Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ählumumy sport hereketinde aragatnaşyklar we halkara gatnaşyklary ulgamynda esasy bilermenleriň biri – “Jon Tibbs and Associates” kompaniýasynyň direktory jenap Jon Tibbs we bütin dünýäde meşher Lafboro sport kollejiniň (Beýik Britaniýa) wekilleri Jo Maher we Kris Mkjorj bilen duşuşyk geçirildi.
J.Tibbs Beýik Britaniýanyň söwda we maýa goýumlary baradaky agentliginiň (UKTI) ählumumy sport taslamalar bölümine ýolbaşçylyk edip, britan kompanýialarynyň iri sport çärelerine gatnaşmagynda UKTI agentligine ýakyndan ýardam edýär. Mundan başga-da, ol Olimpiýa oýunlary boýunça UKTI-niň iş toparynyň agzasy bolup durýar. J.Tibbs Soçiniň 2014-nji ýylda Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugy ugrundaky haýyşnamasyny ilerletmäge işjeň gatnaşdy. Häzirki wagtda ol “Soçi – 2014” guramaçylyk komitetine hem-de Russiýanyň Olimpiýa komitetine sport bileleşiginde halkara gatnaşyklary we aragatnaşyklary meseleleri boýunça maslahatlary bermegi dowam edýär.
Beýik Britaniýadan gelen myhmanlar biziň ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň strategiki ugurlary bilen tanşyp, Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ulgamlarynda, şol sanda sportda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda Türkmenistanda işjeň we yzygiderli durmuşa geçirilýän syýasat biziň ýurdumyza iri halkara sport ýaryşlarynyň birini – ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek babatda öz kandidaturasyny hödürlemäge mümkinçilik berdi. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça şol oýunlar 2017-nji ýylda Orta Aziýa sebitinde ilkinji gezek Aşgabatda geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek jähdinden ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap J.Tibbs öz tarapyndan Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýäniň çempionatlaryny guramak we geçirmek babatdaky haýyşnamalaryny ilerletmek boýunça öz kompaniýasynyň mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşykda şeýle hem uzakmöhletleýin esasda özüniň üpjünçiligi boýunça Beýik Britaniýada esasy kollejleriň biri bolan Lafboro sport kollejinde türkmen türgenlerini we tälimçilerini taýýarlamak meselelerine deglip geçildi. Bu meseläniň ertir dünýäde meşhur sport kollejiniň wekilleriniň Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinde we Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetinde geçiriljek duşuşygynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Jo Maher we Kris Mkjorj Milli sport we syýahatçylyk institutyna, Sport baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebe, şeýle hem köpugurly “Aşgabat” stadionyna we Sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumyna baryp görerler.
“Jon Tibbs and Associates” kompaniýasynyň direktory jenap Jon Tibbsiň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem Medeniýet ministrliginde, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, Türkmen döwlet habarlar gullugynda duşuşyklar, şeýle hem Türkmen halysynyň milli muzeýine we Türkmenistanyň Baş milli muzeýine baryp görmek göz öňünde tutulýar.