Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2014-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Kim Jung Jaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Bu wekiliýet “Halkara sport çärelerini guramagyň dünýä tejribesi” atly maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
2014-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçiriljek bütin dünýäde meşhurlyk gazanan hasap boýunça 17-nji oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň wekiliýetiniň agzalary pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini ýakynda iň ýokary sport derejesine däp bolan Fudokan Şotokan karate-do boýunça Bütindünýä federasiýasynyň 10-njy danyň Hormatly eýesi adyna (karate we dzýudo boýunça kämilligiň derejesi) mynasyp bolmagy bilen gutladylar we döwlet Baştutanynyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň şahsy göreldesi bilen hem, aýratyn aladasy netijesinde hem ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň okgunly ösýändigine haýran galyp, dünýä sportunda we iri halkara sport düzümleriniň, şol sanda Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) toparlarynda Türkmenistanyň sport abraýynyň artýandygyny bellediler.
Bellenilişi ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan işjeň we yzygiderli syýasat biziň ýurdumyza iň iri halkara sport wakalarynyň biri boljak ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmaga mümkinçilik berdi. Ol oýunlar Aziýa Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler. Şunuň ýaly iri oýunlar Orta Aziýa sebitinde ilkinji gezek guralýar.
Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar Aziýa çempionatynyň derejesindäki sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň oňat taýýarlyk görendigini bellediler. Öňde boljak yklym derejesindäki bäsleşikleriň geçiriljek ýeri hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy ýurtda bu ulgamda alnyp barylýan syýasatyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda ýokary netijeli sporty we ýokary sport ussatlygyň tärlerini özleşdirmäge gönükdirilen çäreler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýulýar.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem 2014-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk Olimpiýa Komitetiniň we Milli olimpiýa komitetiniň arasyndaky ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasynyň” amala aşyrylmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Duşuşykda ýokary derejedäki sport ýaryşlaryna taýýarlanmak we olary guramak işlerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny baradaky meselä hem deglip geçildi.