Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 638
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, şonda döwletiň durmuşynda ileri tutulýan meseleleriň birnäçesine, şeýle hem möhüm ähmiýetli resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow hasabat bilen çykyş etdi. söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we olaryň hilini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem 17-19-njy oktýabrda Aşgabatda geriljek Türkmenistanyň IV halkara maýa goýum maslahatyna hem-de ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan sergisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Türkmen paýtagtynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň, belli kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek halkara maýa goýum maslahatynyň gün tertibine häzirki döwürdäki ýagdaýlar we mümkinçilikler bilen baglylykda, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň derwaýys meseleleriň giriziljekdigi bellenildi. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi hem-de biziň döwletimizde netijeli we özara arkalaşykly hereket etmek, şol sanda maýa goýumlary üçin örän oňaýly şertleriň döredilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, däbe öwrülen halkara maýa goýum maslahatynyň umumy bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Maýa goýumlary boýunça oýlanyşykly syýasatyň ýöredilmegi netijesinde, Türkmenistanda durmuş-ykdysydy ösüşiň ýokary depginleri saklanýar hem-de uly möçberli milli maksatnamalar we halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň belli bir ulgamyna maýa goýumlarynyň giňden çekilmeginiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürilmegine wajyp ähmiýetli täsirini ýetirýändigini belläp, forumyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan sergisini göwnejaý derejede guramagy we geçirmegi tabşyryp, şonda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhunyň doly derejede äşgär edilmelidigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady ulgama gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Hususan-da, şol edaralaryň işinde dolandyryşyň döwrebap görnüşleri we usullary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar. Işgärleriň, ilkinji nobatda bolsa şu ugur boýunça ýolbaşçy işgärleriň hünär ussatlygynyň ýokalandyrylmagyna degişli meselelere uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe edaralaryny we banklaryny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, munuň döwletiň mundan beýläk-de ykdysady taýdan durnukly ösüşini, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna döwrebap ulgamda goşulyşmagyny üpjün etmek üçin wajyp şertleriň biri bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen meýilnamalaryň ählisiniň gijikdirilmän ýerine ýetirilmeginiň barşyna berk gözegçilik edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanuunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, milli parlamentiň deputatlarynyň ýerlerde ilat arasynda durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeleri barada habar berdi. Şeýle hem ol şu ýylyň oktýabr aýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Ýurdumyzyň milli kanunçylygyny has-da pugtalandyrmakda, ýerlerde döwlet syýasatyny giňden wagyz etmekde milli parlamentiň deputatlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň ýerli häkimiýetler, hususan-da, geňeşleriň arçynlyklary bilen bilelikde durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Milli Liderimiz ýerlerde ilat arasynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegi, ýerli häkimiýetler bilen ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň sazlaşykly ýagdaýa eýe bolmagy, welaýatlaryň medeni-durmuş hem-de senagat düzümleriniň belent sepgitleri eýelemegi ugrunda alnyp barylýan işler Mejlisiň deputatlarynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz milli parllamentiň ýerlerdäki deputatlarynyň halk tarapyndan bildirilen belent hormata ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşmekleriniň zerurdygyna ünsi çekdi. Oba ýerlerinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebap üpjün etmek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri talabalaýyk ýola goýmaga öz mynasyp goşantlaryny goşmalydyrlar. Ýerlerde dowam edýän nogsanlyklar barada degişli häkimiýet edaralaryna öz wagtynda ýüz tutup, şolaryň tiz düzedilmegi barada alada etmelidirler. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine deputatlaryň mynasyp goşantlaryny goşmaklary ugrunda Mejlisde zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Mejlisiň deputatlarynyň saýlawçylarynyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň isleg-arzuwlaryny, sargytlaryny öwrenmek, ýerli häkimiýetleriň durmuşa geçirýän çäreleriniň işjeň ýagdaýa eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işleri alyp barmalydygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň we oňa taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda demokratiýanyň ýörelgelerini berjaý etmegiň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän bu ýörelgesiniň ilki başda halkyň jemgyýetçilik - syýasy medeniýetiniň däplerini şöhlelendirýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň işi barada hasabat bermek bilen, sentýabr aýynda Daşary işler ministrliginiň beýleki ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birnäçe geňeşmeleriň geçirilendigini aýtdy, bu geňeşmeler ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň oňaýly guraly bolup durýar. Şu aýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ermenistan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Ysraýyl Döwletiniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki taraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň däbe öwrülen syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmagy, netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlar ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Şeýle hem halkara derejesinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleler barada pikir alşyldy. Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde iki taraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna degişli meseleler barada aýratyn pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, gepleşiklere gatnaşyjylar Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli ýagdaýda geçirilmelidigini bellediler, bu geňeşmeler umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Bitarap Türkmenistanyň geljekde-de giň we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiýany yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirip, daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny deňlige, özara hormat goýulmagyna we birek-biregiň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagyna mahsus bolan ýörelgelere laýyklykda gurajakdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan ýörelgelere eýerip, netijeli halkara gepleşigine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýändigini we bu ugurda anyk ädimleri ädýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän geňeşmeleriň Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň, ozal baglaşylan iki taraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň netijeli usuly hökmünde wajyp ähmiýete eýedigini belläp, bu barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň öz işlerini kämilleşdirmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly üstünlik bilen amala aşyrylýan oňyn özgertmeler syýasaty bilen berk sazlaşykda alyp barmaklarynyň wajypdygyny aýratyn nygtamak bilen, bu babatda işleri döwrebap guramak barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli guraljak ähli dabaralaryň medeni maksatnamasy barada jikme-jik aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda medeniýet we sungat işgärlerine aýratyn ornuň degişlidigini belläp, döwletimiziň bu ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. Türkmenistanyň milli senenamasynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmegiň, olaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň belent ruhuna laýyk gelmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, milli Liderimiz bellenilen çäreleriň guramaçylygyna köpçüligiň gatnaşmagynyň üpjün edilmegine degişli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, pagta ýygymy we gýüzlük bugdaý ekişi boýunça barada hasabat berdi. Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň öňünde pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak hem-de güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde geçirmek, şeýlelikde, geljekki hasylyň binýadyny berk tutmak wezipesiniň durandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu oba hojalyk işleriniň örän möhümdigini nygtap, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz maldarçylyk hojalyklaryny gyş möwsümine taýýarlamak, şeýle hem şalynyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oba senagat toplumynyň her bir pudagy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça geljek ýyl üçin bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Minsk şäherinde geçirilen dördünji mejlisiniň netijeleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda futbol boýunça açyk halkara ýaryşynyň guramaçylyk meseleleri hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda möhüm orna degişli bolan saglygy goraýyş, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurlar boýunça oňyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek häzirki döwürde möhüm meseleleriň biri bolup durýar diýip belledi. Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynlda özara bähbitli, ikiktaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz hökümetara türkmen-belarus toparynyň dördünji mejlisiniň teswirnamasynda beýan edilen ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, futbol boýunça açyk halkara ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew häzirki döwürde gurluşyk, energetika we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi senagatlarynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýeitirilişi hakynda aýtmak bilen, «Türkmenistanyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamany» durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Hasabatda esasy maglumatlara görä, ýurdumyzda ýerasty suwlaryň umumy gorunyň bir gije-gündizde 3,5 million kubmetre barabardygy bellenildi. Bar bolan suw serişdelerini peýdalanmakda häzirki wagtda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň we Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrliginiň hasabynda 2299 dik guýularyň bardygy, olardan 1075-siniň agyz suw, 763-siniň suwaryş we 461 sanysynyň zeý suwy üçin niýetlenendigi aýdyldy.

Wise-premýer Aşgabat şäheriniň ilatyny arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek maksady bilen, kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 100 müň kub metr bolan 4 sany guýynyň, 150 müň kub metrlik Gämidäki agyz suwy zawodlarynyň, kuwwatlylygy giňe-gündiziň dowamynda 200 müň kub metr bolan Ruhabat etrabynda ýerleşýän agyz suwy zawodynyň, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 250 müň kub metr bolan Gündogar agyz suwy zawodlarynyň Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky «Aşgabatagyzsuw» müdirliginiň hasabynda ulanylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gurluşyk pudagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, pudagyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda goýberilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň artýandygyny aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyna eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalar işjeň çekilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, iri şäherlerde we çetdäki obalarda täze, döwrebap desgalar bina edilýär diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz şunuň bilen baglylykda gurluşyk ulgamynda işleýän kärhanalaryň we firmalaryň Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmelidigini, bu işleriň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

«Türkmenistanyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamany» durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ilatyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna suwdan netijeli peýdalanmak şol maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar, bu bolsa öz gezeginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, häzirki döwürde barha möhüm häsiýete eýe bolýan daşky gurşawy goramak bilen berk baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Suw arassalaýjy desgalaryň, suw howdanlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyny durmuşa geçirmekde bu maksatnamanyň öz beýanyny tapýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de bu ulgamyň edaralarynyň we kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek baradaky maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny gurmak we älem giiňişligine çykarmak boýunça geçirilýän işler barada jikme-äik habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň 2011-nji ýylyň noýabr aýynda gol çeken ýörite Kararyna laýyklykda, Fransiýa Respublikasynyň «Thales Alenia Sraсe» kompaniýasy bilen degişli şertnama baglaşyldy. Meýilleşdirlen işleri dolandyrmak maksady bilen ýörite iş toparyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalaryň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz döwletiň bu meselelere geljekde hem uly üns berjekdigini aýdyp, ulag edaralarynyň, şeýle hem aragatnaşygyň dürli görnüşleriniň we Internet ulgamynyň hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň işini kämilleşdirmegiň we onuň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak işiniň onuň ähli pudaklaryna ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny gurmagyň we älem giňişligine çykarmagyň örän möhümdigini aýtdy. Bu waka ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň, Watanymyzy täze belent sepgitlere çykarmaga gönükdirilen meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany «Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny gurmak we älem giňişligine çykarmak boýunça taslamany dolandyryjy iş toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýataklarynyň birnäçesinde guýulary netijeli ulanmak maksadynda işlenip düzülen çäreler barada habar berildi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň esasy tehnologik desgalaryny, şol sanda ýokary hilli benzini we arassalanan dizel ýangyjyny öndürýän desgalary döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan taslamalar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny täze tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün etmek meselelerine mundan beýläk-de uly üns beriljekdigini nygtap, pudagyň ýolbaşçylarynyň öňünde ýangyç çig malynyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini yzygiderli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli nebit önümleriniň köp görnüşlerini çykarmak üçin zerur çäreleri görmek baradaky wezipeleri goýdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlary önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmennebit» döwlet konsernine nebitgaz guýularynda ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky» Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Hazar deňziniň türkmen böleginde täze nebitgaz düzümini ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde geçirilen işleriň netijesinde alnan maglumatlary işläp taýýarlamak we olary utgaşdyrmak dowam edýär. Şol maglumatlar barlag geçirilen ýerlerde uglewodord çig mallarynyň senagat gorlarynyň bardygy hakyndaky çaklamany öňe sürmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen bir hatarda, gözleg guýularynyň ýerleşen ýerleri kesgitlenilýär, buraw işlerini geçirmek üçin degişli taslama resminamalary taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baý tebigy serişdelere eýe bolan Hazaryň türkmen böleginiň doly möçberde özleşdirilmegi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, daşary ýurt maýadarlaryny ulgama işjeň çekmegiň maksada laýykdygyny nygtady. Munuň özi Ýewraziýanyň iri bazarlaryna energiýa serişdelerini ugratmagyň köp ugurly ulgamyny döretmegi ugur edinýän biziň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirer diýip, milli Liderimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşýanlara berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.