Ï Aşgabat-GDA agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň ilkinji halkara ýarmarkasyny kabul edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat-GDA agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň ilkinji halkara ýarmarkasyny kabul edýär

view-icon 935
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy açyldy.

Türkmenistan 2012-nji ýylda GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde ilkinji gezek guralan bu forumy garşylamak hormatyna mynasyp boldy. Şu ýylyň maksatnamasynda iri we ähmiýetli wakalaryň biri bolup durýan bu giň möçberli çäräni geçirmek üçin Aşgabadyň günorta böleginde – paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän “Çandybil” söwda merkezi seçilip alyndy.


Ýarmarkanyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp sanlysy gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýarmarkasyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtap, bar bolan mümkinçiliklerimiziň netijeli peýdalanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň çäginde däl, eýsem, bütin dünýäde hem hyzmatdaşlygy ösdürmekde giň mümkinçilikleri döreder diýip belledi.

Milli Liderimiz halkara ýarmarkasynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, ýagny, dokma senagaty, oba hojalyk, ýangyç-energetika pudaklarynda, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport, telekeçilik ulgamlarynda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmakda, Türkmenistanyň ilatyna we myhmanlaryna ýokary hilli harytlary hödürlemekde, ýarmarka gatnaşýan döwletleriň eksport kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, tagallalary utgaşdyryp işlemäge isleg bildirýän kompaniýalaryň, kärhanalaryň hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm guraly boljakdygyna ynam bildirdi.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan, Aşgabatda 10 döwletiň wekiliýetlerini jemlän bu ýarmarkada özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirilýän köp ugurlarda gazanylanlar görkezilýär. Bu ýerde gurluşyk pudagynyň önümlerinden we durmuşda ulanylýan tehnikalardan başlap, gaýtadan işleýän, azyk we ýeňil senagatynyň önümlerine çenli harytlaryň örän köp görnüşleri görkezilýär. Bir söz bilen aýdylanda, ýarmarkada “alyjylar bazary” diýen düşünjä girýän ähli zatlary görmek bolýar.

Bu giň möçberli döwletara gözden geçirilişine 10 ýurduň – Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşýarlar. Wekiliýetleriň düzümine döwlet we hususy önümçilik kärhanalary, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly meşhurlyga eýe bolan kompaniýalar we firmalar girdiler. Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Georgiý Petrow we Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Alişer Şaýhow sergi-ýarmarkanyň hormatly myhmanlary boldular.

Toplumlaýyn sergä gatnaşýan ýurtlaryň ählisini Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar bolsa maýa goýum syýasatyny, energetika we ulag ulgamlaryny, ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, energetika we ýeňil senagatynda, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda milli önümleriň bäsleşige ukyplylygynyň derejesini ýokarlandyrmak ulgamlaryny we beýleki ugurlary öz içine alýar.


Sergi-ýarmarka umumy meýdany 7 müň inedördül metrden gowrak bolan söwda merkeziniň iki gatynda ýerleşýär. Söwda merkeziniň bu ägirt uly meýdançasy 20 günüň dowamynda halkara derejesindäki supermarket bolup hyzmat eder. Şol ýerde ýarmarka gatnaşýan ýurtlaryň her biri özüniň önümçilik we eksport kuwwatyny, şeýle hem täze işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçiliklerini görkezmäge çalyşýar.

Bu ýerde Türkmenistanyň ekspozisiýasy örän köp ýeri tutýar. Oňa Söwda ministrliginiň, Senagat ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň, Azyk senagaty assosiasiýasynyň, “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň, “Türkmenpagta”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we beýlekileriň pawilionlary girýär.

Ekspozisiýalarda dürli kitapçalar we beýleki maglumat beriji materiallar, şeýle hem Türkmenistan baradaky, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary, ýurdumyzyň medeni we syýahatçylyk kuwwaty, şäherlerimiziň we obalarymyzyň täze keşbi hem-de durmuşy hakyndaky wideoşekiller görkezilýän monitorlar bu ýere gelýänler üçin goşmaça maglumat bolup hyzmat edýär.


Şeýle köptaraplaýyn, toplumlaýyn gözden geçiriliş türkmen döwletiniň ähli babatda durmuş ulgamyny ösdürmek meselelerine hemmetaraplaýyn çemeleşýändigini görkezýär. Bu ýerde ýoddan we nahar duzundan, zerur bolan beýleki harytlardan başlap, awtomobil benzinine we beýleki ýokary tehnologiýaly önümlere çenli bolan ähli zatlary görmek bolýar.

Ýurdumyzda öndürilýän we ýarmarkada hödürlenýän harytlaryň sanawynda eksport ugurly önümlere aýratyn üns berlipdir. Şol önümleriň hatarynda nah ýüplük, trikotaž we jinsi matalary, taýýar tikin önümleriniň dürli görnüşleri, esasy pudaklaryň beýleki önümleri bar. Azyk harytlary bölüminde et we süýt, süýji-köke, çörek önümleri, çakyrlar we alkogolsyz içgiler, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän toplumyň harytlary giňden hödürlenilýär. Türkmen önüm öndürijileri şeýle hem alyjylara hojalyk – durmuş we halkyň sarp edýän harytlarynyň beýleki görnüşlerini hödürleýärler. Şol harytlar talabalaýyk bezelen gaplara gaplanypdyr.

Neşirýat önümleriniň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli işleri we milli Liderimiziň türkmen döwletiniň Baştutany wezipesinde alyp barýan köpugurly işi baradaky neşirler – “Janly rowaýat”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan -- sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmenistan -- melhemler mekany”, “Milli Lider” we dünýäniň dürli dillerinde çap edilen beýleki neşirler sergä gelýän köp sanly adamlaryň aýratyn ünsüni çekdi.


Söwda hatarlarynyň uly bölegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hususy kärhanalaryna hem-de kompaniýalaryna berlipdir. Olar ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň has artýan mümkinçiliklerini görkezýärler. Döwlet tarapyndan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we höweslendirilmegi netijesinde dürli ulgamlarda işleýän hususy haryt öndürijileriň sany barha artýar. Olar oba hojalygyndan we azyk senagatyndan başlap, gurluşyga çenli ähli ulgamlarda üstünlikli işleýärler.

Olaryň hatarynda ýurdumyzda meşhur bolan “Bereketli”, “Hoşzaman”, “Aýbölek”, “Erteki” we beýleki kompaniýalar bar. Olaryň önümlerine türkmen bazarynda uly isleg bildirilýär. Şol önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen hem mynasyp bäsleşip bilýärler.

Bu ýerde zergärleriň önümleri, gadymy şaý-sepleriň toplumlary we ýurdumyzyň belli zergärleriniň ýörite taýýarlan önümleri bilen hem tanşyp bolýar. Sünnälenip dokalan haly önümleri, dürli reňkde öwşün atýan ýüpek matalar we owadan keteniler bolsa ýarmarkany gündogar bazaryna çalymdaş edýär. Ýarmarkada görkezilýän, sahawatly türkmen topragynyň önümleri bolan kädiler, gawunlar we garpyzlar, miweler we gök önümler hem gözüňi dokundyrýar.

Köptaraplaýyn söwda işlerini işjeňleşdirmäge ýardam etjek ýarmarkanyň halkara derejesi barada aýdylanda bolsa, ony görmäge gelýänlere ýeňil, azyk we gaýtadan işleýän senagat önümleriniň, durmuş tehnikasynyň, elektronikanyň we beýlekileriň giň görnüşi hödürlenýär.

Mysal üçin, ozaly bilen “Çandybil” söwda merkeziniň çäklerinde ýerleşen belarus-türkmen Söwda öýüniň işjeňligi netijesinde bu ýarmarka Belarus Respublikasyndan kompaniýalaryň köp sanlysy gatnaşýar. Bu ýerde dükanlaryň üçüsinde öý hojalygy üçin zerur bolan harytlaryň giň toplumy: mebel, farfor önümleri, elektrotehnika we dokma önümleri, kosmetika we azyk önümleri, egin-eşik, aýakgap we köp sanly beýleki harytlar bar.

Bu çärä Özbegistan Respublikasyndan köp sanly wekiliýet gatnaşýar. Birnäçe bölümde özbek kompaniýalarynyň 90-a golaýy ýaşaýyş jaý pudagyna degişli önümlerini we hyzmatlaryny, azyk senagaty, awtomobil gurluşygy, oba hojalygy, dokma senagaty we beýlekilere degişli harytlaryny görkezýärler.

Sankt-Peterburgyň “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary Russiýadan esasy gatnaşyjylaryň biridir. Bu köpugurly holding Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň biri bolmak bilen, hususan-da, ýol gurluşygy we tebigy daşy işlemek boýunça öz mümkinçiliklerini görkezýär.

Ýarmarkada Ukraina degişli bölümlerde süýji-köke önümleriniň we miwe suwlarynyň örän köp görnüşi görkezilýär. “Roşen”, “Konti”, “Sandora” ýaly önüm öndürijiler biziň ýurdumyzda giňden bellidir. Ilkinji gezek ýöriteleşdirilen dükanda köpler üçin örän uly islegden peýdalanýan Ukrainada öndürilen şokoladlar, süýji-köke önümleri köp dürli görnüşde alyjylara hödürlenýär.



Ýarmarka gelýänler GDA ýurtlarynyň dürli kärhanalarynda öndürilen önümleri diňe bir görmek bilen çäklenmän, olary dadyp hem gördüler. Ýarmarka gatnaşyjylaryň käbirleri öz öndürýän içgilerini, syrlaryny we beýleki köp sanly süýji tagamlaryny dadyp görmek üçin hödürlediler.

Şol bir wagtyň özünde degişli pudagyň hünärmenleri Ararat jülgesinde öndürilen çakyrlaryň köp görnüşi bilen tanyşsalar, Ermenistanyň başga bir bölümi zenanlaryň ünsüni has özüne çekdi. Ol Ýerewanyň gymmat bahaly daşlardan we metallardan şaý-sepleri ýasaýan zawodynyň we “çeper” telekeçilik bilen meşgullanýan hususy kompaniýalaryň önümleridir.

Elbetde, bu aýdylanlar ýarmarkanyň ilkinji iş gününiň käbir täsirleridir. Ýöne munuň özi hem iri daşary ýurt kompaniýalarynyň geljegi uly bolan türkmen bazaryna işjeň gyzyklanma bildirýändiklerini ýene bir gezek tassyklaýar. Olar öz türkmen hyzmatdaşlaryna iň ýokary hilli harytlaryny, netijeli innowasiýa işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge çalyşýarlar.

Tutuşlygyna alnanda, halkara ýarmarkasynda gündelik durmuş üçin zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerini synlamak we satyn almak bolýar. Ýokary harytlyk görnüşinde hödürlenýän owadan önümleri görmek hem bu ýere gelýänleriň ruhuny göterýär. Gözellik we saglygy berkitmek, sport we dynç alyş üçin harytlaryň hem giň toplumy alyjylara hödürlenýär.

Halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem milli äheňler çaýylan sowgatlyk önümler GDA ýurtlarynyň halklarynyň çeper döredijilik dünýäsine özboluşly syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Käwagtlar iň bir ajaýyp, örän ýokary hilli harytlara hem isleg bildirilmeýändigini tejribeli menejerler bilýärler. Esasy zat şol harydy sarp edijä onuň üýtgeşik aýratynlyklaryny, bäsleşige ukyplylygyny ýetirmekden ybaratdyr. Bu wezipä jogap tapmak Aşgabat sergi—ýarmarkasynyň esasy maksadydyr. Bu ýerde her bir gatnaşyjy mahabat usullaryny peýdalanmak bilen öz harytlarynyň iň bir oňat sypatlaryny açyp görkezip, sarp edijilere öz önümleri hakynda doly maglumatlary bermäge çalyşýarlar.

Şu nukdaýnazardan häzirki geçirilýän çäre innowasiýa tehnologiýalary ýaýratmakda özboluşly halkara derejesindäki telekeçilik okuwydyr. Netijeli halkara ylmy-tehniki we söwda--ykdysady gatnaşyklary, işewür hyzmatdaşlygy, täze pikirler we tejribe alyşmagy ösdürmegi maksat edinen bu ýarmarka şeýle hem täze taslamalar we teklipler bilen tanyşmak üçin özboluşly meýdança bolup, daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Eýýäm ýarmarkanyň birinji güni türkmen bölümlerinde bu gözden geçirilişe gatnaýşan ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi. Öz nobatynda ýurdumyzyň kompaniýalary we firmalary geljekki daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleri bilen gyzyklandylar. Resmi däl söhbetdeşliklerde harytlaryň hil aýratynlyklary, önümlere buýurmalary resmileşdirmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kärdeşler şeýle hem özara tejribe alyşdylar.

Sergi - ýarmarka daşary ýurtly gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň çäklerine halkyň sarp edýän harytlaryny we eksponatlaryny geçirendikleri, olary ýerländikleri üçin biziň ýurdumyzyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gümrük, konsullyk, bellige alyş we beýleki ýygymlardan hem-de paçlardan boşadylýar. Munuň özi bolsa ýarmarka gatnaşyjylaryň işlerini has ýeňilleşdirip, harytlaryň örän köp dürli bolmagyny üpjün etdi we diňe bir ykrar edilen belli kompaniýalar däl-de, täze işe başlan öndürijileri hem çärä çekmäge oňyn şertler döretdi.

Ýöne esasy zat, ýarmarka gatnaşyjylaryň pikirine görä, şunuň ýaly çäräniň geçirilmegi örän zerurdyr. Bu söwda hyzmatdaşlygynda, pudagara gatnaşyklarda we tutuşlygyna halkara hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlary kesgitlemekde möhüm wakadyr.

GDA-nyň halkyň sarp edýän harytlarynyň ilkinji ýarmarkasynyň gazanjak üstünlikleri bu forumyň geljegini çözer. Bu çäre bolsa döwletara hyzmatdaşlygynyň oňat nusgasyna öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana aýratyn jogapkärçilik degişlidir. Emma biziň ýurdumyz eýýäm amala aşyrylan iri halkara taslamalarynyň mysalynda örän möhüm wezipeleri çözmäge ukyplydygyny görkezdi we sebit hem-de umumydünýä derejesinde hyzmatdaşlygy işjeň durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edýär.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmek konsepsiýasyna laýyklykda dürli çäreleriň 30-dan gowragy guralar. Bu Mary şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çäreleri hem öz içine alýar.

Bir söz bilen aýdylanda, soňky ýyllarda Aşgabatda GDA möçberinde çäreleriň birnäçesi—kinofestiwal, oba hojalyk forumy, agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň sammiti, standartlaşdyrylan, metrologiýa we sertifikasiýalaşdyrmak boýunça GDA-nyň Döwletara geňeşiniň mejlisi, GDA döwletleriniň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň duşuşygy, hökümet baştutanlarynyň sammiti, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Noýabrda Aşgabatda arkalaşygyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Şeýlelikde, 10-njy oktýabra çenli dowam etjek şu günki açylan sergi-- ýarmarka gyzyklanma bildirilip, dowam etdirilýän döwletara gepleşikleriniň dowamy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň girewi bolup hyzmat eder.