Şu gün Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri jenap E.Ganiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetinde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda gadymy döwürlerden bäri dowam edýän dostlukly we doganlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde hil we mazmun taýdan täze derejä eýe bolandygy hem-de munuň üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan köp sanly bilelidäki taslamalarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi, şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň derejesinde işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegi taraplaryň birek-birege ynanyşýandygyna hem-de doly möçberdäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirýädigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Hökümetinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda ozal ýokary derejede baglaşylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna degişli meseleler boýunça gyzykly pikir alşylyp, ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, ulag-kommunikasiýa pudagy we beýleki ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga, taryhda türkmen we özbek halklarynyň arasynda emele gelen ruhy we medeni umumylyga esaslanýan gumanitar gatnaşyklara döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp ähmiýetli ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.
Duşuşyklara gatnaşyjylaryň bellemegine görä, iki ýurduň ýokary derejede özara düşünişmegi we netijeli gatnaşyklary geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça döwletara derejesinde arkalaşykly hereket etmegiň mäkäm binýady bolar.
Şu gün Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministrliginiň wekilleriniň duşuşygynda iki ýurduň bu ugurda bar bolan oňaýly mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak arkaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan jähetleri we derwaýys meseleleri barada gürrüň edildi.