Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy danyň Hormatly eýesine Diplomy (karate we dzýudo boýunça kämilligiň derejesi) gowşurmak ýaly belent hem-de jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin Aşgabada gelen wekilçilikli toparyň ýolbaşçysy, däp bolan Fudokan Şotokan karate-do boýunça Bütindünýä federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy jenap Iliýa Ýorgany kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna milli hem-de dünýä sportunyň ösüşine goşan şahsy goşandynyň ykrarnamasy hökmünde abraýly belent sylagy gowşurmak mümkinçiliginiň dörändigine örän şatdygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegini we ösdürilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişine uly gyzyklanma bilen syn edýär. Çünki bu syýasat milletiň sagdynlygynyň berkidilmegine, düýpli özgertmeler ýoluna düşen ýurduň esasy daýanjy we sütüni bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelenmegine ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz däp bolan Fudokan Şotokan karate-do boýunça Bütindünýä federasiýasynyň ýolbaşçysyna 10-njy danyň diplomynyň gowşurylmagyny belent hormat hökmünde kabul edýändigini belläp, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň uly ähmiýete eýedigini we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlarymyzyň barha rowaç alýandygyny aýtdy. Ýurdumyz sebit we dünýä derejesinde geçirilýän sport çärelerine işjeň gatnaşýar. Bu bolsa halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär.
Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň saýlanyp alnan ugra eýerip, uly möçberli işleri yzygiderli amala aşyrýandygyny, hususan-da, şu ugra degişli milli kanunçylygyň barha kämilleşdirilýändigini, “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta goldaw bermek we ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň” kabul edilendigini we üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri sport toplumlarynyň ulanmaga berlendigini, şeýle hem dürli sport desgalarynyň - aýlawlaryň, awtodromlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurluşygynyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny aýtdy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we umumymilli ýaryşlaryň yzygiderli guralmagyna aýratyn üns berilýär, şolaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda şu gün başlanýan halkara ýaryşyny görkezmek bolar. Her ýylda geçirilýän bu ýaryşa däp boýunça daşary döwletleriň toparlary gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz özünde 45 döwleti birleşdirýän Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny Türkmenistanda geçirmek baradaky çözgüdi taryhy ähmiýete eýeýdir diýip belledi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup bu örän uly sport çäresini geçirmäge hukuk gazandy, bu bolsa dünýä ýurtlarynyň arasynda giňden seslenme döretdi we biziň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.
Bu çözgüt ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyna, giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde “açyk gapylar” syýasatymyzyň barha rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan syýasy, durmuş-ykdysady we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanyp, Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer maksatlaryna eýerýär diýip, Milli Liderimiz belledi.
Myhman köpçülikleýin sportuň çalt depgin bilen kemala gelýä täze halkara merkezi hökmünde ykrar edilýän Türkmenistanyň gazanýan oňyn netijelerine ýokary baha berip, Milli olimpiýa komitetine baştutanlyk edýän hem-de sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini işjeňlik bilen wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlarynyň uludygyny we halkara sport hereketiniň giňden ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigini aýtdy. Jenap Iliýa Ýorga Türkmenistanda Gündogaryň başa-baş göreşine uly gyzyklanma bildirilýändigini we düýn karate boýunça görkezme türgenleşikleri geçiren mahalynda, türkmen pälwanlarynyň ussatlygyna aýdyň göz ýetirendigini aýtdy.
Däp bolan Fudokan Şotokan karate-do boýunça Bütindünýä federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy diplomywe degişli gara guşagy hem-de kimonony gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 10-njy danyň berilmeginiň ýurdumyzda söweş sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de Türkmenistanda adamlaryň eýýäm müňlerçesiniň sportuň bu görnüşine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmen paýtagtynyň gözel künjeklerini we hususan-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan döwrebap stadionlary we beýleki sport desgalaryny synlan myhman gysga döwürde ulgamyň ösen düzüminiň haýran galdyrandygyny aýtdy. Ýakyn wagtda oňa ýene-de bir täze, uly toplum – türkmen paýtagtynda gurulýan we Merkezi Aziýadaky iri Olimpiýa sport toplumy goşular, ol otuza golaý desgalary özünde jemleýär, köp ugurly bu sport desgalary dünýä derejesinde bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Ýurduň Baştutanynyň sportuň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi türkmen türgenleriniň öňünde ajaýyp mümkinçilikleri açýar diýip, Fudokan-Şotokan karate-do boýunça Bütindünýä federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy belledi.
Hoşlaşmak bilen, jenap Iliýa Ýorga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp, duşuşandygy üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de berk jan saglyk, bagt we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda täze ajaýyp üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.