Ï Türkmenistanyň Prezidenti kitaplary ýerlemekden alnan serişdeleri Döwletliler köşgüniň hasabyna geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti kitaplary ýerlemekden alnan serişdeleri Döwletliler köşgüniň hasabyna geçirdi

view-icon 601
Türkmenistanyň Prezidlentiniň haýyr-sahawat hökmünde Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň gaznasyna serişdeleri geçirmegi hoşniýetlilige, ynsanperwerlige we haýyr-sogap edilmegine mahsus bolan çäreleriň birine hem-de döwlet Baştutanynyň ýaş nesil barada atalyk aladasyny edýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Döwlet Baştutany bu edaranyň hasabyna ýurdumyzyň okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanma bildirilýän hem-de daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde daşary döwletlerde giňden belli bolan awtorlyk kitaplaryny ýerlemekden alnan serişdeleri geçirdi. Häzirki wagtda şol kitaplary ýerlemekden alnan serişdeler Döwletliler köşgüniň bu ýerde terbiýelenýänleriň durmuşy we ösüşi üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işe goşulan maliýe kömegine öwrüldi.

Ýetim çagalaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, olaryň bilim almak, saglygyny goramak boýunça hukuklaryny üpjün etmek we beýlekiler döwletiň durmuş syýasatynyň möhüm ähmiýetli jähedidup. Paýtagtymyzda we welaýatlarda ýetim çagalar üçin öýler hereket edýär. Bu öýlerde çagalar dolulygyna döwlet tarapyndan üpjün edilýär. Türkmenistanda şunuň ýaly çagalar edaralarynyň uçurymlaryna hossarlyk etmek maksady bilen, Ýetim çagalaryň ýörite gaznasy esaslandyryldy, bu gaznanyň döredilmegi döwletiň käbir ýagdaýlara görä ata-enesinden mahrum bolan ýaş raýatlar barada ýadawsyz alada edýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň täze eýýamda biziň öňümizde durýan meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, «Meniň esasy wezipäm çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden, olary hakyky watançy, dogruçyl we halal adamlar edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Eger çagalar bagtyýar ýaşasa, olaryň şadyýan gülküsi ýaňlanyp dursa, munuň özi olaryň abadan ýurtda ýaşaýandygyny görkezýär» diýip aýtdy.

Biziň döwletimizde türkmen jemgyýetiniň ahlak we ruhy ýörelgelerine eýermek arkaly, ilatyň has ejiz gatlaklaryna goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär, şunda hukuk kepillendirmeleriň, ykdysady we maksada okgunly çäreleriň toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň möhüm ähmietli jähedi bolup durýar. Türkmenistan şu ugra degişli esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goragyny we ösüşini üpjün etmek boýunça ählumumy jarnama, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna, Gaaganyň çagalaryň halkara derejesinde ogurlanmagynyň raýat-hukuk jähetleri hakyndaky konwensiýasyna goşuldy.

«Çaganyň hukuklaryny kepillendirmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny ynsanperwerligiň we ynsansöýüjiligiň hakyky mysalydyr. «Durmuş üpjünçiligi hakyndaky» Kodeksi hem muňa mysal edip görkezmek bolar. Oňa girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar çaga doglan mahalynda, çagalara ideg edilende tölenýän kömek pullarynyň, maýyplyk boýunça, şol sanda çagalygyndan maýyplara tölenýän kömek pullarynyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.

BMG-niň Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň çagalara döwlet tarapyndan bilimi boýunça hyzmatlaryň edilmegi baradaky kadasy Türkmenistanyň her bir raýaty üçin bilim boýunça hödürlenýän hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň elýeterli edilmegi, umumy bilimiň hökmanylygy we döwlete degişli bilim edaralarynda bilimiň muzdsuz berilmegi boýunça esasy konstitusion hukuk arkaly öz beýanyny tapýar. Şol hukuk «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny arkaly amala aşyrylýar, bu Kanunda beýleki ýagdaýlar bilen birlikde, ýetim çagalary we ata-eneleriniň hossarlyk etmeginden mahrum bolan çagalary bäsleşige gatnaşdyrylman orta we ýokary hünär bilimini berýän döwlet edaralaryna okuwa kabul etmek baradaky kada göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýetim çagalary we ata-eneleriniň hossarlyk etmeginden mahrum bolan çagalary dolulygyna döwlet tarapyndan üpjün etmek esasynda 23 ýaşyna ýetýänçä idetmek we hünär öwredýän bilim edaralarynda okatmak arkaly durmuş kepillendirmeleri amala aşyrylýar.

Şu we beýleki Kanunlar, döwlet tarapyndan görülýän çäreler çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we goramak boýunça döwletiň kepillendirmeleriniň toplumlaýyn ulgamynyň döredilmegine gönükdirilendir, şunda ýetim çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmak, özbaşdak ýaşamaga taýýarlamak, olarda jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolan döredijilik işjeňligini ösdürmek, belent ahlaga, watançylyga we ynsana mahsus bolan häsiýetleri terbiýelemek göz öňünde tutulýar.

Şu gün öz kitaplaryny ýerlemekden alnan serişdeleri Döwletliler köşgüne geçiren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň diňe bilelikde çagalara şatlyk paýlap biljekdigimizi we olaryň arzuwlaryny berjaý edip, özleriniň goralýandygyny we biziň jemgyýetimize gereklidigini duýmagyny gazanyp biljekdigimizi belleýär. Ertirki günümiz hut häzirki wagtda biziň näme edýändigimize, çagalara degişli meselelere nähili garaýandygymyza baglydyr, çünki çagalar biziň geljegimizdir, çagalaryň geljekde nähili adamlar bolup ýetişmegi we ýurdumyzyň ösüşine nähili goşant goşjakdygy şu gün çagalary mähirli alada bilen gurşap alşymyza we dogry terbiýeleýşimize baglydyr.