Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Geňeşiniň Hemişelik Komitetiniň agzasy, HKP MK-nyň syýasy-hukuk toparynyň sekretary jenap Çžou Ýunkany kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.
Wagt tapyp kabul edendigi we özara söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirmek bilen, myhman Hytaý Halk Respublkiasynyň Başlygy Hu Szintaonyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, durnuklylyk hem-de saýlanyp alnan düýpli özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri arzuw edipdir. Bellenilişi ýaly, Hytaý diplomatik gatnaşyklaryň 20 ýyllyk üstünlikli tejribesine daýanyp, Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de geljekde-de däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny we uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde HHR-iň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistanyň bu dostlukly ýurt bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda netijeli gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Milli bähbitlere we iki döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini bellemek bilen, milli Liderimiz we myhman söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçilikleriniň uludygyny belläp, geljegi uly bolan ugurlaryň birnäçesi boýunça, ozaly bilen ýangyç-energetika, gurluşyk, maliýe, ulag-aragatnaşyk, dokma we himiýa senagaty ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Şonda gumanitar gatnaşyklaryny, hususan-da, ylym, bilim we medeniýet babatda giňeltmek, şeýle hem iki döwletiň syýasy partiýalarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak meselesine aýratyn üns berildi.
Ykdysady globallaşmagyň çäklerinde Hytaýyň Hökümetiniň milli ykdysadyýetini batly depginler bilen ösdürýän Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, jenap Çžou Ýunkan ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we daşary ýurtly işewürlere döwlet tarapyndan berilýän goldawyň hasabyna türkmen bazarynyň aýratyn özüne çekijiligini belledi. Myhmanyň aýtmagyna görä, munuň şeýledigini Türkmenistanda işleýän hytaý kompaniýalarynyň, ilkinji nobatda türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde dünýäde ikinji orny eýeleýän ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça iri taslamany amala aşyrýan CNPC-niň wekilleri bilen ýakynda geçirilen duşuşyk ýene-de bir gezek tassyklady.
--Hytaý nebitgaz ulgamynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar-diýip, döwlet Baştutanymyz möhüm halkara ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagynyň we ulanmaga berilmeginiň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.
Birmeňzeş pikire görä, häzir Pekin we Aşgabat döwletara gatnaşyklarynyň has oňaýly görnüşini işläp düzdüler. Ol her tarapyň milli bähbitlerini hem-de türkmen we hytaý halklarynyň özboluşlylygyny nazara almak bilen, öňde durýan wezipeleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Biziň halklarymyzy baryp Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly we ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ýokary derejede gazanylan ähli ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyrylmagy hem köp babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýär.
Myhman pursatdan peýdalanyp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistanda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň özboluşly beýanyna öwrülen türkmen paýtagtynyň gözelliklerine haýran galandygyny guwanç bilen aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Kompartiýasynyň MK-nyň Syýasy Geňeşiniň agzasy hoşlaşanlarynda deňlik, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan hem-de soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki möhüm taslamalar bilen berkidilen döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhua gatnaşdy.
Şu gün jenap Çžou Ýunkanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Bu ýerde iki ýurduň we dostlukly halklaryň arasynda däbe öwrülen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýan has ysnyşykly parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *