Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň maslahaty geçirildi. Onuň işine taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda bilermenler topary sentýabryň ikinji ongünlüginde Aziýanyň, Amerikanyň we Ýewropanyň iri maliýe merkezlerinde – Singapurda, Nýu-Ýorkda we Londonda geçirilen işewür tapgyrynyň jemleri boýunça öz hasabaty bilen tanyşdyrdy. Işewür tapgyry dünýäniň öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe edaralaryny TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin dörediljek konsorsiuma çekmek we maglumat goldawyny güýçlendirmek maksady bilen geçirildi.
Bellenilişi ýaly, işewür tapgyryna Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar. Şu bankyň hünärmenleri bilen bilelikde Türkmenistanyň energetika kuwwaty, TOPH taslamasynyň operatory – «Türkmengaz» döwlet konserni, şu transmilli gaz geçirijiniň tehniki häsiýetnamalary, ony amala aşyrmagyň çäklerinde baglaşyljak şertnamalaryň we ylalaşyklaryň söwda taraplary hakynda zerur bolan maglumatlar taýýarlanyldy.
Işewür tapgyrynyň çäklerinde tanyşdyrmalar guraldy. Olar dünýäniň ýangyç-energetika toplumynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna taslamany amala aşyrmagyň esasy şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Tanyşdyrmalardan başga-da, esasy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň we maliýe edaralarynyň wekilleri bilen şu uly möçberli taslama bilen giňden tanyşmaga ýardam eden duşuşyklaryň tapgyry geçirildi.
Bilermenler toparynyň hasabatynda şeýle hem nebitgaz ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalardan başga-da, sebitde bu iri gaz geçirijiniň taslamasyna daşary ýurtly maliýe we bank düzümleriniň ençemesiniň oňa gatnaşmaga gyzyklanma bildirendigi bellenildi. Olara TOPH taslamasynyň maliýe we ykdysady maksada laýyklygy, salgytlar we beýleki ýeňillikler baradaky maglumatlar berildi, olar şeýle hem bu taslamanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary bilen tanyşdylar.
Bellenilşi ýaly, transmilli gazgeçirijiniň çekilmegi taslama gatnaşýan ýurtlara diňe ykdysady wezipelerden başga-da, möhüm durmuş we ynsanperwer meseleleriniň birnäçesini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijiniň ugrunda ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümini we beýlekileri döretmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Iň esasy zat bolsa tutuş sebitde syýasy we durmuş durnuklylygyny saklamaga we berkitmäge ýardam eder.
Geçirilen tanyşdyrmalar dünýäniň habar beriş seirşdelerinde uly gyzyklanma döredip, olar öz habarlarynda TOPH taslamasy ykdysady taýdan möhümdir we onuň amala aşyrylmagy köp peýda getirer diýip bellediler. Tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň degişli taslama boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny amala aşyrmakda üpjünligi hakynda bellemek bilen, bilermenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň we sebitleriň çig mal çeşmelerine we olary eltmegiň serişdelerine elýeterliligi – «bu eýýäm halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň durnuklylygy bilen gös-göni bagly bolan uly geosyýasatyň meselesi bolup durýar» diýip aýdanlaryny mysal getirdiler.
Milli Liderimiziň bu sözlerinde TOPH taslamasynyň dünýä derejesindäki maýadarlary üçin kepillik bar – Türkmenistan «mawy ýangyjy» iberýän ýurt hökmünde öz üstüne alan anyk borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär, munuň özi bu taslama maliýe serişdelerini goýmaga gyzyklanma bildirýän ähli işewür düzümlerine goşmaça peýdanyň kepili bolup durýar.
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda çykyş edip, öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp ugurly ulgamyny işjeň döretmek bilen Türkmenistan ählumumy energetika howpsuzlygynyň ygtybarly ulgamyny döretmäge we häzirki döwrüň möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini çözmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini daşary ýurtly sarp edijilere ibermegiň ygtybarly ulgamyny döretmäge uly üns berip, soňky ýyllarda gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda uzakmöhletleýin döwletara ylalaşyklarynyň birnäçesini baglaşandygyny bellemek gerek.
Şu günki maslahata gatnaşyjylar düýn Aşgabatda geçirilen TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparyň maslahatynyň esasy netijelerine garadylar we olary makulladylar. Maslahatyň çäklerinde TOPH taslamasyny tizleşdirmegiň tehniki jähetleri bilen bagly möhüm meseleler ylalaşyldy we çözüldi.
Işewür we netijeli ýagdaýda geçen Ýolbaşçy komitetiň maslahatynda şeýle hem ýakyn geljek üçin meýilnamalar, transmilli gaz geçirijiniň gurluşygyny tiz amala aşyrmak, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin döredilýän konsorsiuma gatnaşýanlaryň düzümini giňeltmek, şol sanda konsorsiumyň ýolbaşçysyny saýlamak bilen bagly meýilnamalar bellenildi.