň we halkara ähmiýetli Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň ilkinji böleginiň düýbüni tutmak bilen baglanyşykly işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, täze taryhy eýýamda sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýän Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara gatnaw ýollarynyň möhüm bölegi hökmünde köprileriň, awtomobil we demir ýollaryň gurluşygyna ünsi çekdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow oba hojalyk ulgamynda işleriň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň gidişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň meseleleri barada durup geçip we pagta ýygymyny hem-de güýzlük bugdaý ekişini guramakda birnäçe düýpli kemçilikleriň bardygyny belläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek we ony bellenen möhletlerde üstünlikli tamamlamak boýunça degişli çäreleri görmegi berk talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň sazlaşykly geçirilmeginiň hem-de bu işlerde kuwwatly tehnikadan netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi.

Iş maslahatynyň barşynda şeýle hem Hökümetiň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowyň, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowyň sebitde geçirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda Türkmenabat-Farap gara we demir ýol köprileriniň gurluşygynyň düýbüni tutmak, Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi we Seýdi şäherindäki awtomobil köprülerini açmak, Köýtendag etrabynda gurlan sement zawodyny we Garlyk şäherçesinde gurlan medeni - durmuş ähmiýetli binalary açmak, awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, demir ýoly döwrebaplaşdyrmak, Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň we Türkmenabat şäherinde döwrebap howa menziliniň düýbüni tutmak ýaly welaýatyň durmuş ykdysady ulgamynda möhüm ähmiýetli desgalar barada aýtmak bilen, bu meselelere degişli guramaçylyk işlerini geçirmek üçin degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň netijeleri boýunça maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara bu ýerde amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň ählisini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem ýurdumyzyň baş baýramyny – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi mynasyp garşylamaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatyň häkimi Ý.Ýaýylowa ýüzlenip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we umuman, türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýan welaýatyň oba hojalyk pudagynyň işgärlerine üstünlikler we täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp we olara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edip, özüne garaşýan dikuçara tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary asmana galyp, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugur aldy.

Döwlet Baştutanymyz ýol ugrunda dikuçaryň üstünden Mary welaýatynyň oba hojalyk meýdanlaryny synlady. Bu ýerde häzir “ak altynyň” hasylyny ýygnamak we güýzlük galla ekişi dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, nebitiň we gazyň çykarlyşyny ep-esli artdyrmak Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň esasy wezipesi bolup durýar. Dünýä bazaryna iberilýän uglewodorodlaryň möçberleriniň ep-esli artdyrylmagy netijesinde biziň ýurdumyz häzir dünýäde bu ugurda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Türkmen döwletiniň energetika syýasaty biziň ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyna esaslanyp, oňa laýyklykda häzir tebigy gaz Hytaý Halk Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Russiýa Federasiýasyna iberilýär, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ugurlaryny döretmek babatda beýleki birnäçe taslamalar işlenip düzülýär.

Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny berkitmek ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan strategik wezipeleriň hataryna girýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet energetika strategiýasyny amala aşyrmak türkmen topragynyň ýerasty baý uglewodorod gorlaryny halkyň bähbidine has giňden ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu möhüm wezipäniň çözgüdi diňe uglewodorodlary çykarmagy däl-de, eýsem, olary içerki we daşarky bazarlarda giňden zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda gaýtadan işlemegi göz öňünde tutýar.

Mary welaýatynyň çäginde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýataklar bar. Olaryň arasynda täsin gaz hazynasy -- “Galkynyş” käni bolup, ol “Caffney Cline & Associates” /Beýik Britaniýa/ halkara komaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz auditiň netijesinde tassyklanan “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde iri ýataklaryň ikinjisi diýlip hasaplanylýar. Onuň gorlarynyň möçberi 26,2 trillion kub metre barabardyr. Hünärmenleriň pikirine görä, Osman meýdanynda üsti açylan tebigy gazyň gorlary we Ýolöteniň uglewodorod ýataklary nebitiň we gazyň toplanan bir zolagy, ýagny umumy meýdany 1800 inedördül kilometre deň bolan ägirt uly ýatak bolup durýar.

Häzir “Galkynyş” gaz käniniň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy amala aşyrylýar. Bu ýerde ýatagy özleşdirmäge we senagat taýdan işläp taýýarlamaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Gurluşyk işlerinde 24 müňden gowrak adamyň, olardan 17 müňden gowragynyň ýerli işgärler bolmagynyň özi alnyp barylýan işleriň geriminiň örän giňdigine şaýatlyk edýär. Uglewodorod çig malynyň çykarylyp başlanmagy Mary we Lebap welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň ýaşaýjylaryny iş bilen üpjün etjekdigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen we “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasyna” laýyklykda, şeýle hem türkmen tebigy gazynyň çykarylýan we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2009-njy ýylyň dekabrynda Kararlaryň birnäçesine gol çekdi. Şol resminamalara laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine iri “Galkynyş” gaz käniniň bir böleginde işleri ýerine ýetirmek barada “CNPC Chuanding Drilling Engineering Compani Limited” /HHR/, “ LG International Corp” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” /Koreýa Respublikasy/, şeýle hem “Petrofac International /UAE/ LLC” we “Culf Oil & Cas FZE” /Birleşen Arap Emirlikleri/ ýaly kompaniýalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda bu kompaniýalaryň her biri degişli desgalary taslamak we gurmak bilen meşgullanýar.

Mysal üçin, CNPC kompaniýasy ýylda 10 milliard kub metre barabar bolan gazy çykarmak boýunça, hususan-da, guýulary burawlamak, gazy başlangyç arassalaýjy desgany, gazy gaýtadan işleýän zawody, şleýfleri we kollektorlary, uzynlygy 108 kilometr bolan gaz geçirijini çekmek boýunça işleri amala aşyrýar. Çuňlugy ortaça 4680 metre barabar bolan guýularyň ýene-de 22-sini burawlamak göz öňünde tutulýar. Kompaniýa işçiler şäherçesini gurmak boýunça işleri alyp barýar. Garaşylyşy ýaly, bu desgalarda işler doly tamamlanandan soň olarda 590-dan gowrak adam zähmet çeker.

Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan şu gaz ýatagynyň bir böleginde kuwwaty bir ýylda 10 milliard kub metre deň bolan harytlyk gazy kükürtden arassalaýan toplumy gurmak işleri alnyp barýylýar. Bu desga ulanmaga berlenden soň 460-dan gowrak adam iş bilen üpjün ediler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy kompaniýlarynyň biri--“Petrofac International /UAE/ LLC” kuwwaty bir ýylda 10 milliard kub metre deň bolan harytlyk gazy kükürtden arassalaýan toplumy, şeýle hem kuwwaty bir ýylda 20 milliard harytlyk gazy almak üçin niýetlenen önümçilik desgalaryny, şol sanda uzynlygy 98 kilometr bolan gaz geçirijini hem-de ýörite şleýfleri we kollektorlary gurmak işlerini amala aşyrýar. Işler doly tamamlanandan soň bu ýerde 650-ä golaý adam işläp biler.

“Culf Oil & Cas FZE” /BAE/ kompaniýasy bir ýylda jemi harytlyk gazyň 20 milliard kub metrini almak üçin ýerasty desgalary gurmak boýunça işleri alyp barýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman iş usullaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Awtomatlaşdyrylan dolandyryş we uglewodorod ýataklarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gözegçilik serişdelerini peýdalanmak çig maly çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik kadalary saklamaga we ykdysady kuwwatyň derejesiniň umumy ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz käninde häzirki zaman awtomatlaşdyrylan dolandyryş merkeziniň hereket etjekdigini bellemek gerek. Ol işgär gatnaşmazdan, ähli desgalaryň we guýularyň işini daş aralykdan dolandyrmaga, guýularyň debitlerini üýtgetmäge mümkinçilik berer. Merkeziň kömegi bilen ähli guýularda telegözegçilik amala aşyrylar.

“Galkynyş” gaz käninde iki sany işgärler şäherçesi hem gurulýar. Olaryň biri 712 sany, beýlekisi bolsa 1200 sany işgäre niýetlenendir. Bu şäherçelerde ýaşamak, dynç almak we medeni köpçülik çärelerini geçirmek üçin ähli şertler dörediler.

“Galkynyş” gaz käninde daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda, “Türkmengaz” döwlet konserni we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy ulanyş gaz guýularynyň 6-synda buraw işlerini, guýularyň ikisinde bolsa ýerasty suwlaryny sowmak boýunça işleri alyp barýar.

Milli Liderimiziň dikuçary ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň bir böleginde ýörite taýýarlanan meýdança gonýar. Bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Chuanding Drilling Engineering Compani Limited” kompaniýasy tarapyndan giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň / CNPC / Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli ýerde işleriň ýagdaýy hakynda jikme-jik hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek we türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak babatda kompaniýanyň wekiliniň ünsüni CNPC-niň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işlere öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň gerekdigini aýdyp, kompaniýanyň öz işiniň depginini güýçlendirmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde işleýän türkmen we hytaý hünärmenleriniň ýanyna baryp, olaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Burawlaýjylar we beýleki hünärmenler milli Liderimize yzygiderli edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge uly goşant goşýandygyny belläp, döwletimiz geljekde hem nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, pudagyň işgärleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmäge uly üns berer diýip nygtady.

Bu ýerde işleýän hünärmenleriň haýyşy boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagyny dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýol ugrunda demir ýoluň bir şahasynda geçirilýän işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

“Petrofac International /UAE/ LLC” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” /Koreýa Respublikasy/ kompaniýalarynyň iş alyp barýan ýerinde milli Liderimizi bu kompaniýalaryň wekilleri mähirli garşyladylar, olar özlerine ynanylan taslamalary amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdiler. Häzir Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertler, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Bu özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ululygy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýän şu baý uglewodorod ýatagyny özleşdirmek boýunça bellenilen meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellemek bilen. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde gurulýan desgalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin wajypdygyny aýdyp, olary öz wagtynda ulanmaga bermegiň möhümdigini belledi.

Bu ýerde işleýän türkmen hünärmenleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Işçiler ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde berýän uly goldawy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň işgärleriniň tutanýerli zähmetine ýokary baha berip, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak berkarar döwletimiziň bagtyýparlyk döwründe amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belledi. Ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam etjek täze okuw mekdepleri döredilýär. Şol hünärmenler bolsa ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işleýän işgärleriň üstüni ýetirerler we giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşarlar. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen birlikde hünärmenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga uly üns berilýändigini nygtap, degişli ýolbaşçylara ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin okuwlary guramak babatda tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen hünärmenleri bilen ýadygärlik üçin surata düşüp we olar bilen mähirli hoşlaşyp, özüne garaşýan dikuçara tarap ugrady. Dikuçar Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesine tarap ugur aldy.

Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň dikuçary obada täze gurlan binalaryň golaýynda ýörite taýýarlanan meýdança gondy. Döwlet Baştutanymyzyň 2011-nji ýylyň fewral aýynda gol çeken “Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda bu ýerde şäher bilen bäsleşýän döwrebap oba peýda boldy.

Ýokarda agzalan Karara laýyklykda, Üçajyda geňeşligiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, 400 orunlyk mekdebiň, medeniýet we saglyk öýleriniň, dermanhananyň, dükanlaryň binalaryny, dabaralary we dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen toplumy, aragatnaşyk bölüminiň binasyny, kempingli myhmanhanany, derini we maldarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän iki sany kiçi zawody, haly öndürýän we düýe çalyny işläp taýýarlaýan sehleri gurmak göz öňünde tutulypdy. Şunuň bilen birlikde, aragatnaşyk we gaz üpjünçilik ulgamlaryny, täze suw geçirijisini çekmek, elektrik geçirijileri täzelemek meýilleşdirilipdi.

Milli Liderimiziň ýerlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ähli welaýatlarda, ilkinji nobatda oba ýerlerinde raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler bilen yzygiderli gyzyklanýandygyny aýratyn nygtamalydyrys.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna şu iş saparynyň maksatnamasyna bu sebitdäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak hem-de Baýramaly etrabynda ýerleşýän Üçajy şäherçesine baryp görmek çäreleri girizildi. Bu ýerde milli Liderimizi şäherçäniň ýaşaýjylary mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geňeşligiň mejlisler zalyna bardy.

Oba ýaşaýjylary bilen bolan duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň düýp many-mazmuny bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda kesgitlenendir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hut şu wezipe özgertmeler strategiýasynyň özenini düzýär. Ol eýýäm özüniň oňyn netijelerini berýär.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz ykdysady taýdan okgunly ösýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk merkezleriniň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.

Häzirki wagtda Üçajyda amala aşyrylýan toplumlaýyn özegrtmeler hem bu maksatnamany üstünlikli durumşa geçirmegiň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Şol özgertmeler netijesinde bu ýerde döwrüň talabyna we raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesine has-da ýokarlandyrmak maksatlaryna laýyk gelýän häzirki zaman düzümi döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we döwletiň obany ösdürmek meselelerine mundan beýläk hem aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Üçajy obasynyň ýaşaýjylary türkmen halkynyň abadançylygy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy, geçirýän özgertmeler syýasaty üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyzdan bu ilatly ýeriň adyny Bagtyýarlyk şäherçesi diýip atlandyrmagy haýyş etdiler.

Soňra ýygnananlaryň öňünde Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, milli parlamentiň ýerli ýaşaýjylaryň arzuw-isleglerini nazara almak bilen, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesiniň adyny Bagtyýarlyk şäherçesi diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi kabul edendigi we degişli Karara gol çekilendigi barada habar berdi.

Bu habar ruhubelentlik we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. Şäherçäniň ýaşaýjylary oba zähmetkeşlerine berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz şäherçäniň adamlaryna ýüzlenip, “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Bagtyýarlyk şäherçesine bagtyýar durmuşy arzuw edýärin!”- diýdi . Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen ýadygärlik üçin surata düşdi hem-de olar bilen mähirli hoşlaşyp, özüne garaşýan dikuçara münüp, Mary şäheriniň howa menziline tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Mary şäheriniň howa menziline gelip, bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Mary welaýatynyň häkiminiň, şeýle hem ýurdumyzyň goranmak ministriniň we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Lebap we Mary welaýatlarynda amala aşyrylan iş saparynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz maslahatyň başynda welaýatlarda geçirilýän işleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, ýolbaşçylaryň ünsüni bu welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi. Döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi köprüsiniň, Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde sement zawodynyň, bu ilatly ýerde medeni-durmuş we ýaşaýyş maksatly desgalaryň, Seýdi-Farap awtomobil köprüsiniň gurluşygy bilen bagly işleri tamamlamak meselesini kesgitledi. Şeýle hem Atamyrat-Ymamnazar demir ýolunyň düýbüni tutmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň /CNPC/ we Günorta Koreýanyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň Mary welaýatynda gurýan ýangyç-energetika ulgamynyň desgalarynda iş depginlerini ýokarlandyrmagyň we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möhüm desgalaryň hatarynda Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap awtomobil ýolunyň Mary böleginiň gurluşygyny mysal getirdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň barşynda welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Onuň çäklerinde obalarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümi döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu maksatlar üçin örän uly maliýe serişdeleri goýberilýär. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýerli häkimiýetiň wekilleriniň oba ýaşaýjylarynyň meselelerine jogapkärçiliksiz we biparh garaýşy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Sakarçäge etrabynyň “Hojadepe” geňeşliginde işleriň ýagdaýyny mysal getirdi. Etrap merkezinden bary-ýogy 5 kilometr uzaklykda ýerleşýändigine garamazdan, 4 müň 500-e golaý ilaty bolan bu geňeşlige degişli iki obada häzire çenli çagalar bagy gurulmandyr, hassahana we dermanhana hem ýok. Bulardan başga-da, bu ýerde Medeniýet öýi, kitaphana hem ýok, sport desgalary we geňeşligiň edara binasy hem gurulmandyr. Bar bolan mekdepleriň we Saglyk öýleriniň binalary könelip, häzirki zaman talaplaryna gabat gelmeýär. Diňe 6 sany hojalyk telefon aragatnaşygy bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde döwlet awtoulaglarynyň hyzmaty guralmandyr, merkezleşdirilen suw üpjünçilik ulgamy ýok. Jemagat hojalygy gullugynyň işi ýola goýulmandyr. Zir-zibilleri äkider ýaly tehnika hem ýok. Geňeşligiň çäklerindäki ýollaryň ýagdaýy hem gözgyny.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mary welaýatynyň häkimine ýüzlenip, “Oba” milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işleriň ýaramaz guralandygy, bu ugurda işleriň özakymyna goýberilendigi üçin oňa düýpli nägilelik bildirdi. Oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejelerini ýokarlandyrmak hem-de medeni-durmuş we senagat ähmiýetli desgalary gurmak bilen bagly ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmekde düýpli kemçiliklere ýol berlipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen ähli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň ähmiýetini belläp, emele gelen ýagdaýy gysga möhletlerde düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Emele gelen şu ýagdaýda milli parlamentiň deputatlarynyň hem günäsi ýok däl diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli parlamentiň deputatlarynyň ýerlerde iş alyp barmak, hususan-da, öz okruglarynyň durmuş-ykdysady meselelerini çözmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň guramalary bilen gatnaşykda bolmagynyň esasy borçlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir deputat öz saýlawçylarynyň jana-jan bähbitlerini goramalydyr diýip aýtdy.

Milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde geçirýän işleriniň döwrüň bildirýän ýokary talaplaryna laýyk gelýändigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ýolbaşçysynyň bu işi kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly edilen işler barada hasabat bilen hökümetiň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow çykyş etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba ýerlerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna şol welaýatdan bolan telekeçileriň kompaniýalaryny giňden çekmegi, olaryň tejribesini we mümkinçiliklerini ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmakda işjeň ulanmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler barada hasabat berdi.

Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagy, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini gyşarnyksyz artdyrmagy we olaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýan Türkmenistanyň energetika strategiýasy bilen şertlendirilen bu taslamalaryň möhümligini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň bellenilen möhletlerde amala aşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi talap etdi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň senagat düzümini has-da berkitmegiň we ösdürmegiň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine örän zerur bolan önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýewe söz berildi. Ol, hususan-da, welaýatlaryň ulag-aragatnaşyk düzümini has-da kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ulag ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda geçirilýän ähli işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demir ýollaryň gurluşygy barada durup geçmek bilen, polat ýollar çekilende ýurdumyzda öndürilýän serişdeleri, şol sanda hili häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän demir ýol düşeklerini giňden ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen baglylykda gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew çykyş etdi.

Milli gurluşyk senagatymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş we senagat düzümini döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleri nazara alanyňda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan öz gurluşyk serişdelerini öndürmek üçin baý çig mal binýadyna eýe bolup durýar diýip belledi. Bu serişdeler kuwwatyny göwnejaý amala aşyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň gurluşyk materiallarynyň öndürilişini artdyrmak, dürli görnüşli ýokary hilli önümleri almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Maslahatyň barşynda geçirilýän işler baradaky hasabat bilen hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada goranmak ministri B.Gündogdyýew we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, Mary şäheriniň howa menzilinden Aşgabada tarap ugrady.

Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.