Şu gün Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Sabin Ulman Şabanyň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi.
Soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylan oňyn türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegini gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda myhman Türkmenistanyň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeleriň okgunly häsiýetine haýran galýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň oňyn parahatçylyk dörediji syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary Şweýsariýa Konfederasiýasynyň syýasy toparlarynda giň ykrarnama we abraýa eýe boldy.
Türkmen-şweýsar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, duşuşyga gatnaşyjylar toplanan tejribäni we köpýyllyk hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, oňyn dostluk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak barada pikir aýtdylar. Şu nukdaýnazardan söwda-ykdysady, medeni--gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, häzirki gepleşikler ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde oňyn häsiýete eýe bolan iki bitarap döwletiň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berer.