Ï TOPH taslamasynyň ählumumy tanyşdyrylyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH taslamasynyň ählumumy tanyşdyrylyşy

view-icon 735
Sentýabr aýynyň ikini ongünlüginde biznes-toparyň (road show) çäklerinde TOPH taslamasyny amala aşyrmak üçin dörediljek konsorsiuma esasy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe edaralaryny çekmek maksady bilen, dünýäniň aýry-aýry künjeklerinde duşuşyklary we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan taslamasynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek üçin Singapurda, Nýu-Ýorkda we Londonda ägirt uly energetika köprüsine gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň we Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) wekilleriniň ýangyç-energetika toplumynyň dünýädäki iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň ykdysady we nebitgaz edaralarynyň degişli ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, şeýle hem AÖB-nyň wekillerinden düzülen ýörite bilermenler toparynyň agzalary bilen işjeň gepleşikleriň barşynda ABŞ-nyň Сhevron, Eххon Mobil, Beýik Britaniýanyň BP, BG, Group, Germaniýanyň RWE, Malaýziýanyň Petronas kompaniýalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň esasy şertleri bilen tanyşdylar hem-de oňa özleriniň gatnaşmak baradaky meýillerini beýan etdiler.

Olaryň dykgatyna gaz geçirijisiniň ähli tehniki görkezijileri, ugurdaş desgalary, onuň maliýe we ykdysady maksada laýyklygy baradaky maglumatlar has doly beýan edilen, ilkinji çeşmelere esaslanýan maglumat hödürlenildi. Şeýle hem olar taslamanyň zerur bolan hukuk esaslary hem-de kadalaşdyryjy—hukuk resminamalary bilen tanyşdyryldy. Nebitgaz ulgamynda ýöriteleşdirilen esasy kompaniýalardan başga-da, Aziýadaky iri gaz geçirijisiniň taslamasyna daşary ýurtlaryň maliýe we bank düzümleriniň hem köpüsi gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň bazarlaryna çykarylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi iri möçberli halkara energetika taslamalarynyň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar. TOPH taslamasy hem şolaryň biri bolup durýar.

Bu taslamany netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjynda we ýolbaşçylygynda soňky iki ýylda uly işler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda ýokarda agzalan taslama gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda TOPH taslamasy boýunça esasy döwletara we hökümetara ylalaşyklaryna gol çekildi.

Şu resminamalara laýyklykda, 2011-nji ýylyň we 2012-nji ýylyň ýarym ýylynyň dowamynda taslama gatnaşýan ýurtlaryň nebitgaz edaralarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri bilen duşuşyklaryň hem-de geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Olaryň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly hukuk, guramaçylyk, täjirçilik, tehniki we beýleki meseleler barada durlup geçildi. Şu ýylyň maý aýynda III Halkara gaz kongresiniň çäklerinde türkmen tebigy gazyny ibermegiň, satyn almagyň—satmagyň we üstaşyr geçirilmeginiň meselelerini anyk kadalaşdyrýan ylalaşyklara we beýleki resminamalara gol çekilmegi bu giň möçberli işiň netijesi boldy. Ýurdumyzda tebigy gazyň gorlary bolsa örän köpdür.

Garaşsyz halkara bilermenler kompaniýasynyň baha bermegine görä, diňe “Galkynyş” gaz käniniň özüniň gorlary aňrybaş möçberde 26,2 trillion kub metr “mawy ýangyja” barabardyr. Ýakyn geljekde bu ýatagyň ägirt uly gorlary diňe bir häzir bar bolan gaz geçirijileri üçin däl, eýsem, türkmen tebigy gazyny ekspert etmäge gönükdirilen geljekki esasy turbageçirijiler, şol sanda TOPH gaz geçirijisi üçin hem serişdeler binýady bolup hyzmat eder.

Döwlet Baştutanymyzyň golaýda Mary welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde bu iri gaz ýatagynda amala aşyrylýan işleriň barşy bilen tanyşmagy ýurdumyzyň gaz çykarýan senagatyny ösdürmegiň we türkmen “mawy ýangyjynyň” dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýaslaşdyrmagyň meseleleriniň ileri tutulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda “СNPС Сhuanging Drilling Engineering Сompany Limited“ (HHR), “LG Internaional Сorp” we “Hyundai Engineering Сo., Ltd” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “Petrofaс International (UAE) LLС” we “Gilf Oil & Gas FZE” (Birleşen Arap Emirlikleri) ýaly meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bu ýerde ýatagy özleşdirmäge hem-de ony senagat taýdan işläp taýýarlamaga gönükdirilen maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan düzümleýin desgalar bilen tanyşlygyň barşynda bu kompaniýalaryň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Olar bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli şertleriň bardygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Olaryň ynandyrmalarynda TOPH taslamasyny maliýeleşdirijiler üçin inkär edip bolmajak hakykat bardyr. Türkmenistanyň ýerasty gaz gorlarynyň ägirt uly eksport serişdeleriniň bardygy indi diňe bir çaklamalar maglumaty bilen däl, eýsem, gaz çykarmak ulgamyndaky tejribeli daşary ýurt kompaniýalarynyň anyk işi bilen tassyklanylýar. Olar bu ýerde giň möçberli işleri ýaýbaňlandyrdylar hem-de olaryň üstünlikli boljakdygyna berk ynanýarlar.

Olaryň alyp barýan işleriniň giň möçberlidigine hem-de depginlidigine şu mysallar hem şaýatlyk edýär. Koreýa Respublikasynyň “LG Internaional Сorp” we “Hyundai Engineering Сo., Ltd” kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan şu gaz ýatagynyň bir böleginde kuwwaty bir ýylda 10 milliard kub metre barabar bolan harytlyk gazy kükürtden arassalaýyn toplumy gurmak işleri alnyp barylýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy kompaniýalarynyň biri – “Petrofaс International (UAE) LLС” kompaniýasy kuwwaty bir ýylda 10 milliard kub metre deň bolan harytlyk gazy kükürtden arassalaýan toplumy, şeýle hem kuwwaty bir ýylda 20 milliard harytlyk gazy almak üçin niýetlenen önümçilik desgalaryny, şol sanda uzynlygy 98 kilometr bolan gaz geçirijisini hem-de ýörite şleýfleri we kollektorlary gurmak işlerini amala aşyrýar.

СNPС kompaniýasy ýylda 10 milliard kubmetre barabar bolan gazy çykarmak boýunça, hususan-da, guýulary burawlamak, gazy başlangyç arassalaýjy desgany, gazy gaýtadan işleýän zawody, şleýfleri we kollektorlary, uzynlygy 108 kilometr bolan gaz geçirijisini çekmek boýunça işleri amala aşyrýar. Şeýle hem çuňlugy ortaça 4680 metre barabar bolan guýularyň ýene-de 22-sini burawlamak göz öňünde tutulýar. Kompaniýa işçiler şäherçesini gurmak boýunça hem işleri alyp barýar.

Hut şu inkär edip bolmajak ýagdaýlar we Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmakda eýeleýän işjeň orny, şeýle hem bu ýerde dünýä ähmiýetli gaz gorlarynyň bardygynyň ençeme gezek tassyklanylmagy, baý ýataklary çalt özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça ädilen möhüm ädimler dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň we maýadarlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny giňişleýin tanyşdyrmak baradaky biznes-tapgyra uly gyzyklanmasyny şertlendirdi.

Mysal üçin, ABŞ-nyň käbir kompaniýalarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanmasy barada aýdyp, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk söhbetdeşlikleriň birinde: “Biz hemişe Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny goldadyk we gaz geçirijisiniň gurluşygyny höweslendirdik. TOPH taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ol Türkmenistany we ösýän ykdysadyýeti energiýa serişdeleriniň ägirt uly möçberine mätäç bolan Hindistany birleşdirmelidir. Hindistan tölemäge ukyply döwletdir, Türkmenistanda bolsa şu gaz geçirijisi boýunça eksport etmek üçin gaz ýeterlikdir” diýip belledi. Ol şeýle hem şu gaz geçirijisiniň çekilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlara, hususan-da, Owganystana energetika wezipelerinden başga-da, durmuş we ynsanperwer meseleleriň hem birnäçesini çözmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Mahlasy, şu giň möçberli taslamany bütin dünýäde tanyşdyrmak üçin biziň ýurdumyz tarapyndan ilkinji gezek geçirilen bu gezekki road show bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berer we ýakyn geljek üçin bilelikdäki meýilnamalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, ýakyn wagtda bilermenler toparynyň TOPH taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitete öz hasabatyny hödürlejekdigini habar berýäris.