Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 646
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy jenap Rojer A.Heýnsi we kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory jenap Piter Kallosy kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iri nebitgaz kompaniýasynyň we özara bähbitli ýörelgelere daýanýan we ikitaraplaýyn gyzyklanmalar esasynda durmuşa geçirilýän köpýyllyk hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýandygyna şatdygyny belläp, milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we innowasion tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrýan Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Ägirt uly nebit we gaz gorlary bolan Türkmenistanyň dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna goşulmagy daşary ýurtly işewür toparlaryň özara gyzyklanmalara jogap bolýan uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga bolan islegleriniň baş şertidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynmagy we olaryň gaýtadan işlenmegi, önümçilige häzirki zaman enjamlarynyň,ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, pudagyň kärhanalarynyň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem turba geçirijileriň häzirki zaman ösen ulgamynyň döredilmegi, şol sanda eksport ugruň ösdürilmegi ýangyç-energetika toplumynyň milli strategiýasynyň baş maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika strategiýasyna we ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna durnukly, ygtybarly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, jenap Rojer A.Heýns türkmen döwletiniň eýeleýän işjeň ornunyň, öňe sürýän teklipleriniň köptaraply turba geçirijiler ulgamynyň kemala getirilmegine, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine, energiýa serişdelerini ugradyjylaryň, üstaşyr geçirijileriň we ony sarp edijileriň arasynda bähbitli şertnamalaryň hem-de ylalaşyklaryň gazanylmagyna oňyn täsir edýändigini belledi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda myhmanlar soňky döwürde ýerine ýetiren işleri barada habar berdiler we birnäçe täze teklipleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky geljegi uly uglewodord ýataklaryny işläp taýýarlamaga we nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamaga degişli başlangyçlary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlediler.

Özüni ygtybarly hem-de borjuna düşünýän hyzmatdaş hökmünde tanadan kompaniýanyň täze tekliplerini umuman oňlap, milli Liderimiz bellenilen işleri ýerine ýetirmekde täze, ekologiýa taýdan howpsuz tehnlogiýalaryň netijeli ulanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz bellenen maksatnamalaryň hemmesini durmuşa geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

“Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kompaniýanyň berlen tabşyryklary öz möhletinde ýerine ýetirmek we mundan beýläk-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasyna işjeň gatnaşmaga meýillidiklerini mälim etdiler.