Ï Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde halkara tagallalarynyň birleşdirilmegine ýardam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde halkara tagallalarynyň birleşdirilmegine ýardam edýär

view-icon 1135
Şu gün türkmen paýtagtynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryny utgaşdyrmaga bagyşlanan sebitleýin maslahat öz işine başlady. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilýän forumyň işine Owganystan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasnynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetleriniň agzalary, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetiniň (UNODC) Türkmenistandaky wekilleri, şeýle hem biziň ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Goňşy ýurtlaryň hukuk goraýjy edaralarynyň, degişli düzümleriniň we gulluklarynyň abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklarynyň meseleleri türkmen paýtagtynda geçirilýän wekilçilikli forumlarda ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda şu duşuşygyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň gyşarnyksyz artýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleýin we bütindünýä ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge, şol sanda häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmaga gönükdirilen döredijilik başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Iki günlük okuw maslahatynyň gün tertibine neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, foruma gatnaşyjylar degişli düzümler üçin işgärleri taýýarlamak, milli derejede standartlaşdyrylan okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, iň täze maglumatlar tehnologiýalarynyň esasynda okuw maksatnamalarynyň utgaşdyrylmagyny berkitmek we hilini ýokarlandyrmak meselelerine gararlar.

UNODC –niň Sebitleýin maksatnamasynyň utgaşdyryjysy hanym Miwa Kato ýygnananlary mübärekläp, şu okuw maslahatynyň guralandygy we BMG tarapyndan, şol sanda Owganystan we goňşy ýurtlar üçin Sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça çäreleriň hemmetaraplaýyn goldanylýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hanym Miwa Kato bu ugurda biziň ýurdumyzda ädilýän ädimlere ýokary baha berip, Türkmenistanyň oňyn sebitleýin we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini we Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, bütin adamzat üçin uly howp bolup durýan neşe serişdeleriniň dolanyşygyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleler soňky ýyllarda giň gerime eýe boldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli, sebitleýin we halkara derejesinde toplumlaýyn hem-de sazlaşykly hereketleriň möhümdigini şertlendirdi. UNODC tarapyndan görlen möhüm çäreleriň hatarynda neşe serişdeleriniň we himiki maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde Owganystana we goňşy ýurtlara kömek bermäge gönükdirilen Sebitleýin maksatnamany işläp taýýarlamak çäresi bar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçirilýän duşuşygyň ähmiýeti nygtaldy. Bu duşuşyk şu ugurdaky wezipeleri çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda nobatdaky möhüm ädim bolmalydyr.

Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň gatnaşmak bilen, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň aradan aýrylmagy boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz milli derejede, şeýle hem halkara derejesinde bu meseläni netijeli çözmäge gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty munuň esasy bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz neşekeşlige garşy göreşmäge iş ýüzünde hukuk, edara ediş, ykdysady, medeni, bilim we lukmançylyk serişdeleriniň ulanylmagyny, neşe serişdelerini doly aradan aýyrmakda we “neşesiz dünýäni” gurmakda tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän strategiki wezipeler hökmünde garaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen hyzmatdaşlyga, şol sanda BMG-niň 2012 – 2015-nji ýyllarda neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky toparynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Derwaýys meseleleriň ençemesini öz içine almak bilen, bu özara gatnaşyklar ählumumy we sebitleýin howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda biziň ýurdumyzyň halkara syýasaty boýunça meselelerine öz garaýyşlaryny yzygiderli beýan edýär. Türkmenistanyň Baştutanynyň neşe serişdelerine garşy göreşmek meselelerinde özara gatnaşyklary utgaşdyrmakda netijeli gurallary gözlemek boýunça bilelikdäki işe gönükdirilen oňyn teklipleri we döredijilikli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň neşe we jenaýatçylyk baradaky müdiriýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde milli hem-de sebitleýin ähmiýetli giň möçberli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi hem-de bu iş üstünlikli dowam etdirilýär. Biziň ýurdumyz neşe serişdelerine garşy göreşmek ulgamynda halkara – hukuk namalarynyň ählisine diýen ýaly goşulmak bilen, bu möhüm resminamalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy üçin köp çäreleri durmuşa geçirdi. Şol resminamalaryň arasynda Terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek hakyndaky halkara konwensiýasy, BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek hakyndaky konwensiýasy bar.

Diňe bir hukuk goraýjy edaralary däl, eýsem raýat jemgyýetiniň edaralaryny çekmek arkaly neşe we psihotrop serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşmek boýunça umumy döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýörite döwlet edaralarynyň döredilmegi we olaryň işiniň netijeli guralmagy bu babatdaky möhüm ädimler bolup durýar. Mysal üçin, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy döredildi, 2012-nji ýylda bolsa onuň ady üýtgedilip, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugyna öwrüldi.

Biziň ýurdumyz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşiň Merkezi Aziýa sebiti üçin derwaýysdygyny nazara almak bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär we degişli ýöriteleşdirilen düzümleriň işine işjeň gatnaşýar. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek baradaky Merkezi Aziýa sebitiniň maglumat utgaşdyryjy merkeziniň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bu ugurdaky netijeli işleriň biri boldy. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam etmek baradaky maksatnamasynyň hem-de ÝB-niň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak baradaky maksatnamasynyň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny bellemelidiris. Türkmenistan şeýle hem birnäçe ýurtlaryň hökümetleriniň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygna garşy göreşmäge we serhetýaka gözegçiligini pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn taslamalarynyň ençemesine gatnaşýar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, BMG-niň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde sazlaşykly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçlygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek ulgamynda Gurama gatnaşýan döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bütin dünýäde umumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde şu forumyň ähmiýetini we ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatynyň barşynda öňe sürlen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmekde umumy strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän guramalaryň arasynda gatnaşyklary kämilleşdirmäge we ösdürmäge goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Ertir forum öz işini dowam eder.