Ï Neşirýat ulgamynyň gazananlarynyň sergisi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Neşirýat ulgamynyň gazananlarynyň sergisi tamamlandy

view-icon 752
Şu gün türkmen paýtagtynda «Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoludyr» atly neşir önümleriniň VII halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Ol üç günüň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň 26 ýurdundan we ABŞ-niň öňdebaryjy metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, iri ylym-bilim merkezleriniň, şeýle hem çaphana enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň wekillerini biziň ýurdumyzda jemledi.

Halkara forum Aşgabatda her ýyl geçirilýän kitap sergisine gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň 150-ä golaýyny ýygnady. Olaryň arasynda tanymal prozaçylar we şahyrlar, terjime ussatlary, alymlar, suratkeşler, kitaphana işiniň hünärmenleri we rejeleýjiler, žurnalistler bar. Hünär gyzyklanmalarynyň giň topary we milletara medeni alyşmalara bolan özara isleg – bularyň hemmesi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady we medeni ösüşi başdan geçirýän Türkmenistana dünýä bileleşiginiň ägirt uly gyzyklanmasynyň subutnamasy bolup durýar.

Giň gerimli köp ugurly sergi ABŞ-nyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Koreýanyň, Polşanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň diwarlyklarynda täze neşirleriň, kitap sungatynyň we neşir önümleriniň, neşirýat tehnologiýalarynyň dürli öwüşgünli dünýäsini we olary taýýarlamagyň ýokary derejesini şöhlelendirdi.

Bu ýere gelenlere döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň köp sanly pawilýonlarynda ýerleşdirilen çeper, çagalar, öwreniş we belli bir ugurly edebiýatyň, sungat we taryh boýunça owadan bezelen kitaplaryň, dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň aýry-aýry kitaplarynyň we tapgyrlaýyn neşirleriň, ensiklopediýalaryň, fotoalbomlaryň we senenamalaryň, sowgatlyk kitap önümleriniň ajaýyp nusgalary hödürlendi. Önümleriň agramly bölegini ylym-bilim edebiýaty – ýöriteleşdirilen monografiýalar hem-de orta we ýokary, hünärment biliminiň dürli ugurlary boýunça okuw kitaplary, mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin okuw gollanmalary we oýunlar arkaly bilim berýän materiallar düzdi.

Şu gezek geçirilen sergi diňe bir öňden gelýän we hemişe gatnaşýanlary däl-de, eýsem, metbugat işinde we neşirýatda geljekki hyzmatdaşlar hökmünde sergä ilkinji gezek gatnaşanlary hem ýygnady. Olaryň arasynda «Arcic Bookc» (Russiýa), «Editura Casa» (Rumyniýa), «Dilset» (Türkiýe), «Letterpress» (Azerbaýjan), «Stariý lew» (Ukraina) bar. Türkmenistana öz wekillerini ilkinji gezek Wengriýa («Cser» metbugat öýi), Moldowa («Lumina») we Niderlandlar (bu ýurtda öndürilýän ylym, tehnika we lukmançylyk boýunça elektron kitaplarynyň we žurnallaryň dünýäde has doly ýygyndysyny görkezen «Springer» kompaniýasy) iberdiler.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň diwarlygy amerikan hünärmenleriniň işläp taýýarlan kitaplarynyň täze elektron görnüşini – materiallaryň müňlerçe sahypasyny öz içine alýan ykjam okuw planşetini görkezdi.

Sergi köşgüniň ikinji gatynyň ýerleşdirilen gadymy golýazmalaryň sergisi bu ýere gelenleriň ünsüni özüne has köp çekdi. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda guraldy. Milli kitaphanalaryň we hususy ýygyndylaryň gaznalarynda saklanýan we sergide ilkinji gezek görkezilen seýrek gymmatlyklar diňe bir alymlarda, metbugat işiniň hünärmenlerinde däl-de, eýsem, seýrek kitaplaryň we neşirleriň muşdaklarynda hem uly täsir döretdi.

Aşgabatda geçirilen kitap sergisi adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna – çeper söze we kitaba bagyşlanan ajaýyp baýramçylyga öwrüldi. Sergi günleri geçirilen çäreleriň baý mazmunly maksatnamasy duşuşyklary we täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, «tegelek stollary» hem-de tanymal türkmen we daşary ýurtly söz ussatlarynyň, suratkeşleriň, terjimeçileriň, şeýle hem neşirýatçylaryň we suratkeşleriň gatnaşmagynda edebi söhbetleri öz içine aldy.

Mysal üçin, Erkin döredijilik mekanynda daşary ýurtly ýazyjylaryň we şahyrlaryň «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň işgärleri bilen döredijilik duşuşygy boldy. Bellenlşi ýaly, hünär gyzyklanmalarynyň giň topary we medeni taýdan özara baýlaşmaga bolan hyjuw nusgawy we häzirki zaman edebiýatyny bilelikde neşir etmek we özara terjimelerini amala aşyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygyň kepili bolup durýar. «Güneş» çagalar žurnalynyň we «Nesil» gazetiniň işgärleriniň mekdep okuwçylary bilen geçiren «Könelmeýän paýhaslar» atly döredijilik duşuşygy türkmenistanlylaryň ösüp gelýän neslini dünýä edebiýatynyň eserleri bilen tanyşdyrmak meselelerine bagyşlandy.

Sergi köşgünde geçirilen tanymal amerikan ýazyjysy Ken Derbiniň biziň ýurdumyzda türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen «Ýumşak oýnawaçlaryň ýakymsyzlygy» atly täze kitabynyň, şeýle hem ýaş türkmen şahyrlarynyň «Bagtyň bahary» atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy çagalar meselesi bilen bagly boldy.

Bäşim Nuraly adyndaky çagalaryň çeperçilik mekdebinde we A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde geçirilen «Kitap bezeginiň sergisi», şeýle hem suratkeşleriň we ýazyjylaryň duşuşygy sergi günleriniň ýatdan çykmajak wakalaryna öwrüldi. Olarda Russiýadan gelen myhmanlar bezegçilik sungatynyň we şygryýet usatlygynyň inçe syrlary bilen paýlaşdylar.

Paýtagtymyzyň «Ylham» seýilgähinde beýik türkmen akyldarlarynyň saýasynda şygyrlaryň çeper okaýyş agşamy geçirildi.

Halkara forumyň çäklerinde döwletara kitap alyşmalar, neşir önümleriniň önümçiligine innowasiýalary ornaşdyrmak, edebi aragatnaşyklary we özara terjimeleri ösdürmek, şeýle hem metbugat işgärlerini taýýarlamak meselelerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.

Çäreleriň ýapylyş dabarasynda olara gatnaşyjylara degişli ugurlar boýunça diplomlar we güwänamalar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoludyr» atly neşir önümleriniň VII halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäherinde kitap çap etmek we neşirýat pudagyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Aşgabat forumyny guraýjylar oňa gatnaşyjylar üçin gyzykly medeni maksatnama taýýarladylar. Türkmenistanyň myhmanlary ak mermerli paýtagtymzyň gözel ýerlerine aýlanyp gördüler, Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde we Türkmen halysynyň milli muzeýinde boldular.