Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Ýalta işewürler duşuşyklary» atly maýa goýum maslahatynyň üçünji duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2012-njy ýylyň 27-29-njy sentýabrynda Ukrainanyň Ýalta şäherinde gulluk iş saparynda bolar.