Şu gün Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary hanym Anna Azariniň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary we halkyň abadan durmuşy, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi we terbiýe almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi barada içgin alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyryldy.
Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri türkmen Lideriniň döredijilikli syýasatynyň oňyn häsiýetini nygtamak bilen, parahatçylyk dörediji başlangyçlary diňe bir sebitde däl-de, eýsem bütindünýä möçberinde hem durnukly ösüşiň üpjün edilmegine kuwwatly itergi berýän türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan özgertmeler syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde, şol sanda Ysraýyl Döwletiniň syýasy düzümlerinde hem giň goldawa eýe bolýar.
Türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada oňyn pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlarynda mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalaryň giňeldilmelidigini bellediler.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, ozal gazanylan ylalaşyklary göz öňünde tutmak bilen giňeltmek meseleleri pikir alyşmalaryň aýratyn meselesine öwrüldi.