Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory jenap Andreý Karlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda uzakmöhletlilik we deňhukuklylyk esasynda okgunly ösdürilýän, däp bolan türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklary hasaba almak bilen mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýadyň kemala gelendigini belläp, Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri köpýyllyk doly möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň özara gatnaşyklaryna, şol sanda konsullyk gullugy boýunça gepleşiklere aýratyn ornuň degişlidigi nygtalyp geçildi. Gepleşikleriň çäklerinde şeýle hem ozal gazanylan türkmen-russiýa şertnamalarynyň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşygyň netijeli we özara bähbitli häsiýetini belläp, duşuşyga gatnaşyjylar Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň konsullyk işlerinde şertnamalaýyn--hukuk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine we konsullyk hyzmatlaryny amala aşyrmak meseleleri bilen baglanyşykly dürli çözgütleriň özara kabul ederlikli çözgüdini tapmaga ýardam eder.